ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligiň maliýeleşdirmeginde jemgyýetçilik guramalary baradaky kanunçylyga bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky maslahat geçirildi
MMB No 258
2009-njy ýylyň 29-njy sentýabry
![]() |
| Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyń müdiri Ş.Ahmedowa, ÝUSAID-iń Türkmenistandaky wekilçiliginiń Direktory Äşli Moretz, Kommersiýa degişli däl hukuk boýunça halkara merkeziniň witse prezidenti N. Bourjaili jemgyýetçilik birleşikler barada kanunçylygy kämilleşdirmek diýen tegelek stol başyndaky maslahaty açýarlar |
“Tegelek stoluň” başynda bu maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek we ony halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça başlan düýpli özgertmeler ýolundaky nobatdaky ädimi boldy” diýip, Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň müdiri Şirin Ahmedowa belläp geçdi. “Hökümet ähli ugurlarda has uly üstünliklere ýetmekde öz tagallalaryny gönükdirip biler” diýip, Kommersiýa degişli däl hukuk boýunça halkara merkeziniň Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktory Elizabet Worner belläp geçdi.
![]() |
| Azerbeýjandaky Kommersiýa degişli däl hukuk boýunça halkara merkeziniň bilermeni Azerbeýjandaky jemgyýetçilik birleşiklere degişli kanunlar barada çykyş edýär. |
Kommersiýa degişli däl hukuk boýunça halkara merkezi ÝUSAID-iň Merkezi Aziýa sebitinde durmuş hyzmatlary we jemgyýetçilik guramalary işjeňleşdirmek we goldamak boýunça maksatnamalary 10 ýyldan gowrak wagtdan bäri amala aşyryp gelýär. Kommersiýa degişli däl hukuk boýunça halkara merkeziň düýbi ABŞ-da ýerleşip, dünýäniň 80 ýurdunda gyzyklanýan edaralar üçin hukuk gözlegleri amala aşyrýar, tehniki ýardamyny berýär we seljermeleri geçirip berýär. Kommersiýa degişli däl hukuk boýunça halkara merkeziniň maslahaty – Türkmenistanda amerikan halkynyň ÝUSAID arkaly goldamagy netijesinde amala aşyrylýan ençeme taslamalaryň biridir. 1993-nji ýyldan bäri amerikan halky ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi arkaly Türkmenistanda ykdysadyýeti, sosial-durmuş ulgamy we ýerli başlangyçlary ösdürmek boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmek üçin 80 million dollardan gowrak möçberde ýardam etdi.




