Ilçihananyň täzelikleri
ABŞ bilen Türkmenistanyň inçekesele garşy bilelikde edýän işleri Inçekesele garşy göreşmek bütindünýä gününde ara alynyp maslahatlaşylýar
MMB No 211
2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 24-i
![]() |
| Nowruz aýynyň 24-inde Inçekeseliň garşysyna geçirilen ylmy maslahata gatnaşanlaryň arasynda (çepden saga) Aşli Morets, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden Beggylyç Öwezgylyjow, ABŞ-nyň Wagtlaýyn işleri ynanylan wekili ilçi Hoagland we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Inçekeseliň öňüni alyş merkeziniň müdüri Babaguly Jumaýew |
Dabarada çykyş etmek bilen, Ilçi Hoaglend şeýle diýdi, “Men Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligini, şu ýerde ylmy maslahata gatnaşýan ähli lukmanlary we hünärmenleri bu elhenç kesele garşy alyp barýan ullakan işleriňiz bilen gutlamak isleýärin.”
Türkmenistanda bu möhüm iş Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän HOUP taslamasynyň, Inçekeseliň öňüni alyş milli merkeziniň, Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň inçekesel kafedrasynyň, Balkan welaýatynyň SPID merkeziniň, Bütindünýä saglyk goraýyş guramasynyň, “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň, Gyzyl Ýarym Aý milli jemgyýetiniň we ZdrawPlýus proýektynyň taraplaryndan bilelidke alynyp barylýar.
2000-2007-nji ýyllar aralygynda USAID tutuş dünýä boýunça inçekesele garşy göreşmek programmalary üçin 600 million ABŞ dollaryny sarp etdi. Şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň hökümeti SPID-e, inçekesele hem-de malýariýa garşy göreşmek Bütindünýä fonduny (GF) maliýeleşdirmegiň üsti bilen tutuş dünýä boýunça inçekeseliň üstünden gözegçiligi goldaýar. ABŞ-nyň hökümeti Bütindünýä fondynyň iň uly donorydyr. 2008-nji ýylyň dowamynda ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan GF-na göýberiljek serişdeleriň umumy möçberi 2,1 milliard ABŞ-nyň dollaryndan geçer. Bütindünýä fondy üçin goldawyň on ýedi göterimi inçekesel bilen bagly işlere niýetlenendir.



