jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
ABŞ-nyň syýasatlary we meseleleri
 
  Waşingtondan täzelikler Gyzyklandyrýan temalar Esasy hasabatlar Goşmaça sepler

Esasy hasabatlar

“ABŞ-nyň ynsan hukuklaryna we demokratiýa goldaw bermek boýunça 2006-njy ýylda alyp baran işleri” hasabaty

Sözbaşy

Bu hasabat ABŞ-nyň 2006-njy ýylda dürli ugurlar boýunça dünýäde adam hukuklaryna hormaty we demokratiýany öňe ilerletmek boýunça edilen işleri barada beýan edýär.

Prezident Buş bize azatlyga esaslanýan daşary syýasaty alyp barmaklygy ündäp, adam hukuklaryny we demokratiýany ösdürmegi biziň milli howpsyzlygymyzyň baş ugrunyň aýrylmaz bölegi diýip yglan etdi. Prezidentiň nygtaýşy ýaly: “Her bir terrorçynyň iň köp gorkýan zady adam azatlygy, ýagny erkek we aýallaryň öz saýlawlaryny özleri edip, öz wyždanlaryna hasabat berip, ýigrençlik duýgularyny beslemegiň ýerine umytlaryndan beslenip ýaşaýan jemgyýetler bolup durýar.”

2006-njy ýylyň dowamynda biz dünýäniň ähli künjeginde halkara adam hukuklaryna degişli standartlary we demokratiýa ýörelgelerini ilerletmäge we goramaga synanyşdyk. Biz dostlukly demokratik döwletlere jogapkärli dolandyryş guramalaryny we kanunyň hökmürowanlygyny ýola goýmaga we dowam etdirmäge ýardam etdik. Biz ülkeleriniň durmuşyna ähli raýatlaryň we şol sanda aýallaryň we azlyk jemagatlarynyň doly gatnaşmalaryny ruhlandyryp, azat we adalatly saýlawlary geçirmegi üpjün etdik. Biz raýatlyk jemgyýetlerini mäkämleşdirmäge we habar beriş serişdeleriniň azatlygyny ösdürmäge çalyşdyk. Şeýle-de adam hukuklary we demokratik ýörelgeleriniň ýoýulan ýerlerinde biz parahatçylykly özgerişi gazanmak isleýänleri goldap geldik.

Ýer ýüzünde adam mertebesini goramak we netijeli demokratiýalaryň ösüşini goldamak uzak möhletli bir ymtylyş bolup  durýar we bu iş başga hökümetler, jemgyýetçilik guramalar we işewür dünýäsi bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy gurnamagy  talap edýär. Ähli kynçylyklara we ilerlemegiň wagtal ýuwaşlamagyna garamazdan biz we hyzmatdaşlarymyz bu işi dowam ederis. Sebäbi özleri, çagalary we ýurtlarynyň gelejegi üçin azatlygyň getiren miwelerini goramak isleýän dürli medeniýete, reňke, geçmişe we ynançlara degişli bolan erkek we aýallaryň hyýallaryna maýa goýmak dogry we parasatly işdir.

Hut şu düşünjeleri nazara alyp, men Döwlet Departamentiniň “ABŞ-nyň ynsan hukuklaryna we demokratiýa goldaw bermek boýunça 2006-njy ýylda alyp baran işleri” hasabatyny ABŞ-nyň Kongresiniň garamagyna hödürleýärin.

Döwlet Sekretary
Kondoliza Raýs

ABŞ-nyň adam hukuklary we demokratiýa boýunça baş ugry

“ABŞ-nyň ynsan hukuklaryna we demokratiýa goldaw bermek boýunça 2006-njy ýylda alyp baran işleri” hasabaty geçen ýylda dünýäde özgerişleri geçirmäge gönükdirilen ýerli tagallalary goldamak üçin biziň ulanan dürli diplomatik usullarymyzy sypatlandyrýar.

Şahsy we demokratik azatlygy ösdürmegiň ýeketäk ýoly ýokdur. Ähli tagallalarymyz hakykat ýüzünde işleýän demokratiýanyň adam hukuklaryny netijeli ulanyp, goragyny üpjün edýän şu üç esasy sütüniniň berkidilmegine jemlendi: birinjisi – bäsdeşligiň tebigy ýagdaýda bolmagyny gazanmak üçin dalaşgärleriň deň mümkinçiliklerden peýdalanyp, azat we adalatly saýlawlaryň geçirilmegi; ikinjisi – kanunyň hökmürowanlygy şertlerinde hereket edýän wekilçilikli, açyk we jogapkärli hökümet guramalary, şeýle hem garaşsyz kanun çykaryjy guramasy we kazyýeti bolan gowy dolandyryş häkimiýeti; we üçünji – güýçli raýatlyk jemgyýeti we hökümeti dürs, raýatlary ýurduň durmuşynda işjeň we özgerişleri ýolunda saklamagy başarýan garaşsyz habar beriş serişdeleri. Demokratiýanyň bu aýrylmaz ýörelgeleriniň gowşak bolan ýerlerde biz olary güýçlendirmäge çalyşdyk; olaryň howp astynda bolan ýerlerinde biz olary goradyk we hökümet gysyşy sebäpli biz gorky astynda ýaşap, azatlygy hyýal edýänleriň ýerine gepledik.

Şu hasabatyň görkezişi ýaly biz adam hukuklaryna we demokratiýa bolan goldawymyzy her ýurduň we sebitiň öz aýratynlyklaryny göz öňünde tutup ýüze çykýan kynçylyklara görä şekillendirdik. Günbatar Ýarymtogalagynda, mysal üçin, biz esasy mesele bolup durýan demokratiýany ösdürmeklige, ýagny demokratiýalara raýatlaryň has gowy durmuş babatynda isleglerini kanagatlandyrmak mümkinçiligini artdyrmaga kömek etdik. Afrikanyň köp döwletleri üçin adam hukuklaryň ýagdaýyny we hökümet özgerişleri ilerletmegiň baş meselesi bolan çaknyşyklary soňlamak bolup durýar.

Günorta, Merkezi we Gündogar Aziýada we Ýuwaş umman sebit ýurtlardaky adam hukuklary we demokratiýanyň ösüşi bilen  baglanyşykly meseleler dürli dürlidir. Köplenç biz demokratik döwletlere öňe gidişligi has-da ilerletmek üçin edara edişiň kynçylyklarynyň üstesinden gelmäge kömek berdik. Şeýle-de öz raýatlarynyň hukuklaryny kemsidip häkimiýeti dowam etdirýänleriň ýurtlarynda biz kemsitmeleri ýüze çykardyk we halkyň pikirleriň we maglumatyň bütindünýä akymyna ulaşmagyny aňsatlaşdyrmaga çalyşdyk. Ýewropada bolsa biz bitewi, azat we parahat sebitiň hyýalyny durmuşa geçirmek üçin ýewropa kärdeşlerimiz bilen arkalaşygy dowam etdirdik.  Şeýle hem giň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitinde biz syýasy, ykdysady we bilim pudakalarynda özgerişlere bolan we gitdigiçe ösýän isleglere Gelejek üçin forum we Ýakyn Gündogar hyzmatdaşlyk başlangyjy ýaly täze köptaraply we ikitaraply tagallalar bilen jogap berdik.

Şeýle-de 2006-njy ýylda Döwlet sekretary Raýs adam hukuklary we demokratiýa goraýjylaryny goldaýan iki sany möhüm başlangyjy öňe sürdi. Ol Adam Hukuklarynyň Goraýjylary Gaznasynyň we hökümetleriň jemgyýetçilik guramalar (JG) bilen gatnaşygy babatda JG-laryň 10 sany ýol görkeziji Ýörelgeleriniň döredilendigini yglan etdi.

Adam Hukuklarynyň Goraýjylary Gaznasy ABŞ-nyň Döwlet departamentine daşary ýurt hökümetleriň basga-basyşlygy (repressiýa) netijesinde adatdan daşary mätäçlik çekýän adam hukuklary goraýjylaryna kiçi möçberde pul kömegini çalt paýlap bermegiň mümkinçiligini üpjün eder. Umumy möçberi 1,5 million ABŞ dollaryndan başlaýan we her ýyl zerurlyga görä möçberi köpeldiljek bu gazna  aklawçy hyzmatlaryndan peýdalanmak, saglyk çykdajylaryny ödemeklik ýa-da gysga möhletli maliýe kömegi bilen jemgyýetçilik işeňňirleriň maşgalalarynyň çekýän wajyp mätäçliklerini aradan aýyrmak üçin ulanylyp bilner.

Şeýle hem JG-laryň 10 sany ýol görkeziji Ýörelgesi (seret: http://www.state.gov/g/drl/rls/77771.htm) biziň jemgyýetçilik guramalar bilen gatnaşygymyzy amala aşyrmakda we özge döwletleriň hökümetleriniň jemgyýetçilik guramalar babatynda hereketlerine baha bermek üçin ulanylar. Bu ýörelgeler jemgyýetçilik guramalara we beýleki adam hukuklarynyň goraýjylaryna degişli has uzyn hem jikme-jik bolan BMG we beýleki halkara guramalaryň kabul eden namalarynyň üstüni ýetirer. Halkara guramalar, raýatlyk jemgyýeti toparlary we habarçylar bu 10 sany JG degişli Ýörelgäni ýan kitabyna öwürip, tutuş dünýä boýunça hüjüm astyndaky jemgyýetçilik guramalara berilýän goldawy birleşdirmäge itergi berer diýip umyt edýäris.

Adam hukuklary we demokratiýanyň ilerlemegi ilki bilen we iň köp derejede ýurtlarynda özgertmeleriň ugrunda işleýän erkek we aýallaryň edermenligine we özüni bu işe bagyş etmegine bagly bolup durýar. Şeýle hem bu işde ilerleme ABŞ-nyň we ýaran demokratik hökümetleriniň dünýäniň her künjeginde dowamly we ylalyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmagymyzy talap edýär. Öňegidişlik hemişe aňsat bolup durmaz. Gowşak demokratiýalar dagap biler. Demokratiýa dolulygyna esaslanmaýan baştutanly ýurtlar yza gidip biler. Özgerişleri hoş görmeýänler olary amala aşyrmak isleýänlere garşylyk görkezerler. Bularyň hemmesi durmuşyň bir bölegi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde biz azatlyk ugrunda alyp barýan işimiziň dünýäde ýaşaýan ähli erkek we aýallar üçin täze, umytdan doly durmuşy döretmäge kömek etjegine ynanýarys.

TÜRKMENISTAN

Türkmenistan awtoritar döwlet bolup, onda Bitaraplyk aýynyň 21-inde aradan çykmagyna çenli ömürlik Prezident Saparmyrat Nyýazow höküm edýärdi. 1991-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz bolandan soň, Nyýazow prezident bolýar we ol syýasy we ykdysady häkimiýeti tutuşlygyna öz elinde jemläp, Mejlisi, kazyýet ulgamyny we ýurtda ýeke-täk kanuny ykrar edilen syýasy partiýany, Demokratik partiýany, gol astynda tutýar. Bitaraplyk aýynyň 26-synda geçirilen Halk Maslahaty Nyýazowyň yzyny ýöretjek adamy 2007-nji ýylyň Baýdak aýynyň 11-inde geçiriljek ählihalk saýlawlary arkaly saýlamagy karar etdi. Baş kanuna görä, Mejlisiň Başlygy Öwezgeldi Ataýew prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolmalydy, ýöne Ataýewe garşy jenaýat işi alnyp barylýandygy sebäpli, onuň ýerine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gurbanguly Berdimuhammedow bellenildi. Bitaraplyk aýynyň 26-synda geçirilen Halk Maslahaty prezident wezipesine dalaşgärleriň alty sanysyny saýlady we prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Berdimuhammedowa prezidentlige dalaşgär bolmak mümkinçiligini döretmek üçin konstitusiýany üýtgetdi. Türkmenistanyň hökümeti adam hukuklary babatynda gödek düzgün bozmalaryny dowam etdirdi we şonuň üçin ýurduň adam hukuklaryna degişli ýagdaýy aňrybaş pes bolmagynda galdy. Häkimiýetler syýasy we raýat azatlyklaryny çetden aşa çäklendirdiler.  Nyýazow syýasy garşydaşlaryny we metbugat azatlygyny gysyp saklady, şeýle de bilim ulgamynyň derejesini pese gaçyrdy. Gorkut we Bitaraplyk aýlarynda Halk Maslahatynyň oba, şäher we etrap saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlarda öňkülerden tapawutlylykda garaşsyz dalaşgärler jemgyýetçilik goldawy bilen gatnaşyp bildiler. 2004-nji ýylda geçirilen Mejlis saýlawlaryna bolsa gatnaşan dalaşgärleriň ählisi Demokratik partiýanyň agzalarydy. Ýurtda tussaglaryň gynalmagy we olara zabun çemeleşilmegine, tussaglaryň daşarky dünýäden üzňe we tussag astynda rugsat edileninden uzak saklanmagyna, dini azlyk toparlarynyň agzalaryna zabun çemeleşilmegine, jenaýat etmekde aýyplananlaryň garyndaşlaryny-da goşmak bilen esassyz tutmak we tussag etmek ýagdaýlaryna, dürs derňewiň we adyl suduň inkär edilmegine dowam etdirildi. Hökümet söz, hereket etmek, metbugat we ýygnanyşmak azatlyklaryny çäklendirmegini dowam etdirdi. Ýurtda din azatlygynyň gödek bozulmalary dowam eden-de bolsa, hökümet 2004-nji ýyldan bäri hasaba alnan dini azlyk jemagatlar babatynda gysyşlaryny göze görner derejede azaltdy. Ýöne ol raýatlyk jemgyýeti toparlaryny hasaba almagyny çäklendirmegini dowam etdirip geldi. Şeýle-de jemgyýetçilik guramalara we daşary ýurt ilçihanalar bilen gatnaşyk saklaýan jemgyýetçilik işeňňirlere ezýet edilmeler ýylyň soňunda has belli bolup başlady. 

Türkmenistanda demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüşini goldamak maksady bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary köptaraplaýyn baş ugruny dowam etdirdi. Geçen ýylyň dowamynda ABŞ-nyň resmi adamlary her mümkinçilik bolan ýagdaýynda Prezident Nyýazow we beýleki jogapkärli ýolbaşçylary bilen geçirilen iki taraplaýyn duşuşyklarda, şeýle hem köptaraplaýyn guramalar we köpçülikleýin ýüzlenmeler arkaly, bu ýurduň hökümetini demokratik özgerişleri durmuşa geçirmäge çagyrdylar. Geçirilen duşuşyklarda ABŞ-nyň resmi adamlary adam hukuklaryna hormatyň ABŞ hökümetiniň iň wajyp meselesi bolup durýandygyny yzygiderli gaýtalap geldiler. ABŞ  şahslaryň hukuklary kemsidilmegiň aýry-aýry wakalarynda olary dowamly gorap çykyş edýärdi we beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary, şeýle hem halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ugrukdyrýardy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary raýatlyk jemgyýetine we adam hukuklaryna hormaty güýçlendirmäge niýetlenen maksatnamalaryň giň toplumyny maliýeleşdirdi.

Geçen ýylyň dowamynda ABŞ maglumat, metbugat we söz azatlyklarynyň ähmiýetini köpçülikleýin ýüzlenmeler, dürli bilermenleriň çykyşlary we alyş-çalyş maksatnamalarynyň birnäçesi arkaly yzygiderli ýetirmäge çalyşdy. ABŞ ýedi sany bilermeniň, şol sanda Amerikada Yslam diniň bilermeni, özüňi beýan etmegiň ähmiýeti barada gürrüň beren ýazyjy Paul Tero we jenaýat adalaty we hukuk bilermeniniň Türkmenistana getirilip çykyş etmelerini maliýeleşdirdi. ABŞ Edward Murrow adyndaky Habarşynaslyk maksatnamasynyň üsti bilen iki ýerli habarçynyň ABŞ saparyny gurnady we ABŞ hökümetiniň habar beriş serişdeleriniň we söz azatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän uçurymlaryň we raýatlyk toparlarynyň alyş-çalyş maksatnamalaryny goldap geldi. Meýilnamalaýyn ýygy-ýydan geçirilýän okuw duşuşyklaryna goşmaça, ABŞ-nyň döwlet işgäri döwlet maglumatlaryna ulaşmagy halk üçin açyk etmegiň ähmiýeti barada döwlet kitaphanalaryň 40 sany hünärmeni we dolandyryjylaryna gürrüň berdi. ABŞ-nyň hökümeti ýurduň bäş welaýatlaryndan-hem 100-den gowrak ýaş türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda geçirilen Nusgawy Birleşen Milletler Guramasy atly maslahatyny, şeýle hem onuň çäklerinde gurnalan bir döwlet we köpsanly welaýat bäsleşiklerini, bu gezek-de gollady.

Geçen ýylyň dowamynda Amerikan burçlary jemi 48500 adamy özlerine çekmäge başardylar. Ýöne hökümetiň ýazda Türkmenbaşy şäherindäki Amerikan burçuny we Daşoguz, Balkanabat we Aşgabadyň Milli kitaphanasyndaky üç sany Internete giriş okuw maksatnamasynyň merkezlerini ýapdyranlygy zerarly gatnaşmaklyk kynlaşdyryldy. Bu gysyşlara garamazdan tälim bermeklik açyk galan dört Amerikan burçlarynda, Aşgabatdaky Amerikan merkezinde, iki Internete giriş okuw maksatnamasynyň merkezlerinde we Aşgabatdaky Uçurymlaryň merkezinde giň gerimli dowam etdirilip, Türkmenistanyň raýatlaryna maglumatyň garaşsyz çeşmelerine ulaşmaga mümkinçilik döredýän daşarky dünýä bilen wajyp köpriniň hyzmatyny ýerine ýetirdi. ABŞ hökümetiniň maksatnamalarynyň uçurymlarynyň kömegi bilen Türkmenbaşy şäherindäki Amerikan burçunyň işi ýerli saglyk öýüniň synpynda dowam etdirildi. Ýurduň hökümeti mugallym we okuwçylara kompýuter tilsimatlary hakynda okuw berýän “Bütindünýä aragatnaşyklary we alyş-çalyş” maksatnamasyny döwlet mekdeplerinde ornaşdyrmagyň başlangyjyny ret edenden soň, Internete giriş okuw maksatnamasynyň açyk galan merkezleri işi üstüne alyp maksatnamany goldady. Ýylyň dowamynda bu maksatnama boýunça 81 mugallym we 300 okuwçy bu ugurda tälim aldylar.

ABŞ ýokary tizlikli Interneti bolan giňeldilen we ýylyň soňunda hasaba alnan ulanyjylaryň sany 1400-den geçen Maglumat-serişdeler merkezini açdy. Merkez maslahat otagyny kärdeş guramalaryň we şahsy maksatnamalaryny, şol sanda ýerli döwlet mekdepleriniň mugallymlarynyň okuwçylaryna internet we kompýuter sowatlylygynyň sapaklaryny geçirmek üçin ulanyldy.

Geçen ýylyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iňlis dili boýunça maksatnamasy ýurtda has-da ýaýbaňlanyp, ol halky iňlis dilinde çap edilen we elektron görnüşinde maglumat bilen üpjün edip, demokratik maksatnamalara wajyp goldawyny berdi. Şeýle-de Döwlet Dünýä dilleri institutynda ABŞ hökümetiniň ilkinji Iňlis dili mugallymy köplenç ABŞ-nyň döwlet işgärleri bilen duşuşykdan säginen bu ýokary okuw jaýynyň mugallymdyr talyplaryna hyzmat edip bildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary tutuş ýylyň dowamynda hökümet ýolbaşçylaryny jemgyýetçilik guramalary hasaba almaga itermeklerini dowam etdirenligine gamazdan Adalat ministrligi ýekeje-de täze JG-ni hasaba almady. ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän raýatlyk jemgyýetini ösdürmek maksatnamalaryň çäginde Raýatlyk jemgyýetini goldamak Merkezleriň  (RJGM) dördüsine ýardam edildi. Ol merkezler jemgyýetçilik guramalaryna we ýerli başlangyç toparlaryň işeňňirlerine jemgyýetçilik işlerinde mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen okuw sapaklaryny geçirýärdiler, tehniki goldaw, maglumat çeşmeleri, aragatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerini we bilermen hyzmatlaryny hödürleýärdiler. 
Amerikanyň Birleşen Ştatlary şeýle hem bu Merkezleri arkaly jemgyýetçilik guramalara gönümel hukuk goldawy we hyzmatlary hödürleýärdi. ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilen raýatlyk jemgyýetini ösdürmek boýunça maksatnamalarynyň esasy ünsi ýerli jemgyýeti ösdürip, ony goramaklyga jemlenipdir. Ýylyň dowamynda ABŞ-nyň hökümetiniň maliýe kömegi bilen bu maksatnamalar jemgyýetçilik taslamalaryň 133-ne durmuşa geçirdi.
 
Kanunyň hökmürowanlygyny öňe sürmek üçin ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilen  maksatnama Türkmen döwlet uniwersitetinde (TDU) hereket eden Hukuk maglumat merkezine (HMM) goldaw berdi. 2004-nji ýylyň Türkmenbaşy aýyndan bäri HMM Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, jenaýat kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi, aýallaryň hukuklarynyň kanuny kepillendirilişi we raýat kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi barada okuwlar geçirdi. 2006-nji ýylyň dowamynda bu okuwlara 1500-den gowrak talyp gatnaşdy we 3700-den gowragy bolsa HMM zyýarat edip, hukuk meselelerine degişli maglumatlary internet arkaly agtarmak mümkinçiliginden peýdalandy. TDU-da hereket edýän raýatlyk hukuk klinikasy Türkmenistandaky ilkinji hukuk klinikasy bolup durýar. Bu klinika raýat we jenaýat kanunyna degişli meseleler boýunça şahsy maslahat berýär we dürli okuwlar arkaly hukuk bölümi we talyplarynyň hukuk boýunça hünärini we etiki derejesini ösdürýär. Maksatnamanyň işgärleri talyplar tarapyndan ýöredilýän kliniki maksatnamany dolandyrmak we kliniki hukuk öwreniş bilen baglanyşykly amaly we usuly meselelere çemeleşmek boýunça klinikanyň işgärleri bilen yzygiderli okuw geçirdiler.
 
ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamalar talyplaryň milli kazyýet bäsleşiklerine gatnaşmagyna maddy ýardam edip geldi. TDU bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen maksatnamalaryň biri ýaşlara adam hukuklary we demokratiýa degişli kanunlardyr esasy ýörelgeleri öwrenmäge mümkinçilik berdi. Bu maksatnama gatnaşan hukuk bölüminiň talyplary başlangyç we orta mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda olaryň hukukdyr borçlaryny öwretmegiň usullaryny öwrendiler. Bu maksatnamanyň maksady wajyp maşgala, jemgyýet we syýasy meseleleri çözmekde kanunyň kömek edýändigini ýaşlykdan okuwçylaryň aňyna guýmaklykdan ybaratdyr. Bu maksatnama oňa gatnaşan hukuk bölüminiň talyplarynyň amaly hünärleriniň we kanunçylyk bilimleriniň ösmegine uly goşant goşdy, şeýle hem ýönekeý adamlary hukuk maglumatlary bilen üpjün etdi. Şeýle-de Fulbraýt ylmy maslahaty 110 sany raýaty jemläp, kanunyň hökmürowanlygy, jenaýat işlerinde adyllylyk, halkara gatnaşyklar we bilim meseleri ara alyp maslahatlaşmagyna mümkinçilik döretdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary adam hukuklaryna we demokratiýa hormaty diplomatik ýollar we dürli maksatnamalaryň üsti bilen ilerletmäge çalyşdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2002-nji ýylda Prezident Nyýazowyň awtokerwenine ýaragly hüjümden soň tussag edilenleri-de goşmak bilen ähli tussaglaryň ýanyna baryp görmek ugrundaky tagallalaryny gyzgyn goldady. ABŞ, şeýle hem, 2002-nji ýylda Prezident Nyýazowyň awtokerwenine ýaragly hüjüme gatnaşanlygy üçin tussag edilenleriň garyndaşlaryna ýowuz çemeleşilmezligi ugrunda çykyş etmek bilen hökümetden olara üznüksiz azar bermeklerini bes etmeklerini talap etdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary aýallaryň, azlyk toparlatyň we maýyplaryň hak-hukuklaryny ilerletmegini dürli maksatnamalar arkaly dowam edirdi. ABŞ-nyň hökümeti jemagatlara, jemgyýetçilik guramalaryna we işeňňirlere maşgalada bolup geçýän kemsitmeleriň üstesinden gelmäni tälim berýän deňi-taýy bolmadyk maksatnamany maliýeleşdirdi. ABŞ maksatnamalarynyň biri bolsa ýaşlara we maýyplara halkara we ýerli kanunçylyga görä hak-hukuklary barada okuwyň gurnalyşyny maliýeleşdirdi. 
 
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň hereket etmek azatlygy boýunça boýun alan halkara borçlaryny ýerine ýetirişine-de gözegçilik etdi. Hökümet Jekson-Wanik sanksiýalaryndan sypmak üçin 2004-nji ýylda çykyş wiza almak düzgünini kagyz ýüzünde ýatyran-da bolsa, tutuş ýylyň dowamynda daşary ýurda gitmegi gadagan edilen adamlaryň gara sanawyny saklap geldi. Geçen ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hereket etmek azatlygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly anyk mysaldyr wakalary hökümetiň öňünde keserdip goýdy, tussaglaryň garyndaşlarynyň hukuklaryny gorap çykyş etdi we hökümetden tanymal ýazyjynyň sylagy almak üçin ABŞ gitmegine rugsat bermegini talap etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýurduň hökümetini din azatlygyna hormat goýmaga çagyrmaklygy dowam etdi. ABŞ-nyň hökümetiniň tagallalary netijesinde, hökümet azlyk dini toparlara gysyşy azaltdy. Şunuň bilen birlikde ABŞ-den getirilen bilermen alymlary “Amerikada Yslam dini” mowzukly iki sany açyk duşuşygy geçirdiler. Bu duşuşyklara Dini işler baradaky geňeşiniň agzalary we ähli bäş welaýatdan gelen ymamlar gatnaşdylar.  

ABŞ-nyň adam söwdasyna garşy göreş üçin maliýe kömegini berdi. Onuň netijesinde Halkara migrasiýa baradaky guramasy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanan we ýurtdaky adam söwdasynyň derejesini we görnüşini kesgitlemäge gönükdirilen maksatnama boýunça Türkmenistanyň Serhet gullugy bilen iş alyp bardy. ABŞ, şeýle hem, adam söwdasyna garşy aň-düşünjäni artdyrýan bilim beriş çärelerini we adam söwdasyna garşy göreşmek barada Serhet gullugy bilen geçirilen okuwlary-da goldady. Şeýle-de, ABŞ on sany döwlet işgärleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna “Kanunyň hökmürowanlygy” atly okuw saparyny maliýeleşdirip, olaryň ABŞ-nyň bäş kanun goraýjy guramalarynyň gullukçylary bolan kärdeşleri bilen duşuşygyny gurnady.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz

- Hasabatyň bölekleri -

“ABŞ-nyň ynsan hukuklaryna we demokratiýa goldaw bermek boýunça 2006-njy ýylda alyp baran işleri” hasabaty

Sözbaşy
ABŞ-nyň adam hukuklary we demokratiýa boýunça baş ugry
Hasabatyň Türkmenistana degişli bölegi




 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas