jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň täzelikleri
 
  Wagtlaýyn işler ynanylan wekil Ilçihana hakynda Ilçihananyň bölümleri Baýramçylyklar Iş mümkinçilikleri Ilçihananyň iň täze habarlary Maksatnamalar we çäreler

Ilçihananyň bölümleri

ABŞ-nyň Halkara ösüş gullygy (ÝUSAID)

2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 4-ine Aşgabatda ÝUSAID-iň, KAPASITI taslamasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň ýaşlar guramasynyň wekilleri AIW keseliniň öňüni almak boýunça ilkinji ýaşlar merkezini açýarlar.

2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 4-ine
ÝUSAID-iň, POTENSIAL taslamasynyñ,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrligiň, şeyle hem
Türkmenistanyñ ýaşlar guramasynyň
wekilleri Aşgabadyň merkezinde açylan täze
açylan AIW keseliniñ öñüni almak boýunça
ýaşlar merkezinde ýygnanşdylar.
Giňişleýin…

Amerikanyň Birleşen Ştatlary uzak taryhy wagtyň dowamynda durmuşyny gowulandyrmak ugrunda göreşýän, tebigy weýrançylykdan soň dikeldiş işlerini alyp barýän ýa-da azat hem demokratik ýurtda ýaşamak isleýän daşary ýurtlarynyň halkyna ýardam berip gelýär. Şu alada hem ABŞ-nyň tapawutlandyryjy aýratynlygy bolup durýär we millet hökmünde bütün dünýä hakyky häsiýetini görkezýär.

Daşary ýurtlara ýardam bermek elmydama Amerikanyň daşary syýasatynyň bähbitlerini öňe sürmekde iki sany maksady göz oňunde tutýar. Olar ösüp gelýän ýurtlarda demokratiýany we bazar ykdysadyýetini giňeltmekden, şonuň bilen bir hatarda hem, ilatyň ýaşaýşyny ösdürmekden ybaratdyr. Şu maksatlary amala aşyrmak ücin ÝUSAID federal büjetiň 0.5% göterimi ulanyp, bütün dünýäde öz işini alyp barýär.

ÝUSAID-iň taryhy II Jahan urşundan soň Ýewropany täzeden dikeltmek üçin Marşal meýilnamasy we Trumanyň administrasiýasynyň maksatnamasynyň 4-nji punkty bilen baglydyr. 1961-nji ýylda Prezident Jon Kennedi Daşary ýurtlara goldaw hakynda akta gol çekip, ony kanuna öwürdi hem-de Prezidentiniň buýrugy bilen ÝUSAID döredildi.

Şol dowürden bäri, ÝUSAID heläkçiliklerden soň dikeltmek işlerini alyp barýan, garypçylygy aradan aýyrmak böýunça çalyşýan we demokratik özgertmeleri geçirýän ýurtlara ýardam berýän ABŞ-nyň  esasy agentligidir.

ÝUSAID – bu ABŞ-nyň hökumetiniň garaşsyz federal agentligi bolup, umumy daşary syýasatyny ABŞ-nyň Döwlet Sekretary ugrukdyrýar. Biziň işimiz durnukly we adyl ykdysady ösüşi goldaýar we aşakda görkezilýän ugurlara goldaw berip, ABŞ-nyň  daşary syýäsatynyň maksatlaryny öňe sürýär:

  • ykdysady ösüş, oba hojalygy we söwda,
  • dünýäde saglygy goraýyş we
  • demokratiýa, çaknyşyklaryň öňini almak we gumanitar kömek.

Biziň Turkmenistandaky işlerimiz bilen tanyşmak üçin Ýurt boýunça esasy ugurlary we maksatnamalaryň gysgaça beýanyny (iňlis dilinde) görüp bilersiňiz.

Täzelikler

ABŞ-nyň Halkara ösüş gullygy (ÝUSAID) degişli täzelikleri "Ilçihananyň täzelikleri" sahypamyzdan okap bilersiňiz.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas