jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
ABŞ-nyň syýasatlary we meseleleri
 
  Waşingtondan täzelikler Gyzyklandyrýan temalar Esasy hasabatlar Goşmaça sepler

Esasy hasabatlar

2009-njy ýyl boýunça adam söwdasy hakyndaky hasabat

Türkmenistan (2-nji derejeli aýratyn üns sanawy)

Türkmenistan jynsy ekspluatasiýa maksady bilen esasy Türkiýä, aýdyşlara görä bolsa Birleşen Arab Emirliklerine, Gyrgyzstana, Gazagyzstana we Pakistana hem aýal üpjün edýän çeşmedir.  Erkek adamlar we aýallar zorlukly, ylaýta-da agyr iş şertleri bolan dokmaçylykda zähmet çekdirmek hem-de gyrnak (öýdeniçer) hökmünde ulanmak maksady bilen Türkiýä ugradylýar.

Türkmenistanyň Hökümeti adam söwdasyny ýok etmek üçin iň pes standartlara doly gabat gelmeýär; şeyle-de bolsa bu ugurda uly ädimlar ätdi. Bu tagallalara garamazdan, hökümet adam söwdasyny çylşyrymly mesele hökmünde köpçülikleýin boýun almady, bu mesele boýunça ilatyň habardarlygyny artdyrmak ýa bolmasa adam söwdasynyň pidalaryna kömek etmek ugrynda wajyp işleri amala aşyrmady; şonuň üçin hem Türkmenistan 2-nji derejeli aýratyn üns sanawyna girizildi. Hasabat döwründe hökümet adam söwdasy boýunça az sanly işleri derňedi. Türkmenistanyň hökümeti 2007-nji ýylyň dekabr aýynda “Ynsan söwdasyna garşy göreş hakynda kanuny” kabul etmek bilen bu ugurda uly ädim äden hem bolsa, hasabat döwrüde şol kanun berjaý edilmedi. Bu kanun adam söwdasyna garşy göreş alyp barmaga hökümetiň düzümindäki jogapkär ministrlikleri kesgitleýär we häkimiýetlerden ynsan söwdasynyň öňüni almak, adam söwdagärlerini kanun boýunça yzarlamak, şeýle hem, ejir çekenlere ýardam etmek boýunça çäreleri işläp düzmegi talap edýär. 2007-nji ýylda kabul edilen “Adam söwdasyna garşy göreş hakyndaky” kanunda kesgitlenen adam söwdasy hakyndaky kanun bozmalar üçin temmileri öz içine almak maksady bilen hökümet jenaýat kodeksini gözden geçirmek prosesini başlady. Şu wagt adam söwdasynyň ähli görnüşleri bar bolan aýry-aýry kanunlar esasynda gadagan edilendir.

Türkmenistan uçin maslahatlar:  2007-nji ýylda kabul edilen “Adam söwdasyna garşy göreş hakyndaky” kanunda kesgitlenilşi ýaly jynsy häsiýetli hereketlerde ulanmak hem-de zähmet çekdirmek maksady bilen adam söwdasy üçin temmileri göz öňünde tutmak üçin jenaýat kodeksini gözden geçirmek prosesini tamamlamak bilen 2007-nji ýylda kabul edilen “Adam söwdasyna garşy göreş hakyndaky” kanuny durmuşa geçirmeli; adam söwdagärlerini işjeň derňew etmeli, yzarlamaly we kazyýet jogapkärçiligine çekip ýyl kesmeli; adam söwdasyna hemaýat eden döwlet işgärlerine gozgalan aýry-aýry işleri   derňemeli, adam söwdasynyň pidalaryny anyklamak, ejir çekeni degişli edara ugratmak we ejir çekeniň şahsy maglumatlaryny gizlin saklamak boýunça serhet gullugynyň we polisiýanyň işgärleri bilen tälim geçirmeli; ejir çekene kömek berýän we adam söwdasyna garşy göreş alyp barýan guramalara maliýe taýdan kömek etmeli; adam söwdasynyň pidalaryny yzygiderli anyklamak we degişli edara ugratmak düzgünlerini ösdürip kemallaşdyrmagy dowam etmeli; migrasiýa düzgünleriniň bozulmagy ýaly adam söwdasynyň gös-göni netijesi hökmünde edilen hereketler üçin ejir çekenler jezalandyrylmamagy maksady bilen ýörite çäreleri we okuwlary işläp düzmeli; we köpçüligi adam söwdasynyň howplary babatda habardar etmek maksady bilen bu mesele boýunça aň-bilimi ösdürmek işlerini geçirmeli.

Kazyýet jogapkärçiligine çekmek

Türkmenistanyň hökümeti hasabat döwründe düypli kanun goraýjy çäre görmedi. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen “Adam söwdasyna garşy göreş hakyndaky” Türkmenistanyň kanuny adam söwdasynyň ähli görnuşlerini gadagan edýär, emma şeýle jenaýatlar üçin anyk temmi kesgitlemeýär. Şu wagt adam söwdasynyň ähli görnüşleri bar bolan aýry-aýry kanunlar esasynda gadagan edilendir, şeýle-hem 2007-nji ýylda kabul edilen adam söwdasyna garşy göreş hakyndaky kanunda aýdylşy ýaly adam söwdasy üçin temmileri kesgitlemek maksady bilen jenaýat kodeksi gözden geçirilýär. Adam söwdagärlerini yzarlaýan we temmi berýän kanunlaryň arasynda duşuşdyryjylygy (sutenýorlygy), jelephanalary, adamy bikanun gizlemegi, azatlykdan bikanun mahrum etmegi gadagan edýänler bar. 2008-nji ýylda hökümet adam söwdasyna degişli bolmadyk kanunlar esasynda adam söwdasy bilen baglanşykly iki wakany derňäp jenaýatçylara günä bildirdi. Hökümet 2008-nji ýylda günä bildirilip ýyl kesilen adam söwdagärleri barada hiç-hili maglumat bermedi. Baş Prokuratura işgärleri üçin halkara adam söwdasynyň pidalaryny anyklamak okuwyny geçirdi. Aýallaryň daşary ýurda äkidilýändigi barada gümrük we migrasiýa işgärleri habardar edilseler hem, olar adam söwdasynyň öňüni almak üçin hiç-hili çäre görmändigi barada tassyklanmadyk habarlar bar.
Adam söwdasynyň pidalaryny goramak

Hasabat döwründe adam söwdasynyň pidalaryny goramak ýa-da olara kömek etmek ugrynda hökümet hiç-hili iş alyp barmady. Türkmenistanyň hökümeti adam söwdasynyň pidalaryna medisina hyzmatyny, maslahat(konsultasiýa), gaçybatalga, ýuridiki kömek ýa reabilitasiýa hyzmatlaryny bermedi, şeýle hem, pidalara kömek etmekleri üçin, halkara guramalara ýa DDB birleşiklere serişde ýardamyny bermedi. 2007-nji ýylda kabul edilen adam söwdasyna garşy göreş hakyndaky kanun adam söwdasynyň pidalary baradaky aladany-da göz öňünde tutýan maddalary öz içine alýar, şeýle hem, olary gorag bilen üpjün etmegi we ýardam bermegi kepillendirýär. Hasabat döwründe döwletiň maliýeleşdirilmeginde bolmadyk guramalar tarapyndan adam söwdasynyň ýigrimi pidasyna kömek berildi; hökümet kömek üçin adam söwdasynynyň pidalaryny hiç ýere ugratmady. Döwlet işgärleri adam söwdasynyň pidalaryny anyklamak üçin hiç-hili resmi prosedura ulanmaýar. 2008-nji ýylda adam söwdasynyň azyndan iki pidasy adam söwdasy bilen baglanşykly gozgalan işleriň derňewine we günä bildirilmegine kömek etdiler. Käbir kanun goraýjy edaralaryň işgärleri adam söwdasynyň pidalaryny tussag edip maglumat almak üçin sorag etdiler; adam söwdasynyň pidalarynyň türmä basylandygy barada hiç hili maglumat ýok.

Adam söwdasynyň öňüni almak

Hasabat döwründe Türkmenistan adam söwdasy barada ilatyň aň-bilimini ösdürmek ugrynda hiç-hili iş alyp barmady. 2008-nji ýylda hökümet adam söwdasyna garşy göreş barada köpçülikleýin habardarlyk maksatnamalary maliýeleşdirmedi we alyp barmady. Hökümet adam söwdasynyň ýagdaýyny öz serhetleriniň araçäginde gözegçilik etdi.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas
Turn Admin On!