jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Amerikan wizasy
 
  Wiza hyzmatlary Immigrasiýa rugsat bermeýän wiza Wiza soragnamasy boýunça gözükdirme Talyp wizalarynyň görnüşleri (F, J, M) Üçünji ýurduň raýatlaryna degişli Wizanyň berilmezligi Immigrasiýa wizasy Immigrasia lotereýasy Konsul bilen habarlaşyň Wiza söhbetdeşlik wagtyňyzy belläň

Immigrasiýa rugsat bermeýän wiza

Immigrasiýa rugsat bermeýän wiza

Aşgabatda ýerleşýän Konsullyk bölümi ABŞ-a wagtlaýynça gitmekçi bolan adamlaryň immigrasiýa rugsat bermeýän wiza soragnamalaryna jogap berýändir.

Immigrasiýa rugsat bermeýän wiza ýüz tutmak üçin siziň getirmeli zatlaryňyz şulardan ybarat:

  • Möhleti dolmadyk pasport
  • Dogry doldurylan we gol çekilen soragnamanyň görnüşleri
  • Adam başyna bir surat, şol sanda ýaş çagalar üçin hem 
  • Siz şeýle hem özüňiziň Türkmenistanda bolan durmuş, maşgala, maliýe ýa-da ykdysady taýdan baglanşyklaryňyzy tassyklaýan resminamalaryňyzyň asyl nusgalaryny tabşyrmaly. Ol resminamalary görkezmegiňiz wiza almagyňyzy kepillendirmeýändigini berk belläň.

Immigrasiýa we raýatlyk aktynyň 214 (B) maddasyna laýyklykda (düzediş) immigrasiýa rugsat bermeýän wizasyna ýüz tutýan adamlar bu kanunyň çaklamasyna tersine, özüniň hemişelik galmajakdygyny ynandyrmaly. Konsuly ynandyrmak üçin wiza ýüz tutýanlar Türkmenistana berk baglydygyny görkezmelidir we ABŞ-dan gysga wagtdan yzyna gaýdyp geljegini kepillendirmeli.  Şeýle hem ABŞ-a gitmek niýetleriniň hakykydygyny Konsula subut etmelidir. Immigrasiýa rugsat bermeýän wizanyň berilmänligi hakynda goşmaça maglumaty şu ýerde tapyp bilersiňiz.

Wiza soragnamany tabşyrmazdan öň, wiza ýüz tutýan arzaçylaryň hemmesi özüniň şahsy ýagdaýlaryna seretmeli we wiza almak üçin olaryň haýsylarynyň berk baglanşyklaryny subut edýändigini öňünden pikirlenmeklik maslahat berilýär. Wiza ýüz tutýan arzaçylaryň hemmesi 214 (B) maddasynyň gümanlaryndan öz şahsy ýagdaýlaryna esaslanyp üstün çykmalydyr. Çakylyk haty we ABŞ-nyň raýatynyň maliýe kömegi arzaçynyň wiza almagyny kepillendirmeýär.

Soragnamany işläp çykarmak tölegi ABŞ-nyň 100 dollarydyr (2008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden soň ABŞ-nyň 131 dollary).  Bu pul yzyna gaýtarylmaýar. Wiza berien ýagdaýynda, wiza berilmek üçin goşmaça töleg talap edilip biliner. Bu arzaçynyň milletine, islendik wiza görnüşine we köpgezekligine baglydyr. Tölegleriň ähli görnüşi ABŞ-nyň dollarynda tölenilýär.

Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza görnüşleriň bahalary aşakdaky görkezilendir:

  • 1 aý üçin 1 gezeklik wiza: mugt
  • 3 aý üçin köp gezeklik wiza: ABŞ-nyň 50 dollary
  • 6 aý üçin köp gezeklik wiza:  ABŞ-nyň 170 dollary
  • 1 ýyl üçin köp gezeklik wiza: ABŞ-nyň 400 dollary

Ýokarda görkezilen bahalar soragnamany işläp çykarylmagy üçin tölenýän ABŞ-nyň 100 dollary (2008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden soň ABŞ-nyň 131 dollary) töleginden daşarydyr. Wiza ýüz tutýan arzaçylara bir gezeklik, bir aýlyk wiza berilýär. Eger-de siz wizanyň başga görnüşini almak isleýän bolsaňyz, soragnamaňyzy tabşyranyňyzda, bize habar etmeli. Wiza tölegleri arzaçynyň raýatlygyna baglydyr.

Türkmenistanyň raýatlary bolmadyk adamlar üçin wiza görnüşleriniň bahalaryny bilmek üçin Konsullyk bölümi bilen habaralaşmagyňyzy haýyş edýäris.

2004-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 5-inden başlap, ABŞ-nyň Ýurt howpsuzlyk departamenti ABŞ-a gelýän adamlar üçin US-VISIT maksatnamasyny girizdiler. Bu maksatnama hakynda goşmaça maglumaty şu salgydan tapyp bilersiňiz.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas