jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň täzelikleri
 
  Wagtlaýyn işler ynanylan wekil Ilçihana hakynda Ilçihananyň iň täze habarlary Habarlaryň arhiwi Maksatnamalar we çäreler

Ilçihananyň täzelikleri  

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Ruben Jefferi Türkmenistanda saparda bolup, ykdysadyýet hem-de energetika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär

MMB No 213
2008-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 21-i

Aşgabat, 2008-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 21-i. –  ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysadyýet, energetika we oba hojalyk meseleleri boýunça orunbasary Ruben Jefferi III Gurbansoltan aýynyň 20-21-nde ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady meseleleriň köp ugurlary boýunça giňişleýin hyzmatdaşlygy goldamak maksady bilen Türkmenistanda saparda bolýar.  Saparyň dowamynda Döwlet sekretarynyň orunbasary Jefferi Prezident Gurbanguly Berdymuhamedow hem-de Türkmenistanyň hökümetiniň beýleki wekilleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda ykdysadyýet hem-de energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary geçirýär.

Duşuşyklarynyň dowamynda, Döwlet sekretarynyň orunbasary Jefferi Prezident Berdymuhamedowyň bazar ykdysadyýetini berkitmäge gönükdirilen düýpli reformalary geçirmek üçin edýän aladalary barada makullyk bilen seslendi.  Jenap Jefferi "ykdysady reformalaryň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň uzak möhletleýin ösüşini goldamakda we döwletiň dünýä ykdysadyýetinde bäsdeşlige bolan ukyplylygyny ösdürmekde örän möhüm faktor bolar" diýip, aýratyn belläp geçdi. 

Ondan hem başga, jenap Jefferi Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmek üçin Türkmenistany köpsanly daşary ýurtlaryň hökümetleri hem-de iri halkara energetika kompaniýalary bilen ýakyndan işleşmegini dowam etdirmeklige çagyrdy, we bu maksatlara ýetmek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň goldawyny hem-de hyzmatdaşlygyny hödürledi.

Döwlet sekretarynyň orunbasary Jefferi ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň ykdysady meseleler boýunça ýokary wezipeli işgäridir.  Ol Döwlet sekretarynyň halkara ykdysadyýet syýasaty boýunça geňeşçisi bolup çykyş edýär, we Döwlet departamentiniň söwda, energetika we awiasiýa ýaly meselelerden başlap, ABŞ-nyň ykdysady hyzmatdaşlary bilen ikitarapalaýyn gatnaşyklary ýaly meselelere çenli degişli bolan işleri alyp barýar. 

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas