jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň täzelikleri
 
  Wagtlaýyn işler ynanylan wekil Ilçihana hakynda Ilçihananyň iň täze habarlary Habarlaryň arhiwi Maksatnamalar we çäreler

Ilçihananyň täzelikleri

Türkmenistanyň hökümete degişli bolmadyk guramalary baradaky kanunçylygyny ösdürmekde ABŞ-nyň edýän tagallalary

MMB No 212
2008-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 4-i

Aşgabat, 2008-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 4-i. –  Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara täjirçilik däl hukuk merkezi (HTHM), Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli instituty (DAHI) bilen bilelikde hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň ösüşini goldamaklyga gönükdirilen kanunçylykdaky halkara standartlar meseleleri boýunça Türkmen Hökümet wekilleri we öňdebaryjy jemgýyetçilik guramalary üçin iki günlük seminary geçirip tamamlady.  Seminara şu mesele boýunça halkara hukuk ekspertler, şeýle hem Hökümetiň we hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň esasy wekilleri gatnaşdy.

DAHI-yň direktory Şirin Ahmedowa seminary açyp çykyş edende şeýle diýdi: "Şu seminaryň geçirilmegi biziň üçin Türkmenistanyň kanunçylygyny halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen geçirilýän reformalar baradaky halkara hyzmatdaşlygynda örän möhüm ädim bolup durýar.  Jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki täjirçilik däl guramalarynyň baradaky kanunlaryň kämilleşdirilmegi Türkmenistanda demokratik prosesiniň öňe gitmegine we raýat jemgyýetiniň ösüşine ýardam eder."  

Bu Türkmenistanda şeýle görnüşdäki ilkinji seminardyr. Onyň esasy mowzugy möhüm sosial meseleleri bilen meşgullanýan hökümete degişli bolmadyk guramalaryň maliýeleşdirilmegini, hasaba alynmagyny we işlerini düzgünleşdirýän sebitdäki ýurtlarynyň kanunlary we iň öňdebaryjy tejribeleri bolup durdy.  Tutuş Ýewraziýa sebiti boýunça HTHM-niň hukuk ekspertleri 30 golaý hökümetiň wekilleri üçin seminary alyp bardylar, şolaryň içinde Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary, DAHI-yň wekilleri, Adalat ministrliginiň, Daşary ışler ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň we Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri. Kärdeşler arkalaşyklary birleşiginiň, Aýallar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Parahatçylyk fondunyň hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hem wekilleri seminara gatnaşdylar.

HTHM eýýäm 10 ýyl bäri Merkezi Aziýada sosial hyzmatlary we hökümete degişli bolmadyk guramalary berkitmek we goldamak üçin niýetlenen we ÝUSAID tarapyndan maliýeleşdirilýän programmalary ýerine ýetirip gelýär.  Bu gurama bilim, saglyk, ynsanperwer kömekleri, ýaşlar we sport, hem-de daşky gurşawy goraýyş ýaly jemgyýetçilik hyzmatlaryň ähli ugurlarynda işleýän hökümet wekilleri, mejlis agzalary, we halkara hem-de ýerli guramalary bilen işleşýär.  HTHM bütin dünýä boýunça 80 sany ýurtlarda ähli ugurlarda işleýän liderlere tehniki kömegi we analiz hyzmatlaryny üpjün edýän ABŞ-da esaslandyrylan hukuk barlag guramasydyr.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas