Esasy hasabatlar
2006-njy ýyl boýunça adam söwdasy hakyndaky hasabat
Türkmenistan (Aýratyn ýagdaý)
Türkmenistan şu ýyl elýeterli bolan maglumatlaryň ýurtda adam söwdasyndan ejir çekenleriň sanynyň köpdügini ygtybarly esaslandyrmak üçin ýeterlik däldigi sebäpli hasabata girizilmedi.
Gerimi we täsiri
Käbir derňelip görülmedik habarlarda Türkmenistanyň zenanlaryň Türkiýä, Russiýa, Hytaýa, Ukraina, Gazagystana, Angliýa, Çehiýa, Eýrana,Ysraýyla we Birleşen Arap Emirligine zorluk arkaly jyns gatnaşygynda ulanmak maksady bilen adam söwdasy arkaly äkidilýän ýurtlaryň biri bolmagynyň ähtimaldygy barada aýdylýar. Zenanlaryň ýurduň içinde hem zorluk arkaly jyns gatnaşygynda ulanmak we mejbury zähmet çekdirmek maksady bilen edilýän adam söwdasyna duçar bolmagy ähtimaldyr. Oba ýerlinde ýaşaýan erkek adamlaryň ulyrak şäherlere giň ýaýbaňlanýan gurluşyk senagatynda işletmek maksady bilen adam söwdasynyň bolmagynyň ähtimaldygyny görkezýän derňelip görülmedik delil bardyr. Halkara Migrasiýa baradaky edarasynyň maglumatlaryna görä, 2005-nji ýylda adam söwdasynyň pidalarynyň sekiz hadysasy anyk hasaba alyndy; bäş sany zenan Türkmenistandan Türkiýä äkidilip, zorluk arkaly jyns gatnaşygynda ulanmak maksady bilen adam söwdasyna duçar bolupdyr. Halkara Migrasiýa baradaky edarasy ýurduň içinde adam söwdasynyň pidalarynyň üçüsi barada habar berdi we olaryň birinde bir garry aýalyň Aşgabat şäheriniň eteginde mejbury zähmetde ulanylýandygy aýdyldy.
Hökümetiň alyp barýan işleri
Türkmenistanyň hökümeti adam söwdasyny mesele hökmünde açyk ykrar etmeyär. Hökümet ýolbaşçylaryna Prezidentiň Türkmenistanyň abadançylygyň ýurdudygy we jemgyýetde hiç hili ýaramazlyklaryň ýokdygy baradaky sözlerine garşy gelýän pikirlerini aýtmagyna rugsat berilmeýär. Jemgyýetiň hemme gatlaklarynda we hökümetiň öz içinde korrupsiýa agyr mesele bolmagynda galýar, ýöne hökümet ýolbaşçylarynyň adam söwdasy bilen gös-göni baglanşygynyň bardygyna hiç hili subutnama ýokdur.
Türkmenistanyň hökümeti ýurduň çäginde adam söwdasyna gözegçilik etmeýär we hökümetiň bu işleri amala aşyrmak üçin strategiýäsy ýokdyr, ýöne ýaňy-ýakynda hökümet bu meselä degişli biraz gyzyklanma bildirdi we halkara guramalar we daşary ýurtlaryň hökümetleri bilen adam söwdasyna bagyşlanan gepleşiklere girişdi. 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Döwlet daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş edarasy Halkara Migrasiýa baradaky edarasy bilen adam söwdasyna garşy giňişleýin hyzmatdaşlyk we ýardam etmek baradaky ylalaşyga resmi gol çekdi. Bu ylalaşyk şeýle hem adam söwdasy meselesi barasynda köpçüligiň düşünjesini artdyrmak boýunça dürli habar beriş çäreleri düzmäge, adam söwdasy we migrasiýa degişli maglumatlaryň neşir edilmegine we migrasiýa hem-de adam söwdasyna degişli ylmy-barlag işleriň geçirilmegine çagyrdy. 2005-nji ýylyň Ruhnama aýynda Türkmenistanda bir kazyýet jyns gatnaşygyna mejbur etmek maksady bilen ejir çekeni Türkiýä geçirip, adam söwdasyna ýüz uran bir aýala höküm çykardy. Adam söwdasyny eden ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu 2005-nji ýylda adam söwdasy bilen baglanşykly ýeke-täk anyk hadysadyr. Halkara Migrasiýa baradaky edarasy ýurduň içinde mejbury zähmetde ulanmak maksady bilen bagly adam söwdasynyň pidasynyň bir hadysasy barada habar berdi. Kazyýet ejir çekeniň pasportynda ýaşaýan ýeri hakyndaky zerur möhüriň ýokdugy zerarly jenaýat işini gozgamakdan ýüz öwürdi. Hasabatyň taýýarlanýan döwründe, Halkara Migrasiýa baradaky edarasy şol ejir çekeniň adam söwdasy bilen meşgul bolan adamyň garyndaşynyň elinde mejbury zähmetde ulanylmagy dowam edýär diýip hasaplaýardy. Hökümet Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň döwlet işgärleri üçin adam söwdasyny düşündirýän okuw-maslahatyny geçirmek baradaky teklibini ret etdi. Häzirki wagtda adam söwdasynyň meseleleri bilen meşgullanýan ýeke bir sany resmi hasaba alnan hökümete degişli däl gurama bardyr. Ýerli hökümet ýolbaşçylary bu hökümete degişli däl gurama bilen hyzmatdaşlyk hem etmeýärler, onuň işine päsgel hem bermeýärler.



