Esasy hasabatlar
Dünýäde din azatlygy barada hasabat, 2008 ý.: Türkmenistan
Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet býürosy tarapyndan neşir edildi
Ýurduň esasy Kanuny din azatlygyny kepillendirýär we hiç bir dini “döwlet dini” diýip, yglan etmeýär; eýsem-de bolsa, hökümet iş ýüzünde din azatlygynyň durmuşa geçirilmegini çäklendirmegini dowam etdirip geldi. Kanuny statusa eýe bolmak üçin, ähli dini toparlar bellige alynmalydyr; bellige alynmadyk dini toparlaryň işi bikanundyr we administratiw tertipde jezalandyrylyp bilerler.
Hasabata degişli döwür içinde hökümet tarapyndan din azatlygyna hormat babatynda uly bolmadyk özgerişlikler bolup geçdi, eýsem-de bolsa, käbir bellige alnan we alynmadyk dini toparlar babatynda alada goýýan ýagdaýlar dowam etdi. Hasabata degişli döwür içinde hökümet tarapyndan “Ruhnamanyň” öňe sürülmegi azaldy, iki sany dini topar bellige alyndy we ýurduň öňki müftisiniň günäsi geçilip, oňa hökümetde iş berildi. Muňa garamazdan, hökümet azlyk dini toparlaryň agzalaryna dini ynançlary üçin jerime etmek, işlerinden çykarmak, jaýlaryny ellerinden almak, şeýle hem tussag etmek ýaly çäreler bilen haýbat atýardy. Olara garşy basgynlaryň bolup geçendigi barada-da habarlar gelip gowuşýardy. Şeýle hem hökümet harby gulluga gitmekden boýun towlan Ýegowa şaýatlaryny tutmagyny we jenaýata çekmegini dowam etdirýärdi.
Adamlaryň dini ynançlary ýa ybadatlary üçin jemgyýetiň olary ýanaýandygy ýa olara zorluk edýändigi barada hiç hili habar gelip gowuşmady. Ilatyň aglabasy özlerini sünni mezhebine degişli musulman hasaplaýarlar; “türkmen” diýen düşünje “musulman” diýmegi aňladýar. Türkmen jemgyýeti taryhboýy beýleki dinlere duşmançylyksyz garap gelipdir, şonuň üçin-de dürli dinlere degişli toparlardan ybaratdyr. Eýsem-de bolsa, başga dine, esasan-da bu ýerde az tanalýan protestant toparlaryna geçmek kararyna gelen türkmene şübheli garaýarlar we käbir ýagdaýda olardan gaça durýarlar.
ABŞ-nyň hökümeti özüniň ynsan hukuklaryny durmuşa geçirmek babatyndaky umumy syýasatynyň bir bölegi hökmünde din azatlygy meseleleri barada Türkmenistanyň hökümeti bilen gepleşikler alyp barýar. Hasabata degişli döwür içinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň işgärleri Türkmenistanyň döwlet işgärleri bilen geçiren duşuşyklarynda din azatlygy babatynda alada bildirdiler we olary din azatlygyna has köp goldaw bermäge çagyrdylar. Hasabata degişli döwür içinde ilçihana bellige alnan we alynmadyk dini guramalar bilen üç gezek tegelek stol geçirdi. Döwlete degişli bolmadyk guramalaryň, şol sanda dini guramalaryň-da bellige alnyşynyň gowulandyrylmagy we olaryň kadaly ýagdaýda duşuşmagy üçin, mümkinçilik döredilmegi ABŞ hökümetiniň ynsan hukuklary babatynda ilkinji nobatda goýýan meseleleri bolup durýardy.
I. Bölüm. Dini demografiýa
Ýurduň meýdany 188457 inedördül mile, ilat sany bolsa bäş milliona barabardyr. Ilatyň dini degişliligi barada statistik maglumat ýok. Hökümet tarapyndan geçirilen iň soňky (1995 ý.) ilat ýazuwyna laýyklykda ilatyň 77 % türkmenlerdir. Az sanly milli toparlara özbekler (9,2 %), oruslar (6,7 %), şeýle hem gazaklar (2 %) girýärler. Ilatyň galan 5,1 prosentini bolsa ermeniler, azerbaýjanlylar we beýleki milli toparlar düzýärler. Ýurduň iň uly dini yslam dininiň sünni mezhebidir; Rus Ortodoks hristianlary dini azlyklaryň iň irisidir. Dini ybadatlaryň amala aşyrylyş derejesi belli däl.
Garaşsyzlyk ýyllarynda hökümetiň berk gözegçiligi astynda yslamyň täzeden döreýşi bolup geçdi. Hökümetiň din işleri boýunça edarasynyň berýän maglumatyna görä, sowetler döwründe ýurtda diňe dört sany metjit işleýän eken; häzirki döwürde bolsa olaryň sany 398-e barabardyr. Türkmenler, özbekler, gazaklar we Mary welaýatynda ýaşaýan buluçlaryň aglabasy sünni mezhebine degişlidir. Yslam dininiň şyga mezhebine degişli ilatyň ýaşaýan ýerleri-de bar. Şygalaryň aglabasy eýranlylar, azerbaýjanlylar ýa-da Eýran bilen serhet ýakasynda ýa Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan kürtlerdir.
Hökümetiň berk gözegçiligi, ýerli musulman däpleri (medeniýeti) we 70 ýyl dowam eden sowet düzgüni aňyrdan gelýän metjit-medreseli yslamyň jemgyýetde agalyk ediji rol oýnamazlygyna alyp barypdyr. Musulmançylyk baradaky ýerli düşünjede adamyň dogulmagy, öýlenmegi we ölümi bilen baglanyşykly däp-dessurlara, aýdym-saz etmäge köp orun berilýär. Köneden gelýän musulmanlar bu zatlary diniň esasyna garşy gelýän hasaplaýarlar. Ýerli halkyň “yslamyýet” hakyndaky düşünjesinde metjitlerde kadaly ybadat etmek (namaz okamak) däl-de, öwlüýälere zyýarat bilen birlikde ýaňky ýaly däp-dessurlar has uly orna eýedir.
1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazywynda orus milletiniň ilatyň takmynan 7 % düzýändigi aýdylýan-da bolsa, soňky ýyllarda olaryň Orusýete ýa başga ýerlere göçüp gitmekleri bu gatnaşygy azaltmagyny dowam etdirýär. Oruslaryň we ermenileriň aglabasy hristiandyrlar. Orus milletinden bolan hristianlar adatça Rus Ortodoks kilisesiniň agzalarydyr. Ýurtda 13 sany Rus Ortodoks kilisesi bolup, olaryň 3-üsi Aşgabatda ýerleşýär. Aşgabatda ýaşaýan din hadymy ýurt boýunça Ortodoks kilisesine ýolbaşçylyk edýär. 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň hökümeti Türkmenistandaky Rus Ortodoks kilisesiniň dini ýurisdiksiýasynyň Daşkentde ýerleşýän Orta Aziýa Rus Ortodoks kilisesiniň ýeparhiýasyndan aýrylyp, Moskwa Patriarhlygynyň ýurisdiksiýasyna birikmegi barada gepleşiklere başlady. Prezident Berdimuhammedow bilen Rus Ortodoks kilisesiniň resmi şahslarynyň duşuşygy netijesinde 2008-nji ýylyň maý aýynda Moskwa Patriarhlygynyň tabynlygyna geçmeklik resmi ýagdaýda amala aşdy.
Aşgabatda bir monastyr bar, emma ýekeje-de Rus Ortodoks seminariýasy ýok. Orus we ermeni milletleriniň wekilleri bellige alynmadyk dini mezhepleriň agzalarynyň agramly bölegini düzýärler; bu toparlaryň arasynda türkmen milletiniň wekillerini-de barha köp görmek bolýar. Ýurtda bellige alynmadyk aşakdaky uly bolmadyk toparlar bar: Rim Katolik kilisesi, Ýegowa şaýatlary, Ýewreýler, Şyga mezhebinden bolan musulmanlar, Özbaşdak baptistler, harizmatik toparlar, Pentekostallar we haýsy dini topara degişliligi anyklanmadyk bir topary öz içine alýan birnäçe Ýewangelik hristian toparlar bar.
Aglabasy Saragt şäherinde we onuň eteklerinde ýaşaýan nemes milletiniň kiçijik jemgyýeti, aýdyşlaryna görä, Luteran mezhebine degişlidir. Ýurtda takmynan bir müň polýak ýaşaýar; olaryň aglabasy orus jemgyýetine siňipdir we özlerini Rus Ortodokslary hasaplaýarlar. Hem ýerli raýatlary, hem-de daşary ýurtlulary öz içine alýan Aşgabatdaky Katolik jemgyýeti Watikan nunsiýalygynyň ybadathanasynda duşyşýar.
Çak edilişine görä, ýurtda takmynan müň sany ýewreý ýaşaýar. Olaryň aglabasy II Jahan Urşy ýyllarynda Ukrainadan gelen maşgalalaryň agzalarydyr. Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Türkmenabatda Özbegistanyň Buhara şäherine ýanalyp, “Buhara jöhütleri” ady bilen tanalýan birnäçe ýewreý maşgalasy bar. Ýurtda ne sinagog bar, ne-de rawwin. Şonuň üçin-de ýewreýler Ysraýyla, Orusýete we Germaniýa göçüp gidýärler; eýsem-de bolsa, ýewreý ilaty kän bir üýtgäp baranok. Bu jemgyýet dini ybadatlaryny amala aşyrmak üçin üýşýär, emma dini topar hökmünde bellige alynmak islemeýär.
II. Bölüm. Din azatlygynyň ýagdaýy
Kanuny we syýasy çarçuwasy
Konstitusiýa din azatlygyny kepillendirýär; eýsem-de bolsa, iş ýüzünde hökümet bu hukugy çäklendirip gelýär. Jenaýat kodeksi din azatlygynyň bozulmagyny ýa dini yzarlamalary bikanun diýip, ykrar edýär, emma iş ýüzünde bu kanun amala aşyrylmaýar. 2004-nji ýylyň dowamynda hökümet 2003-nji ýylda kabul edilen Dini ynançlar baradaky kanuna birnäçe düzediş girizdi. Netijede bu kanun 1991-nji ýylda kabul edilen Wyždan azatlygy baradaky kanuny we onuň 1995-nji we 1996-njy ýyllardaky düzedişleriniň ornuny tutdy. 2003-nji ýylda kabul edilen Dini ynançlar baradaky kanun ähli dini guramalaryň bellige alynmagyny talap edýärdi we bellige alynmadyk dini guramalaryň işini jenaýat diýip, ykrar edýärdi, dini okuwy çäklendirýärdi, şeýle hem dini toparlara daşary ýurt çeşmelerinden gelýän maliýe hem maddy goldawlary gözegçilik astynda saklaýardy. 2004-nji ýylyň ýanwar aýynda öňki prezident Nyýazow 2003-nji ýylda kabul edilen kanuna düzediş hökmünde bir permana gol çekdi. Bu Permana görä, bellige alynmak üçin tölemeli puluň mukdary 2,5 million manada (takmynan 178 $) çenli artdyryldy. Üstesine-de bu Perman Adalat Ministrligini aç-açanlyk üçin bellige alnan dini toparlaryň sanawyny ýerli metbugatda çap etmek borjundan azat etdi. Şol sanaw metbugatda çap edilmänsoň, kanuny bellige alnan toparlar jemgyýetden has üzňe bolýardylar we häkimiýetler bellige alnan toparlara azar berenlerinde jemgyýetiň jogap bermek ukyby pese düşýärdi. Bu kanun, şeýle hem, Adalat Ministrligine “maksady aýdyň beýan edilmändir” bahanasy bilen bu toparlaryň bellige alynmagyny togtatmaga hukuk berýärdi.
2004-nji ýylyň mart aýynda hökümet 2003-nji ýylda kabul edilen Dini ynançlar hakyndaky kanuna düzedişleri metbugatda çap etdi. Bu düzedişlere laýyklykda bellige alynmak üçin zerur bolan agza sany 500-den 5-e çenli azaldylýardy we ähli azlyk toparlar bellige alynmaga hukukly diýlip, yglan edilýärdi. Bu düzedişler dini toparlar üçin iki sany kanuny kategoriýany berkarar etdi: (azyndan 5 we 50-ä çenli kämillik ýaşyna ýeten agzasy bolan) dini toparlar we (azyndan 50 sany agzasy bolan) dini guramalar. Eýsem-de bolsa, bu düzedişler bellige almagy süýrenjeňlige salmak üçin, kanunda hökümete ýer goýýardy.
2004-nji ýylyň mart aýynyň ahyrlarynda hökümet kanunyň ýerine ýetirilişi barada görkezme kabul etdi, emma ony metbugatda çap etman, bellige alynmak isleýän dini toparlar üçin zabun talaplary göz öňünde tutýan öňki kanuny ulanmagy maslahat berdi. Bu Perman bellige alnan dini toparlara maliýe we syýahat etme çäkliligini girizdi.
Halkara gysyşyň netijesinde Prezidentiň 2004-nji ýylyň maý aýynda çykaran Permany metbugatda çap bolmadyk mart düzgünnamasyny we bellige alynmazdan, dini ybadatlary amala aşyranyň üçin jerime salmak düzgünini ýatyrdy. Eýsem-de bolsa, öňden galan graždan kodeksi hökümete ilatyň dini durmuşyny gözegçilik astynda saklamaga we ähli dini toparlaryň işini çäklendirmäge mümkinçilik berýärdi.
2004-nji ýylyň iýun aýyna çenli ähli derejedäki döwlet edaralary, şol sanda kazyýetler-de kanun taýdan bellige alnan ýeke-täk dini toparlar bolan yslam dininiň sünni mezhebine ýa rus ortodoks mezhebinden başga dine ýa mezhebe uýýanlara garşy diskriminasiýa ulanmaga hukuk berýän ýaly edip teswirleýärdiler. 2004-nji ýylyň mart aýynda bellige alynmak üçin zerur bolan adam sanyny azaldan Perman çykandan soň, şol ýylyň dowamynda dokuz sany dini topar bellige alyndy: Türkmenistanyň Ýewangelik hristian baptist kilisesi, Türkmenistanyň Ýedinji gün adwentistleriniň kilisesi, Türkmenistanyň Bahaýy jemagaty, Hare Krişna jemgyýeti, Türkmenistanyň doly ýewangelik jemgyýeti (Pentokostallar), Gündogar ýalkymy kilisesi (Daşoguz pentekostal kilisesi), Türkmenistanyň Beýik merhemetlilik kilisesi, Halkara Isa kilisesi we Türkmenistanyň Täze apostol kilisesi. Rus Ortodoks kilisesiniň Aşgabatdaky ybadathanasy 2005-nji ýylda, Türkmenabatdaky ybadathanasy bolsa 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda täzeden bellige alyndy. 2007-nji ýylyň ahyrlarynda bolsa Türkmenabatda Ýaşaýyş çeşmesi kilisesi we Ahal welaýatynda musulman topary bellige alyndy.
Din edarasynyň aýtmagyna görä, şyga musulmanlaryna gurama hökmünde köpçülikleýin bellige alynmaga rugsat edilipdir. Din edarasynyň başlygynyň orunbasary Gurbanow ilçihananyň işgärlerine şygalaryň gurama hökmünde bellige alnandyklaryny aýdypdyr. Gurbanow şygalaryň haçan bellige alnandyklaryny aýtmandyr.
2005-nji ýylyň oktýabr aýynda hökümet ynanç hatyny ulanmak arkaly dini toparlaryň şahamçalaryny bellige almagyň wagtlaýyn düzgünini yglan etdi. Adalat ministrliginiň wekilleri-de 2003-nji ýylda kabul edilen kanuna şahamçalaryň bellige alnyşyny kadalaşdyrjak düzedişleriň giriziljekdigini aýtdylar, emma hasabata degişli döwür içinde bu iş amala aşmady.
2004-nji ýylda kabul edilen “Dini ynançlar baradaky kanuna” hökümetiň täzeden garap, din azatlygy babatyndaky öňki syýasaty üýtgetjekdigi barada habarlar eşidilýärdi, emma hasabata degişli döwür içinde kanuna täzeden garalmady.
Hökümet tarapyndan bellenýän Din işleri boýunça geňeş gös-göni Prezidente tabyn bolmak bilen hökümet bürokratiýasy bilen bellige alnan dini toparlaryň arasynda dellal hökmünde çykyş edýäne meňzeýär. Onuň düzümine sünni mezhebinden bolan musulman ymamlary, Rus Ortodoks kilisesiniň başlygy we hökümet işgärleri girýärler, emma azlyk dini toparlaryň wekilleri ýok. Iş ýüzünde din edarasy hem sünni musulmanlarynyň, hem-de Rus ortodoks din hadymlarynyň işe alnyşyna, ösüşine we işden çykarylyşyna gönüden-göni gözegçilik etmek, şeýle hem ähli dini neşirleri we işleri göz astynda saklamaga kömek etmek bilen hökümetiň bir goly hökmünde hereket edýär. Onuň kararlary howpsuzlyk güýçleri tarapyndan, aýratyn-da Içeri Işler ministrliginiň altynjy bölümi tarapyndan amala aşyrylýar. Dinler arasynda gepleşik geçirmekde din edarasynyň hiç hili roly ýok.
Hökümet resmi taýdan hiç bir dini goldamasa-da, täze metjitleriň gurulmagy üçin Din edara maliýe we beýleki ýardamlary berýärdi. Şeýle hem, hökümet musulman din hadymlarynyň aglabasyna aýlyk töleýärdi, ýokary derejeli din hadymlarynyň işe bellenmegini makullaýardy we olardan kadaly ýagdaýda, yzygiderli din edarasyna hasabat berip durmaklaryny talap edýärdi.
Bellige alnan we alynmadyk azlyk dini toparlar ybadat etmek üçin zerur bolan zatlary edinmekde kynçylyk çekýärdiler. Kanuny we hökümetiň döredýän päsgelçilikleri dini toparlaryň ybadat etmek ýa duşuşmak üçin satyn ýa kireýne jaý almak mümkinçiligini azaldýar ýa ýoga çykarýardy. Bellige alnan we alynmadyk toparlar, şeýle hem, ybadat ýa okuw üçin hususy jaýlaryndan peýdalanmakda-da kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýardylar. Hususy jaýlary ybadat üçin ulanmagy gadagan edýän ýörite kanun bolmasa-da, Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 7-nji maddasynda: “Kommunal jaýlar ýaşaýyşdan başga işler üçin ulanylmaly däldir” diýlip ýazylandyr. Bu kanunda hususy jaýlaryň dini ýygnaklar üçin ulanylmagy barada hiç zat aýdylmaýar. Hökümet işgärleri eger goňşular şikaýat etmeseler, dini toparlara hususy jaýlarda ybadat etmäge rugsat edilýändigini aýtdylar. Eýsem-de bolsa, döwletiň syýasaty, şol sanda hususy ýaşaýyş jaýlaryny ulanmagyň düzgünleri ýaly şäher derejesindäki kanunlar-da ybadat ýerini gözleýän käbir toparlar üçin kynçylyk döredýärdi. Bellige alnan iki sany dini topara – Bahaýy jemagatyna we Krişna jemgyýetine – ybadat üçin öýlerinde duşuşmaga rugsat edildi, emma Türkmenbaşydaky “Ýaşaýşyň sözi” kilisesiniň ýaly beýleki toparlara ýerli häkimiýetler olaryň kanuny bozýandyklaryny aýdypdyrlar. 2003-nji ýylda kabul edilen kanun dini işleriň toparyň bellige alnan ýerinden başga ýerde alnyp barylmagyny göz öňünde tutmaýar.
Bellige alynmadyk dini toparlara we dini toparlaryň bellige alynmadyk şahamçalaryna ýygnanyşmak, dini materiallary ýaýratmak we dagwat etmek ýaly dini işleri alyp barmak gadagandyr. Käwagt döwlet işgärleri bellige alynmadyk dini toparlaryň ýygnaklaryny dargadypdyrlar. Administratiw kodekse laýyklykda şol toparlara gatnaşanlar jerime edilmäge we administratiw (jenaýat däl) tussaglygyna degişlidirler.
Kanun daşary ýurtly missionerleriň we dini guramalaryň işlerini gadagan edýär. Hökümet missionerlik bilen meşgul bolýandyr ýa bolar öýdülýän adamlara wiza bermeýär. Kanun daşary ýurtlularyň ýerli dini toparlar bilen birlikde ybadat etmegini çäklendirmeýär.
Dini edebiýaty çap etmek kanun taýdan gadagandyr. Daşary ýurtdan getirilýän dini edebiýaty Din edarasy makullamaly. Diňe bellige alnan dini toparlaryň daşary ýurtdan dini edebiýat getirmäge haky bar. Din edarasy neşirleriň ýurda getirilmegini oňlaýanda-da getiriljek kitap sany bellige alnan toparyň agza sanyndan köp bolmaly däldir. Diňe dini ýolbaşçylar köpçülik ýerinde dini lybas geýip bilerler.
Hökümet yslam däbiniň käbir jähetlerini özüniň millete öz-özüni täzeden kesgitletmek işinde ulandy. Mysal üçin, döwlet Aşgabatda, Gökdepede we Gypjakda uly monumental metjitleri gurdy we ýene azyndan iki metjit, ýagny Maryda we Köneürgençde metjit gurmakçy. Yslam medeniýetiniň käbir aspektlerini ulanmagyna garamazdan, hökümet daşary ýurtdan yslam täsiriniň ýetmeginden we ýerli takwalaryň yslamy teswirleýşinden alada galýar. Hökümet yslam barada türkmen halkynyň dini we milli däp-dessurlaryna esaslanýan aram düşünjäni döretmäge çalyşýar.
Hasabata degişli döwür içinde Din edarasy mukaddes kitap hökmünde okatmak we metjitlerde Kur’an bilen bir hatarda goýmak arkaly öňki prezident Nyýazowyň ruhy kitaby bolan “Ruhnamany” we “Ruhnama II” propagandirlemek boýunça alyp baran syýasatyny ep-esli gowşatdy. Indi metjitlerde, hatda öňki prezident Nyýazowyň dogduk obasy bolan Gypjakdaky uly metjitde-de “Ruhnama” göze ilmeýär. Eýsem-de bolsa, “Ruhnamadan” alnan jümleler henizem Gypjak metjidinde ýazylgy dur.
Metjitler we musulman din hadymlary hökümet tarapyndan goldanýar we aýlyk tölenýär. Rus Ortodoks Kilisesi we beýleki dini toparlar garaşsyz çeşmelerden maliýeleşdirilýärler. Hökümet diňe sünni musulmanlarynyň mukaddes günlerini milli baýram diýip, ykrar edýär. Bu günler Gurban baýramyny, haç zyýaratyndan soňky 3 günlük hatyra gününi we musulmanlaryň agyz bekleýän aýy bolan Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen bellenýän Oraza baýramyny öz içine alýar.
1995-nji ýyla çenli kanunda göz öňünde tutulan-da bolsa, hökümet dini ynanjy boýunça harby gullukdan boýun towlaýanlara alternatiw raýatlyk gullugyny teklip etmeýär. Jenaýat kodeksiniň 219-njy maddasynyň 1-nji bendine laýyklykda ýaragly güýçlerde gulluk etmekden boýun towlamagyň jezasy iki ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmekdir. Dini ynançlaryna görä goşunda gulluk etmekden ýüz öwürýän adamlara goşunyň içinde söweşjeň bolmadyk wezipeler teklip edilýär, emma olara harby bolmadyk, alternatiw gulluk mümkinçiligi berilmeýär. 2007-nji ýylyň iýun aýyna çenli Ýegowa şaýatlarynyň gulluk ýaşyna ýeten agzalary birnäçe gün harby komissarlyga çagyrylandan soň, sag-salamat öýlerine gaýdyp gelýärdiler. Elbetde, olara harby gullukdan boşadylýandygy barada hat berilmeýärdi, eýsem-de bolsa, bu hat işe girmek üçin zerurdy. Ýöne bu syýasat 2007-nji ýylyň iýun aýynda üç sany Ýegowa şaýady harby gulluga gitmekden boýun towlandygy sebäpli tussag astyna alnyp, sud edilende üýtgedi. Bu Ýegowa şaýatlarynyň hemmesi bolmasa-da, aglabasynyň soň günasi geçildi ýa-da jeza çäresine şertli ýagdaýda höküm edildi.
Ýurtda käbir garaşsyz dini okuw bar hem bolsa, hökümet dini okuwy ýola goýmak üçin, hiç zat etmedi, umumybilim berýän orta mekdeplerde-de din öwredilmeýär. Hökümet ähli orta mekdeplerden we ýokary okuw jaýlaryndan “Ruhnama” sapagyny geçmegi talap edýär. Emma mugallymlaryň aýtmagyna görä, “Ruhnama” sapagyna berilýän sagat sany ep-esli azaldylypdyr. Bilim Ministrligi her bir okuwçynyň hepdede bir sagat “Ruhnama” okamagyny talap edýär.
2004-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen kanunyň altynjy maddasy ata-eneleriň rugsady bilen çagalara okuwdan soň hepdede dört sagat din öwrenmäge rugsat edýär. Ýokary dini okuwy (kanunda ýerli okuw jaýynymy ýa daşary ýurt okuw jaýynymy anyklanmandyr) tamamlanlar din edarasynyň makullamagy bilen din öwredip bilýärler. Raýatlaryň ýekelikde ýa başga adamlar bilen birlikde din öwrenmäge haky bar; eýsem-de bolsa, kanun özbaşdak din öwretmegi gadagan edýär. Bu işi edýänler kanun boýunça jezalandyrylmaga degişlidirler. Käbir sünni metjitlerinde kadaly ýagdaýda Kur’an öwredilýär.
Bellige alynmadyk dini toparlara ýa dini toparlaryň bellige alynmadyk şahamçalaryna dini okuw alyp barmak gadagandyr. 2003-nji ýylda kabul edilen kanun Rus Ortodoks kilisesine din edaradan birugsat we Prezident makullamazdan, dini okuw geçirmegi gadagan edýär, Prezidentiň ýa din edaranyň şular ýaly programmany tassklandygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady. Adatça, çaganyň öýde okadylmagyna rugsat edilýär, ýöne dini sebäplere görä däl-de, çaganyň agyr hassalygy ýa kemisliligi zerarly.
2004-nji ýylda hökümet kagyz ýüzünde çykyş wizany aýyrmak bilen haja gitjekleriň ählisine ýa dini maksat bilen sapara çykan başgalara kagyz ýüzünde rugsat berdi.
Din azatlygynyň çäklendirilmegi
Döwlet resmi suratda diňe zorlugy ündeýän ekstremist toparlary gadagan etdi, emma ol yslamyň dini taglymatyny eglişiksiz şekilde teswirleýän yslam toparlaryny-da “ekstremist” diýen kategoriýa goşdy. Bellige alynmadyk dini toparlaryň işleri-de bikanunlygyna galdy. Bu düzgüni bozanlara administratiw kodekse laýyklykda jerime we türme tussaglygy degişlidi.
Hasabata degişli döwür içinde bellige alynmak üçin arza beren dini toparlaryň azyndan üçüsine kanuny status berilmedi. “Ýaşaýyş nury” hristian kilisesiniň Abadandaky şahamçasy 2007-nji ýylyň ýanwar aýynda bellige alynmak üçin arza bilen ýüz tutupdy. Türkmenbaşy şäherindäki Ýaşaýyş nury hristian kilisesiniň arzasy bolsa grammatik ýalňyşlary we agzalarynyň azlygy sebäpli 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda ret edildi. Daşoguzdaky türkmen baptistleriniň kilisesi 2006-njy ýylda arza beripdi. Häkimiýetler Krişnaçylar jemgyýetine-de şahamçalaryny bellige aldyryp biljekdiklerini aýdypdyrlar. Olar 2007-nji ýylda arza beripdirler, emma hasabata degişli döwrüň ahyryna çenli hiç hili öňe gidişlik bolmady.
Rim Katolik kilisesi ýerli kanunyň “Kilisäniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň raýaty bolmaly” diýen talaby bilen ylalaşmaýandygy sebäpli henize çenli bellige alynman galýar. Beýleki toparlar hökümetiň talap edýän maglumatynyň möçberine we görnüşine salgylanyp, ýa-ha bellige alynmakdan gorkýarlar, ýa-da prinsipleri esasynda muny etmekden boýun towlaýarlar.
Bellige alnan azlyk dini toparlar käbir ýagdaýlarda ýanama bolandygy barada habar berdiler. Bellige alnan toparlaryň welaýatlardaky şahamçalary kanun goraýjy edaralaryň welaýat we etrap bölümleri tarapyndan ýanamalara sezewar edilipdirler. Bu toparlaryň käbirleri öz ýygnaklary we geçirjek çäreleri barada hökümeti yzygiderli habardar etmek, olaryň wekillerini şol çärelere çagyrmak arkaly ýanamalary azaldandyklary barada habar berdiler.
Hökümet bellige alynmadyk dini toparlaryň ybadat jaýyny döretmek tagallalaryny çäklendirdi, bu çärä boýun egmezlige bolsa adminstratiw düzgüni bozmak hökmünde garaldy. Bellige alnan toparlar-da ybadathana döretmek we saklamak işinde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýardylar. Birnäçe topar özleri üçin iň uly päsgelçiligiň administratiw päsgelçilikler we kireýne jaý almak üçin pul serişdesiniň ýetmezligi diýip aýtdylar. Birnäçe topar bolsa wagtlaýyn ybadat jaýyny döretmek üçin, jaý ýa ýer satyn alanlaryny gowy görýändiklerini aýtdylar, emma ýerli häkimiýetler olaryň ýolunda ýeňip bolmajak bürokratik päsgelçilikleri döretdiler. Bäş sany bellige alnan azlyk topar köpçülikleýin ybadat ýerlerini döredip bildi; olaryň üçüsi kireýne alnan, galan ikisi bolsa topar agzalarynyň hususy jaýlarydy. Hökümet hususy jaýlarda ybadat etmegi çäklendirdi. Hökümet bellige alynmadyk dini toparlara ýa dini toparlaryň bellige alynmadyk şahamçalaryna köpçülikleýin ýa ýekelikde üýşmegi gadagan edýär we bu gadaganlygy bozýan adamlara jeza berip bilýär. Käbir bellige alynmadyk mezhepler sessiz-üýnsüz ybadat etmeklerini dowam etdirýärler, esasan hususy öýlerde.
Hökümet şeýle hem yslam okuwyna girişi gözegçilik astynda saklaýar. Aşgabatdaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň ylahyýet bölümi yslam öwredýän ýeke-täk akademik fakultetdir. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda din edarasy öňki prezident Nyýazowyň 2005-nji ýylda bu fakulteti taryh fakulteti bilen birleşdirmek baradaky kararynyň tersine aýratyn ylahyýet fakultetini täzeden döretmekligiň göz öňünde tutulýandygyny ABŞ resmi adamlaryna aýdypdyr. Hasabata degişli döwürde bu fakultetiň dikeldilendigi barada hiç hili subutnama ýok.
Hökümet adamlaryň dini ynançlaryny we degişliligini üýtgetmeklerini resmi taýdan çäklendirmeýär, emma bellige alynmadyk dini toparlaryň dagwat etmekde ýa dini materiallary ýaýratmakda aýyplanýan türkmen agzalaryna adatça türkmen dällerden beter çemeleşiýär.
Hökümetde üç sany ýokary wezipeli orus asylly ýewreý we azyndan ortodoks bolan bir ministriň orunbasary bardy. Hasabata degişli döwür içinde hökümetiň ýokary ýa orta gürpünde işleýän azlyk dini toparlaryň ýekeje wekili-de ýokdy. Azlyk dini toparlaryň käbir tarapdarlary ýurtdaky ýeke-täk syýasy partiýanyň agzalygynda durýardylar, emma syýasy yzarlanmadan çekinýändikleri sebäpli dini ynançlaryny aç-açan boýun almakdan gorkýardylar.
Hökümet azlyk dini toparlary, aýratyn-da halkara iýerarhiýa bilen aragatnaşygy bardyr ýa goldaw alýandyr öýdülýänleri göz astynda saklaýar. Kanun daşary ýurt missionerleriniň işini gadagan edýär, eýsem-de bolsa ýurtda hem musulman, hem hristian missionerleri ýoksullara kömek bermek ugrunda dürli derejede iş alyp barýarlar. 2003-nji ýylda kabul edilen Dini ynançlar baradaky kanun dini toparlaryň daşary ýurtdan alan islendik maliýe ýa maddy kömegi barada hökümete habar bermegi talap edýär. Hökümet missionerçilik bilen meşgul bolýandyr ýa bolar diýlip şübhelenýän adamlara wiza bermeýär.
Kanun boýunça dini edebiýaty çap etmek gadagandyr. Bu bolsa Kur’anyň, Injiliň we beýleki dini edebiýatyň ýetmezçiligine sebäp bolýar. Mukaddes kitaplar satuwa seýrek çykarylýar. Iş ýüzünde din edarasy daşary ýurtdan getiriljek dini edebiýaty makullamaly. Din edarasynyň ähli işgärleri ýa hökümet işgäri, ýa sünni mezhepli musulman, ýa-da Rus ortodoks kilisesiniň agzasy bolany sebäpli, azlyk dini toparlar dini edebiýaty daşary ýurtdan getirmek mümkinçiliginden mahrumdyrlar. Din edarasy edebiýatyň ýurda getirilmegini oňlaýanda-da, getirilýän kitaplaryň sany toparyň agzasynyň sanyndan köp bolmaly däldir. Habar berişlerine görä, dini toparlaryň ählisine islendik daşary ýurt neşirine ýazylmak gadagandyr. Mysal üçin, Türkmenistandaky Rus ortodoks kilisesi Moskwa Patriarhlygynyň žurnalyny ýa ROK-yň başga neşirlerini alyp bilmeýär. Din edarasynyň Daşoguzdaky bölümi resmileşdirmek üçin, dini kitaplara, şol sanda Kur’anlara we Injillere edaranyň möhüriniň goýulmagyny talap edipdir.
Prezident Nyýazowyň “Ruhnama” we “Ruhnama II” kitaplary käbir bilim berýän edaralarda we döwlet edaralarynda henizem göze ilýär, eýsem-de bolsa, ilçihananyň maglumatçylary bu kitaplaryň öwrenilişiniň ep-esli azalandygyny nygtaýarlar. Hasabat döwründe bu kitap ýuwaşlyk bilen metjitleriň aglabasyndan ýygnalypdyr. Ymamlaryň öz wagyzlarynda heniz hem “Ruhnama” taglymatyny wagyz edýändiklerini görkezýän habarlar gelip gowuşmaýar.
Hökümet käbir adamlaryň daşary ýurda gitmegine, şol sanda din öwrenmek üçin ýa dini konferensiýalara gatnaşmak üçin gitmegine-de gadaganlygy ýatyrman saklaýardy. 2007-nji ýylyň awgust aýyna çenli türkmen milletinden bolan Daşoguzly bir protestantyň göwreli aýalynyň ýanyna gitmek üçin, ýurtdan çykmagyna rugsat edilmeýärdi. 2007-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmen Pentekostal kilisesiniň ruhanysyny Kiýewe gidýän uçardan alyp galyp, oňa daşary ýurda gitmegiň gadagandygyny aýdypdyrlar. Habar berişlerine görä, öňki wyždan bendisi Şageldi Atakowa dini iş alyp barandygy sebäpli, ýurtdan çykmak gadagan edilipdir we oňa 2007-nji ýylyň iýun aýynda çykyş wizasy berilmändir.
Bu ýurda Mekkä haja gitmek üçin 4600 adamlyk kwota berlen-de bolsa, hökümet diňe Prezidentiň hut özi tarapyndan makullanan 188 (bir uçar ýüki) adama maliýe ýardamyny berdi. “Türkmenhowaýollary” milli kompaniýasy hajylary barmaly ýerlerine mugt eltip-getirdi. Hökümet haja gitmek islän beýleki adamlara öz hasabyna gitmäge rugsat berlendigini aýtdy, dogrudan-da has köp adama öz hasabyna haja gitmeklige rugsat edilendigi barada maglumatlar gelip gowuşdy. Harjyny özi çeken bir aýal maglumatçynyň aýtmagyna görä, hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän topar giden gününiniň ertesi ol başga bir uçarda haja gidipdir. “Forum-18” bolsa şol 188 adamdan artyk bir adamyň-da haja gitmändigini habar berdi. Eýsem-de bolsa, maglumatlar ygtyýarynda bolan ygtybarly bir çeşme haja 1000-den gowrak adamyň gidendigini habar berdi. 2007-nji ýylyň aprel aýynda Prezident Berdimuhammedow Saud Arabystanyna sapara baranda, öňki prezident Nyýazowyň edişi ýaly, Mekke şäherinde umra haç ybadatyny berjaý etdi.
Bellige alnan we alynmadyk dini toparlaryň käbir daşary ýurtly agzalaryna giriş wizasy berilmän geldi.
Bellige alnan birnäçe azlyk topar ýygnaklaryna gatnaşmak arkaly hökümetiň özlerine gözegçilik edýändigini habar berdiler. Muňa garamazdan, bu toparlar adaty işlerini dowam etdirýärdiler. Içeri işler ministrliginiň altynjy bölüminiň, ýagny guramaçylykly jenaýata we terrorizme garşy göreşmek üçin niýetlenen bölümiň işgärleriniň öňünde henizem azlyk dini toparlara gözegçilik etmek wezipesi durýardy.
Hökümet işe almak babatynda dini toparlaryň agzalaryna garşy diskriminasiýa ulanmagyny dowam etdirýärdi.
Din azatlygynyň gysylmagy
Käbir bellige alnan we alynmadyk dini toparlaryň agzalaryna azar berilmegi hasabata degişli döwür içinde dowam etdi. Hökümet azlyk dini toparlaryň agzalaryna jerime, bellige alynmazlyk, işden we öýden çykarylmak, şeýle hem dini ynançlary üçin türme tussaglygy bilen haýbat atýardy. Şeýle hem olara garşy basgyn geçirilendigi we dini materiallarynyň ellerinden alnandygy barada habarlar gelip gowuşýardy.
2008-nji ýylyň maý aýynda Balkanabatda ýerli polisiýa işgärleri bir Ýegowa şaýadynyň öýüne basgyn amala aşyryp, maşgaladaky dört sany uly ýaşly adamy tutupdyrlar. Habar berişlerine görä, polisiýa işgärleri olary ýenjip: “Men – musulman” diýmeklerini we günälerini boýun alýandyklary barada aýyplaw hatyna gol çekmeklerini talap edipdirler. Olar muny etmekden boýun towlanlarynda, olaryň geýimlerini çykaryp, rezin kabel bilen ýenjipdirler. Ahyrsoňunda bu dört adam özleriniň tussag edilmekleri we emläkleriniň ellerinden alynmagy, bolan zatlar bilen ylalaşýandyklary barada ýazylan düşündirişe gol çekip, öz günälerini boýun alypdyrlar, netijede olara 1.25 million manat (takmynan 88 dollar) jerime salnypdyr.
2007-nji ýylyň dekabr aýynda dini ynanjyna görä harby gullukdan boýun towlandygy sebäpli, “Ýegowa şaýatlary” guramasynyň agzasy Aşyrgeldi Taganow 18 aý möhleti bilen şertli ýagdaýda azatlykdan mahrum edilipdir. Şertli hökümiň şertlerine laýyklykda Taganow Aşgabatda galmaly we agşam sagat 8-den gijä galman öýde bolmaly, onsoňam işe girmeli eken. Habar berişlerine görä, 2008-nji ýylyň fewral aýynyň 13-ünde Taganowyň günäsi geçilipdir.
2007-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-inde Ukrainanyň raýaty Baptist mezhebiniň ruhanysy Wýaçeslaw Kalataýewskiý noýabr aýynda türmeden boşadylandan soň, ýurtdan çykarylypdyr. Hökümet işgärleri onuň Türkmenistanda, aýalydyr çagalary bilen ýaşap bilmegi üçin, rugsatnama berilmegi baradaky haýyşyny ret edipdirler. “Forum-18”-iň habar bermegine görä, ol türmeden boşandan soň, tä ýurtdan çykarylýança, häkimiýetler oňa öz dindeşleri bilen duşuşmagy gadagan edipdirler. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Kalataýewskini 2007-nji ýylyň 12-nji martynda tussag edipdiler, şol ýylyň 14-nji maýynda bolsa 2001-nji ýylda serhedi bikanun geçendikde aýyplanyp, 3 ýyl möhleti bilen zähmet-düzediş koloniýasynda geçirmek şerti bilen 3 ýyl möhleti bilen azatlykdan mahrum edilipdi. 2001-nji ýylda häkimiýetler Kalataýewskini hiç bir dokumentsiz Gazagystana çykaryp goýberipdiler. Ol bolsa bir hepdeden soň maşgalasyna birikmek üçin, yzyna gaýdyp gelipdi.
2007-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmen Pentekostal kilisesiniň ruhanysy Ilmyrat Nurlyýew Kiýewe gidýän uçardan düşürilip, oňa ýurtdan çykmagyň gadagandygy aýdylypdyr. Ol şonda ýylda bir gezek Ukrainada geçirilýän dini konferensiýä barýan eken.
“Ýegowa şaýatlary” guramasynyň agzasy Süleýman Ödäýewe wagyz edendigi sebäpli, 2007-nji ýylyň awgust aýynyň 7-sinde jerime salnypdyr we ol 18 aý möhleti bilen azatlykdan mahrum edilipdir. Bu höküm “iki ýyl möhleti bilen mejbury zähmet çekdirmek” hökümi bilen çalşyrylandan soň, ol 2007-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda türmeden boşadylypdyr. Şol ýylyň oktýabr aýynyň 9-ynda Ödäýewiň günasi geçilipdir.
Harby gullukdan boýun gaçyrandyklary üçin, 2007-nji ýylyň iýul aýynda dört sany Ýegowa şaýady – Aleksandr Zuýew, Nurýagdy Gaýyrow, Baýram Aşyrgeldiýew we Begenç Şamyradow – şertli ýagdaýda iki ýyl möhleti bilen azatlykdan mahrum edilipdir. 2007-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Zuýew bilen Gaýyrowyň günäsi geçildi, emma Aşyrgeldiýew bilen Şahmyradow günä geçişlige düşmedi.
Türkmenbaşydaky Baptist mezhebiniň kiliseleriniň Geňeşiniň ýolbaşçysy Ýewgeniý Potolow 2007-nji ýylyň iýul aýynda ikinji gezek ýurtdan çykaryldy we oňa bir ýyllyk möhlet bilen Türkmensitana gelmek gadagan edildi. “Forum-18” guramasynyň bir habarynda Orusýetiň raýady Potolowyň 2007-nji ýylyň maý aýynda bikanun suratda ýurda gireni sebäpli, tussag edilen bolmagynyň ähtimallygy aýdylýardy. 2001-nji ýylda häkimiýetler Potolowy Gazagystana çykaryp goýberipdirler, emma ol soň maşgalasyna gowuşmak üçin, Türkmenistana gaýdyp gelipdir.
Polisiýanyň bellige alynmadyk dini toparlaryň agzalaryny tutan we sorag eden pursatlarynda häkimiýetler aşakdaky ýaly hereketleri amala aşyrýarlar: şol ýerde bolanlaryň ählisini wideo düşürýärler; topar agzalarynyň atlaryny, salgylaryny, işleýän ýerlerini ýazyp alýarlar; jerime we türme tussaglygy bilen haýbat atýarlar; şeýle hem dini edebiýaty ellerinden alýarlar. Kalataýewdir Potolowyň ýagdaýyny hasap etmeseň, uzak möhletleýin tussagda saklamak ýa fiziki zorluk barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
2004-nji ýyldan bäri türme tussaglygynda saklanýan ýurduň çuňňur hormatlanýan öňki müftisi Nasrulla ibn Ibadullanyň 2007-nji ýylyň awgust aýynda günäsi geçilip, Aşgabatda Din edarasynda geňeşçi hökmünde işe alyndy. Nasrulla ibn Ibadulla müftilik wezipesinden 2003-nji ýylda boşadylypdy. Habar berişlerine görä, onuň bu wezipeden boşadylmagynyň bir sebäbi-de “Ruhnamany” mukaddes kitap hökmünde okatmakdan boýun towlamagy bolupdyr. 2004-nji ýylda, habar berişlerine görä, 2002-nji ýylda Nyýazowyň awtomobil kerwenine edilen hüjümde eli bardyr öýdüleni üçin, oňa gizlin sud edilip, türme tussaglygyna höküm edilipdi. Nasrullanyň ýerine bellenen Kakageldi Wepaýew soň “özüni ýaramaz alyp baranlygy”, güman edilişine görä, şeraphorluk we heleýbazlyk sebäpli öý tussaglygyna höküm edildi. Onuň ýerine ýaňy ylahyýet fakultetini tamamlan, 27 ýaşly Röwşen Allaberdiýew bellendi.
2005-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabatda tussag edilen takmynan 30 “wähäbiniň” ykbaly näbelliligine galdy.
2008-nji ýylyň aprel aýynyň 22-sinde ýerli polisiýa uly bolmadyk dini üýşmeleňe basgyn amala aşyryp, bikanun ýygnak geçirýändigi sebäpli, Türkmenbaşy şäherindäki “Ýaşaýşyň sözi” kilisesiniň ruhanysy Timur Myradowy we onuň kilisesiniň iki sany Azerbaýjanly myhmanyny tussag edipdir. Polisiýa işgärleri birnäçe sagatlap ony sorag edipdir, habar berişlerine görä, onuň kellesine kitap bilen urupdyrlar we ony dini iş alyp barmakdan dändermäge çalşypdyrlar. Polisiýa işgärleriniň biri olary tussag etmek üçin bahana bolar ýaly, Myradowyň jübüsine biraz geroin oklamagy teklip edipdir. Onuň bilen bile tutulan iki sany Azerbaýjanly kilise işgäri hökmünde däl-de, syýahatçy hökmünde gelendigi sebäpli, dessine ýurtdan çykarylyp goýberilipdir.
2008-nji ýylyň aprel aýynyň 11-inde Din edarasynyň şäher bölüminiň işgärleri bellige alnan Beýik Merhemet protestant kilisesiniň bir agzasynyň öýünde geçirilýän Injil öwreniş sapagyna basgyn amala aşyrypdyrlar. Kilisäniň ruhanysy Wladimir Tolmaçýowa eger ol Din edarasynyň razylygy bolmazdan, agzalary üçin din sapagyny geçirmegini dowam etdirse, onuň kilisesiniň resmi statusyny elden gidermeginiň mümkindigini aýdypdyrlar.
“Forum-18” guramasynyň habar bermegine görä, 2007-nji ýylyň 29-njy dekabrynda polisiýa Balkanabat şäherinde hususy bir öýde geçirilýän baptist ybadatyna basgyn edipdir. Polisiýa we harby bolmadyk geýimdäki adamlar şol ybadata gatnaşýan adamlaryň atlaryny ýazyp alypdyrlar we dini kitaplary, ylahylar kitabyny, Injile ýazylan simfoniýany we wagyzdyr gimn ýazylan 47 sany CD-ni olaryň ellerinden alypdyrlar. Bu ybadaty guran üç adamy gysga möhletleýin tussag edipdirler, emma soň olary boşadypdyrlar.
2007-nji ýylyň 29-njy aprelinde näbelli bir döwlet işgäri – Içeri işler ministrliginiň altynjy bölüminden bolsa gerek – otluda Daşoguz welaýatyndaky bir dini toparyň ýolbaşçysy bilen duşuşyga barýan Marydaky bellige alynmadyk bir dini toparyň üç agzasynyň dokumentlerini görkezmeklerini talap edipdir we olary alyp gaçypdyr. Bu üç adamyň dokumentsizdigini bilen demirýol işgärleri olary şol günüň özünde yzyna, Aşgabada gaýtaryp getiripdirler.
2007-nji ýylyň 19-njy aprelinde Içeri işler ministrliginiň altynjy bölüminiň işgärleri Türkmenbaşy şäherinde bellige alnan Türkmenistanyň Ýewangelik Baptist Kilisesiniň şahamçasyna basgyn amala aşyrypdyr. Häkimiýetler ybadat ýerine gelipdirler we olaryň ellerinden Injillerini hem ylahy kitaplaryny alypdyrlar. Şol agşam polisiýa iki sany aýaly ýerli polisiýa bölümine çagyrypdyr we tölemeseler, has beter azar beriljegini aýtmak bilen olara takmynan 2.5 million manat (90 $ ) möçberinde jerime edipdir. Polisiýa yzarlama üçin ýörite düşündiriş bermändir, emma aýallaryň Rus Ortodoks kilisesine gatnaýan bolmagynyň mümkindigini aýdypdyr.
Habar berişlerine görä, 2007-nji ýylyň başlarynda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri Daşoguz şäherinde bellige alnan “Gündogar ýalkymy” Pentekostal toparynyň ýygnagyna basgyn amala aşyrypdyrlar.
2007-nji ýylyň 18-nji martynda häkimiýetler Abadan şäherindäki bellige alynmadyk toparyň ýygnagyna basgyn amala aşyrypdyrlar we öý eýelerine jerime salypdyrlar.
2007-nji ýylyň 4-nji fewralynda kanun goraýjy edaralaryň bir topar işgäri şahsyýet güwänamalaryny we order görkezmekden boýun towlap, bellige alynmadyk bir hristian toparynyň ýolbaşçysynyň hususy öýüne basgyn amala aşyrypdyr. Şol wagt öýde garyndaşlar we maşgalanyň dost-ýarlary üýşüp oturan eken. Öýde oturanlar hiç hili dini iş bilen meşgul däl ekenler, emma gelen toparyň işgärleri öýdäki adamlary we goş-golaňy wideo ýazgysyna alypdyrlar.
Ýegowa şaýatlary özlerine birnäçe gezek azar berlendigini, tutulandyklaryny we özlerine ýowuz daraşylandygy barada habar berdiler. Olar hasabata degişli döwür içinde bellige alynmaga çalyşmaýardylar. 2008-nji ýylyň aprel aýynda olar hökümet işgärleriniň özlerine, hatda, arza berseler-de hiç haçan bellige alynmajakdyklaryny aýdandyklaryny bize habar berdiler. Mundan öňki hasabata degişli döwür içinde hökümet edaralary bilen gatnaşykda dartgynlylygyň derejesi ýokarydy. Dini toparlaryň agzalary 2007-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda bolup geçen ýanamalaryň ýedisini mysal getirýärdiler. Olaryň ikisi netijesinde dini toparyň agzalary işlerini ýitirdiler.
Olaryň aýtmagyna görä, 2007-nji ýylyň 17-nji aprelinde Daşoguz welaýat polisiýasy Ýegowa şaýady Renat Babajanowyň otagyndan bir Injili we beýleki dini edebiýaty alyp gidipdir we onuň işini şäher suduna geçiripdir. Sud Babajanowa 1.250.000 manat (55 $) möçberinde jerime salypdyr. 2007-nji ýylyň aprel aýynda üç sany hökümet adamy türkmen milletinden bolan Ýegowa şaýady Muhammet Annaýewi Aşgabatda öýünden alyp gidip, näme üçin musulman dinine uýmaýandygyny soramak bilen onuň dini ynançlary barada sorag edipdir.
2007-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenabatda iki sany polisiýa işgäri üç sany Ýegowa şaýadynyň ýaşaýan kwartirasyna girip, öý eýeleri ýokka öýi döküpdirler we olaryň pasportlaryny alyp gidipdirler. Ýegowa şaýatlarynyň üçüsi-de birnäçe sagatlap polisiýada saklanypdyr, şonda polisisýa işgärleri olaryň aýal jynsyndan bolan birini zyna çekmek üçin, synanyşyk edilipdirler. Ýegowa şaýatlary prokuratura şikaýat etseler, prokuratura ilki olaryň paspoprtlarynyň alynmagyny “bikanun” diýip, yglan edipdir, emma polisiýa bilen gürleşenden soň, olara jerime salmak bilen haýbat atypdyr.
2007-nji ýylyň 9-njy aprelinde Ýegowa şaýady Anna Garaýewany Aşgabat şäher suduna çagyryp, bäş sany adam ony iki sagadyň dowamynda dini ynanjy barada sorag edipdir, we 1.250.000 manat (55 $) möçberinde jerime salypdyr. Anna Garaýewa bu jerimäni tölemekden boýun towlapdyr. Bu wakadan soň Garaýewa, habar berişlerine görä, MHM buýrugy bilen işinden mahrum bolupdyr.
Ýegowa şaýatlary 2007-nji ýylyň 2-nji aprelinde Aşgabatda baýram belläp durkalar, polisiýa işgärleriniň ony dagadandyklary barada habar berdiler. Olar toparyň birnäçe agzasyny polisiýa bölümçesine äkidip, olaryň polisiýa, şäher häkimligi, Din edarasy we MHM-niň işgärleriniň gözüniň öňünde düşündiriş ýazmaklaryny talap edipdirler. Şeýle hem, 2007-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenabat şäherinde dokuz uly adam we alty çaga üýşüp, Ýegowa şaýady Maral Joraýewanyň öýünde baýram belläp otyrka, sekiz sany polisiýa işgäri we sekiz sany harby däl geýimli adam ol ýere basgyn edipdir. Hökümet adamlary olaryň ellerinden Injilleri, beýleki dini kitaplary we pasportlaryny alypdyrlar we Joraýewa haýbat atypdyrlar.
2007-nji ýylyň 17-nji martynda iki sany polisiýa işgäri degişli orderleri bolmazdan, Aşgabatly Ýegowa şaýatlary Mährigözel Saparowa bilen Witaliý Hojaýewiň öýüne giripdirler. Etrap sudy Türkmenistanyň kanunlarynyň birnäçe maddasyny bozanlygy sebäpli är-aýala takmynan 1.250.000 manat (55$) möçberinde jerime edipdir, şonuň yzysüre bolsa lukman Saparowa işinden mahrum bolupdyr.
2006-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Aşgabat şäher polisiýasy dagwat edýändigi sebäpli, iki sany Ýegowa şaýadyny, Andreý Pomerantsewi we onuň aýaly Orungül Ümürowany tutupdyr. Olary hiç hili sorag etmezden, iki günläp, tutuş ýurt boýunça bellenýän milli baýramyň dowamynda Aşgabatdaky wagtlaýyn tussaghanada saklapdyrlar we bu waka daşary işler ministriniň dykgatyna ýetirilenden soň, olar sag-salamat boşadylypdyrlar.
Mundan öňki hasabatlara degişli döwürler içinde-de Ýegowa şaýatlary şular ýaly tutulma, öýleri dökülme, jerime edilme we ýenjilme ýaly çäreleri öz içine alýan ýanalma ýagdaýynyň birnäçesiniň bolandygy barada habar berdiler.
“Krişnaçylar jemgyýetiniň” bir agzasy öz toparlary bellige alnandan soň, hökümet tarapyndan ýanamalaryň azalandygyny habar berdi; hasabata degişli döwür içinde häkimiýetleriň krişnaçylary urandyklary barada hiç hili habar gelip gowuşmady. 2006-njy ýylyň oktýabrynda öňki Prezident Nyýazow ýyllyk günä geçişligiň bir bölegi hökmünde tussaglykda oturan krişnaçy Çeper Annanyýazowany azatlyga goýberdi. Çeper Annanyýazowa 2002-nji ýylda serhedi bikanun geçendigi sebäpli, 2005-nji ýylda ýedi ýyl möhleti bilen azatlykdan mahrum edilipdi.
Hasabata degişli döwür içinde hökümet tarabyndan hiç bir dini jaý ýykylmady, emma Nyýazow döwründe ýykylan jaýlaryň öwezini dolmak üçin-de hiç hili çäre görülmedi. 2006-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde bir metjit ýykylypdy.
Zor bilen dinden dändermek
Hasabata degişli döwür içinde zor bilen dininden dänderilen adamlar, şol sanda, ogurlanan ýa bikanun ýurtdan çykarylan ýaşy ýetmedik ABŞ raýatlary ýa şular ýaly raýatlary ABŞ-a gaýtaryp bermekden boýun towlanan ýagdaýlar barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
Din azatlygy babatyndaky özgerişlikler we ösüşler
Hasabata degişli döwür içinde, ýagny 2007-nji ýylyň aýagynda azlyk dini toparlaryň biri bolan Türkmenabatdaky “Ýaşaýşyň çeşmesi” kilisesi we Ahal welaýatynyň musulman jemagaty hökümet tarapyndan resmi bellige alyndy. Adatça, bellige alnan azlyk dini toparlar ýanamanyň azalandygy barada habar berýärdiler.
Hasabata degişli döwür içinde hökümet hiç bir metjidi ýykmady, gaýta welaýat merkezlerinde uly metjitleriň, köpsanly kiçi şäherlerde we obalarda uly bolmadyk metjitleriň gurluşygyna başlady.
2007-nji ýylyň awgust aýynda Prezident Berdimuhammedow we Türkmenistanyň beýleki resmi adamlary ABŞ-nyň Dünýäde din azatlygy boýunça komissiýasynyň agzalary bilen duşuşdylar. Şol komissiýanyň agzalary Din edarasy we azlyk dini toparlaryň ýolbasçylary bilen duşuşdylar.
Ilkinji gezek hökümet käbir dini toparlara daşary ýurtly myhmanlary kabul etmäge rugsat etdi. 2008-nji ýylyň aprel aýynda Ýedinji gün adwentistleri daşary ýurtly bir myhmany kabul edip bildi. Katolik kilisesi bolsa 2008-nji ýylyň mart aýynda dört sany GDA döwletinden we Türkiýeden gelen resmi adamlary myhman aldy. 2008-nji ýylyň maý aýynda ROK metropolitany Kirill resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.
2007-nji ýylyň awgust aýynda kazyýet Daşoguzdaky Protestant kilisesiniň türkmen milletinden bolan wekili Merdan Şirmedowa göwreli aýaly Wendi Lukasyň ýanyna gitmek üçin, çykyş wizasyny berdi. Lukasyň aýtmagyna görä, 2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde Şirmedow Özbegistana geçmek isläpdir, emma türkmen serhetçileri onuň adyny kompýutere salnan gara sanawda görensoňlar, onuň daşary ýurda gitmegine päsgel beripdirler. Kazyýet Şirmedowa daşary ýurda gitmegiň näme üçin gadagan edilendigi barada hiç hili düşündiriş bermändir.
III Bölüm. Jemgyýetiň ýanamagy we diskriminasiýa
Hasabata degişli döwür içinde adamlaryň dini ynançlary ýa ybadatlary üçin jemgyýetiň olary ýanaýandygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady. Hökümet din edarasynyň üsti bilen musulmanlar bilen ortodoks hristianlardan başga dinleriň arasynda düşünişmegi berkarar etmek ýa gepleşigi ýola goýmak üçin, diýseň az iş etdi. Hökümetiň azlyk dini toparlary gysmagy musulman köpçüligi bilen azlyk dini toparlaryň arasyndaky dini ýa mezhep duşmançylygyny ýa jemgyýetdäki dartgynlylygy aňlatmady. Tersine, aýdyşlaryna görä, bu hökümetiň näbelli dini toparlaryň wagyz edilmeginiň döwlet gözegçiligini gowşatmagyndan, halkyň gozgalaňa düşmeginden, daşary ýurtlaryň bähbidiniň ýerliksiz täsiriniň ýüze çykmagyndan, şeýle hem hökümetiň durnuksyzlaşdyrylmagyndan alada galýandygyny aňlatdy.
Musulmanlaryň köpüsi kadaly ýagdaýda metjide gatnamaýarlar; eýsem-de bolsa, ilatyň aglaba köplügi özüni “musulman” saýýar, şonuň üçin-de “türkmen” diýen düşünje “musulman” diýmegi aňladýar. (Türkmen jemgyýeti adam haýsy milletiň we diniň içinde dogulsa, şol millete we dine degişli hasaplaýar). Bu düşünjäni terk edýänler mamla saýylmaýar ýa has beteri, ýazgarylýarlar. Yslam dininden başga dine geçen türkmenlere şübheli garalýar we käbir ýagdaýda olardan gaça durulýar.
Hasabata degişli döwür içinde anti-semit ýa ýewreý jemagatyna garşy amala aşyrylan duşmançylykly hereketler barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
Asly daşary ýurtda bolan dini toparlara jemgyýet ynam etmeýär. Şeýle hem il arasynda daşary ýurtdaky yslam “wähäbi” ýa eksteremist diýen düşünje bar.
IV Bölüm. ABŞ-nyň hökümetiniň syýasaty
ABŞ hökümeti din azatlygy baradaky meseleleri özüniň ynsan hukuklaryny berkarar etmek boýunça umumy syýasatynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň hökümeti bilen ara alyp maslahatlaşýar we Türkmenistanyň daşary uişler ministrligidir din edarasy bilen duşuşyklarda azlyk dini toparlaryň agzalarynyň tutulmagy hem ýanalmagy bilen baglanyşykly ýörite ýagdaýlary gozgaýar.
Hasabata degişli döwür içinde ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärleri we bu ýurda sapara gelen ABŞ hökümetiniň resmi şahslary Türkmenistanyň hökümet işgärleri bilen bolan duşuşyklarda din azatlygynyň ýanalmagy baradaky meseleleri gozgap, din azatlygyna has uly goldaw berilmegini talap etdiler. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet bürosynyň sekretarynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýasy din azatlygy babatynda alada goýýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, Türkmenistanyň Din edarasynyň, Adalat ministrliginiň ýokary wezipeli işgärleri we azlyk dini toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.
Ilçihananyň işgärleri din azatlygy babatyndaky ýanamalara gözegçiligi we din azatlygyna has köp hormat goýulmagyny gazanmak ugrundaky tagallalaryny artdyrmak maksady bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky işgärleri, BMG wekilleri we beýleki diplomatik guramalar bilen yzygiderli duşuşyp durýardylar.
Ilçihananyň işgärleri bellige alnan we alynmadyk dini toparlaryň ýagdaýyna gözegçiligi amala aşyrmak, ýanamalar barada maglumatlary almak, şeýle hem olar bilen hökümet edaralary arasyndaky ýagdaýlary mesele hökmünde galdyrmagyň çärelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen kadaly ýagdaýda bu toparlaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirýärdiler. Olar bellige alynmak üçin öňe sürülen talaplaryň azaldylmagy we dini iş alyp baranyň üçin salynýan jenaýat jerimeleriniň ýatyrylmagy sebäpli ilçihananyň işgärleri bilen duşuşmaga diýseň göwünjeňdiler.



