jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň täzelikleri
 
  Wagtlaýyn işler ynanylan wekil Ilçihana hakynda Ilçihananyň iň täze habarlary Habarlaryň arhiwi

Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilen üçünji serhet geçelgesi açylýar

MMB No 260
2009-njy ýylyň 15-nji oktýabry

Ýaşyl lentanyň resmi ýagdaýda kesilmegi
Ýaşyl lentanyň resmi ýagdaýda kesilmegi
Fotogalereýa baryp görüň.
Türkmenabat, 2009-njy ýylyň 15-nji oktýabry
– Şu gün, ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Karran, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa degişli meselelerine jogapkär müdir Tom Huşek, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň kontr-admiraly Maýkl Franken hem-de Newada Milli Gwardiýasyna wekilçilik edýän polkownik Wroblewski tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ABŞ-nyň hökümet wekillerinden düzülen delegasiýa Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Farapda täze türkmen serhet geçelgesiniň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabatda ýygnandylar.  Iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen bu bina netijeli halkara söwdasyna ýol açar, we şol bir mahalda, neşe serişdeleriniň, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň, adamlaryň we kontrabandanyň bikanun dolanşygynyň öňüni almaga ýardam eder. 
   
Açylyş dabarasynda söz sözlände, ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Karran şeýle nygtady: "Şu serhet geçelgesi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň Türkmenistana sowgat eden üçinji serhet geçelgesidir.  Bu serhet geçelgeleri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň biziň ýurtlarymyzyň parahatçylygyna hem-de abadançylygyna howp salýan güýçlere garşy göreşde bilelikde işleşmek boýunça dowamly aladalaryny görkezýär."  Ilkinji "Altyn Asyr" serhet geçelgesi 2006-njy ýylda Eýran bilen serhetde we ikinji "Ymamnazar" serhet geçelgesi bolsa 2007-nji ýylda Owganystan bilen serhetde açyldy.

ABŞ-nyň hökümeti Farapdaky taslama üçin jemi ABŞ-nyň 6 milliondan gowrak dollary möçberinde pul serişdelerini sarp etdi.  Farapdaky serhet geçelgesi Türkmenistanyň bu serhet zolagyna girýänleri we çykýanlary barlagdan geçirmek mümkinçiligini düýpli ýokarlandyrmak üçin niýetlenen iň soňky tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandyr.  Bu mümkinçilik Türkmenistanyň Gümrük gullugyna, Döwlet serhet gullugyna, Döwlet migrasiýa gullugyna we ýene-de alty sany başga edara bilelikde Türkmenistany bikanun kontrabanda dolanşygyndan, neşelerden we köplenç ýagdaýda bikanun dolanşygy bilen bagly beýleki nogsanlyklardan has hem netijeli goramaklyga ýardam eder.  Serhet geçelgesiniň ýokary derejeli tehniki mümkinçilikleri Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serişdeleriň hem-de harytlaryň howpsuz, goragly akymyny ýokarlandyrar.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas