jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň täzelikleri
 
  Wagtlaýyn işler ynanylan wekil Ilçihana hakynda Ilçihananyň iň täze habarlary Habarlaryň arhiwi Maksatnamalar we çäreler

Ilçihananyň täzelikleri  

ABŞ-nyň Söwda we ösüş boýunça agentligi (ABŞ-nyň SÖA) Türkmenistanda nebit we gaz pudagy boýunça okuwlary maliýeleşdirýär

MMB No 210
2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 10-y

Aşgabat, 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 10-y.  Türkmen Hökümetini deňizdäki uglewodorod gorlarynyň lisenzirlenmegini degerli dolandyrmaklyk üçin serişdeler bilen üpjün etmeklik Türkmenistanyň uglewodorod gorlaryny dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet gullugy üçin niýetlenen köp tapgyrly okuw programmasynyň üns merkezinde durýar.  ABŞ-nyň SÖA tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw nebit we gaz lisenzirlenmesini dolandyrmakda hem-de Önümi paýlamaklyk hakynda ylalaşyklary (ÖPY) baglaşýan wagtynda seredilmeli temalaryň giň gerimini öz içine alýar.  Okuwyň birinji tapgyry şu hepde Aşgabatda geçirildi.  Teýlor-DeJong kompaniýasy hem-de birnäçe başga hususy sektor hyzmatdaşlary Aşgabatda we tutuş Birleşen Ştatlarda geçirilýän üstünlikli okuw programmalaryna öz tehniki bilimlerini sarp edýärler.

ABŞ-nyň SÖA müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Leokadia Zak “ABŞ-nyň SÖA Türkmenistanyň Hökümetiniň nebit we gaz sektorynda güýçli potensialy gurmaklyga niýetlenen işlerini uly höwes bilen goldaýar,” diýip aýtdy.  “Bu okuw programmasy diňe bir Türkmenistanyň Hökümetine ÖPY-ry baglaşmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem ABŞ-nyň kompaniýalary üçin tehniki nukdaýanazardan çylşyrymly ýataklardan uglewodorod gorlaryny çykaryp almaklyk üçin biznes mümkinçiliklerini döretmäge ýardam eder.”

Türkmenistanyň Hökümeti nebit we gaz pudagynda okuw programmasy bilen ýardam etmeklik üçin geçen Ruhnama aýynda Türkmen döwlet işgärleri üçin ABŞ-nyň SÖA tarapyndan maliýeleşdirilen söwda wekilçiliginiň Amerika sapary döwründe resmi taýdan ABŞ-nyň SÖA ýüz tutdy.  Söwda wekilçiliginiň, şeýle hem häzirki şu okuw programmasynyň maksady Türkmenistanyň Hökümetine täze eksport ugurlaryny açmaklyk, täze nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin we bar bolan tehniki nukdaýnazardan çylşyrymly ýataklardan olaryň alynşyny köpeltmek we onuň uglewodorod gorlaryna gowy bahalar almaklyk üçin gerek bolan ýardamy üpjün etmekdir.

ABŞ-nyň Ýewraziýa boýunça Energetika diplomatiýasynyň utgaşdyryjysy, Ilçi Stiwen Mann, “ABŞ-nyň SÖA tarapyndan maliýeleşdirilýän nebit we gaz okuw programmasy ABŞ bilen Türkmenistanyň energetika pudagynda ýaýbaňlanyp barýan hyzmatdaşlygynyň möhüm mysalydyr,” diýip belledi.  “Türkmen Hökümetini Önümi paýlamaklyk hakynda ylalaşyklaryň üstünlikli berjaý edilmesi üçin olara zerur bolan maglumatlar bilen üpjün etmeklik bilen, biz Türkmenistanda nebit we gaz gözleglerine hem-de olary almaklyga maýa goýumlar üçin, we ahyrky netijesinde dünýä energetika howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin täze ýollary açýarys.”

ABŞ-nyň Söwda we ösüş boýunça agentligi ösüp barýan ýurtlarda we orta girdejili ýurtlarda ykdysady ösüşi hem-de ABŞ-nyň söwda bähbitlerini ýokarlandyrýar.  Agentlik özara peýda esasyndaky açyk söwda üçin häzirki zaman infrastrukturasynyň we gurşawynyň ösüşini goldaýan dürli hilli tehniki kömekleri, irki maýa goýum analizini, okuwlary, tanyşmak saparlary hem-de biznes seminarlaryny maliýeleşdirýär.  Kabul edýän ýurtlarda berk maýa goýum syýasatyny we çözgüt kabul edilşi goldamaklyk üçin ABŞ-nyň SÖA -nyň daşary ýurt kömek gaznalaryny strategiki peýdalanmaklygy söwda, maýa goýum we durnukly ykdysady ösüş üçin gerek bolan gurşawy döredýär.  Öz missiýasyny ýerine ýetirende ABŞ-nyň SÖA ABŞ harytlarynyň we hyzmatlarynyň eksportyndan peýda alyp biljek ykdysady sektorlaryna aýratyn ähmiýet berýär.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas