Maglumat serişdeleri
Maglumat serişdeleri merkezi (MSM)
Maglumat we medeniýet bölüminiň bir bölegi bolan Maglumat serişdeleri merkezi (MSM) çap we elektron görnüşindäki maglumat serişdelerinden peýdalanyp, maglumat gözlegini amala asyrýan we maslahat berýän merkezdir. Bu merkez häzirki zaman ABŞ-nyň içerki we daşarky syýasaty, ABŞ barada täzelikleri, Kongresiň kanunlary, söwda meseleleri, durmuş we medeniýete degişli maglumatlary tapyp almaga kömek etmäge ýöriteleşýär.
Ykjam disklerde ýerleşdirilen we Internetiň üsti bilen elýeterli bolan elektron görnüşindäki maglumatlardan daşary hem, MSM-de 1000-e golaý kitap we 28 sany žurnaldan ybarat okap peýdalanmak uçin magulmat ýygyndysy bardyr. MSM-iň Internetden peýdalanyp ylmy-barlag, maglumat gözleg etmek we hünär taýyndan kämilleşmek üçin 9 sany kompýuteri we iňlis dilini özbaşdak öwrenmek we testlere taýýarlanmak üçin taýýarlyk serişdeleri bardyr. MSM Internet çät ulgamy arkaly ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara maglumatlar edarasy tarapyndan ABŞ-nyň görnükli alymlary we hünärmenleri bilen yzygiderli söhbetdeşliklere gatnaşmak üçin ýardam berýär. MSM çeper we dokumental filmleriň görkezilişini gurnaýar, hem-de Internetden peýdalanmak boýunça okuwlary geçirýär we her dürli temalardan Interent serişdeleri bilen tanyşdyrmalary gurnaýar.
Aşgabatdaky MSM Internet ulgamynda ýerleşýän Leksis-Neksis, StatUSA, Liderşip Direktories, Faktiwa we beýleki interaktiw tölegli maglumat toplumyndan mugt peýdalanmaga mümkinçilik döredýär. Leksis ABŞ-nyň federal we ştatlar boýunça kanunlaryny, ähli 50 ştatyň yzygiderli täzelinip durýan kanunçylyk resminamalaryny hem-de federal we ştatlar boýunça düzgünnamalaryny öz içine alýar. Neksis sebitleýin, milli, halkara gazetleri, radiolary, žurnallary, söwda žurnallaryny we biznes nesirlerini öz içine alýan 13500 esasy täzelikler we biznes habarlar gullugydyr. Faktiwa Internetde ýerlesmek bilen, täzelikleri tapmaga we yzygiderli tanyşmaga niýetlenendir we ol 8000-e golaý çeşmeden we 9000-e golaý websaýtlardan ýygnalýar. Ol Wol Strit Jornal, Los Anjeles Taims, Nyu Ýork Taýmz ýaly gazetleri we 54 sany esasy gazetleriň biznes bölümni öz içine alýar. Ol şeýle-de 265 sany sebitara gazetleriň we 175 sany halkara gazýetleriniň doly tekstleri bilen üpjün edýär.
MSM-de işleýän hünärmen gysga wagtyň içinde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara maglumatlar edarasy tarapyndan we ABŞ-nyň ylmy ojaklarynyň maglumatlaryny gözlemäge we tapmaga, hem-de çap we elektron görnüşindäki serişdeleri ulanmaga kömek edýär. Soraglaryňyzy telefon, elektron poçta, faks arkaly iberip ýa-da gelip aýdyp bilersiňiz. Toparlaryň isleg bildirişine görä, MSM-iň maglumat serişdeleri we hyzmatlary barada gürrüňdeşliker, seýle-de Interneti öwrenmek seminarlary gurnalýär. Habarlaşmak üçin, MSM-iň hünärmeni Azat Myradowa ýokardaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
Maglumat we elektron poçta arkaly ýazylyş
- “Waşington Faýl” gündelik habarlar toplumy: Elektron poçta arkaly. Bu hyzmat arkaly ABŞ-nyň döwlet ýolbaşçylarynyň we guramalarynyň çykyşlary, pres relizleri, gündelik brifingleri we beýlekiler bilen tanyşyp bilersiňiz; Amerikanyň mdeniýetine, ykdysadyýetine we jemgyýetine degişli makalalar
- Resmi maglumatlaryň hepdelik toplumy: Bu hyzmat arkaly wajyp meselelere degişli üç-dört sany makalany elektron ýa-da çap görnüşinde alyp bilersiňiz.
- Makalalar hakynda habarlar: Bu habarlar toplumy her dürli temalardan wajyp makalalar hakda habar berýär.
- Neşirler: MSM ABŞ hakynda kitaplary we ykjam diskleri hödürleýär.
- Wajyp meseleler: Döwrüň wajyp meseleri boýunça makalalar
Maglumat almak
- Maglumat serişdelerini tapmak boýunça
- Size gerek maglumaty tapyp bermek
- Kitaplar we ykjam diskleri ulanmak
Seminarlar
- Internetden maglumat almagyň usullary
- Internetde gözlemegiň usullary
- Web-sahypalary döretmegiň başarnyklary
- Sizi gyzyklandyrỳan temalar boỳunça tanyşdyrmalar



