Esasy hasabatlar
Dünýäde din azatlygy barada hasabat, 2006 ý.: Türkmenistan
Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet býürosy tarapyndan neşir edildi
Konstitusiýa din azatlygyny üpjün etmek bilen hiç bir dini döwlet dini hökmünde kesgitlemeýär. Eýsem-de bolsa, iş ýüzünde döwlet ähli görnüşdäki dini ynançlaryň amala aşyrylyşyny gözegçilik astynda saklamagyny dowam etdirdi. Ýurtda kanuny ýagdaýa eýe bolmak üçin, ähli dini toparlaryň hökümet tarapyndan bellige alynmagy gerek. 2004-nji ýyla çenli diňe döwlet tarapyndan gözegçilik astynda saklanýan yslam dininiň sünni mezhebi we prawoslaw rus hristianlary bellige alnan ýeke-täk dini toparlar bolup durýardy. 2005-nji ýylyň Gurbansoltan aýyna çenli ýene dokuz sany kiçi dini topar döwlet tarapyndan bellige alyndy. Dini guramalar baradaky kanuna 2004-nji ýylyň Nowruz aýynda girizilen üýtgetmeler we Prezidentiň ondan soň kabul eden kararlary Adalat ministrligine käbir dini jemagatlary bellige almaga mümkinçilik döretmek bilen azlyk dini jemagatlaryň sezewar bolýan kynçylyklarynyň ep-esli derejede azalmagyna alyp bardy. Hasabata degişli döwrüň dowamynda hökümet bellige alnan dini toparlaryň paýtagtdan başga ýerde ýerleşýän şahamçalaryny bellige almagyň wagtlaýyn düzgünini girizdi. Eýsem-de bolsa, bu düzgün kän bir düşnükli bolmansoň, hökümet işgärleri tarapyndan durmuşa geçirilişi-de yzygiderli däldi. Hökümet hasaba alynmadyk dini toparlaryň köpçülikleýin ýygnanmaklaryny, adamlary öz dinlerine çagyrmaklaryny we dini materiallary ýaýratmaklaryny gadagan etmek bilen olaryň işini çäklendirýärdi. Hökümet edaralarynyň bu kanuna düşünişi, köplenç, oba ýerlerinde paýtagtdakydan berkräkdir.
Döwletiň din azatlygyna bolan hormaty hasabata degişli döwürde gowulyga tarap özgerdi. Bu döwürde döwlete degişli Dini işler boýunça döwlet geňeşi kiçi dini toparlaryň beýleki hökümet edaralary bilen dawalaryny çözmäge has köp meýil bildirýärdi. 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-sinde birnäçe hökümet edarasy bellige alnan dini toparlaryň ýolbaşçylary bilen olaryň şahamçalaryny bellige almak we beýleki degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, tegelek stol başynda söhbetdeşligi gurady. 2004-nji ýylda Prezident ähli dini toparlary bellige almagy, şeýle hem, dini azlyklara bolan çemeleşmäniň umumy kabul edilen halkara düzgünlerine we kadalaryna laýyk bolmagyny talap edýän kanuna gol çekdi. Eýsem-de bolsa, bellige alynmak işi kynlygyna galýardy we kiçi dini toparlaryň bellige alynmagy ýa-da hereket edip bilmegi üçin goşmaça talaplar henizem bardy; bu bolsa iş ýüzünde kynçylyk döredýärdi. Prezident 2004-nji ýylda neşir edilmedik düzgün boýunça hasaba alynmadyk dini toparlaryň agzalaryna gödek daraşmalary aradan aýyrýan we bellige alynmadyk dini toparyň agzasy bolanyň üçin salynýan jenaýat jerimelerini ýatyrýan kanuna gol çekdi. 2004-nji ýylda Prezident dini ynanjy esasynda harby gullukdan boýun towlanlygy sebäpli, tussag edilen ”Ýegowa şaýatlary” atly guramanyň alty agzasynyň günäsini geçdi. 2005-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 16-synda ýene dört adamyň günäsi geçildi.
Hasabata degişli döwrüň dowamynda bellige alnan dini toparlary ýanama derejesi pese düşen-de bolsa, döwlet bellige alynmadyk dini toparlaryň aglabasy babatynda geçen ýyllardaky ýaly, saklamak, tussag etmek, dini edebiýatlaryny we materiallaryny ellerinden almak, dini ynançlaryndan ýüz öwürmekleri üçin zor salmak, öýüni elinden almak we işden kowmak bilen haýbat atmak ýaly zorlukly çäreleri ulanmagyny dowam etdirdi. Dini ynanjyň ýa ybadat edeniň üçin azar berilýändigi baradaky habarlar henizem gelip gowuşýardy; şeýle hem, öz dinini ýöredýänligi bilen baglanyşyklylykda sorag etmek üçin, adamlaryň tutulandygy barada birnäçe habar gelip gowuşdy. Metjitlere gözegçiligi has-da berkitmek maksady bilen döwlet sünni ymamlarynyň birnäçesini yslamyň tefsirine has erkin çemeleşýändir öýdülýän şahslar bilen çalşyrdy. Bilermenleriň köpüsi din azatlygy babatyndaky resmi çäklendirmeleriň sowet döwründen galan keseldigi, hökümetiň liberal dini syýasatyň dawa alyp barmagyndan, aýratynam, garşylykly syýasy düşünjeleriň ýüze çykmagyndan, gözegçilikden geçmedik “günbatar” pikirleriniň ýurda getirilmeginden çekinýändigi bilen ylalaşýar. Hökümet halkyň adaty dinlere-de, adaty däl dinlere-de işeňňir gatnaşmagyna, olara maddy ýardam edilmegine öz durnuklylygyna bolan howp hökmünde garaýana meňzeýär.
Jemgyýetde dini esasda umumy aýra tutmaklyk ýa zorluk ýok. Raýatlaryň aglaba köplügi özlerini sünni mezhepli musulman hasaplaýarlar. Olaryň düşünjesinde “türkmen” sözi musulmançylyk (yslam) bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Başga dine, esasan-da, az tanalýan protestant mezheplerine geçmek isleýän türkmenlere şübhe bilen garaýarlar we adamlar olardan daşrak duranlaryny kem görmeýärler; eýsem-de bolsa, dürli dini ynançlara degişli toparlardan ybarat bolan jemgyýet taryhboýy olara duşmançylyksyz garap gelipdir. Döwletiň adaty dinlerden başga dinlere bolan çäklendirmesi ilatyň aglaba köplügini düzýän sünni mezhepli musulmanlar bilen musulman dälleriň arasyndaky taglymat tapawudyndan ýa bolmasa, agzalalykdan gelip çykmaýar.
ABŞ hökümeti umumy ynsan hukuklaryny durmuşa geçirmek syýasatynyň bir bölegi hökmünde din azatlygy meselesini Türkmenistanyň hökümeti bilen ara alyp maslahatlaşýar. Hasabata degişli döwrüň dowamynda ABŞ ilçihanasynyň we ABŞ Döwlet Departamentiniň işgärleri resmi hökümet adamlary bilen duşuşyk geçirip, din azatlygynyň bozulmagynyň anyk ýagdaýlary baradaky meseleleri galdyrýardylar we din azatlygyna has uly goldaw berilmegini maslahat berdiler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi, Döwlet Departamentiniň dünýä ýurtlarynda din azatlygy boýunça ýörite wekili, ABŞ Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewroaziýa ýurtlary boýunça kömekçisiniň orunbasary, şeýle hem, ABŞ-nyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasyndaky ilçisi ýokary derejeli döwlet işgärlerinden dini azlyklara gysyş görkezilmeginiň bes edilmegini, olara ybadathana edinmäge kömek etmegi, metjitleriň ýykylmagynyň bes edilmegini we dini toparlaryň şahamçalarynyň bellige alynmagyny sadalaşdyrmagy talap etdiler. Ilçihananyň bir işgäri hökümetiň 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-sinde dini toparlaryň ýolbaşçylary bilen geçiren tegelek stoluna gatnaşdy. Mundan daşgary, ABŞ ilçisi din azatlygyna hormat goýmagyny talap etmek bilen Türkmenistanyň hökümetine öwran-öwran ýüzlendi. Döwlete degişli bolmadyk toparlaryň, şol sanda, dini guramalaryň-da bellige alnyşyny gowulandyrmak we olara kadaly duşuşmaga mümkinçilik döretmek ABŞ hökümetiniň baş maksadydy. Ilçihananyň işgärleri hasaba alnan we alynmadyk azlyk dini toparlaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyk geçirende, bu toparlar resmi hökümet işgärleri bilen duşuşmaga uly isleg bildirdiler.
I. Bölüm. Dini demografiýa
Ýurduň meýdany 188,457 inedördül mile, ilat sany bolsa bäş million adama barabardyr. Dini degişlilik baradaky statistika maglumaty elýeterli däl. Hökümet tarapyndan geçirilen iň soňky ilat ýazuwynyň (1995 ý.) maglumatlaryna görä, türkmen milleti ilatyň 77 % düzýär. Ýurtda az sanly başga milletler, ýagny özbekler (9,2 %), ruslar (6,7 %), gazaklar (2 %) ýaşaýarlar. Galan 5,1 % ermeni, azerbaýjan we beýleki milletlerden ybaratdyr. Ilatyň aglabasy sünni mezhebinden bolan musulmanlar, iň uly azlyk topar bolsa prawoslaw rus hristianlarydyr. Dini däp-dessurlaryň tutulyş derejesi näbelli.
Ýurt garaşsyzlygyny gazanandan soň, berk döwlet gözegçiligi astynda yslamyň täzeden döreýşi bolup geçdi. Sowet döwründe ýurtda diňe 4 metjit işleýän eken, häzirki döwürde bolsa, takmynan, 398 metjit hereket edýär. Türkmen, özbek, gazak we Mary welaýatynda ýaşaýan buluç milletleri, esasan, sünni mezhebine degişlidir. Musulman dininiň şaýy mezhebine degişli az sanly ilatyň ýaşaýan ýerleri-de bar. Olaryň köpüsi Eýran bilen serhet ýakasynda we Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan asly eýranly parslar, azerbaýjanlylar we kürtlerdir.
1995-nji ýylyň ilat ýazuwy ilatyň 7 % ruslardan ybaratdygyny görkezýän-de bolsa, soňky ýyllardaky Russiýa we başga ýerlere göç edilmegi bu gatnaşygy ep-esli derejede azaltdy. Ruslaryň we ermenileriň aglabasy hristiandyr. Rus hristianlary, adatça, rus prawoslaw kilisesiniň agzalarydyr. Ýurtda 13 sany prawoslaw kilisesi bolup, olaryň üçüsi-de Aşgabatdady. Ýurduň çäginde prawoslaw kiliselerine aşgabatly ruhany ýolbaşçylyk edýär. Ol Özbegistanyň paýtagty Daşkentdäki rus prawoslaw arhiýepiskopynyň kowahatyna tabynlykda iş alyp barýardy. Prezident ony Hökümetiň dini meseleler boýunça geňeşinde Rus prawoslaw kilisesine wekil edip belledi. Ýurtda rus prawoslaw seminariýasy ýok.
Bellige alynmadyk dini jemagatyň ep-esli bölegini oruslar we ermeniler düzýärler, eýsem-de bolsa, bu toparlarda türkmen milletinden bolan agzalaryň sany barha artýar. Ýurtda bellige alynmadyk aşakdaky dini mezhepleriň uly bolmadyk jemagatlary bar: Rim katolik kilisesi, Ýegowa şaýatlary, ýahudy (ýewreý) we birnäçe ýewangelik hristian toparlar bar. Soňkularyň arasynda “aýrylaşan” baptistler, harizmat toparlar we özüni belli bir dini akyma degişli etmeýän topar hem bar. Bahaýylaryň, baptistleriň, ýedinji gün adwentistleriniň we krişnalylaryň guramalary döwlet tarapyndan bellige alyndy. 2005-nji ýylyň Magtymguly aýynda Türkmenistanyň “Beýik merhemet” kilisesi, Halkara Mesih kilisesi, Türkmenistanyň täze apostol kilisesi we Pentokostal hristianlaryň iki topary bellige alyndy. Aglabasy Saragt şäherinde we onuň töwereklerinde ýaşaýan nemes milletinden bolan ujypsyzja ilat, aýdylyşyna görä, lýuteran mezhebine uýýar. Türkmenistanda, takmynan, 1000 polýak ýaşaýar. Olar rus jemagatyna uýgunlaşyp, özlerini rus prawoslaw hristianlary hasaplaýarlar. Aşgabatdaky hem ýerli, hem daşary ýurtlulardan ybarat bolan katolik jemagat Watikanyň wekilhanasynyň ybadathanasynda ýygnanýar. Gerimi barada belli bir zat aýdyp bolmasa-da, ýurtda, esasan, ýewangelik protestant mezhebine degişli bolan daşary ýurtly missionerler iş alyp barýardylar.
Çaklamalara görä, ýurtda ýewreý milletinden, takmynan, 1000 adam ýaşaýar. Olaryň aglabasy II Jahan Urşy ýyllarynda Ukrainadan gelenleriň maşgala agzalarydyr. Özbegistan bilen serhetdeş bolan Türkmenabat şäherinde bolsa Buhara şäherinden gelip çykandyklary sebäpli, “Buhara jöhitleri” hökmünde tanalýan az sanly ýewreý ilaty ýaşaýar. Ýurtda sinagoga ýa bolmasa rawwi ýok, şonuň üçin-de, olar Ysraýyla, Russiýa we Germaniýa gidýärdiler. Eýsem-de bolsa, ýewreý ilaty degişlilikde üýtgewsiz galypdyr. Bu jemagat dini däpleri ýerine ýetirmek üçin bir ýere ýygnanýar, emma dini topar hökmünde bellige alynmazlyklaryny gowy görýärler. Olaryň ýanalýandygy barada-da hiç hili habar gelip gowuşmady.
II. Bölüm. Din azatlygynyň ýagdaýy
Kanuny we syýasy çarçuwasy
Konstitusiýa din azatlygyna güwä geçýär, eýsem-de bolsa, iş ýüzünde hökümet bu hukuklardan peyýdalanmagy berk çäklendirip geldi. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi raýatlaryň din azatlygynyň bozulmagynyň we olaryň şahsy adamlar tarapyndan yzarlanmagynyň öňüni alýar, emma iş ýüzünde bu beýle däl. 2004-nji ýylda hökümet 2003-nji ýylda kabul edilen Din hakdaky kanuna goşulmalar neşir etmek bilen bellige almak üçin talap edilýän agza sanynyny 500-den 5-e çenli azaltmak bilen ähli azlyk toparlaryň bellige alynmagy üçin mümkinçilik döretdi. Bu goşulmalar dini jemagatyň iki görnüşini kesgitledi: dini toparlar (azyndan 5, iň köp 50 kämillik ýaşyna ýeten agzasy bolan) we dini guramalar (azyndan 50 agzasy bolan). Eýsem-de bolsa, bu goşulmalarda ep-esli derejede nätakyklyk bar.
2003-nji ýylda kabul edilen kanun ähli dini guramalaryň bellige alynmagyny talap etmek bilen bellige alynmadyk dini guramalaryň işine jenaýat hökmünde baha berdi we dini bilim berlişini has-da çäklendirdi, şeýle hem, dini toparlara daşary ýurtly çeşmelerden maliýe we maddy goldawyň berlişini gözegçilik astyna aldy. Şol döwürde Jenaýat jemkanunyna girizilen goşulmalar käbir işler üçin öň azlyk toparlara administratiw jerime salnan bolsa, indi bir ýyl möhleti bilen azatlykdan mahrum etmäge çenli jeza çäresini girizdi. Halkara guramalaryň gysyşy netijesinde 2004-nji ýylda jerimä çekmek düzgüni ýatyryldy, eýsem-de bolsa, hereket edýän kanun adamlaryň dini durmuşyna gözegçilik etmäge we ähli dini toparlaryň işlerini çäklendirmäge hökümete mümkinçilik beryärdi. 2003-nji ýylyň kanunynda “dini toparyň bellige alnan ýerinden başga ýerde hereket etmeli däldigi” barada düzgün bardy. 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda hökümet dini toparlaryň ýerlerdäki şahamçalaryny ynanç haty arkaly bellige almaga rugsat berýän wagtlaýyn düzgüni yglan etdi. Adalat ministrliginiň işgärleri, şeýle hem, 2003-nji ýylyň kanunyna şahamçalary bellige almagy düzgünleşdirýän goşulmalaryň goşuljakdygyny aýtdylar, emma hasabata degişli döwrüň dowamynda beýle zat bolmady.
2004-nji ýylda Prezident 2003-nji ýylda kabul edilen Wyždan azatlygy we dini guramalar hakyndaky kanuny has-da güýçlendirýän kanuna gol çekdi. Bellige almagyň täze düzgünlerinde beýän edilen bellige alynmagy kynlaşdyrýan talaplar dini guramalaryň bellige alynmagy üçin tölenmeli puluň möçberini 100 dollara (resmi däl nyrh boýunça 2,5 million manada) çenli artdyrdy. Munuň üstesine-de, indi Adalat ministrligi bellige alnan dini guramalaryň sanawyny ýerli metbugatda neşir etmäge borçly däldi. Bu diňe bir kanuny bellige alnan toparlary beýleki dini toparlardan üzňeleşdirip, olaryň aç-açanlygyny çäklendirmek bilen oňman, eýsem, häkimiýetler bellige alnan toparlara resmi taýdan gysyş görkezenlerinde, jemgyýetçiligiň gaýtawul bermek mümkinçiligini-de çäklendirdi. Bu kanun, şeýle hem, Adalat ministrligine anyk kesgitlenmedik aýyplama esasynda toparyň bellige alynmagyny togtatmaga-da mümkinçilik berdi.
2004-nji ýylyň Nowruz aýynda hökümet neşir etmezden, bellige alynmak isleýän dini toparlar üçin agyr talaplary göz öňünde tutýän ýerine ýetiriş buýrugyny kabul etdi we nusga hökmünde ulanylmaly tertipnamany hödürledi. Bu kanun bellige alnan dini guramalaryň maliýe işini we ýurt boýunça hereketini çäklendirdi. Halkara guramalaryň gysyş görkezmeginden soň, 2004-nji ýylyň Magtymguly aýynda kabul edilen kanun arkaly bu düzgünler resmi taýdan ýatyryldy.
2004-nji ýylyň Oguz aýyna çenli ähli derejedäki hökümet edaralary, şol sanda kazyýetler-de resmi taýdan bellige alnan ýeketäk iki topar bolan sünni musulmanlaryndan we rus prawoslaw hristianlaryndan özge dini toparlary kemsitmek üçin, kanunlary olaryň garşysyna ulanyp geldiler. Eýsem-de bolsa, 2004-nji ýylda bellige alynmak üçin talap edilýan adam sanyny azaldan kanun çykaly bäri, ýene 9 sany dini topar, ýagny Türkmenistanyň Ýewangel hristian baptist kilisesi, Türkmenistanyň ýedinji gün adwentistleriniň kilisesi, Türkmenistanyň bahaýy jemagaty, Hare Krişna jemgyýeti, Türkmenistanyň doly ýewangeliýa hristianlary kilisesi, “Gündogar ýalkymy” kilisesi (Daşoguz pentekostal kilisesi), Türkmenistanyň “Beýik merhemet” kilisesi, Halkara Mesih kilisesi we Türkmenistanyň täze apostol kilisesi bellige alyndy. Hasabat döwrüniň ahyryna çenli şaýy mezhebinden bolan musulmanlar bellige alynmandy. Göni Prezident Nyýazowyň özüne maglumat berip, bellige alnan dini guramalar bilen hökümetiň arasynda araçynyň wezipesini ýerine ýetirýäne meňzeýän Dini meseleler boýunça döwlet geňeşi bilen gatnaşyklary bar bolsa-da, 2004-nji ýylyň Nowruz aýynda karar kabul edilenden soň, şaýy musulmanlaryň bellige alynmak üçin synanyşyk edenligi barada hiç hili maglumat ýok.
Iş ýüzünde hökümetiň alyp barýan syýasatyny amala aşyrýan hökümet edaralary, şol sanda, şäher derejesindäkiler-de, hususy jaýlary ulanmak düzgünine esaslanyp, käbir toparlar üçin ybadat ýerini tapmaga kynçylyk döredipdirler. Ýurduň ýaşaýyş jaý kanunlaryna laýyklykda hususy jaýlarda ýa-da ýaşaýyş toplumlarynda ýerleşen köpçülikleýin zallarda dini iş geçirmek gadagan. Eýsem-de bolsa, bellige alnan iki sany dini topara – Bahaýy jemagatyna we Hare Krişna jemgyýetine – ybadat üçin öýde duşuşmaga rugsat edilipdir.
Käbir toparlar ýa bellige alynmak üçin hökümetiň talap edýän maglumatlarynyň möçberine we hiline salgylanmak bilen bellige alynmakdan çekinýärler, ýa-da prinsiplerine görä, muny etmekden saklanýärlar. Hasabata degişli döwür içinde azyndan iki sany azlyk dini gurama bellige alynmak üçin hökümete ýüz tutan-da bolsa, hasabata degişli döwrüň aýagyna çenli olaryň niýeti başa barmady. Öten ýyllaryň dowamynda hökümet esaslandyrylmadyk tehniki sebäpleri bahanalap, ýa arzalara garamagy süýrenjeňlige salýardy, ýa-da ret edýärdi. Bellige alynmadyk dini toparlara we dini toparlaryň bellige alynmadyk şahamçalaryna bir ýere üýşmek, dini materiallary ýaýratmak we öz dinlerine çagyrmak ýaly dini işleri alyp barmak gadagan edilýär. Häkimiýetleriň bellige alynmadyk dini toparlaryň ýygnaklaryny dargadan ýagdaýlary bolupdy. Düzediş girizilen kanuna görä, şol toparlara gatnaşýanlar jerimä çekilmeli we administratiw kanuna laýyklykda administratiw (jenaýat däl) görnüşde tussag edilmeli. Döwlet daşary ýurtly missionerleriň işlerini we daşary ýurtly dini guramalary gadagan edýär, eýsem-de bolsa, kanun daşary ýurtlularyň ybadat saýlawyny çäklendirmeýär.
Hökümet yslam dininiň käbir düzgünlerini milli aň-düşünjäni kesgitlemek ugrundaky tagallasynyň bir bölegi hökmünde ulanýar. Mysal üçin, döwlet Aşgabatdaky, Gökdepedäki, Gypjakdaky ýaly uly ýadygärlik metjitlerini gurýar. Yslam medeniýetiniň käbir jähetlerini ulanmagyna garamazdan, hökümet daşary ýurtdan yslam täsiriniň ýetmeginden we ýerli musulmanlaryň yslamy düşündirişinden alada galýar. Hökümet, esasan, dini we milli däp-dessurlara esaslanýan yslamy aram ýagdaýda saklamak syýasatyny alyp barýar. Yslamyň öwredilişini has-da kadaly ýagdaýa getirmek üçin, hökümet 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda “Türkmeniň gadymdan gelýän milli dini adatlary” diýen kitaby neşir etdi. Bu kitapda Prezidentiň “Ruhnama” we “Ruhnama-II” ruhy ýol görkezijisine birgiden salgylanma bar. Prezident “bu kitaby metjitlerde okamaly” diýip, ähli ymamlara köpçülikleýin sargyt etmek bilen “türkmeniň dini däp-dessurlarynyň musulmanlar arasynda agzalalyk döretmegini islemeýändigini” aýtdy.
Dini meseleler boýunça döwlet geňeşi ymamlary, Rus prawoslaw kilisesiniň ruhanysyny we hökümet işgärlerini öz içine alýar. Iş ýüzünde dini edara sünni musulmanlarynyň ymamlaryny we rus prawoslaw kilisesiniň ruhanylaryny işe almak, ösdürmek we işden çykarmak ýaly işler bilen meşgul bolmak, şeýle hem, ähli dini neşirlere we işlere gözegçilik etmäge ýardam bermek bilen hökümetiň bir goly hökmünde hereket edýär. Onuň kararlary howpsuzlyk güýçleri, ylaýta-da, IIM-niň altynjy bölümi tarapyndan ýerine ýetirilýär. Dinler arasynda gepleşik geçirmekde bu edaranyň hiç roly ýok. Döwlet hiç bir dini resmi taýdan goldamasa-da, täze metjitleri gurmak üçin Dini meseleler boýunça geňeşe maliýe we beýleki ýardamlary berip durýar. Hökümet musulman ymamlarynyň köpüsine aýlyk töleýär we kadaly ýagdaýda Dini meseleler boýunça geňeşe maglumat bermegi talap etmek bilen uly ymamlaryň işe bellenmegini tassyklaýar.
Hasabata degişli döwrüň tutuş dowamynda Dini meseleler boýunça geňeş dini tekst hökmünde okatmak we käbir metjitlerde Kur’an bilen bir hatarda goýmak bilen Nyýazowyň medeniýet we miras baradaky ruhy-jemgyýetçilik kitaby bolan “Ruhanama” we “Ruhnama-II” kitaplaryna has köp üns bermäge ymamlara görkezme berip geldi. Prezident Nyýazowyň dogduk obasy bolan Gypjakdaky uly metjidiň ýüzünde Ruhnamadan alnan sözler ýazyldy. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň öňki müftisi Nasrulla ibn Ibadulla wezipesinden boşadyldy, gizlinlikde derňew geçirilip, 2004-nji ýylda 22 ýyl möhleti bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Nasrulla ibn Ibadullanyň ýerine gelen Kakageldi Wepaýew soň özüni ýaramaz alyp baranlygy, güman edilişine görä, arakhorluk we zyna sebäpli, öý tussaglygyna höküm edildi. Onuň ýerine 2004-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylahyýet fakultetini täze tamamlan, 27 ýaşly Röwşen Allaberdiýew bellendi.
Döwlet diňe sünni musulmanlarynyň baýramlaryny milli baýramçylyk diýip ykrar edýär. Bular haj saparyndan soň bellenýän üç günlük Gurban baýramy (Eýd-al-adha) we musulmanlaryň agyz bekleýän aýy bolan Remezan aýy tamamlanandan soň bellenýän oraza baýramydyr (Eýd-al-fitr).
Hökümet dini ynanjy sebäpli goşun gullugyna gitmekden boýun towlaýan adamlar üçin alternatiw gullugy teklip etmeýär. Onuň deregine dini ynanjy boýunça goşun gullugyndan boýun towlaýan adamlara goşunda söweşjeň bölümden başga bölümde gulluk etmek teklip edilýär. Hasabata degişli döwrüň dowamynda Ýegowa şaýatlaryndan biri harby gullukdan boýun towlanlygy üçin tussag edildi, emma soňundan ol azatlyga goýberildi.
Umumy bilim berýän mekdeplerde resmi taýdan din okadylmaýar, emma hökümet ähli orta we ýokary okuw jaýlarynda “Ruhnama” boýunça kadaly sapak geçilmegini talap edýär. Bilim ministrligi her çaganyň öz “Ruhnamasy” bilen mekdebe gelmegini talap edýär.
2004-nji ýylyň Sanjar aýynda kabul edilen kanunyň 6-njy maddasy ene-atalaryň rugsady bilen okuwdan soň metjitlerde çagalara hepdede dört sagat dini bilim bermäge rugsat edýär. Ýokary dini okuw jaýlaryny (kanunda olaryň ýerli ýa daşary ýurtly okuw jaýdyklary kesgitlenmändir) tamamlanlara Dini meseleler boýunça döwlet geňeşinden rugsat alyp, dini okuw geçirmäge rugsat edilýär. Raýatlaryň özbaşdak ýa başgalar bilen dini bilim almak hukugy bardyr. Eýsem-de bolsa, hususy ýagdaýda dini sapak bermek gadagandyr, şonuň üçin-de, bu işi edýänlere kanuna laýyklykda jeza garaşýar. Käbir ýerlerde garaşsyz dini okuw bar hem bolsa, hökümet “Ruhnama” barada bolan resmi taýdan tassyklanan okuwdan özge dini okuwlary öňe sürmek üçin, hiç zat etmedi. Käbir sünni musulman metjitleri kadaly rejenama esasynda Kur’an sapaklaryny geçirýärdiler.
2003-nji ýylda kabul edilen kanun Rus prawoslaw kilisesine Dini meseleler boýunça geňeşiň rugsady bolmazdan we Prezident tarapyndan makullanmazdan, dini okuw alyp barmagy gadagan edýär. Emma ne Dini meseleler boýunça geňeşiň, ne-de Prezidentiň şular ýaly programmany tassyklandygy barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady. Çaganyň öýde okadylmagyna, adatça, agyr kesel ýa maýyplyk ýagdaýynda rugsat edilýär, emma dini sebäplere görä rugsat edilenok.
Hökümet Dini meseleler boýunça geňeşiň üsti bilen dinlerarasy düşünişmekligi amala aşyrmak, ýa bolmasa, musulmanlar bilen Rus prawoslaw kilisesi arasyndaky gepleşikden artyk dinara gepleşigi ýola goýmak üçin, süwümli bir iş etmeýär. Adalat ministrliginiň gazeti bolan “Adalat” gazetiniň 2003-nji ýyldaky bir sanynda Hare Krişna we Ýegowa şaýatlary barada çap edilen teýeneli materialda olar keseki hökmünde suratlandyrylyp, olara howply element hökmünde baha berilýärdi. Birnäçe etrap derejesindäki hökümet işgärleriniň we ýerli ymamyň hristiançylygy kabul eden milleti boýunça türkmen adamy hristian dininden dändirjek bolup synanyşandyklary barada tassyklanan habarlar boldy.
Din azatlygynyň çäklendirilmegi
Ýurtdaky bellige alnan dini azlyklaryň ählisi diýen ýaly yzarlamanyň mundan öňki hasabat döwründäkä garanyňda, azalandygy barada habar berdi. Eýsem-de bolsa, bellige alnan toparlaryň welaýat şahamçalary welaýat we etrap kanun goraýjy organlar tarapyndan gysyşa sezewar edilýärdiler. Hökümet resmi taýdan diňe zorluga ündeýän ekstremist toparlary gadagan etdi, emma ol yslam dininiň taglymatlaryny has düýpli düşündirýän musulman toparlaryny-da “ekstremist” diýip atlandyrdy. Bellige alynmadyk dini toparlaryň işi henizem gadaganlygyna galýar we bu düzgüni bozanlara adminstratiw kodekse laýyklykda jerime ýa-da administratiw tussaglyk garaşýar.
Hökümet bellige alynmadyk dini toparlaryň ybadat ýerini döretmeginiň öňüni alýar, bu düzgüni bozmaklyga administratiw düzgüni bozmaklyk hökmünde garalýar. Ybadat ýerini döretmekde we saklamakda bellige alnan toparlar-da kynçylyga sezewar bolýardylar. Howpsuzlyk gullugynyň we häkimligiň işgärleri gelip-gidenden soň, ybadat merkezi hökmünde ulanan binalaryny – biri hususy, biri hökümet edarasynyň jaýy – kireýne alýan iki sany azlyk topardan ol binalary boşatmagy haýyş edipdirler. Bu iki topar başga ybadat ýerini tapdy. Birnäçe azlyk dini topar köpçülikleýin zaly kireýne almakda ýeke-täk kynçylygyň pul serişdesiniň ýetmezçiligidigini aýtdy. Birnäçe topar özleriniň ybadat jaýyny ýa hemişelik ýbadat jay gurmak üçin ýer satyn alanyny gowy görýändiklerini aýtdy, emma ýerli häkimiýetler geçip bolmajak bürokratik päsgelçilik döretdiler. Bellige alnan bäş sany azlyk dini topar özleri üçin ybadat ýerini döretdi; bu ybadat ýerleriniň üçüsi kireýne alnyp, ikisi-de şol topar agzalarynyň hususy jaýlarydyr. Hökümet käbir halatlarda hususy öýlerde ybadat etmegi gadagan etmeýärdi. Dini meseleler boýunça geňeş bellige alnan birňäçe toparlara amatly jaý tapmaga kömek etdi. Hökümet bellige alynmadyk dini toparlara we bellige alynmadyk dini toparlaryň şahamçalaryna köpçülikleýin, şeýle hem, hususy öýlerde ýygnanyşmagy gadagan edýär. Bu gadaganlygy bozýan adamlara we toparlara jeza çäreleri garaşýar. Käbir jemagatlar sessiz-üýnsüz ybadatlaryny ýerine ýetirmek bilen meşgul, esasan, hususy öýlerde.
Döwlet hasabatyň öz içine alýan döwrüniň dowamynda birnäçe tejribeli ymamy aýryp, olaryň ýerine hökümet tarapyndan tassyklanan okuw programmasyny geçen ýaş ymamlary belledi, şeýtmek bilen-de, ol metjitlere gözegçiligini artdyrdy. 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda türkmeniň öwlat tireleriniň biri bolan ata tiresine degişli musulmanlar hökümetiň olaryň öwlüýälerindäki ähli müjewürlerinden sadaka berlen puluň ählisini hökümete tabşyrmagy talap edendigini aýtdylar.
Hasabata degişli döwürde Türkmenbaşy şäherinde bir metjit ýykyldy. 2004-nji ýylda azyndan alty metjidi ýykdylar. Olaryň käbiri anyklanmadyk sebäplere görä, käbirleri bolsa, göýä, Aşgabat şäherini gözelleşdirmek maksady bilen ýykyldy. 2004-nji ýylda Aşgabadyň demirgazygyndaky sünni gonamçylygy tekizlendi. Aşgabatdaky başga bir gonamçylyga bolsa beýik jaý gurluşygy üçin el degrildi. 2004-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda ýaşaýan musulmanlar indi merhum maşgala agzalaryny ata-baba gelýän gonamçylyklarynda jaýlap bilmeýändiklerini, merkezleşdirilen gonamçylykda jaýlamaly bolýandyklaryny aýtdylar. Hökümet gurulmagy üçin rugsat almagy talap etmek arkaly metjitleriň sanyny çäklendirýär. Hökümetiň syýasatyna görä, her obanyň bir metjidi bolmaly; eýsem-de bolsa, 2004-nji ýylda Prezident Nyýazow mundan beýläk Dini geňeşiň rugsady bolmazdan, ýurtda metjit gurulmaly däldigini we metjitlere mundan beýläk hökümet tarapyndan bellenen ymamlaryň ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy. 2003-nji ýyldan öň Aşgabatdaky Abu-Bekir metjidi ýapyldy we dini edara tarapyndan gysyş görkezilmegi zerarly, özbek milletinden bolan üç ymam işden çekilmeli boldy.
Ýurtda azyndan üç şaýy metjidi bar. Olaryň ikisi Aşgabadyň eteginde, biri bolsa Türkmenbaşy şäherindedir. Beýleki şaýy metjitleri ýapyk durlar – hökümet ymamlara olarda işlemäge rugsat bermeýär. Ol metjit gurluşygyny çäklendirmegini dowam etdirýär.
2006-njy ýylda hökümet bu ýurda rugsat edilen 4600 adamdan diňe Prezidentiň hut özüniň tassyklan 188 (bir uçar ýüki) adamyna haja gitmäge rugsat bermek bilen Mekgä haja gidilmegini çäklendirmegini dowam etdirdi. Hajylary eltip-getirmek Milli howa ýollary arkaly mugt amala aşyryldy.
Hökümet, şeýle hem, musulman okuwyna girýänlere gözegçiligi amala aşyrýär. Aşgabatdaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylahyýet fakulteti tutuş yurt boýunça yslam dinini öwredýän ýeke-täk okuw jaýydy. 2005-nji ýylyň Gorkut aýynda Prezident ylahyýet fakultetini ýapyp, bu fakultetiň talyplaryny we derslerini uniwersitetiň taryh fakulteti bilen birikdirdi, şeýtmek bilen-de, ýurtda yslam dinini öwredýän resmi okuw jaýy galmady. Şeýle hem, hökümet 2005-nji ýylda hukuk berilmedik dini okuw alyp barýandygyny yglan etmek bilen Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň türk milletinden bolan rektoryny ýerli rektor bilen çalşyrdy. 2004-nji ýylda ýeke-täk ylahyýet fakultetiniň howandarlygynda işleýän orta dini mekdep ýapyldy. Aýdylyşyna görä, onuň ýapylmagynda mekdep ýolbaşçylarynyň we mugallymlaryň kabul edilen yslam teksti hökmünde Ruhnamany okatmakdan ýüz öwürmekleriniň-de paýy bar.
Hökümet adamlaryň dini ynançlaryny üýtgedip, başga dine geçmeklerini resmi taýdan çäklendirmeýär, eýsem-de bolsa, bellige alynmadyk dini toparlaryň bu diniň taglymatyny ýa onuň materiallaryny ýaýratmakda aýyplanýan türkmen milletinden bolan agzalaryna beýlekilere garanyňda, has ýowuz daraşylýar. 2005‑nji ýylyň Bitaraplyk aýynda polisiýanyň ýerli wekili Galkynyş etrabynyň baptistleriniň türkmen milletinden bolan ýolbaşçysyny yslama uýmaýandygy üçin dönüklikde aýyplapdyr. Düýbi Norwegiýada ýerleşen “Forum-18” atly dini täzelikler guramasynyň habar bermegine görä, 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda hökümet işgärlerinden we ýerli ymamdan ybarat bolan komissiýa agzalary hristian dinini kabul eden bir türkmeni bu dinden dändirmek üçin gysyş görkezipdirler, emma ol muňa razy bolmandyr, soň ony goýberipdirler.
Hökumetiň ýokary wezipelerinde Rus prawoslaw dinine uýýan birnäçe adam bardy. Hasabata degişli döwrüň dowamynda hökümetiň ýokary ýa orta derejeli wezipelerini eýeleýän başga dini azlyk toparlaryň agzalary bilnenokdy. Käbir azlyk dini toparlaryň agzalary ýurtdaky ýeke-täk syýasy partiýanyň agzalary bolup durýarlar, emma syýasy yzarlanmadan çekinip, özleriniň dini degişliliklerini açyk yglan etmeýärler.
Hökümet, hatda, parahatçylykly dini azlyklary, esasanam, dünýä ýerarhiýasy bilen aragatnaşygy bardyr ýa-da ondan ýardam alýandyr öýdülýänleri gözegçilik astynda saklaýar. Kanun daşary ýurtly missionerleriň işini gadagan edýär, eýsem-de bolsa, ýurtda hem musulman, hem hristian missionerleri bardyr. Hökümet missionerlik işini alyp barmagyndan şübhe edilýänlere ýa alyp barmak niýetinde bolanlara wiza bermekden boýun gaçyrýar. “Forum 18” 2006-njy ýylyň Oguz aýynyň 14-ünde bikanun dini işlere gatnaşanlygy we immigrasiýa kanunlaryny bozanlygy uçin, Russiýanyň raýaty Aleksandr Frolowyň şol ýylyň Oguz aýynyň 10-unda ýurtdan çykarylandygyny habar berdi. 2006-njy ýylyň Magtymguly aýynda bellige alynmadyk dini topar bilen birlikde ybadat edýän bir daşary ýurtludan ýurdy terk etmegi talap edipdirler. Şol topar häzir bellige alynmagyň ugrunda. 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda bellige alnan Mesih Kilisesiniň agzasy bolan ukrainaly bir adam dini azlyk topary bilen gatnaşykda bolandygy sebäpli, ýurtdan çykarylypdyr. 2004-nji ýylda Prezident Nyýazow täze bellenen (soň işden çykarylan) müftä has fundamental wagyz etmek maksady bilen metjitlere täsir etmegiň ýoluny agtarýan daşary ýurtlulardan pul almaly däldigini duýdurdy. 2003-nji ýylda kabul edilen Wyždan azatlygy we dini guramalar hakyndaky kanunda dini toparlaryň daşary yurt çeşmelerinden alan her bir maliýe ýa maddy ýardamy barada hökümete habar bermelidigi aýdylýar.
2006-njy ýylyň Oguz aýynda ybadata çagyrýan çakylyk hatyny paýlandygy üçin, bellige alnan Mesih kilisesiniň ruhanysyna Dini meseleler boýunça geňeşiň başlygynyň orunbasary duýduryş beripdir. Bu işiň kanuna garşy däldigini boýun alsa-da, başlygyň orunbasary onuň gowy iş däldigini aýdypdyr.
Kanuna göra, dini edebiýaty çap etmek gadagan. Bu bolsa Kur’anyň, Injiliň we beýleki dini edebiýatyň ýetmezçiligini döredýär. Mukaddes kitaplar satyşa diýseň seýrek çykarylýar.
Hökümet okuw jaýlarynda, döwlet edaralarynda we metjitlerde Prezident Nyýazowyň ruhy kitaplary bolan “Ruhnama” we “Ruhnama II-niň” ulanylmagyny talap edýär. Käbir metjitlerde bu kitabyň nusgalary saklanýär, häkimiýetler ymamlara onuň Kur’an bilen deň derejede goýulmagy we jumga namazynda Ruhnamany wagyz etmekleri üçin gysyş görkezipdirler. 2003-nji ýýlda Milli Howpsuzlyk Ministrligi (MHM) ymamy jumga namazynda Ruhnamany Kur’an bilen deň derejede goýmakdan ýüz öwren metjidi ýapdy.
Aslynda, ýurda getiriljek edebiýatyň sanawyny Dini meseleler boýunça geňeşde tassyklatmaly. Bu Geňeşiň agzalarynyň ählisiniň hökümet işgärleri, ýa sünni musulmanlary, ýa-da Rus prawoslaw kilisesiniň wekilleri bolany sebäpli, bu talap dini azlyklar üçin ýurda edebiýatyň getirilmegini çäklendirdi. Dini meseleler boýunça geňeş ýurda dini kitap getirmäge rugsat beräýende-de onuň sany bellige alnan guramanyň agza sanyndan köp bolmaly däl. Hasabata degişli döwrüň dowamynda bir azlyk dini topar ýurda otuz sany Injil getirmäge rugsat alyp bildi; ýöne başga iki toparyň dini kitap getirmek baradaky haýyşy ret edildi. Bellige alynmadyk topar agzalarynyň özleri üçin getirýän dini edebiýatlarynyň we diskleriň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ellerinden alynmagynyň 2 ýagdaýy mälimdir.
2005-nji ýylda MHM we welaýat häkimiýetleri çagalaryny ybadat güni bolan Ruhgünleri okuwa goýbermeýändikleri sebäpli, dini azlyklaryň käbir agzalaryna azar beripdirler. Aýdylyşyna görä, hökümet işgärleri eger şol dini azlyk toparlaryň wekilleri çagalaryny şenbe güni mekdebe ibermeseler, olaryň bellige alynmagynyň ýatyryljakdygy bilen haýbat atypdyrlar. Orta mekdeplerde Başgün-Ruhgün aralygynda okuw okadylýar. Kanuna görä, çagalar bu günler mekdebe gatnamaly.
Hökümet dini toparlaryň agzalaryny iş babatynda aýry tutmagyny dowam edip geldi.
Bellige alynmadyk topar bolan Ýegowa şaýatlary 2005-2006-njy ýyllaryň dowamynda yzygiderli yzarlamalara sezewar edilipdirler. Ýegowa şaýatlary hasabata degişli döwrüň dowamynda bäş welaýatyň bäşisinde-de olaryň agzalarynyň ýanalandyklaryny, tutulandyklaryny we sorag edendiklerini habar berdiler. Olaryň aýtmagyna görä, Ýegowa şaýatlary dinini ýaýradýandyklary we öýlerinde dini edebiýat saklaýandyklary üçin yzarlanypdyrlar. 2005-nji ýylyň Alp arslan aýynyň 5-inde Aşgabadyň etegindäki Änew şäherçesiniň polisiýasy eger wagyz etmegini dowam etdirse, jerimä çekiljekdigini aýdyp, Tatýana Hojamuhammedowa haýbat atypdyr. Şol ýylyň Ruhnama aýynyň 8-inde polisiýa Aşgabatda wagyz ýöredýändigi sebäpli, Oksana Hamrakulyýewa we Wadim Iwahnigi tussag edipdir. 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda bolsa Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň polisiýasy Maýa Muhammetnyýazowa haýbat atypdyr we ony dininden dänderjek bolup, şowsuz synanyşyklar edipdir. 2004-nji ýylda resmi adamlar Aşgabatda Ýegowa şaýatlarynyň bir agzasyna azar beripdirler. Ýylyň dowamynda häkimiýetler serhet geçelgelerinde we hususy öýlerde Injilleri konfiskasiýa edipdirler.
Forum-18-iň 2005-nji ýylyň Sanjar aýynyň 9-ynda habar bermegine görä, şol ýylyň Garaşsyzlyk aýynda Azerbaýjandaky Injil kollejine gatnamak üçin, ýurtdan çykmakçy bolan, bellige alynmadyk azlyk dini toparyň iki aýal agzasyna ýurtdan çykmaga rugsat edilmändir. Olaryň elinde ýurtdan çykmaga ene-atalarynyň rugsat berendigini tassyklaýan gerekli resminamalaryň bardygyna garamazdan, Türkmenbaşy şäherindäki immigrasiýa gullugynyň işgärleri olaryň saparyna päsgelçilik döredipdirler.
2004-nji ýylda hökümet kagyz ýüzünde çykyş wizasyny ýatyrmak bilen haja gitmek ýa başga dini maksatlar bilen sapar etjeklere kagyz ýüzünde rugsat berdi. Eýsem-de bolsa, hökümet adamlaryň “gara sanawyny” saklamak bilen hereket azatlygyny çaklendirmegini dowam etdirýärdi. “Forum 18” 2006-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 31-inde “Kiliseler Geňeşi” atly baptist toparynyň agzasy Şageldi Atakowa şol ýylyň Magtymguly aýynyň 25-inde ýurtdan çykmagyň gadagan edilendigini habar berdi. 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda iki sany azlyk toparyň üç agzasyna ýurduň daşyna sapar etmeklige rugsat berilmedi. Bu üç adamyň birine öň daşary ýurtlara köp gidendigi sebäpli, rugsat edilmeýändigini aýdypdyrlar. Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň bir işgäri oňa daşary ýurda ýene bir ýyldan gidip bilmeginiň mümkindigini aýdypdyr. 2005-nji ýylyň Türkmenbaşy we Gorkut aýlarynda hiç hili düşündiriş bermezden, Pentekostal kilisesiniň pastoryna daşary ýurda gitmek gadagan edilipdir. 2004-nji ýylda iki sany Ýegowa şaýady Kiýewe uçjak uçara mündürilmändir. 2004-nji ýylda “Nemes Tolkuny” radiosy “Atlary gara sanawda bolandygy sebäpli, bäş sany Ýegow şaýady Aşgabat-Moskwa uçaryndan düşürilipdir we olara ýurtdan çykmak gadagan edilipdir” diýip, habar berdi.
Bellige alnan we alynmadyk toparlaryň daşary ýurtly agzalaryna giriş wizalary berilmezligi dowam etdirildi. Ýedinji gün adwentistleri toparyndan bolan bir daşary ýurtla wiza berilmegi dokuz aýyň dowamynda ret edilip gelnipdir. Habar berlişine görä, Özbegistanly Injil jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň 2004-nji ýylda Türkmenistana gelmeginiň öňi alnypdyr. “Forum 18-iň” habar bermegine görä, 2004-nji ýylda çakylyk iberen adamlaryň bellige alnan kilisäniň agzasy bolmagyna garamazdan,Ýedinji gün adwentisleriniň bir toparyna giriş wizasy berilmändir. Soňky ýyllarda Ýegowa şaýatlaryna we Krişnalylara giriş wizasy berilmändir.
Habar berişlerine görä, Türkmenistan hökümetiniň ýerli rus prawoslaw kiliseleriň Daşkent patriarhyndan sowa geçip, gös-göni Moskwa tabynlygynda bolmagy baradaky haýyşyny Moskwa Rus prawoslaw patriarhy ret edipdir.
Hasabata degişli döwrüň dowamynda Ýedinji gün adwentistler kilisesiniň kazyýetiň kararyna laýyklykda 1999-njy ýylda ýykylan kiliseleri üçin ýitgileriň öwezini almak baradaky haýyşlary ret edilipdir.
Birnäçe azlyk dini topar hökümetiň olaryň ýygnaklaryna wekil ibermek arkaly olara gözegçilik edýändigini habar berdiler. Eýsem-de bolsa, bu toparlar öz işlerini kadaly ýagdaýda alyp barýarlar. Öten ýylyň dowamynda ýanama derejesi üýtgewsiz galdy. Aşgabatda polisiýanyň altynjy bölüminiň, ýagny guramaçylykly jenaýata we terrorizme garşy göreşmeli bölüminiň işgärleri, häzirem wagtal-wagtal dini azlyklaryň agzalaryny sorag edýärler.
Din azatlygynyň bozulmalary
Käbir dini azlyklaryň 2003-nji ýylda başlan çynlakaý ýanalmasy dowam etmek bilen musulman jemagatyna-da ýaýrady. 2004-nji ýylda Türkmenistanyň adygan we hormatly öňki müftüsi Nasrulla ibn Ibadulla, habar berlişine görä, 2002-nji ýyldaky şowsuz gutaran agdarylyşyk synanyşygynda eli bardyr diýlip güman edilýändigi sebäpli, gizlinlikde sud edilip, 22 ýyl möhleti bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Ibadulla müftülik wezipesinden 2003-nji ýylda, habar berlişine görä, belli bir derejede Prezidentiň “Ruhnama” kitabyny mukaddes ýazgy hökmünde wagyz etmekden boýun towlanlygy üçin boşadylypdy. Halkara guramalary tarapyndan ony görmek we azatlyga çykarmak ugrunda edilýän tagallalara garamazdan, Ibadullanyň nirede saklanýandygy we ýagdaýy barada köp zat mälim däl.
Musulman din hadymy Hoja Ahmet Orazgulyýew güman edilen jenaýatçylykly işi üçin Tejen şäherinde, içerki sürgünde üzňelikde galýardy. Käbir adamlar ol Nyýazow režimini köpçülikleýin goldamakdan boýun towlandyr, üstesine-de, Orazgulyýewiň berk dini ynanjy onuň sürgün edilmegine goşant goşandyr öýdýärler.
Hökümet edaralary dini azlyklar toparlarynyň agzalaryna dini degişliligi zerarly jerimä çekmek, işden kowmak we öýlerini ellerinden almak, zorlamak we tussag etmek bilen haýbat atypdyrlar. Şeýle hem, bu adamlaryň urlandygy we olaryň öýlerine basgyn edilendigi barada-da habarlar bar.
Dini ynanjyna göra harby gullukdan boýun towlandygy sebäpli, Mary şäherinde Ýegowa şaýatlary guramasynyň bir agzasy 2005-nji ýylyň Sanjar aýynda birnäçe hepde tussaglykda saklanypdyr. Prezident 2004-nji ýylyň Oguz aýynda dini ynanjyna görä harby gullukdan boýun towlanlygy sebäpli, tussag edilenleriň ählisiniň boşadylmalydygyny yglan etdi. Munuň yzysüre dini ynanjyna görä harby gullukdan boýun towlanlygy sebäpli, alty sany Ýegowa şaýady türme tussaglygyna hokum edildi, emma 2005-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda azatlyga goýberildi. 2004-nji ýylda “Türkmenistan Helsinki başlangyç” topary (Wenada hereket edýän oppozision topar) ady agzalmadyk üç baptistiň dini ynançlaryna görä harby gulluga çagyryşa barmandyklary sebäpli, tussag edilmekden gorkup, gaçgak gezýandiklerini habar berdi.
2005-nji ýylyň Nowruz aýynyň 2-sinde Ýegowa şaýady Näzikgül Orazowany sorag etmek üçin, Içeri işler ministrligine çagyryp, ýenjipdirler we jerime etmek bilen haýbat atypdyrlar. Ol 2005-nji ýylyň Nowruz aýynda ýene dört gezek tutulypdyr we Gurbansoltan aýynyň 5-inde halky öz dinine dagwat etmekde hem öýünde dini edebiýat saklamakda aýyplanyp, oňa takmynan 50 dollar (1.250.000 manat) jerime salnypdyr. “Forum 18-iň” bir habarynda 2004-nji ýylda başga-da bir Ýegowa şaýadynyň uly möçberde jerimä sezewar edilendigi aydylýar. 2004-nji ýylda Ýegowa şaýatlary Gülkamar Jumaýewa we Gülşirin Babakulyýewa dagwat edendikleri sebäpli, tussag edilipdirler. Bu aýallara haýbat atypdyrlar we uzak gije tussaglykda saklapdyrlar. Şeýle hem, 2004-nji ýylda Ýegowa şaýatlarynyň guramasyna degişliligi sebäpli, Bilbil Gulyýewa Dini edaranyň Aşgabatdaky işgäri tarapyndan umumy ýaşaýyş jaýyndan çykarylypdyr.
2004-nji ýylda Ýegowa şaýatlary agzalarynyň ýygnaklaryna iki gezek basgyn amala aşyrylypdyr. “Forum 18-iň” beren habaryna görä, olaryň biri Prezident Nyýazowyň din azatlygyna hormat goýmakda halkara normalaryna laýyk bolmak baradaky kararynyň çykan gününiň ertesi Aşgabatda, hususy öýde amala aşyrylypdyr. Başga bir basgynda bolsa bir aýaly polisiýa bölümine alyp gidip, düşündirişde polisiýanyň aýdan zatlaryny ýazmaga mejbur edipdirler we bölüm polisiýa işgäri oňa jynsy taýdan azar beripdir.
2004-nji ýylda häkimiýetler Ýegowa şaýatlarynyň biriniň öýüne girip, 2001-nji ýyldan bäri tölenmän galandyr diýlip güman edilýän jerimesini dessine tölemegi talap edipdirler.
Dini meseleler boýunça Döwlet Geňeşi Aşgabatda Ýegowa şaýatlarynyň birini dininden dändermek üçin, gysyş görkezipdir, haçan-da ol adam muny etmekden boýun towlanda, ony işden çykarypdyrlar. 2003-nji ýylda bu guramanyň 40 sany aýal-erkek agzasy Içeri işler ministrliginiň altynjy bölümine eltilipdir. Dinlerinden dänmegi talap edip, erkek adamlary ýenjipdirler we jerimelerini töleýänçäler, olaryň pasportlaryny ellerinden alypdyrlar.
Häkimiýetler tarapyndan Hare Krişnalylaryň urlandygy barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady; eýsem-de bolsa, 2005-nji ýylyň Sanjar aýynda Hare Krişna guramasynyň işjeň agzasy Çeper Annanyýazowa 2002-nji ýylda bikanun serhetden geçenligi sebäpli ýedi ýyl türme tussaglygyna hokum edildi. 2005-nji ýylyň Gorkut aýynda 2002-nji ýylda amala aşyran jenaýat işi üçin derňew işi dowam edýärkä we iş kesilýänçä, ony zor bilen psihiki keselhana ýerleşdiripdirler. 2005-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda şäher häkiminiň permanyny bozanlygy sebäpli, Aşgabat şäher häkimligi Hare Krişna guramasynyň ybadat ýerini ellerinden almak bilen haýbat atypdyr. Bu jaý ybadathana hökmünde ulanylýan hususy jaý eken. “Forum 18-iň” habar bermegine görä, 2003-nji ýylda häkimiýetler Aşgabatda Krişna jemgyýetiniň ýygnagyna basgyn gurapdyrlar we sorag wagtynda olaryň bir agzasyny urupdyrlar. Habar berişlerine görä, häkimiýetler bu öýde oturanlary wideofilme düşüripdirler, ähli dini edebiýaty we esbaplary olaryň ellerinden alypdyrlar we bu topara jerime salypdyrlar.
Köplenç ýagdaýda ýerli häkimiýetler Prezidentiň 2004-nji ýylyň Nowruz aýynda çykaran kararyndan bihabardyklary sebäpli, wagtal-wagtal dini azlyklary ýanamaklaryny dowam etdirýärdiler. “Türkmenistan Helsinki başlangyç” toparyň habar bermegine görä, 2004-nji ýylda gizlin polisiýa işgärleri, din meseleleri boýunça şäher geňeşiniň agzalary we polisiýa işgärleri Mary şäherinde Hare Krişna guramasynyň hususy jaýda geçirilýän ýygnagyna basgyn gurapdyrlar.
2003-nji ýylda Gökdepedäki Baptist guramasynyň ýolbaşçysy Geldi Hudaýgulyýew hiç bir günä ýüklenmezden, 6 günläp tussag edilipdir. Halkara guramasynyň gysyş görkezmegi netijesinde, Hudaýgulyýew şol aýda azatlyga goýberilipdir. “Forum 18-iň” habar bermegine görä, 2005-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Baptist kilisesiniň 5 agzasyna Türkmenabat şäherinde kiçijik ybadat edendikleri üçin, takmynan ABŞ-nyň 60 dollary (1.500.000 manat) möçberinde jerime salnypdyr.
“Forum 18-iň” maglumatlaryna görä, 2003-nji ýylda güň baptist aýaly suda çagyryp, jerime we 15 günlük türme tussaglygy bilen haýbat atypdyrlar. “Forum 18” başga bir güň Baptist aýalyň 2003-nji ýylda suda çagyrylandygyny, oňa-da jerimesini töläp bilmese, 15 gün möhlet bilen tussag etjekdiklerini aýdyp, haýbat atandyklaryny habar berdi.
Häkimiýetler 2003-nji ýylda, Türkmenabatda baptistler ybadat edýärkä, basgyn amala aşyranlarynda-da, adamlara jerime salnypdyr. Hut şol ýylda polisiýa bellige alynmadyk hristian toparyna basgyn amala aşyryp, olaryň Injillerini ellerinden alypdyrlar we olaryň ýolbaşçylaryna 12 dollar (300.000 manat) jerime salypdyrlar. Sud bu hereketleri goldap, iki karar çykardy.
“Forum 18-iň” habar bermegine görä, 2004-nji ýylda bir hindi adam fiziki zorluk we jenaýat jezasyna çekmek arkaly gorkuzylansoň, ynanjyndan dänýändigi hakyndaky beýanata gol çekmäge mejbur bolupdyr.
Häkimiýetleriň ybadat etmek üçin duşuşýan dini azlyklaryň agzalaryny ýeterlik esassyz tussag etmekleri we soraga çekmekleri baradaky habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýärdi. Şular ýaly ýagdaýlarda häkimiýetler ýygnakda bar bolanlary filme düşürmek, jemagat agzalarynyň atlaryny, salgylaryny we işleýän ýerlerini ýazyp almak, jerimedir türme tussaglygy bilen haýbat atmak, dini edebiýaty ellerinden almak we agzalary tussag etmek ýaly zorlukly hereketlere ýüz urupdyrlar.
2004-nji ýylda ýerli howpsuzlyk edarasynyň işgärleri tarapyndan uly bolmadyk bahaýy topary gysga möhletleýin tussag edilip, soraga çekilipdir.
2006-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 23-ünde “Forum 18” Türkmenbaşy şäherinde Ermeni Apostol kilisesiniň (soňky ýyllarda bu binanyň kilise hökmünde ulanylandygy hiç kimiň ýadyna düşenok) we sünni musulmanlarynyň metjidiniň ýykylandygy barada habar berdi.
2005-nji ýylyň Gorkut aýynyň 19-ynda polisiýa Türkmenabat şäherinde bellige alynmadyk baptist toparynyň ybadatyny bozup, toparyň bir agzasy Asýa Zasedatelewaýany Injil bilen urupdyr. Şol ýylyň şol aýynda polisiýa Maryda duşuşyk geçirýän bellige alynmadyk baptist kilisesiniň şahamçasyna basgyn gurap, ol ýerdäkileri sorag edipdir. 2005-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 14-ünde polisiýa Daşoguzda bellige alynmadyk baptist toparynyň şahamçasynyň açyk howada geçirýän duşuşygyna basgyn gurapdyr.
2005-nji ýylyň Alp Arslan aýynda wähäbilikde şübhelenilýän takmynan 30 adam Aşgabatda tussag edildi.
2005-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 10-unda Türkmenabat şäherinde duşuşyk geçirýän Ýedinji gün adwentistleriniň ýygnagyna basgyn guralyp, toparyň agzalaryna jerime bilen haýbat atylypdyr, ýöne Dini meseleleri boýunça geňeş işe goşulyşyp, meseläni haýbat atylan adamlaryň peýdasyna çözüpdir.
2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 18-inde we 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 13-ünde polisiýa ABŞ ilçihanasynyň dini toparlar bilen guran kabul edişligine, soňam ABŞ hökümetiniň ýokary wezipeli işgäri bilen duşuşyga barmagyna päsgelçilik döretmek üçin, Ýegowa şaýatlary guramasynyň ýolbaşçysy Andreý Žbanowy tutupdyr.
2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 17-sinde bir polisiýa işgäri, etrap häkimliginiň wekili we ýerli dini geňeşiň agzasy Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynda bellige alynmadyk bir baptist toparynyň ýygnagyna basgyn gurapdyr. Häkimiýetler olaryň Injillerini ellerinden alypdyrlar, toparyň agzalaryna haýbat atypdyrlar we habar berişlerine görä, olara mundan beýläk Injil okaman, Ruhnama okajakdyklary baradaky dilhata gol çekdiripdirler.
Ýegowa şaýatlary ýanamanyň, tutmanyň we azar bermäniň birgiden mysalyny sanap geçdiler. Mysal üçin, 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 13-ünde olaryň Aşgabatdaky agzalarynyň biri bolan Jemile Kerimowanyň öýi hiç hili rugsatnama bolmazdan, dini edebiýat gözlenip dökülipdir. Ondan soň ony iki günläp tussaglykda saklap, ýenjipdirler we takmynan 6 dollar (150.000 manat) jerime salypdyrlar. 2006-njy ýylyň Nowruz aýynda Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrap polisiýasynyň işgärleri Ýegowa şaýatlarynyň bir agzasy Wladimir Muratowy urupdyrlar we zor bilen polisiýa maşynyna mündüripdirler, şeýle hem, onuň Injilini we dini edebiýatyny elinden alypdyrlar.
Dinini üytgetmäge mejbur ediş
2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Galkynyş etrabynyň baptist guramasynyň ýolbaşçysy yslama uýmaýandygy üçin, ýerli häkim tarapyndan milli medeniýetini terk etmeklikde aýyplanypdyr.
2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda ýerli häkimiýetleriň we ymamyň hristianlyga geçen bir türkmeni dininden dänderjek bolup, gysyş görkezendikleri barada maglumat gelip gowuşdy.
ABŞ-dan ogurlanan ýa bikanun yurt daşyna çykarylan kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary-da goşmak bilen mejbury ýagdaýda dininiň üýtgedilmegi, ýa bolmasa, şonuň ýaly raýatlary ABŞ-a gaýtaryp bermekden boýun gaçyrylmagy barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady.
Din azatlygy babatyndaky özgerişler we oňyn netijeler
Prezidentiň bellige alyş talaplaryna goşulma girizen 2004-nji ýylyň Nowruz aýyndaky karary çykany bäri, şu dokuz dini topar bellige alyndy:
Türkmenistanyň Ýewangel hristian baptist kilisesi, Türkmenistanyň Ýedinji gün adwentistleriniň kilisesi, Türkmenistanyň Bahaýy jemagaty, Hare Krişna jemgyýeti, Türkmenistanyň Doly ýewangeliýa hristianlary (Pentekostal) kilisesi, “Gündogar ýalkymy” kilisesi (Daşoguz pentekostal kilisesi), Türkmenistanyň “Beýik merhemet” kilisesi, Halkara Mesih kilisesi we Türkmenistanyň Täze apostol kilisesi.
Azlyk dini toparlar ýanamanyň dura-bara azalandygyny we şertleriň 2003-2004-nji ýyllara garanyňda has gowudygyny habar berýärdiler. Bellige alnan dini toparlaryň ençeme agzasy Adalat Ministrliginiň we howpsuzlyk gullugynyň has oňyn we ýardamçyl garaýyşly bolandyklary barada habar berdiler. Birnäçe dini topar häzirem ybadat ýerini gözlemeklerini dowam etdirýärler; käbirleri bolsa ybadat jay gözleginde esasy päsgelçiligiň hökümetiň goşulyşmagy däl-de, maliýe kynçylygydygyny aýtdylar. 2004-nji ýylyň Ruhnama aýynda polisiýa Baptist toparynyň elinden alnan Injilleri gaýtaryp bermek bilen eden işleri üçin ötünç sorady. Hasabata degişli döwrüň dowamynda Dini meseleler boýunça geňeş Ýedinji gün advwentistlerinden alnan Injilleriň gaýtarylyp berilmegine ýardam etdi; Gümrük gullugy hemişe daşary ýurtdan iberilen kitaplaryň gelmegine päsgelçilik döredip geldi.
Halkara guramalaryň gysyşy netijesinde Prezident Nyýazow 2004-nji we 2005-nji ýyllarda dini ynançlary esasynda harby gullukdan boýun towlandyklary sebäpli, tussag edilenleriň günäsini geçdi. Öňki ýyllardan tapawutlylykda azatlykdan mahrum edilen Ýegowa şaýatlary tussaglykda ýanama üçin aýry saklanmandyrlar, olara ybadat etmäge we Injil edinmäge rugsat berlipdir.
2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-sinde wajyp meseleleri çözmek maksady bilen hökümet azlyk dini toparlar bilen tegelek stol geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hökümet bellige alnan dini toparlaryň şahamçalaryny ynanç haty arkaly bellige almak üçin wagtlaýyn düzgüni yglan etdi.
Hökümet käbir azlyk dini topara amatly ybadat jaýyny tapmaga we ýerleşmäge kömek etdi, şeýle hem hususy öýlerde ybadat üçin ýygnanyşýan bellige alnan toparlaryň işlerine goşulyşmakdan saklandy. Dini meseleler boýunça geňeş Türkmenabat şäherinde kanun goraýjy edaralar bilen azlyk dini toparyň şahamçasynyň arasyndaky dawa goşulyşyp, düşünişmezligi oňyn çöždi.
III Bölüm. Jemgyýetdäki hukuk bozulmalar we aýra tutulma
Hasabata degişli döwrüň dowamynda jemgyýet tarapyndan dini degişlilik sebäpli aýra tutulma ýa zorluk barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady.
Hökümetiň çäklendiriji gözegçiligi, doga yslam medeniýeti we 70 ýyl höküm süren sowet düzgüni metjit-medreseli asyl yslamyň jemgyýetde agalyk ediji rolunyň bolmazlygyna alyp barypdyr. Ýerli halkyň yslama düşünişi we ony kabul edişi, esasan, adamyň dogulmagy, öýlenmegi we ýogalmagy bilen baglanyşykly käbirleri aýdym-sazly däp-dessurlara (sadakalara) syrygýar. Eýsem-de bolsa, dini has berk tutýan musulmanlar aýdym-sazy yslam taglymatyna garşy hasap edýärler. Ýerli ilatyň musulmançylygynda metjitlerde kadaly namaz okamak däl-de, şular ýaly däp-dessurlar we öwlüýälere zyýarat etmek has uly rol oýnaýar.
Musulmanlaryň köpüsi metjitlere kadaly barma ýarlar; eýsem-de bolsa, ilatyň aglabasy özlerini musulman saýýar . “Türkmen” diýen düşünje-de yslam bilen baglanyş dyrylýar (türkmen maşgalasynda doglan çagany musulman diýip hasap edýärler). Bu nusgadan aýrylmaklyk seýrek gabat gelýär. Şonuň üçin-de, bular ýalylary halk unamaýar ýa-da olary näletleýär. Yslam dininden başga dine geçmek islän türkmenlere şübheli garaýarlar we olardan daşrak duranlaryny kem görmeýärler. Şonuň üçin-de, başga dine geçip, dini materiallary ýaýratmakda aýyplanýan türkmenlere beýleki milletlerden has ýowuz daraşýarlar, esasanam, eger olar daşary yurt çeşmelerinden maliýe goldawyny alýan bolsalar.
Yslam bilen türkmen milletiniň arasyndaky berk baglanyşyga garamazdan, dürli dini ynançlary öz içine alyp gelen jemgyýet taryhboýy olara duşmançylyksyz garap gelipdir. Mysal üçin, 20-nji asyryň başlarynda Aşgabat Eýran hökümetiniň yzarlamalaryndan gaçyp gelen bahaýylar üçin gaçybatalga bolupdyr. Bir döwürde bu ýerde, hatda, bahaýy metjidi-de gurlupdyr. Dini azlyklaryň hökümet tarapyndan ýanalmagy ilatyň aglaba bölegini düzýän sünni mezhepli musulmanlar bilen musulman dälleriň arasyndaky taglymat tapawudyndan ýa bolmasa, sosial agzalalykdan gelip çykmaýar. Tersine, habar berişlerine görä, bu hökümetiň täze dinleriň artmagy bilen döwlet gözegçiliginiň peselmeginden, raýatlarda nägilelik döremeginden, daşary ýurtlaryň ýerliksiz täsiriniň has köpelmeginden we hökümetiň durnuklylygyny gowşatmakdan gorkýandygyny görkezýär. Jemgyýetde-de daşary ýurtdan gelen dinlere ynamsyzlyk we daşary ýurtdan gelen yslam “wähäbiçilikdir”, ýagny ekstremizmdir diýen düşünje bar.
IV Bölüm. ABŞ-nyň hökümetiniň syýasaty
ABŞ hökümeti umumy ynsan hukuklaryny amala aşyrmak syýasatynyň bir bölegi hökmünde dini azatlyk meselesini Türkmenistanyň hökümeti bilen ara alyp maslahatlaşýar.
Hasabata degişli döwür içinde ABŞ ilçihanasynyň işgärleri we Döwlet Departamentiniň wekilleri resmi hökümet işgärleri bilen duşuşanlarynda, din azatlygynyň bozulmagynyň anyk ýagdaýlary baradaky meseleleri galdyrdylar we din azatlygyna has köp goldaw berilmegini talap etdiler. Ilçihana din azatlygyna hormat goýmak babatyndaky ýagdaýyny gowulandyrmak üçin, hökümete amala aşyrylmagy zerur bolan çäreleriň sanawyny berdi. ABŞ Döwlet Departamentiniň dünýa ýurtlarynda din azatlygy baradaky bölüminiň işgärleri 2004-nji ýylda we 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda amala aşyran saparlary dowamynda resmi adamlar we dini toparlar bilen duşuşyklar geçirip, bu meseläniň ABŞ hökümeti üçin wajyp meseledigini nygtadylar. ABŞ ilçihanasynyň işgärleri hökümeti 2004‑nji ýylda kabul edilen Prezidentiň kararlaryny we kanunlary ýerli häkimiýetlere düşündirmäge we olary durmuşa girizmäge çagyrmagyny dowam etdi.
Ilçi we ilçihananyň işgärleri Prezident, Daşary işler ministri, Adalat ministri, Din işler baradaky geňeş bilen duşuşanlarynda, ýanamalar hakynda anyk meseleleri galdyrmak bilen olary din azatlygyna has köp hormat goýmaga çagyrdylar. Ilçihananyň işgärleri, şeýle hem, bellige alnan dini toparlara ybadat ýerini edinmäge kömek bermegini hökümetden haýyş etdiler.
Ilçihana hökümeti 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-sinde azlyk dini toparlar bilen tegelek stol geçirmäge höweslendirdi. ABŞ Döwlet Sekretarynyň Ýewropa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda amala aşan sapary dowamynda Prezident Nyýazow bilen duşuşyp, din azatlygy meselesini galdyrdy; ol, şeýle hem, azlyk dini toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. 2006-njy ýylyň Magtymguly aýynda ABŞ-nyň ÝHHG-daky wekili Daşary işler ministri, Adalat ministri, Din işler baradaky geňeşi bilen duşuşygy dowamynda din azatlygy meselesini galdyrdy.
2005-nji ýylyň Ruhnama aýynda ilçihananyň işgärleri özleri-de Din işler baradaky geňeşiniň welaýatdaky wekilleri bolan ähli welaýatlaryň ymamlary bilen duşuşyp, birnäçe metjitlerde boldular.
Ýanamalara gözegçilik etmek we din azatlygyna has köp hormat goýulmagyny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy iň ýokary derejä ýetirmek maksady bilen ilçi we ilçihana işgärleri ÝHHG-yň Aşgabatdaky merkezi, Beýik Britaniýanyň ilçisi we beýleki diplomatik wekilhanalar bilen kadaly hem yzygiderli duşuşyk geçirdiler.
Ilçihananyň işgärleri bellige alnan we alynmadyk dini toparlaryň agzalary bilen kadaly duşuşyklar geçirmek arkaly olaryň ýagdaýyna gözegçilik edýärdiler, ýanamalar barada maglumat alýardylar we olaryň meselelerini hökümet edaralarynda galdyrylmagyň ýollaryny maslahatlaşýardylar. Aňsatlaşdyrylan bellige alyş talaplary we dini iş alyp baranyň üçin jenaýat jezalarynyň aradan aýrylmagy saýasynda bu adamlar ilçihananyň işgärleri bilen duşuşmaga has göwünjeň bolýardylar; bu bolsa, dini toparlaryň käbir wekilleri üçin din azatlygy babatyndaky ýagdaýyň düzelişendigini aňladýär.



