jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Amerikan wizasy
 
  Wiza hyzmatlary Immigrasiýa rugsat bermeýän wiza Immigrasiýa wizasy

Amerikan wizasy

Konsullyk bölümi

Konsullyk bölümi ABŞ-nyň we Türkmenistanyň raýatlary üçin köp görnüşli hyzmatlary, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza we Amerikanyň raýatlary üçin bolsa raýatlyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Wiza hyzmatlary immigrasiýa rugsat bermeýän wizalar almak üçin tabşyrylýan arzalary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Immigrasiýa rugsat bermeýän wizany alýanlaryň sanyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş ýa-da dynç üçin gidýänler, ABŞ-a okamak maksady bilen gidýän okuwçydyr talyplar we ABŞ-a bolan saparynyň maksady wagtlaýyn bolup, ol maksat ýerine ýetenden soň, Türkmenistana dolanyp gelmegi niýet edinýän adamlaryň ählisi degişlidir.

Aşgabatdaky Konsullyk bölümi immigrasiýa wizasyna degişli soraglara seretmeýär. Türkmenistan üçin immigrasiýa wizalary boýunça soraglarynyň ählisine ABŞ-nyň Moskwadaky Ilçihanasy seredýär. Immigrasiýa wizany almak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hemişelik ýaşamagy meýilleşdirýän adamlar ýüzlenýärler.

Immigrasiýa rugsat bermeýän ýa-da immigrasiýa wizasyny almak üçin arzaçylar ABŞ-nyň immigrasiýa hakyndaky kanunynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmeli.

Her wiza ýüz tutýan arzaçy söhbetdeşlik üçin wagt bellemelidir.  Wagt bellemek üçin hepdänin her iş güni sagat 16:00-17:00 wagt aralygynda konsullyk bolümine 35-00-49 belgisine jaň etmeli ýa-da elektron salgymyza hat ugratmaly.

Ilçihananyň Konsullyk bölümi ABŞ-nyň raýatlarynyň pasportlaryny täzeläp berýär, Türkmenistanda ýaşaýan ABŞ-nyň raýatlaryny bellige alýar, olaryň Türkmenistanda doglan çagalary üçin dogluş hakynda şahadatnamalary berýär, saýlawçylary bellige alýar, girdejä salynýan salgyt görnüşlerini doldurmakda ýardam berýär, notarial we beýleki gyssagly we gyssagy bolmadyk hyzmatlaryň ençemesini hödürleýär. Şu ýerden kepillendirme (notarial) hyzmatlary barada doly maglumaty taparsyňyz.

Ýerleşýän ýeri: ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Aşgabat şäheriniň 1984-nji (öňki Puşkin köçesiniň) 9-njy jaýynda ýerleşýär. Türkmenistanda mundan basga hiç ýerde ABŞ-nyň konsullyk bölümi ýokdyr.

Telefon belgileri: (993-12) 35-00-49 (hepdäniň baş, ýaş we anna günleri sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda)

Faks belgisi: (993-12) 39-26-14

Poçta salgysy:

Department of State
7070 Ashgabat Place
Washington, D.C.
20521-7070

744000 Türkmenistan
Aşgabat, 1984-nji
(öňki Puşkin köçesiniň)
9-njy jaýy
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň
Konsullyk bölümi

 
Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas