ÝUSAID 10-ýyllyk “ZdrawPlýus” saglyk taslamasynyň netijelerini gözden geçirýär
MMB No 259
2009-njy ýylyň 9-njy oktýabry
![]() |
| TSG we DSM we Halkara guramalar ÝUSAID-iń ZdravPlus taslamasynyń jemleýji ýygnanşygyna gatnaşýarlar. |
“Biz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine we beýleki hyzmatdaşlarymyza şu taslama boýunça bilelikde gazanan ähmiýetli netijelerimize çuňňur minnetdarlyk bildirýäris” diýip, ÝUSAID-iň Türkmenistandaky Direktory Äşli Moretz belläp geçdi.
![]() |
| ÝUSAID-iň taslama menejeri Ýelena Samarkina" ÝUSAID bilen TSG we DSM-niň geljekdäki hyzmatdaşlygynyň perspektiwalary" hakynda çykyş etdi. |
MAGLUMATLAR:
- ÝUSAID Bütindünýä saglygy goramak guramasynyň Çagalaryň ölüm sanyny azaltmaga we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen Çaga keselleýjiligini hasaba almagy toplumlaýyn dolandyrmak (IMCI) usuly boýunça 2,000 sany maşgala lukmanlaryna, şepagat uýalaryna, we keselhanalarda işleýän pediatrlaryna okuw taýýarlygyny geçirdi.
- 2006-njy ýylda taslama Çaga keselleýjiligini hasaba almagy toplumlaýyn dolandyrmak (IMCI) maksatnamasyny lukmançylyk mekdepleriniň okuw meýilnamasyna girizmäge kömek etdi. 400-den gowrak ýaş hünärmenler eýýäm IMCI maksatnamasy boýunça alan bilimlerini işde durmuşa geçirýärler we ondan başga-da köp talyplar okuwlarynda bu maksatnama bilen tanyş bolýarlar.
- ÝUSAID ene we çaga ölümini azaltmaga niýetlenen Türkmenistanyň Howpsuz Enelik milli maksatnamasyny ösdürmäge hem öz goşandyny goşdy. ÝUSAID 1,400 töweregi göbek ene-ginikologlary, neonatologlary, göbek eneleri, maşgala lukmanlary we şepagat uýalary üçin okuw taýýarlygyny geçdi. Taslama şeýle hem dogrumdan öňki we enelik saglygyny goramagyň hilini gowulandyrmagyň, şeýle hem saglyk bilen bagly maglumata we hyzmatlara elýeterlilik mümkinçiligini ýokarlandyrmagyň üstünde işledi.
- ZdrawPlýus taslamasy saglyk hasabatlylygy şeýle hem keselhanalarda maliýe dolandyryş maglumatlaryny işläp taýýarlamak we olary saklamak üçin Saglyk barada maglumat ulgamy meýilnamasyny girizmek boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen işleşdi. 130 türkmen hasabat işgärleri üçin şu maksatnamada işlemek boýunça okuw taýýarlygy geçirildi, bu bolsa keselhanalar baradaky maglumatlary hasaba almakda we olary derňemekde ministrlige ýardam etdi.
- ÝUSAID 1,200 türkmen saglyk hünärmenleri üçin laboratoriýalarda işlemek boýunça okuw taýýarlygyny geçirdi.
- Bäş ýaşyna ýetmedik çagalary bolan 65,000 sany aýal maşgalalar ÝUSAID-iň “Çagalary sagdyn saklamak” diýen çärelerine gatnaşdy. Bu çärelerde olar üçin çagalaryň saglygyna seretmegiň, iýmitlendirmegiň we çagalaryň arassaçylygynyň esaslary boýunça okuw taýýarlygy geçirildi, şeýle hem çaga nähili ýagdaýlarda tejribeli lukmanyň kömegine mätäç bolýandygy barada maglumatlar berildi.





