jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň täzelikleri
 
  Wagtlaýyn işler ynanylan wekil Ilçihana hakynda Ilçihananyň bölümleri Baýramçylyklar Iş mümkinçilikleri Ilçihananyň iň täze habarlary Maksatnamalar we çäreler

Ilçihana hakynda

Ilçihananyň bölümleri

Maglumat we medeniýet bölümi

Aşgabat şäherindäki ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ABŞ-nyň hökümetiniň maksatnamalary we alyp barýan syýasatlary barada maglumat almak üçin ýüz tutup bilersiňiz. Maglumat we medeniýet bölümi dürli maksatnamalary we hyzmatlary hödürleýär. Aşakda olaryň käbirleri gysgaça beýan edilýär:

  • Bilim we hünäri kämilleşdiriş ugrundan alyş-çalyş maksatnamalary: Edmand Maski maksatnamasy (Ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlar üçin); Ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň alyş-çalyş maksatnamasy (Talyplar üçin); Geljekki liderleriň alyş-çalyş maksatnamasy (FLEKS)(Orta mekdep ýokary klas okuwçylary üçin); ABŞ-Türkmenistanyň Mugallym ussatlygy baýragy (Iňlis dili we Amerikany öwreniş mugallymlary üçin); Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa (Dereje berilmeýän okuw we hünär boýunça maslahatlaşmalar maksatnamasy); Ýokary okuw jaýlarynyň ýaş mugallymlarynyň iş tejribesini artdyrmak maksatnamasy; Fulbraýt Maksatnamasy, Kohran maksatnamasy we beýlekiler.
  • Ýerli başlangyçlar boýunça grantlar maksatnamasy: guramalar üçin ýerli başlangyçlar esynda teklip edilen taslamalary ýerine ýetirmek uçin kiçi göwrümli grantlar
  • ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy gorap saklamak”atly halkara maksatnamasy
  • Maglumat serişdeleri merkezi (Aý-Ar-Si -- IRC): CD-ROM-lardan, Internetde ýerleşdirilen maglumat databazalaryndan we çap edilen maglumatlardan ybarat kitaphana bolup, ABŞ-nyň jemgyýeti, medeniýeti we iňlis dili boýunça maglumatlary tapyp bermäge ýardam berýär. MSM-iň hünärmeni size maglumatlary tapmaga kömek eder. Kitaphanadan peýdalanmak üçin öňünden jaň edip, soraglaryňyzy aýdyp bilersiňiz
  • Dürli mowzuklardan hünärmenleri çagyrmak maksatnamasy: Bu barada siz biziň her üç aýdan bir gezek çykýan gazetimizden we täzelikler sahypamyzdan okap bilersiňiz.
  • "Waşington Faýl", ABŞ-nyň syýasy we ykdysady hakynda
    resmi habarlary alyp bilersiňiz. Ýazylyp bilersiňiz
  • Okatmagyň usullaryna, raýatlyk bilimine we Internetden
    peýdalanmaga digişli okuwlara gatnaşyp bilersiňiz. Ýazylyp bilersiňiz
  • Alyş-çalyş maksatnamalarynyň gatnaşyjylary üçin her dürli çäreler.

Habarlaşmak üçin:

  • Maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy, Ändru Pol
  • Medeniýet we bilim bölüminiň ýolbaşçysy, Piter Galas
  • Medeni meseleler boýunça kömekçi, Maya Meredowa
  • Maglumat serişdeleri merkeziniň hünärmeni, Azat Myradow
  • Maglumat serişdeleri merkeziniň kömekçisi – Begençmyrat Boweliýew
  • Jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça kömekçi, Nafisa Ýuldaşewa
  • Metbugat boýunça ýardamçy, Meýlis Hümmedow
  • Bilim meseleleri boýunça kömekçi, Täzegül Gaýypowa
  • Grantlar maksatnamasy boýunça utgaşdyryjy, Serdar Akyýew
  • Uçurumlar bilen geçirilýän işleriň utgaşdyryjysy, Gunça Kömekowa

Salgysy:

ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Magtymguly köç. 141/1, 4-nji gat, Ak-Altyn Oteli,
Tel.: (993-12) 36 33 31; 36 13 65;
Faks: (993-12) 36 46 93
E-mail: irc-ashgabat@state.gov

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz

- Salgy -

Salgy: ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Magtymguly köç. 141/1, 4-nji gat, Ak-Altyn Oteli,
Tel.: (993-12) 36 33 31
Faks: (993-12) 36 46 93
E-mail: irc-ashgabat@state.gov




 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas