Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň hünärmenleri ÝUSAID-iň kömegi bilen maýa goýum taslamalaryny seljermek ukyplaryny artdyrýarlar
MMB No 261
2009-njy ýylyň 16-njy oktýabry
![]() |
| Maýa goýum taslamalaryna baha barmek boýunça geňeşçi Adrian Rauz (çepden üçünji) we Ýokary gözegçilik edarasynyň hünärmenleri sertifikat gowşurma dabarasyndan soň |
Türkmenistanda uly möçberli gurluşyk taslamalarynyň sanynyň yzygiderli artmagy we hökümetiň bu taslamalary ýerine ýetirmeklige hususy kärhanalary has-da giňişleýin çekip başlanlygy sebäpli, bu okuw has-da giň gyzyklanma döretdi. Bu okuwyň dowamynda Ýokary gözegçilik edarasynyň hünärmenleri geljekde amala aşyrylmagy mümkin bolan taslamalary ykdysady we durmuş taýdan seljermek ukyplaryny mundan beýläk hem artdyrdylar. Hünärmenler, şeýle hem, hususy sektor bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň görnüşleri we artykmaçlyklary barada öwrendiler.
EREC taslamasy amerikan halkynyň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) arkaly hödürleýän köpsanly ýardam beriş maksatnamalaryň biridir. 1993-nji ýyldan bäri amerikan halky ÝUSAID-iň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysady ösüşini, sosial ulgamyny we jemgyýetçilik başlangyçlary goldaýan maksatnamalar arkaly ABŞ-nyň 80 million dollaryndan gowrak möçberde ýardam berdi.




