Immigrasiýa rugsat bermeýän wiza
Amerika gitmek üçin wiza ýüz tutýanlara maglumat
Wiza soragnamasy barada
2006 ýylyň Sanjar aýynyň 1-inden başlap, wiza üçin ýüz tutýanlar DS-156 Wiza soragnamasynyň elekron görnüşini (WSEG) internet arkaly HTTP://EVISAFORMS.STATE.GOV/ salgysynda doldurmaly. DS-157 (ýükläp bilersiňiz) we DS-158 (ýükläp bilersiňiz) goşmaça wiza soragnamalaryny Ilçihananyň internetdäki sahypasynda http://turkmenistan.usembassy.gov/ tapyp bilersiňiz. Bu soragnamalaryň gözükdürmesini Amerikanyň Ilçihanasynyň esasy girelgesinde howpsuzlyk işgärlerinden alyp bilersiňiz. Konsullyk bölümine ýüz tutmazdan öň, berlen soraglaryň hemmesini üns berip okap olara jogap bermeli. Eger-de sorag size degişli däl bolsa, jogabyň ýerine size degişli däl diýip ýazmaly. Wiza ýüz tutýan arzaçylar wiza söhbetdeşligine öňünden ýazylyp wagt bellemelidirler. Wagty consularashgab@state.gov salgysyna hat ýollap ýa-da (993 12) 350049 belgisine her iş güni sagat 16:00-17:00 aralygy jaň edip ýazylyp bilersiňiz. Wagt bellemek üçin sizden passport belgiňizi, adyňyzy, familiýaňyzy, doglan senäňizi soralar. Wiza barada konsultaziýa almak üçin hepdäniň Baş we Anna günleri sagat 10:00 – 12:00 çenli Konsulluk gullugyň 350049 maglumat belgisine jaň edip bilersiňiz.
Talap edilýän surat barada
Wiza soragnamasyny 5x5 sm. ölçegli bir surat bilen bilelikde tabşyrylmalydyr. Surat soňky alty aýyň içinde düşürilen bolmaly. Suratyň düşegi tekiz we ak reňkde bolmalydyr, we adamyň ýüzi suratyň 50%-ni tutmalydyr. Adamyň dini däbi bilen baglanşykly kellä geýilýän telpekli ýa-da ýalykly düşürilen surat diňe adamyň ýüzi we gulaklary doly görünen ýagdaýynda kabul edilýär. Günden goraýan äýnekli surat we din bilen baglanşykly bolmadyk kellä geýilýän telpekli ýa-da ýalykly düşürilen surat kabul edilmeýär. Tabşyrylýan surat ýokarky şertlere gabat gelmese, siziň resminamaňyz kabul edilmez.
Talyplar we alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşyjylar üçin maglumat
Talyplar we alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşyjylar goşmaça resminama getirmelidir. Internet arkaly doldurlan wiza soragnamalaryndan daşary (WSEG), möhleti gutarmadyk I-20 formany, alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşyjylar bolsa DS-2019 formany wiza üçin ýüz tutmazdan öň almaly. Konsullyk Bölümi ýokarda agzalan formalary bermeýär, formalary talyplara olaryň okajak okuw jaýy tarapyndan ýa-da alyş-çalyş maksatnamany alyp barýan guramasy tarapyndan iberilýar. Şeýle hem Konsullyk Bölümi 100 amerikan dollar SEVIS tölegini kabul edip bilmeýär. Bu tölegi wiza ýüz tutmazdan öň tabşyrmaly. Talyplar we alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşyjylar ABŞ-da göz öňüne tutulmadyk çykdaýjylaryň ýüze çykan ýagdaýynda, maliýe çeşmesiniň bardygyny subut edýän resminamalary görkezmäge taýýar bolmalydyr. 18 ýaşa ýetmedik talyplar söhbetdeşlige enesi ýa-da atasy bilen gelmelidir. Talyp wizasyny alanlar, okuw başlanmazdan diňe 30 gün öň ABŞ-a girmäge rugsat berilýär.
Soragnamalaryň kabul edilşi we söhbetdeşligiň geçirilişi barada
Wiza üçin ýüz tutýanlar her hepdäniň wiza meseleler boýunça kabul edilýan günleri, irden sagat bellen wagtynda gelip bilerler. Ilçihana milli we amerikan baýramçylyk günlerinden başga, Ýaş güni, Hoş guni we Sogap güni wiza soragnamalary boýunça kabul edýär. Ilçihananyň Howpsuzlyk işgärlleri tarapyndan barlaga taýar bolmagyňyzy maslahat berýäris. Söhbetdeşlikden öň size 131.00 Amerikan dollary möçberde töleg geçirmegiňizi haýyş ederler (bu töleg wiza berilmedik ýagdaýynda yzyna gaýtarylmaýar). Söhbetdeşlik wagtynda wiza ýüz tutýan adam, Türkmenistanda bolan ykdysady, ýa-da maşgala taýdan baglanşyklarynyň güýçlidigini we olaryň kanun boýunça wiza almaklyga talaba laýyk gelýändigini subut etmeli.
Aşakda görkezilen resminamalary getirmegiňizi haýyş edýäris:
- Möhleti gutarmadyk pasport; (pasportyňyzy soňky bir ýylyň içinde çalyşan bolsaňyz, mümkin bolsa köne pasportyňyzyň nusgasyny getirmeli)
- Doldurylan we gol çekilen soragnama formalary: DS-156, DS-157, DS-158, talyplar üçin möhleti gutarmadyk I-20 formasy we SEVIS tölegi hakynda tassyklamasy
- Her wiza ýüz tutýan adama bir surat, çagalar hem şol sana GIRÝÄR
- Türkmenistandaky hemme ýagdaýyňyz hakynda hakyky resminamalar. Bu resminamalary görkezmegiňiz wiza almagyňyzy kepillendirip BILMEÝÄR. Her soragnama aýratyn seredilýär. Çakylyk haty wiza ýüz tutmak üçin esasy resminama bolup bilmeýändigini nazarda tutuň. Bu çakylyk hatlara siziň Türkmenistana bolan başga baglanşyklary subut edýän resminamalaryň esasynda serediler.
Wizanyň möhleti we ABŞ-da bolmagyň möhleti
ABŞ-nyň düzgünlerine laýyklykda, wizada görkezilen möhlet wizanyň eýesine ABŞ-nyň çäklerine girmek üçin berlen wagty aňladýar. Ýurtda bolmagyň möhleti bolsa ABŞ-nyň serhetinden geçeniňizde Immigrasiýa Gullugynyň işgäri tarapyndan wizanyň görnüşine görä bellenilýär.
ABŞ-nyň Immigrasiýa hakynda kanuny
Immigrasiýa we raýatlyk aktynyň 214 (B) maddasyna laýyklykda (düzediş) immigrasiýa rugsat bermeýän wizasyna ýüz tutýan adamlar bu kanunyň çaklamasyna ters gelip, özüniň hemişelik galmajakdygyny ynandyrmaly. Konsuly ynandyrmak üçin wiza ýüz tutýanlar Türkmenistana bolan berk baglydygyny görkezmelidir we ABŞ-dan gysga wagtyň içinde yzyna gaýdyp geljegini kepillendirmeli. Şeýle hem ABŞ-a gitmek niýetleriniň hakykydygyny Konsula subut etmelidir.



