jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň täzelikleri
 
  Wagtlaýyn işler ynanylan wekil Ilçihana hakynda Ilçihananyň iň täze habarlary Habarlaryň arhiwi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Rid Kurranyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli gutlaglary

“Türkmenistan” teleýaýlymy
2009-njy ýylyň oktýabr aýynyň 26-sy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Rid Kurran
ABŞ-nyň Türkmenistandaky
işleri wagtlaýyn ynanylan
wekili Silwiýa Rid Kurran
Salam, meniň adym Silwiýa Kurran, men ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili. Türkmenistandaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň başlygy hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna hem-de hökümetine Türkmenistanda wekilçilik etmek meniň üçin uly bagtdyr. Şunuň bilen baglanşykly men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlygyň 18-ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu wagt Türkmenistanda bolmak üçin örän şatlykly döwürdir. Dowamly ykdysady ösüşi hem-de Prezident Gurbanguly Berdymuhamedowyň saglyk hem-de bilim pudaklaryny ösdürmeklige gönükdirilen aladalary bilen Türkmenistan bütindünýä bilen giňişleýin birleşmegiň öňisyrasynda dur. Yzygider ösüş geljekki nesle global jemgyýetçiligine gatnaşmaklygy üçin şowly bilim bermeklige baglydyr. Oňat bilim alan raýatlar ykdysady we gumanitar ösüşi höweslendirmek bilen güýçli döwleti hem-de geljegi gurmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty onuň garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň ajaýyp güwänamasydyr, ol oňa beýleki döwletler bilen özara bähbitli hem-de hormatly gatnaşyklary gurmakda we Türkmenistanyň raýatlaryna peýda getirjek özbaşdak çözgütleri kabul etmekde erkinlik berýär.

Biz Türkmenistanyň halky we hökümeti bilen şu örän möhüm pursatda hyzmatdaşlyk etmäge we biziň eýýäm bar bolan berk gatnaşyklarymyza dowamly goldawymyzy hödürlemäge örän begenýäris.

Ýene-de bir sapar, men Türkmenistanyň raýatlaryna, siziň her biriňize geljekde asudalyk, bagt, berk jan-saglyk, hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas