jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Privacy
 
 

Konfidensiallyk düzgünleri 

Saýtyň ulanylyşy barada syýasat

Biziň Internet saýtymyza gelen mahalyňyz siz barada şahsy maglumatlary ýygnamaýarys, eger-de siz bizi bu maglumatlar bilen üpjün etmek islemeseňiz. Ýöne, biz belli bir maglumatlary ýygnaýarys we toplaýarys. Şeýle maglumatlary awtomatik usulda ýygnap we toplap bileris: siziň Internete çykan domeýniňiziň ady (.com, .edu., we ş.m.); biziň Internet saýtymyza gelen güniňiz we wagty hem-de biziň sahypamyza göni birikmeginiz haýsy Internet sahypasyndan geldi. Biz ýygnan maglumatlarymyzy Internet saýtymyzyň haýsy sahypalaryna nähili myhmanlaryň gelip görendigini we olaryň sanynyň hasabyny ýöretmek üçin ulanýarys. Biz Internet saýtymysy myhmanlara has hem peýdaly bolmagyny şol maglumatlary peýdalanmagyň üsti bilen gazanýarys.

Eger-de E-poçta arkaly hat ýollasaňyz

Siz bize özüňiz barada şahsy maglumatlary bellikleriňizi ýollamak ýa-da soraglar bermek arkaly üpjün edip bilersiňiz. Biz bu maglumatlary size edýän hyzmatlarymyzy kämilleşdirmek üçin ýa-da siziň talabyňyzy berjaý etmek üçin ulanýarys. Kämahal biz siziň elektron poçta arkaly iberen hatyňyzy size kömegi has gowurak degäýjek işgärlere ýollaýarys. Kanun tarapyndan rugsat berlen jenaýat agtaryş işlerinden başga ýagdaýlarda, bize gelen elektron hatlary haýsydyr bir başga guramalar bilen paýlaşmaýarys.

Beýleki Internet sahypalaryna sepler

Biziň saýtymyzdan başga federal gulluklara, ilçihanalara, köp taraply guramalara we hususy guramalara birnäçe Internet sepleri bar. Haçan-da siz basga Internet saýtlary bilen birigeniňizde we geçeninizde, siz biziň saýtymyzdan çykýarsynyz hem-de täze saýtyn hususy syýasatyna täsirine degişli bolýärsyňyz.

Takyk we doly maglumat bermek üçin hemme tagallalar edilýär. Her niçik hem bolsa, biz ýalňyşlygyň gitmejekdigine kepil geçip bilmeýäris. Şu saýtdaky dokumentler we maglumat barasynda aýdylanda, ne ilçihana, ne-de onuň işgärleri ýa-da kontrakt boýunça işlemäge alynanlar hiç hili kepillik bermeýär, ýazylan ýa-da äheň edilen kepillikleri bermeýär, şonuň bilen birlikde hem şu saýtdaky dokumentleriň haýsy hem bolsa bir maksat üçin makullygyna ýa-da satmaga ýa-da satyn almaga degişliligine hiç hili kepillik bermeýärler. Şeýle hem, ilçihana şu saýtda getirilen hiç bir maglumatyň, önümiň ýa-da prosesiň takyklygy, gutarnyklylygy ýa-da peýdalydygy barasynda hiç hili kanuny jogapkärçiligi boýnuna almaýar hem-de maglumatyň, önümiň ýa-da prosesiň ulanylmagy hususy awtorlyk hukuklaryny bozmaz diýip düşündirmeýär.

Şu websaýtyň howpsuzlygy üçin we şu websaýtyň hemme ulanyjylar üçin elýeterli bolmagy üçin ABŞ-nyň Döwlet departamenti ulgam boýunça hereketlere kompýuter programmalary akraly gözegçilik edýär we bikanun ýagdaýda şu saýta  zat ýüklejek ýa-da bir maglumaty üýtgetjek bolýan ýa-da zyýan berjek bolynýan ýagdaýlaryny ýüze çykarýar.  Bikanun ýagdaýda şu saýta  zat ýüklejek bolmak ýa-da bir ondaky maglumaty üýtgetjek bolmak berk gadagan edilýär we 1986-njy ýylda çykan Kompýuter arkaly aldawçylyk we zyýankeşlik kanuny (Computer Fraud and Abuse Act of 1986) boýunça jeza bermäge degişlidir. Şol maglumat şeýle-hem degişli kanun goraýjy guramalar tarapyndan jenaýat agtaryş işlerinde ulanylyp biliner. Şundan başga ýagdaýlarda anyk bir ulanyjyny tanamaga ýa-da olaryň ulanyş endiklerini kesgitlemäge degişli hiç hili çalyşylmaýar. Bikanun ýagdaýda şu saýta  zat ýüklejek bolmak ýa-da bir ondaky maglumaty üýtgetjek bolmak berk gadagan edilýär we 1986-njy ýylda çykan Kompýuter arkaly aldawçylyk we zyýankeşlik kanuny (Computer Fraud and Abuse Act of 1986) we ABŞ-nyň kanunlar ýygyndysynyň 18-nji böleginiň 1001-1030 maddalary (Title 18 U.S.C. Sec.1001 and 1030) boýunça jeza bermäge degişlidir.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas