jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
ABŞ-nyň syýasatlary we meseleleri
 
  Waşingtondan täzelikler Gyzyklandyrýan temalar Esasy hasabatlar Goşmaça sepler

Esasy hasabatlar 

2008-nji ýylda dünýäde ynsan hukuklarynyň berjaý edilişi barada ýurtlar boýunça hasabat

Türkmenistan

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet býurosy tarapyndan ýaýradyldy.

Konstitusiýasy takmynan bäş million ilaty bolan bu ýurdy prezident tarapyndan dolandyrylýan dünýewi we demokratik diýip, yglan edýän-de bolsa, ol 2006-njy ýylyň dekabr aýynda dünýäden ötýänçä, hökmürowanlyk süren ömürlik prezident Saparmyrat Nyýazowyň golastynda bolan awtoritar döwletdir. Halk Maslahaty 2007-nji ýylyň fewral aýynda geçen prezident saýlawlaryna gatnaşmaklary üçin, alty dalaşgär saýlady; olaryň ählisi-de ýurtdaky ýeke-täk syýasy partiýa bolan Demokratik partiýanyň agzalarydy. Halkara standartlaryna laýyk gelmeýän bu saýlawda Gurbanguly Berdimuhammedow üstün çykdy. Dekabryň 14-ünde geçirilen Mejlis saýlawlary-da halkara standartlaryna laýyk gelmeýärdi. Raýatlyk häkimiýetler umuman howpsuzlyk güýçlerine berk gözegçiligi elde saklaýardylar.

Uly bolmadyk käbir özgerişlikler bolanam bolsa, hökümet tarapyndan düýpli düzgün bozmalaryň amala aşyrylmagy dowam edýärdi. Şol sebäpli-de bu ýurtda ynsan hukuklary diýseň gözgyny ýagdaýdady. Häkimiýetler syýasy we raýatlyk azatlyklaryny berk çäklendirmeklerini dowam etdirýärdiler. Ynsan hukuklarynyň problemalary aşakdakylardan ybaratdy: raýatlaryň öz hökümetlerini çalşyryp bilmezlikleri; tutulanlara ýaramaz çemeleşilmegi we ejir berilmegi; olaryň üzňelikde we wagtyndan artyk saklanmagy; bikanun tutmak we tussag etmek; öý tussaglygy; bolmalysy ýaly  hukuk iş ýörediş we adyl suduň inkär edilmegi; bikanun raýatlaryň şahsy durmuşyna goşulyşmak, hatlaryny okamak, şeýle hem öýlerine girmek; söz, metbugat, ýygnanyşmak we birleşmek hukugynyň çäklendirilmegi; din azatlygynyň çäklendirilmegi, şol sanda käbir azlyk dini toparlaryň agzalaryna yzygiderli azar berilmegi; käbir raýatlar üçin ondan oňa gitmegiň (hereket etmegiň) çäklendirilmegi; aýallara garşy zorluk ulanylmagy we işçileriň erkin birleşmeginiň çäklendirilmegi. Hökümet tarapyndan kanunyň bozulandygy barada az sanly resminama saklanyp galypdyr.

Hökümet Konstitusiýany we saýlawlar baradaky kanuny täzeden işledi. Ynsan hukuklary babatynda beýleki käbir öňe gidişlikler şulardan ybaratdyr: üç ýylyñ içinde döwlete degişli bolmadyk ilkinji jemgyýetçilik guramasynyň bellige alynmagy; ýokary okuw programmalarynyñ  we aspirantura derejesindäki okuw programmalarynyň öňki ýagdaýa getirilmegi; şeýle hem Prezident Nyýazowyň “Ruhnama” kitabynyň bilim sistemasynda we jemgyýetde barha az agzalmagy.

Ynsan hukuklaryna hormat goýluşy

Birinji bölüm. Adamyň eldegrilmesizligi, şol sanda aşakdakylardan azatlygy:

a. Esassyz ýa bikanun jandan mahrum etmek

Ýylyň dowamynda döwletiň ýa onuň işgärleriniň syýasy sebäplere görä kimdir birini öldürendikleri barada ygtybarly habar gelip gowuşmady. 2007-nji ýylda bolsa polisiýada saklanýan wagty şübheli ýagdaýlarda ýogalan adamlar barada birnäçe habar gelip gowşupdy.

2007-nji ýylda Mary welaýat polisiýasy tarapyndan serhoş hasaplanyp tutulan we onuň wagtlaýyn gabawhanasynda ýogalan bir adamyň maşgala agzasynyň aýtmagyna görä, onuň bedeninde fiziki zorlugyň yzlary bar eken. 2007-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäher polisiýasynyň wagtlaýyn gabawhanasynda günä geçişlik hakdaky karara garaşyp ýören bir adam ölüpdir. Oňa ýaramaz çemeleşilendigi barada hiç hili subutnama bolmasa-da, aýalynyň aýtmagyna görä, kazyýet onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny bilse-de, oňa lukmançylyk kömegini bermekden ýüz öwrüpdir.

Ynsan hukuklarynyň goragçylarynyň habar bermegine görä, 2006-njy ýylda öňki Prezident Nyýazowyň ölüminiň yzysüre türme goragçylary (garawullary) Owadan depede tussaglaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin, harby güýç ulanypdyrlar we 23 sany tussagy öldüripdirler.

2006-njy ýylda žurnalist Ogulsapar Myradowanyň tussaglykdaky șübhelenirýän ölümini derňemek babatynda hiç hili öňe gidişlik bolmady. Halkara jemgyýetçiligiň talap etmegine garamazdan, hökümet Myradowanyň ölüminiň sebäplerini aýdyňlaşdyrmak babatynda hiç hili açyk derňew geçirmedi.

b. Ýitirim edilmek

Syýasy sebäplere görä kimdir biriniň ýitirim edilendigi barada hiç hili habar gelip gowuşmady.

ç. Ejir bermek we zabun, adamkärçiliksiz ýa masgaralaýjy çemeleşmek ýa jezalandyrmak

Konstitusiýa we kanun bular ýaly zady gadagan edýär; eýsem-de bolsa, howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri günäni boýun aldyrjak bolup, tutulanlara ejir beripdirler, yzygiderli ýenjipdirler, şeýle hem jenaýat edenlikde şübhelenilýänlere we tussaglara, şonuň ýaly-da hökümeti tankyt edýänlere garşy zorluk ulanypdyrlar. 2002-nji ýylda öňki prezident Nyýazowyň awtokerwenine hüjüm etmekde günälenip tutulan adamlara ejir berilýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýardy; elbetde, Nyýazowyň ölüminden soň bu ejir bermeleriň bes edilendigi barada-da bir habar gelip gowuşdy.

Ynsan Hukuklary boýunça Ýewropa Kazyýetiniň oktýabr aýynda çykaran çözgüdinde: “Gabawhanada saklanýan islendik şübhelenilýäniň ejir berilmek, adamkärçiliksiz çemeleşilmek ýa masgaralaýjy çemeleşilmek ýaly ýagdaýlary başdan geçirmek tőwekgeligi çynlakaý”. YHÝK şeýle hem bu ýurtda ejir bermegiň öňüni alyp biljek  effektiw sistemanyň ýokdugyny habar berdi.

2006-njy ýylda tutulan wagtynda günälerini boýunlaryna goýmak üçin, hökümetiň Ogulsapar Myradowa, Annagurban Amangylyjewe we Sapardurdy Hajyýewe  ejir berlendigini Türkmenistan-Helsinki Fondy tassyklady. Olaryň üçüsi-de soň türme tussaglygyna höküm edildi. Myradowa 2006-njy ýylyň sentýabrynda türmede öldi; Amangylyjew we Hajyýew ýylyň ahyrynda türmedediler.

Häkimiýetler jeza hökmüne adamlary psihiki keselhanada saklamaklaryny dowam etdirýärdiler. Iýun aýynyň 22-sinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri “Azat Ýewropa” / “Azatlyk” radiosynyň habarçysy Bäherdende ýașaýan Sazak Durdymyradowyň öýüne gelip, ony tutup alyp gidipdirler, soň bolsa Lebap welaýatyndaky psihiatrik keselahana geçiripdirler. Birnäçe hepdeden soň halkara jemgyýetçiliginiñ täsiri bilen häkimiýetler ony boşadypdyrlar. Durdymyradow iýul aýynda boşadylanda, “Forum 18” guramasynyň wekillerine 2006-njy ýylda tussag edilen takwa musulman Nurmämmet Agaýewiň-de şol keselhanada tussag astynda saklanýandygyny aýdypdyr.

2007-nji ýylyň iýul aýynda polisiýa harby gulluga gitmekden boýun towlaýan bir Ýegowa şaýadyny tussag edip, psihiatrik keselhanada saklapdyr. Halkara guramalar we diplomatik wekilhanalar bu iş bilen gyzyklanyp başlandan soň häkimiýetler ony dört hepdeden boşadypdyrlar.

Ýylyň dowamynda ýaş esgerleriň masgaralanmagy barada ýörite maglumat gelip gowuşmadyk-da bolsa, “Memorial Human Rights Center” we “Uruş we parahatçylyk habarlary instituty” guramalarynyň habar bermegine görä, goşun gullugyna täze gelenlere masgaralaýjy çemeleşilmegi ýylyň dowamynda çözülmedik meseleligine galmak bilen şertleri has agyr bolan bölümlerden esgerleriň gaçmagyna alyp barýardy. “Uruş we parahatçylyk habarlary institutynyň” 2006-njy ýyl üçin hasabatynda görkezişine görä, Goranmak ministrligindäki we harby komissarlyklardaky parahorlyk, tire-taýpa we milletara dawasy, şeýle hem esgerleriň hukuklarynyň inkär edilmegi öz esger ýoldaşlarynyň amala aşyran zabun çemeleşmeleri netijesinde ýüze çykýan ölüm sanynyň artmagyna alyp barýardy. Regulýar harby bölümleriň ekerançylyk meýdanlarynda, keselhanalarda, kärhanalarda we gurluşykda mugt işçi güýji hökmünde ulanylmagy dowam edýärdi.

Türme we gabawhanalaryň şertleri    

Türmeleriň ýagdaýy gözgynydy; olar hapa (antisanitar), hyryn-dykyn doly, saglyk üçin howplydy. Dürli keseller, aýratyn-da inçekesel möwç urýardy. Tussaglaryň boşap jemgyýete goýberilmezinden öň hökümetiň olarda inçekeseliň bardygyny-ýokdugyny barlaman we ýeterlik bejergi geçirmän goýberýändigi sebäpli, aladalar ýüze çykýardy. Eýsem-de bolsa, habar berişlerine görä, hökümet tussaglary wagtal-wagtal medisina barlagyndan geçirýän eken we inçekeseli bolan tussaglary bejermek üçin Içeri işler ministrliginiň Mary welaýatynda ýerleşýän şypahanasyna ýerleşdirýän eken. Iýmit ýagdaýy gözgyny haldady, onuñ ýeterlik bolmanlygy  üçin, tussaglar garyndaşlarynyň getirýän azyk-owkadyna mätäçdiler. Kähalatlarda türme işgärleriniň getirilen zatlary-da tussaglara bermän, ellerinden alýan wagtlarynyň bolýandygy barada-da habarlar gelip gowuşýardy.

Watana dönüklik edeni üçin tussag edilenler garyndaşlaryndan kömek alyp bilmeýän-de bolsalar, 2002-nji ýyldaky hüjüme gatnaşanlykda aýyplanyp, tussag edilenleriň yzyndan ilkinji gezek iýmek-içmek geçirilendigi barada bir habar 2007-nji ýylda gelip gowuşdy.

2007-nji ýylda maşgala agzalary we döwlete degişli bolmadyk halkara guramalar hyryn-dykynlyk, bejerilmedik kesel, şeýle hem tomsuň jowzasyndan goragyň ýoklugyndan birnäçe tussagyň ýogalandygyny tassyklaýardylar.

Owadan depe türmesiniň şertlerine belet çeşmeler öňki ýokary wezipeli adamlara lukmançylyk kömeginiň berilmeýändigini, günälerini boýun aldyrmak üçin urulýandyklaryny we paýyş sözlere sezewar bolýandyklaryny habar berdiler.

Fewral aýynyň 21-inde häkimiýetler 2004-nji ýylda döwlet emlägini ogurlamakda günäläp, Türkmenbaşy şäherinde kompýuter bilermeni Waleri Paly tussag etdiler. Maý aýynyň 14-ünde onuň işlän ýerinde, ýagny Nebiti gaýtadan işleýän kärhanada bolan ýapyk sudda häkimiýetler ony 12 ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler. Onuň maşgala agzalarynyň aýtmagyna görä, ol Maryda saklanýardy we çynlakaý keseli zerarly iýul aýyna çenli şol ýerde bolupdyr. Dekabr aýynyň 5-inde Bitaraplyk güni mynasybetly Prezident 400 adamy azatlyga goýbermek barada karar çykardy; Pal hem şolaryň biri boldy.

Ýurtda tussaghanalaryň üç görnüşi bar: okuw-zähmet koloniýalary, zähmet-düzediş koloniýalary we türmeler. Tussaglaryň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, zähmet-düzediş koloniýalarynda tussaglary wagtyndan artyk izolýasiýada saklaýarlar. Tussaglaryň Daşoguz welaýatynyň golaýyndaky Gyzylgaýa diýlen ýerde kaolin känlerinde howply we saglyga zyýanly şertlerde işledilýändigi barada maglumat gelip gowuşdy.

Häkimiýetler 2002-nji ýyldaky hüjüme dahyly bolan tussaglary Owadan depe türmesinde aýratyn saklaýardylar. Hökümet işgärleri maşgala agzalarynyň we diplomatlaryň syýasy tussaglaryň saklanýan ýeri hem şertleri baradaky talapnamalaryna jogap bermekden boýun towlaýardylar. Hökümet işgärleri, şeýle hem, 2002-nji ýyldaky hüjüme dahyllylykda tutulanlaryň we tussaglaryň maşgala agzalaryna, daşary ýurtly diplomatlara ýa halkara gözegçilere, şol sanda Halkara Gyzyl Haç guramasyna hem tussaglary görmäge rugsat bermediler. Häkimiýetleriň käbir türmelere baryp, tussaglary görmek babatyndaky kabul edip bolmajak çaklendirmeleri netijesinde HGHG-sy ýylyň dowamynda ýekeje tussagy-da görüp bilmedi. Maşgala agzalarynyň aýtmagyna görä, hökümet syýasy tussaglary Türkmenbaşy we Mary şäherleriniň golaýyndaky ýerlerde saklaýar .

d. Bikanun tutma ýa tussag etme       

Kanun bikanun tutmagy we tussag etmegi gadagan edýär; eýsem-de bolsa, bularyň ikisi-de çynlakaý problemalygyna galýardy.

Polisiýanyň we howpsuzlyk edaralarynyň roly 

Milli howpsuzlyk babatynda Milli howpsuzlyk ministrligi bilen ysnyşykly işleşýän Jenaýat agtaryş polisiýasy Içeri işler ministrligine degişlidir. MHM-i beýleki ministrliklere işgär alnyşyna we olaryň işden çykarylyşyna gözegçilik edýär, şonuň ýaly-da Prezidentiň permanlarynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýar. MHM-de, jenaýat agtaryş polisiýasy-da hiç hili garaw görmän (jogapkärçilik duýman), iş alyp barýardy. Howpsuzlyk güýçlerinde parahorluk bardy.

2007-nji ýylyň fewral aýynda Prezident Berdimuhammedow Ýokary Kazyýetiň başlygy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk goraýjy edaralaryň işiniň meseleleri boýunça raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky döwlet toparyny döretdi. Eýsem-de bolsa, komissiýa döredilen gününden bäri, onuň düzgün bozmalar baradaky ýekeje şikaýata garap, kanun goraýjy edaralary günäli tapan ýekeje işi-de bize mälim däl. 2007-nji ýylda komissiýa diňe üç işi derňedi, munuň netijesinde Ýokary Kazyýet bu işlere täzeden garap, tussaglyk möhletini azaltdy. 2007-nji ýylyň iýul aýynda Prezident Komissiýa gelýän arz-şikaýatlara adyl garalmaýandygynda aýyplap, Ýokary Kazyýetiň başlygyny köpçülikleýin masgara edip, wezipesinden boşatdy, soň bolsa tussag etdirdi. 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda habar berişlerine görä, Prezident, göýä, parahorlygyň we düzgün bozmalaryň iki esse artandygy sebäpli, Içeri işler ministrini wezipesinden boşatdy.

Tutmak we Tussag etmek

Adamy tutmak üçin hiç hili order gerek däldi. Tussag etmek barada order bermek hukugyna bolsa Ministrler Kabinetiniň başlygy, ýagny Prezidentiň hut özi eýedi.

Ýurtda kepil geçmek düzgüni ýokdy. Kanun boýunça tutulanlar aýyplawnama yglan edilenden soň, derhal aklawça ýüz tutup bilýärler, şeýle hem aklawçyny özleri saýlap bilýärler. Eýsem-de bolsa, olar derhal we kadaly ýagdaýda aklawçy tutunmak hukugyndan mahrumdylar. Käbir ýagdaýlarda hökümet işgärleri işine kazyýetde garalýanlara bildirilen günäni ýa işiň jikme-jigini üýtgedenden soň, aklawçy öz müşderisini goramakdan boýun towlaýardy. Häkimiýetler ýylyň dowamynda käbir tussaglaryň ýanyna maşgala agzalarynyň barmagyna rugsat bermediler. Käbir ýagdaýlarda maşgala agzalary tussag edilen garyndaşlarynyň nirede saklanýandyklaryny-da bilmeýärdiler. Tussaglaryň üzňe saklanmagy-da çözülmedik meseleigine galýardy. Häkimiýetleriň islendik adamy hiç hili ordersiz 72 sagatlap saklamaga haklary bardy. Emma kanun boýunça tutulan adamy ondan köp saklamak üçin, 10 günüň dowamynda oňa garşy resmi aýyplama bildirmelidi. Eýsem-de bolsa, häkimiýetler iş ýüzünde bu düzgüne kän bir eýerip baranokdylar.

Kanun hökümetiň garşysyna aýdylan her bir sözi ýa işi watan dönükligi hökmünde häsiýetlendirýär. Watana dönüklikde günälenenler ömürlik türme tussaglygyna höküm edilip, günägeçişlikdir möhletiň azaldylmagy ýaly çäreler olara degişli däldi. Eýsem-de bolsa, kimdir biriniň watan dönükliginde aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilendigi barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady. Hökümet özüniňkä garşy ýa üýtgeşik pikiri beýan edenleri ykdysady ýa jenaýatda günäläp, tussag etdirýärdi.

Kanun boýunça raýaty kazyýet mejlisinden öň iki aýdan artyk saklamak bolmaýar, emma käbir zerury ýagdaýlarda bu möhlet bir ýyla çenli uzaldylyp bilinýär. Iş ýüzünde raýatlar kazyýet mejlisinden öň ortaça iki-üç aý tussaglykda saklanýardylar; häkimiýetler tutulanlary hemişe kanunyň rugsat edýän möhletinden kän saklaýardylar. Çuňňur kök uran parahorluk, şeýle hem ägirt uly bürokratik işler kazyýet mejlisiniň yza çekdirilmegine öz goşandyny goşýardy.

Hökümet agalyk edýän düzgüne garşy çykýan raýatlary göz astynda saklamak üçin, kanun boýunça hökmany bolan çäreleri (işleri) geçirmezden, öý tussaglygyny ulanýardy. Ýylyň ahyrynda öňden öý tussaglygynda saklanýan adamlaryň, şol sanda döwlete degişli bolmadyk guramalaryň ýolbaşçylarynyň, 2002-nji ýyldaky hüjüme dahyly bolanlykda şübhelenilýänleriň garyndaşlarynyň we 2003-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen duşuşmak islän 100 adamyň käbiriniň ýagdaýy näbelliligine galýardy.

Günägeçişlik

Fewral aýynyň 19-ynda hökümet Baýdak baýramy mynasybetli 1269, maý aýynyň 9-ynda Ýeňiş güni mynasybetli 908 tussagyň günäsini geçip, azatlyga goýberdi. Sentýabr aýynyň 27-sinde Prezident Gadyr gijesi mynasybetli 1670, dekabr aýynyň 5-inde Bitaraplyk güni mynasybetli 400 tussagy azatlyga çykardy. Halkara guramalaryň alada bildirýän tussaglaryndan ýa 2002-nji ýyldaky hüjüme gatnaşanlardan ýekeje adamyň-da günäsi geçilmedi. Milli Howpsuzlyk Komitetiniň öňki başlygy Saparmyrat Seýidow 2002-nji ýyldaky hüjüme gatnaşanlygy güman edilendigi üçin, alty ýyly tussaglykda geçirip, oktýabr aýynyň 26-synda türmeden boşadyldy.

2007-nji ýylyň awgust aýynda Prezident Berdimuhammedow 2002-nji ýyldaky hüjüme gatnaşanlygy güman edilip, tussag edilen ýurduň öňki müftisi Nasrulla ibn Ibadullany we öňki Adalat ministri Ýusup Haýtyýewi-de goşmak bilen 11 tussagy azat etdi. Azatlyga çykandan soň, Ibadulla ýurduň Din edarasyna geňeşçi wezipesine işe bellendi.

Günäsi geçilen tussaglaryň henizem öňki prezident Nyýazowyň ýurduň medeniýeti we mirasy baradaky kitaby bolan “Ruhnamadan” kasam içip-içmeýändigi mälim bolmady. ”Human Rights Watch” guramasy şeýle maglumat berdi: “Öz günälerini köpçüligiň öňünde boýun almaklary olaryň boşadylmagy üçin şert döredendir diýip, güman etmek bolýan-da bolsa, Prezidentiň 2007-nji ýylyň awgust aýyndaky 11 adamyň günäsini geçmegi oňat garşylanan ädim boldy.”

e. Açyk we adyl suduň inkär edilmegi

Kanun garaşsyz kazyýet ulgamyna kepil geçýär; eýsem-de bolsa, iş ýüzünde kazyýet ulgamy Prezidente tabyndy. Prezidentiň kazylary wezipä bellemegine we boşatmagyna kanun tarapyndan hiç hili gözegçilik ýokdy. Diňe Ýokary Kazyýetiň başlygynyň wezipeden boşaylmagynyň kanunylygyna Mejlis garady, olam göz üçin. Prezidentiň möhleti dolmazdan ähli kazylary işden aýyrmak ýaly hut özüne degişli hukugy bar. Ýurduň kazyýet ulgamy parahorlukda we peýdasyzlykda täsirsizlikde ýakasyny tanadypdy.

Kazyýet ulgamy Ýokary Kazyýetden, Aşgabat şäher kazyýetini-de goşmak bilen alty sany welaýat kazyýetinden, şeýle hem 64 sany etrap we şäher kazyýetinden ybaratdy. Harby adamlar tarapyndan amala aşyrylan jenaýaty-da Baş prokuraturanyň tabynlygyndaky raýatlyk kazyýetleri derňeýärdi.

Işe garalyşy

Kanun işe açyk garalmak, aýyplama materiallary bilen tanyşmak, öz peýdasyna görkezme bermek üçin, şaýat çagyrmak hukugy, aklawçy tutunmak, muňa ýagdaýy bolmadyklar üçin kazyýetiň aklawçy bellemegi, şeýle hem sudda öz-özüňe wekilçilik etmek ýaly çäreleri-de goşmak bilen günälenýänleriň işine iş ýörediş we maddy hukuklary bozulmazdan, konstitusion prinsipler esasynda garalmagyny kepillendirýär. Eýsem-de bolsa, iş ýüzünde häkimiýetler köplenç ýagdaýda bu hukuklary inkär edýärdiler. Kazyýet jogapkärçiligine çekilenler köplenç ýagdaýda günäsizlik prezumpsiýasyndan peýdalanyp bilmeýärdiler. Oturdaşlyk ulgamy ýokdy. Hökümet daşary ýurtly synçylara syýasy bolmadyk işleriň aglabasyna gatnaşmaga rugsat etdi, emma käbirlerine, aýratyn-da syýasy tussaglara degişli bolanlara gatnaşmaga rugsat bermedi. Sud edilýänleri goramaga gatnaşyp biljek aklawçy barmak basyp sanaýmalydy. Käbir ýagdaýlarda kazylar aklawçylaryň şaýatlar bilen ýüzleşdirme geçirmegine ýa şaýatlardan kazylara garşy jogap aljak bolup sorag etmeklerine, şeýle hem sud edilýänleriň we olaryň aklawçylarynyň öz subutnamalary bilen tanyşmaklaryna ýol bermeýärdiler. Käbir halatlarda bolsa kazylar aklawçylaryň getirýän aklaýjy subutnamalaryny, hatda olar işiň ahyrky netijesini düýpden üýtgedip biljek-de bolsa, ret edýärdiler. Kazylar işe garamakda kanunçylygy ýerine ýetirýän-de bolsalar, hökümet garalawjysynyň ygtyýary aklawçynyňkydan ep-esli ýokarydy, bu bolsa günälenýäniň işine adyl garalmagyny kynlaşdyrýardy. Kazyýet mejlisiniň ýazgylary köplenç ýagdaýda, aýratyn-da sud edilýäniň görkezmesi rus dilinden türkmen diline terjime edilmeli bolsa, kemçilikli bolýardy ýa-da doly bolmaýardy. Iş kesilenler aşaky kazyýetleriň kararyndan on günüň dowamynda şikaýat etmek hukugyna eýediler, şeýle hem merhemet sorap, prezidente ýüz tutup bilýärdiler. Galapyn ýagdaýlarda kazylar işlerine garalýan adamlaryň özlerine ejir berlendigi baradaky beýanatlaryny inkär edýärdiler.

Polisiýanyň adamlary tutup, ýörite kanunlary bozandygy üçin, jerime tölemegi talap edendigi barada yzygiderli habarlar gelip gowuşýardy. Eýsem-de bolsa, raýatlar şol kanuny görkezmeklerini talap edenlerinde, hökümet adamlary ony görkezmekden boýun towlaýardylar ýa bolmasa ol kanunyň gizlinligine salgylanýardylar.

Syýasy tussaglar we tutulanlar

Hökümet, iň bolmanda, bir syýasy tussagy, ýagny 1995-nji ýyldan bäri türme tussaglygynda bolan Muhammetguly Aýmyradowy saklaýardy.

Iýun aýynyň 24-ünde häkimiýetler ýurda gaýdyp gelenden soň, öňki graždan aktiwisti (işjeň raýady) we öňki syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowy tussag etdiler. Annanyýazow 1995-nji ýyldaky syýasy demonstrasiýa gatnaşanlygy sebäpli, Türkmenbaşy türmesinde bäş ýyl oturandan soň, 2002-nji ýylda Norwegiýada gaçybatalga tapypdy. Iýul aýynda ol ýapyk kazyýet mejlisinde 11 ýyl möhleti bilen türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma ýylyň ahyrynda onuň işi barada hiç hili maglumat almak mümkin bolmandy.

2006-njy ýylda häkimiýetler daşary ýurtlulardan žurnalistik enjamlary alandyklary sebäpli, üç žurnalisti − Ogulsapar Myradowany, Annagurban Amangylyjewi we Sapardurdy Hajyýewi bikanun ýarag saklamakda günäläp, kazyýet jogapkärçiligine çekdiler. Olaryň işine kazyýetiň ýapyk mejlisinde garalyp, alty-ýedi ýyl azatlykdan mahrum etdiler. “Azat Ýewropa” / “Aazatlyk” radiosynyň, Türkmenistan-Helsinki Fondynyň, şeýle hem ynsan hukuklaryny goraýan birnäçe guramanyň tassyklamagyna görä, bu adamlaryň maglumat bermekleriniň öňüni almak üçin, olary jenaýat maddalary esasynda tussag edipdirler. Hökümetiň Amangylyjewiň we Hajyýewiň içalyçylyk we dönüklikden başga işlerini derňemegi barada soň hiç hili maglumat gelip gowuşmady, netijede olar türmede galýardylar. Myradowa bolsa polisiýa gabawhanasynda şübheli ýagdaýda ýogaldy.

Oppozision toparlaryň we käbir halkara guramalaryň tassyklamagyna görä, hökümet köp syýasy tussagy we syýasy sebäp bilen tutulanlary türmede saklaýardy, eýsem-de bolsa, 2002-nji ýyldaky hüjüme gatnaşmakda günälenýänleri-de goşmak bilen bu adamlaryň takyk sany näbelliligine galýardy. Hökümetiň olaryň güman edilýän syýasy düşünjeleri we 2002-nji ýyldaky hüjüme gatnaşandyklary üçin, takmynan 360 tussagy Owadan depe türmesinde saklaýandygy barada-da habarlar gelip gowuşýardy. Ynsan hukuklarynyň goragçylary Owadan depe türmesindäki şertleri ýurt boýunça iň ýaramaz şertler hasap edýärdiler. Şeýle hem, türme işgärleriniň tussaglary ejire we gynamalara sezewar edýändikleri barada habarlar gelip gowuşýardy.     

2007-nji ýylda ykdysady jenaýat etmekde günälenen käbir tussaglaryň, şol sanda birnäçe öňki ýokary wezipeli adamlaryň Owadan depe türmesinden Mary türmesine geçirilen bolmagy barada maglumatlar gelip gowuşdy. Hökümet işgärleri köp tussagyň saklanýan ýeri, şeýle hem ýagdaýy barada maşgala agzalarynyň we daşary ýurtly diplomatlaryň sorag-ideglerine jogap bermekden boýun towlaýardylar. Hökümet işgärleri, şeýle hem, 2002-nji ýyldaky hüjüme dahyllylykda tutulanlaryň we tussag edilenleriň maşgala agzalaryna, daşary ýurtly diplomatlara we halkara gözegçilerine, şol sanda HGH Guramasyna-da tussaglary görmäge rugsat etmediler.

Raýatlyk kazyýet işleriniň düzgüni we kazyýet gorag serişdeleri

Raýatlyk kazyýet ulgamy garaşsyz ýa bitarap däldi; ähli kazylar prezident tarapyndan bellenýärdi. Polisiýanyň derňän işi kazyýete geçirilende, talapkärleriň jogapkärleri gyssan ýagdaýlary-da bolupdy. Kagyz ýüzünde raýatlyk kazyýet ulgamy işleýär, emma oňyn karar çykarmak üçin, para alynýandygy barada habarlar gelip gowuşýardy. Hökümetiň şahsy adamlar (raýatlar) bilen dawasynyň kazyýete geçirilen ýagdaýynda ol ýerli kazyýetlere gysyş görkezýärdi. Iň giňden ýerine ýetirilýän kazyýet karary raýatyň emlägini elinden almak baradaky hökümlerdi.

Hukuklaryň dikeldilmegi, emlägiň gaýtaryp berilmegi

Hökümet raýatlaryň elinden alnan hususy emlägiň gaýtaryp berilmegi ýa-da öweziniň dolunmagy baradaky kazyýet kararlaryny ýerine ýetirmeýärdi. 2007-nji ýylyň fewralynda Prezident Berdimuhammedow göçüp barmaga täze jaý berilmezden, bir jaýyňam ýykylmaly däldigini aýtdy. Eýsem-de bolsa, ýylyň dowamynda hökümediň abadanlaşdyryş maksatnamasynyň çäginde şäherde we onuň eteklerinde birnäçe hususy jaýy ýykyp, jaý eýelerine ýykylan jaýlarynyň ýeterlik derejede owezini bermändigi barada maglumatlar gelip gowuşdy.

2006-njy ýylda bolan käbir ýagdaýlarda hökümet öýünden kowlan maşgaladan olaryň ýykylan öýleriniň galak-gaçagyny zibilhana äkideni üçin pul tölemeklerini talap edipdir, öý eýelerine ony boşatmaga 48 sagat möhlet beripdirler we olara ne jaý berlipdir, ne-de ýitginiň öwezi doldurylypdyr. Käbirlerine bolsa jaýy boşatmalydygy barada iki hepde öňünden habar berlipdir we öwezine kwartira ýa-da çaňap ýatan, suwsuz ýerden  jaý gurmaga ýer berlipdir, bu bolsa käbir adamlaryň ýaşaýyş serişdelerini ýitirmeklerine sebäp bolupdyr.

f. Raýatlaryň şahsy we maşgala durmuşyna bikanun goşulyşmak, öýlerine girmek şeýle hem hatlaryny okamak

Konstitusiýa we kanun bu hili işleri gadagan edýär; eýsem-de bolsa, häkimiýetler iş ýüzünde köplenç bu gadagançylygy äsgermeýärler. Häkimiýetleriň garaşsyz kazyýetiň karary bolmazdan agalyk edýän režimiň garşydaşlarydyr öýdülip şübhelenilýän adamlaryň we azlyk dini toparlaryň agzalarynyň öýlerini zor bilen döken ýagdaýlary-da boldy. Kanun döwletiň howpsuzlyk edaralary tarapyndan gözegçiligi kadalaşdyrmaýar, şonuň üçin-de olar döwlet işgärlerini, raýatlary, hökümetiň garşydaşlaryny we ony tankyt edýänleri, şeýle hem daşary ýurtlulary yzygiderli gözegçilik astynda saklaýardy. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri fiziki gözegçilik, telefonda edilýän gürrüňleri diňlemek, elektron poçta arkaly iberilýän hatlary tutup alyp galmak, şeýle hem maglumatçylar ulanmak ýaly usullardan peýdalanýardylar. Habar berişlerine görä, hökümet adaty poçta bilen iberilýän hatlary-da saklaýardy, şeýle hem iberilmek üçin poçta edarasyna getirilen bukjalardyr, göndermeler barlag üçin açylyp görkezilmelidi.

Bu ýurduň raýady bolmadyk adamlar diňe bu ýurtda bir ýyl ýaşandan soň, ýurduň raýadyna öýlenip ýa-da durmuşa çykyp bilýärdi. Şular ýaly şertde nikalaşan az sanly adamlar barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Köplenç ýagdaýda häkimiýetler tarapyndan azar berlen, tutulan ýa tussag edilen adamlaryň dogan-garyndaşlarynyň işden kowlandygy, okuwdan çykarylandygy ýa bolmasa, tutulyp, sorag edilendigini barada yzygiderli habar gelýärdi.

Ikinnji bölüm. Raýatlyk azatlyklaryna, şol sanda aşakdakylara hormat goýluşy

a. Söz we metbugat azatlygy

Konstitusiýa we kanun söz we metbugat azatlygyna kepil geçýär, emma hökümet iş ýüzünde bu hukuklary äsgermeýär. Hökümete garşy pikir aýdany üçin, adaty jenaýat edenlikde galp aýyplama ýöňkelip, tussag edilen, käbir ýagdaýlarda bolsa ejire, gynama, şeýle hem mahrumçylyga, şol sanda wezipede ösmek we işe ýerleşmek ýaly mümkinçiligini ýitirmäge sezewar edilen adamlar barada hiç hili habar gelip gowuşmady. Eýsem-de bolsa, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň daşary ýurtly habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistleri, aýratyn-da AÝR / AR bilen işleşýän birnäçe žurnalisti yzarlaýandyklary we tutandyklary barada birnäçe habar gelip gowuşdy.

Çap edilýän ähli köpçülikleýin habar serişdesi diýen ýaly hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýärdi. Ýurtda bar bolan ýeke-täk hususy gazet hökümet tarapyndan rugsat berlip, döwlet gazetleriniň pikirini beýan edýän “Zaman” türk gazetidi. Hökümet daşary ýurt gazetleriniň ýurda getirilmegine çynlakaý çäklendirme girizipdi.

Hökümet ýerli radiony we telewideniýäni göz astynda saklaýardy, emma daşary ýurt telewizion kanallara ýol açýan çanak antennalar tutuş ýurtda giňden ýaýrapdy. Raýatlar bu antennalar arkaly daşary ýurt radiolaryny-da diňläp bilýärdiler.

Habar berlişine görä, ýylyň dowamynda hökümet işgärleri žurnalistleri we olaryň maşgala agzalaryny tutupdyrlar, azar beripdirler we haýbat atypdyrlar. Aýratyn-da, AÝR / AR bilen işleşýän žurnalistler hökümet işgärleriniň yzy üzülmeýän ýanamalary barada habar berýärdiler.

Ýanwar aýynda häkimiýetler milli syýasaty tankyt edýän gepleşikleri taýynlaýandygy üçin, AÝR / AR habarçysy Soltan Açylowany iki günläp sorag edipdirler. Olar Soltany resmi taýdan işlemäge hukuk alýança, AÝR / AR bilen işleşmezlik barada şertnama gol çekenden soň goýberipdirler.

Aprel aýynyň ahyrlarynda Balkanabat şäherinde el bilen yasalan Molotow kokteil atlandyrylýan suwuk partlaýji serisde AÝR / AR habarçysy Gurbandurdy Durdygulyýewiň öýüne taşlanypdyr, jaýyň daşky üç diwaryny wejera suratlar we “Dönük” sözüni-de öz içine alýan paýyş ýazgylar bilen doldurylypdyr, onuň maşynynyň üstüne reňk dökülipdir, şeýle hem onuň gapysyna adam tezegi çyrşalypdyr.

Aprel aýynyň ahyrlarynda howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri edinjek gelinlerini ýanamak, olara toý eder ýaly ýer bermezligi üçin, birnäçe restoran eýelerine gysyş görkezmek, soň bolsa, toýuň geçýän ýerinde elektrik yşygyny kesmek arkaly AÝR / AR-yň bir habarçysynyň garyndaşynyň toýuny bozmaga çalşypdyrlar.

Iýul aýynda AÝR / AR-yň habarçysy Osman Hallyýew özüniň bu radio bilen hyzmatdaşlygyny bes etmändigi sebäpli, howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň onuň ogluny institutdan çykarmaklary üçin, Azady Dünýä dilleri insitutynyň ýolbaşçylaryna gysyş görkezendiklerini habar berdi.

AÝR / AR-yň habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýewiň ýanalmagy tutuş ýylyň dowamynda dowam etdi. Hökümetiň ýanamalary netijesinde ilki onuň gepleşikleri azaldy, emma soň 2007-nji ýylda olaryň ýygylygy artdy. Häkimiýetler wagtal-wagtal onuň hereketlerine gözegçiik edýärdiler, onuň maşgala agzalaryny ýanaýardylar, şeýle hem wagtal-wagtal onuň ýan telefonuny söndürýärdiler. 2006-njy ýylda häkimiýetler Halmyradyň ykdysady temadan ýazan hökümetiň “gulagyna ýakmadyk” öňki makalalary üçin ony we maşgala agzalaryny yzygiderli ýanama sezewar edipdiler.

Ýylyň dowamynda hökümet AÝR / AR-yň dört habarçysyna daşary ýurda gitmegi gadagan etdi. ÝHHG-da hökümetiň 2007-nji ýylda bir žurnaliste daşary ýurda çykmaga rugsat bermändigini habar berdi.

Ýylyň ahyrynda döwlete degişli bolan “Esger” gazetiniň näbelli jenaýaty üçin 17 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen öňki baş redaktory türmede galýardy.

Ýylyň dowamynda döwlet žurnalistleri käbir ýörite wakalary beýan etmek üçin rugsat almaly bolýardylar. Şeýle hem olaryň ýazan zatlarynyň çap edilmegi ýa efire berilmegi üçin tassyklanmagy hökmandy.

Ýerli žurnalistler we daşary ýurtly habar agentlikleriniň habarçylary hökümet tarapyndan repressiýadan gorkularyna öz-özlerini senzuradan geçirýärdiler. Döwlet gazetleri senzuradan geçirmegini dowam etdirýärdi. Hökümet prezidentiň syýasy garaýyşlaryna garşy ýa tankyt edýän islendik materialy gadagan etmegini dowam etdirýärdi.

Hökümet Rusýa Federasiýasynyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän rus dilinde gepleşik berýän “Maýak” radiosynyň gepleşikleriniň efire berilmeginiň gadaganlygyny saklap gelýärdi.

Ýurt içindäki çap we nusga köpeltmek işlerini kadalaşdyrmak üçin, hökümet ähli çaphanalaryň, şeýle hem çap we nusga köpeldýän edaralaryň bu iş üçin ygtyýarnama almaklaryny, şeýle hem nusga alýan ähli enjamlaryň bellige alynmagyny talap etdi we edaralardaky ähli nusga alýan enjamlaryň bir adamyň jogapkärçiliginde bolmalydygyny aýtdy. Ähli neşirýatlar döwlet eýeçiligindedi. Hökümetiň makullamadyk eserleri, şol sanda çeper eserler-de çap edilmeýärdi.

Hökümet döwlete degişli bolmadyk edaralaryň daşary ýurt döwürleýin neşirlere ýazylmagyna gadaganlygy saklap galdy, eýsem-de bolsa Orusýetiň “Argumenty i fakty” gazetini we beýleki syýasy bolmadyk neşirleri kähalatlarda bazarlarda satyşda tapyp bolýardy. Iýun aýynda hökümet döwlet edaralarynyň we guramalarynyň daşary ýurt akademik we ylmy döwürleýin neşirlerine ýazylmaklaryna rugsat bermäge başlady.

Metbugat işgärleriniň ygtyýarnama alnyşyna garaşsyz gözegçilik ýokdy, metbugat işgärlerine şahadatnama larynyň berlişiniň kesgitli şetleri-de ýokdy, boş ýer barka-da ygtyýarnama almagyňa hiç hili kepillik ýokdy, şeýle hem syýasy sebäplere görä ygtyýarnamanyň yzyna alynmagyna-da gadaganlyk ýokdy. Hökümet ähli daşary ýurtly žurnalistleriň ygtyýarnama almagyny talap edýärdi. Daşary ýurtly žurnalistlere diňe halkara konferensiýalar, döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşygy ýaly edýän işleri göz öňünde bolan ýörite wakalary beýan etmek üçin wiza berilýärdi. Häkimiýetler käbir žurnaliste ygtyýarnama bermekden ýüz öwürýärdiler. Şeýle-de bolsa, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolan azyndan bäş žurnalist ygtyýarnama alndy. Ýurtda Türkiýäniň habar gulluklarynyň sekiz habarçysy bardy, habar berişlerine görä, olaryň, bolmanda, ikisi ygtyýarnama  alypdy. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 13 wekili bolsa ygtyýarnama alynmazdan işleýärdi.

Internet azatlygy

Döwlete degişli bolan “Türkmentelekom” halka internet hyzmatyny hödürleýän esasy edara bolmagyna galýan-da bolsa we internet hyzmatyndan peýdalanmak üçin öňe sürlen talaplar, şol sanda, ýerli polisiýa edarasyndan rugsat almak-da internete girişi çäklendirýän-de bolsa, internetiň elýeterliligi az-kem artdy. Hökümet raýatlaryň elektron poçtalaryny we interneti ulanylyşyny göz astynda saklamak bilen hökümetiň halamadyk saýtlaryna girýän adamlary internet hyzmatyndan mahrum edýärdi. Ýylyň dowamynda Türkmentelekom işewür toparlary we edaralary internet hyzmaty bilen üpjün etmegini dowam etdirdi. Iýun aýynda bolsa, habar berlişine görä, birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji gezek şahsy adamlara-da täze internet nokatlaryny çekmäge başlady. Türkmentelekomyň telefon belgisini aýlap, internete girilýän hyzmaty adaty raýatlar üçin gaty gymmatdy. Internet hyzmatyndan peýdalanmak üçin, ilkinji töleg 600.000 manat (takmynan 42 $), aýlyk tölegi 200.000 manat (14 $), ulanan her sagadyň bahasy bolsa 12000 manat (0,80 $) möçberindedi. Noýabr aýynda şahsy adamlar çäkli zolak giňligi ugrundaky bäsdeşlik zerarly täze alan internet nokatlary arkaly internete girip bilmeýändiklerini aýdýardylar. Noýabr aýynda Türkmentelekomyň üsti bilen internet hyzmatyndan peýdalanmak üçin 2.000 adam nobata durdy.

Tutuş ýurt boýunça internete girişi bolan döwlete degişli bolmadyk guramalardan, telekeçilerden we iş merkezlerinden daşgary döwlete degişli bolan takmynan 15 sany internet-kafe bardy. Aprel aýynda hökümet internet-kafeleriň sagatlaýyn tölegini takmynan 30.000 manada (≈ 2 $) çenli azaldan-da bolsa, ol adaty halk üçin gadaganlyk derejesinde gymmatdy. Belli-belli websaýtlara girmek mümkin däldi. Mart aýynda hökümetiň rugsady bilen ýurtda işleýän Orusýetiň öýjükli telefon prowaýderi bolan MTS öz telekeçi müşterilerine, şol sanda raýatlara-da mobil internet hyzmatyny hödürläp başlady. Iýun aýynda MTS bu hyzmaty sany ýylyň ahyrynda 800.000-e ýeten ähli müşterisine hödürlemegi başardy.

Akademik azatlyk we medeni wakalar

Ýanwar aýynyň 15-inde hökümet 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek resmi taýdan ýokary okuw jaýlarynyň we aspirantura okuw programmalaryny öňki derejesine getirdi. Eýsem-de bolsa, aspiranturanyň her birine ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlaryň diňe bir-iki sanysy girmek bilen talyplaryň jemi sany 80-e barabar boldy. Aspirantura hiç hili resmi dersler ýa kurslar girizilmedi. Onuň deregine esasy üns ylmy derňew işine gönükdirildi.
                                                                
Hökümet henizem daşary ýurtda alnan diplomlary ykrar edenokdy. Hökümetler arasynda tassyklanan alyş-çalyş programmalaryna-da diňe hökümetiň saýlan okuwçylary gatnaşyp bilýärdiler. Bilim ministrligi öňki Sowet Soýuzyndaky döwlete degişli bolmadyk ýokary okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar edenokdy, emma ol döwletler arasynda tassyklanan okuw programmalary arkaly alnan diplomlary kabul edýärdi. Bilim hakyndaky kanun ýokary okuw jaýlary derejesinde amala aşyrylýan alyş-çalyş programmalarynyň aglabasyny gadagan etdi. Bilim ministrligi Prezidentiň 2007-nji ýylda daşary ýurtda alnan diplomlaryň ykrar edilmegi barada aýdanlaryny amala aşyrmak ugrunda hiç zat etmedi. Üstesine-de, Prezidentiň şeýle etjekdigi barada beren wadalary we halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna garamazdan, hökümet  daşary ýurtda özi tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw programmasyny girizmedi.

Hökümet akademik toparlarda döwlet syýasatynyň ýa prezidentiň tankyt edilmegine ýol berenokdy we  özüniň syýasy taýdan ynjyksyz saýan deňeşdirmeli hukuk, taryh, milli gatnaşyklar ýa ylahyýet ýaly pudaklarda ylmy-derňew işlerini  geçirmekligi daraltdy. 2008-nji ýylda takmynan 4000 talyp tutuş ýurt boýunça ýokary okuw jaýlaryna okuwa giripdi, 2007-nji ýyl bilen deñleşdirilende bolsa bu san 3615.

Bilim ministrliginiň we welaýat bilim edaralarynyň işgärleri türkmen milletinden bolmadyk çagalaryň alyş-çalyş programmalaryna gatnaşmagyna päsgel bermäge synanyşýardylar.

Nyýazowyň “Ruhnama”, “Ruhnama II”, “Şygyr diwany”, “Meniň ruhubelentlik baharym” we “Mähribanlarym” kitaplary mekdep programmasynyň bir bölegi bolmagyna galdy. Şonuň ýaly-da “Ruhnamadan” synagdan geçmek wezipede ösmegiň, ýokary okuw jaýyna, hatda Orusýetiň uniwersitetlerine-de girmegiň we ony tamamlamak üçin, zerurlyk bolmagyna galýardy. Eýsem-de bolsa, mugallymlar Nyýazowyň kitaplaryna öňküden has az wagt berilýändigini aýdýarlar, çünki täzeden işlenen programma täze sapaklary, şeýle hem türkmen taryhynyň we medeniýetiniň giňişleýin hem jikme-jik öwrenilmegini göz öňünde tutýar. Okuw ýylynyň başynda “Ruhnamanyň” özbaşdak sapak hökmünde okadylmagy bes edilip, täze bir dersiň bir bölegi hökmünde okadylyp başlandy. Bu täze ders “Ruhnamany”, ýurduň taryhyny, filosofiýany, sosiologiýany, syýasy ylymlary we ykdysadyýet teoriýasyny; şeýle hem Prezident Berdimuhammedowyň “Täze galkynyş eýýamy” kitabyny öz içine alýar.

Ýylyň dowamynda Nyýazow we onuň maşgalasy baradaky ähli tekstleri aýyrmak maksady bilen orta mekdepler üçin okuw kitaplaryň aglabasy täzeden işlendi. Şol aýrylan tekstleriň ýerini “Täze galkynyş eýýamynyň” ideologiýasy baradaky tekstler tutdy. Çagalar baglaryndaky, mekdeplerdäki we ýokary okuw jaýlaryndaky hökmany “Ruhnama” burçlary “Täze galkynyş eýýamy” merkezi bolmak bilen Berdimuhammedow burçlaryna öwrüldi. Okuwçylaryň hemmesi milli geýim geýmekligi baradaky uzaga çeken talabdan soň, mekdepler  aýal maşgala üçin has konserwatiw geýim düzgünini  yglan etdiler. Täze talaplar ýakasy keşdeli, gülsüz matadan tikilen milli lybas geýmegi, şaý-sep dakynmazlygy we kosmetika ulanmazlygy göz öňünde tutýar. Eýsem-de bolsa, bu talap hemme ýerde deň derejede ýerine ýetirilmedi.

Çäklendirmeler az-owlak ýeňleşen ýaly bolsa-da, hökümet daşary ýurtlularyň geçirýän medeni çärelerine gatnaşýanlary göz-gulak etmegi dowam etýärdi we döwlet teatrlarynda käbir daşary ýurt oýunlarynyň görkezilmegine rugsat bermeýärdi. Hökümet türkmen bolmadyk saz sungatyna ýetersiz  ýa-da  hiç hili goldaw berenokdy, emma klassik sazlar tutuş ýurt boýunça okadylýardy hem görkezilýärdi. Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilen we soňky döwürde ýapylan simfoniýa orkestri Milli medeni merkezde täzeden açyldy we aýba-aý türkmen hem daşary ýurt klassik sazlarynyň konsertini bermäge başlady. Prezident sirkiň açylmagy barada perman çykardy, ilkinji opera oýny hem iýun aýynda bolup geçdi.

Birnäçe ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmedik milli türkmen saz sungaty konsertlerde we jemgyýetçilik çärelerinde ýerine ýetirilip başlandy. Daşary ýurt filmleriniň bikanun alnan nusgalaryna öýde tomaşa etmek üçin, satyn hem, kiraeýne-de alyp bolýardy, we telewideniýe boýunça-da görkezilýärdi. Birnäçe ministrlikler, şeýle hem Medeniýet ministrligibirnäçe halkara aýdym-saz, teatr we kino festiwalyny geçirip, ýerli tomaşaçylara daşary ýurtly artistleriň çykyşyny görkezdiler. Bu çäreler ýerli bilermenleriň daşary ýurtly kärdeşleri bilen has ýakyndan tanyşmagyna ýardam eden-de bolsa, hyzmatdaşlyk bir hili, senzura astyndady we çäklidi. Medeniýet minsitrligi aýdym-saz ugrundan bolsun, sungat ugrundan ýa medeni ugurdan bolsun, ähli köpçülikleýin çykyşlary barlaýardy we olara gözegçilik edýärdi.

b. Parahatçylykly ýygnanyşmak we birleşmek hukugy

Ýygnanyşmak hukugy

Konstitusiýa we kanun ýygnanyşmak azatlygyny kepillendirýär, emma hökümet raýatlaryň bu hukugyny iş ýüzünde çäklendirrdi. Ýylyň dowamynda häkimiýetler ne köpçülikleýin ýygnaklar ýa demonstarsiýalar üçin soralan rugsady berdiler, ne-de bellige alynmadyk guramalara, aýratyn-da syýasy maksatnamasy bardyr öýdülenlere demonstrasiýa geçirmäge rugsat etdiler.

Birleşmek hukugy

Konstitusiýa we kanun birleşmek azatlygyny kepillendirýän bolsa-da hökümet raýatlaryň bu hukugyny iş ýüzünde çäklendirýärdi. Kanun ähli döwlete degişli bolmadyk guramalaryň (DDBG) Adalat ministrliginde, ähli daşary ýurtly ýardamçylaryň bolsa hem Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, hem-de Adalat ministrliginde bellige alynmagyny, şeýle hem Daşary işler ministrligi tarapyndan sazlaşdyrylmagyny talap edýär. Bellige alynmadyk döwlete degişli bolmadyk guramalaryň işi jerime, gysga wagtlyk tussaglyk we emlägiň elinden alynmagy bilen jezalandyrylýar. Hökümet subýektiw sebäplere esaslanyp, döwlete degişli bolmadyk guramalary we beýleki hususy guramalary bellige almakdan yzygiderli boýun towlap gelýär.

Iýul aýynda hökümet 11 sany raýatlyk guramasyny bellige alandygy barada habar berdi, şolaryň arasynda 2007-nji ýylda bellige alynmadyklar-da bardy. Bular 2005-nji ýyldan bäri hökümet tarapyndan resmi bellige alnan ilkinji raýatlyk guramalarydy. Habar berlişine görä, bellige alnan 11 guramanyň onusy hökümet bilen baglanyşykly bolýan-da bolsa, ýurtdaky ilkinji jemgyýetçilik guramasy, “Ak bugdaý”  bagbanlarynyň birleşigi-de bellige alyndy. Ýylyň dowamynda hökümet döwlete degişli bolmadyk 11 guramany hem sanawdan çykardy.

Halkara guramalar bellige alnan döwlete degişli bolmadyk 89 guramanyň diňe ýedisini garaşsyz hasaplaýardylar. Hökümet bellige alynmak isleýän guramalaryň öňünde birgiden administratiw päsgelçiligi döretmegini dowam etdirýärdi. Käbir toparlar bellige alnyş işinde Adalat ministrligi tarapyndan hiç hili päsgelçiligiň bolmandygy barada habar berýän-de bolsalar, döwlete degişli bolmadyk beýleki guramalar tehniki sebäplere görä arzalaryň yzyna gaýtarylmagy ýaly kynçylyklaryň ýygy-ýygydan duş gelýändigi barada aýdýardylar. Käbir toparlar iş alyp barmagyň alternatiw ýollaryny tapypdylar − olar özlerini telekeçi firmalaryň ýa-da öň bellige alnan toparlaryň düzümindäki aşaky gurama hökmünde bellige aldyrýardylar.

Ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň häkimiýetleri iki sany jemgyýetçilik toparyna döwlete degişli bolmadyk daşary ýurtly guramalar bilen işleşmezligi maslahat beripdirler. Daşoguz welaýat howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bolsa bir jemgyýetçilik aktiwistine daşary ýurtly guramalardan kömek puluny almazlygy maslahat beripdirler.

Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tutuş 2007-nji ýylyň dowamynda döwlete degişli bolmadyk guramalary we olaryň ýerli hyzmatdaşlaryny ýanap geldiler. 2007-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda häkimiýetler Ahal welaýatynda döwlete degişli bolmadyk bir halkara guramasynyň dolandyrýan birnäçe maglumat merkezini ýapdylar; emma soň olaryň birini açmaga rugsat berildi. 2007-nji ýylda häkimiýetler döwlete degişli bolmadyk guramalar bilen ýerli jemgyýet arasyndaky hyzmatdaşlygy iki esse çäklendirdiler. Şeýle hem, 2007-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda häkimiýetler iki sany jemgyýetçilik toparyna daşary ýurtly DDBG bilen işleşmezligi maslahat beripdirler we bir ýagdaýda DDBG-nyň geçirýän okuwyny ýatyryp, olara bu gurama bilen işleşmezligi maslahat beripdirler we onuň ýerli hyzmatdaşlaryny sorag edipdirler.

Ýurtda garaşsyz syýasy topar ýokdy. Bellige alnan ýeke-täk syýasy partiýa agalyk edýän Demokratik partiýa, ýagny Türkmenistanyň öňki Kommunistik partiýasydy. Hökümet syýasy guramalaryň agzasy bolmagy gadagan etmeýärdi; eýsem-de bolsa, häkimiýetler Demokratik partiýadan başga syýasy guramanyň agzasy bolmak isleýänleri gazaply ýanaýardy.

Häkimiýetler daşary ýurtdan kömek puluny alýan käbir adamlary-da ýanaýardy. Hökümetiň kömek puluny almak baradaky proýekti tassyklamakdan ýüz öwren gezegi bolmady, emma grantlaryň bellige alynmagy süýrenjeňlige salnyp, birnäçe aý dowam edýärdi. Maý aýynda öňki kaddyna getirilenden soň, granty bellige alyş işi kadaly ýagdaýda ýöräp başlady.

c. Din azatlygy

Konstitusiýa we kanun din azatlygyna kepil geçýär; eýsem-de bolsa, hökümet iş ýüzünde raýatlaryň bu hukugyny çäklendirýärdi. Ýurtda döwlet dini ýokdy, emma ilatyň aglabasy sünni mezhebine uýýan musulmandyr. Hökümet musulman däp-dessurynyň käbir jähätlerini millet hökmünde öz-özüňi kesgitlemek ugrundaky tagallasynda ulandy, iş ýüzünde bolsa hökümet ähli dini toparlary göz astynda saklap, olara berk gözegçiligi amala aşyrýardy we musulmanlar üçin käbir çäklendirmeler girizdi. Hökümet ähli dini toparlaryň, şol sanda hususy metjitleriň we kiliseleriň-de Adalat minstrliginde bellige alynmagyny talap etdi we dini toparlara daşary ýurt çeşmelerinden gelýän maddy we maliýe kömegine gözegçlik etmegini dowam etdirdi. Hökümet dini toparlardan her duşuşykda edilen işler we bolup geçen ýagdaýlar barada hasabat bermeklerini talap etdi. Käbir toparlar dürli ministrlikleriň aýdýan zatlarynyň biri-birine garşy gelmegi sebäpli bellige alnyş talaplary babatynda düşünişmezligiň bardygyny habar berýärdiler. 2005-nji ýylda hökümet dini toparlaryň hususy pudaklarynyň ozal bellige alnan guramalaryndan ynanç hatyny almak bilen wagtlaýyn bellige alnyp bilinjekdigini yglan edipdi; köp halatda bu ýagdaý şahamçalaryň bellige alynmak meselesini çözdi. Dini toparlaryň bellige alynmak işinde administrtiw päsgelçilikleri ýeňip geçmekde dowamly kynçylyklary bolsa-da, 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda hökümet Ýewangelik hristian toparyny bellige aldy; bu bolsa 2005-nji ýyldan bäri bellige alnan ilkinji topardy.

2007-nji ýylyň oktýabr aýynda hökümet Ahal welaýatynda kesgitlenmedik bir musulman toparyny bellige aldy. Bellige alynmak üçin ýüz tutan toparlaryň azyndan üçüsine kanuny status bermekden boýun towlanypdy. Hökümet tarapyndan işleri çäklendirilen-de bolsa, ýurtda “Ýegowa şaýatlary”, dürli Baptist toparlary we ýewangelik hristian topary bardy. Hökümet bellige alynmadyk toparlaryň dini iş alyp barmagyny resmi suratda gadagan edipdi. Hökümetiň Din Işler boýunça Geñeşiñ aýtmagyna görä, şaýy mezhebinden bolan musulman toparlaryna bir gurama hökmünde bellige alynmaga rugsat edilipdir.

Kanunyň kilise başlygynuñ Türkmenistanyň raýaty bolmalydygy hakdaky maddasy bilen ylalaşmaýandygy sebäpli Katolik buthana bellige alynman galýardy. Eýsem-de bolsa, häkimiýetler buthanalary ýanamalaryny azaldana meňzeýärdi. Kilise ýolbaşçylary hökümet tarapyndan ýanama sezewar edilmezden, kadaly ýagdaýda köpçülikleýin ybadaty amala aşyrýardylar we türkmen hem türkmen bolmadyk raýatlar bilen katolikçilik barada ders geçýärdiler.

Hökümet tarapyndan bellenilen Din Işler boýnça Geñeş Prezidentiň hut özüne maglumat berýär we hökümet edaralary bilen bellige alnan dini toparlaryň arasynda bir dellal hökmünde çykyş edýär. Bu edara hökümet işgärlerini, sünni mezhebine uýýan musulmanlary, Rus ortodoks kilisesini öz içine alýar; başga hiç bir topar bu edaranyň agzasy däldir. Hem sünni musulman, hem Rus ortodoks kilisesiniň ruhanylarynyň işe alynmagyna, ösmegine we wezipesinden boşadylmagyna, sünni ruhanylaryň taýýarlanmagyna we ýurtdaky ähli dini neşirlere we işlere gözegçiligi amala aşyrýan bu edara iş ýüzünde döwletiň bir goly hökmünde hereket edýärdi.

Bellige alnan, hem alynmadyk azlyk dini toparlar ybadat etmäge ýer tapmakda kynçylyk çekýärdiler. Kanunyň we hökümetiň döredýän päsgelçilikleri bu toparlara ybadat eder ýaly, üýşer ýaly jaý ýa ýer satyn ýa kireýne almagyny yza tesdirýärdi ýa-da asla oňa ýol berenokdy. Bellige alnan we alynmadyk toparlar ybadat ýa okuw üçin hususy jaýlaryny ulanmakda-da kynçylyk çekýärdiler.

Hökümet wagtal-wagtal bellige alnan we alynmadyk toparlary ýanamagyny we olara haýbat atmagyny dowam etdirýärdi. Ýanama aşakdaky ýaly ýagdaýlary öz içine alýardy: ybadatlaryň arasyny üzmek, öz ynançlaryndan dändermek üçin, azlyk dini toparlaryň agzalaryny tutmak, sorag etmek, olara gysyş görkezmek. Hökümet azlyk dini toparlaryň agzalaryna jerime salmak, hukuky statuslaryny ýitirmek, işlerini, öýlerini ellerinden gidermek we türme tussaglygy bilen haýbat atýardy. Dini toparlaryň üstüne yzygiderli basgyn amala aşyrylandygy we dini materiallaryň ellerinden alnandygy barada-da habarlar gelip gowuşýardy.

Habar berlişine görä, “Ýegowa şaýatlary” guramasynyň agzalary we başga azlyk dini toparlar polisiýa tarapyndan ýanama, ýygnaklarynyň dargadylmagyna, yzarlanma, tutulma we adminstartiw jerimä sezewar edilipdirler.

Apreliň 22-sinde Türkmenbaşy şäher polisiýasy dini ýygnanyşyga basgyn amala aşyryp, birugsat dini toparlanyşyk geçirýändigi sebäpli, kilisäniň pastory Timur Myradowy we iki sany daşary ýurtlyny tutupdyr. Daşary ýurtlulary ýurtdan çykaryp göýberipdirler, Myradowy bolsa sorag edip, dini işini bes etmegini duýdurypdyrlar. Häkimiýetler eger ol bu işini taşlamasa, ony tussag etmek üçin sebäp tapjakdyklaryny aýdypdyrlar. Ol öz işi barada düşündiriş hatyny ýazmaga we jerimäniň möçberini kesgitlemek üçin, komissiýa barmaga razyçylyk berenden  soň goýberilipdir.

Maý aýynyň 6-synda Balkanabat şäheriniň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bir Ýegowa şaýadynyň, dört sany Ýegowa şaýady bile bolýan kwartirasyna basgyn amala aşyryp, öý eýesiniň kompýuterini we şahsy zatlaryny elinden alypdyrlar. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bu adamlaryň kellelerine, garynlaryna we aýaklaryna guşak bilen urup: “Men − musulman” diýdirjek bolupdyrlar. Soň olar Ýegowa şaýatlaryny tutup, polisiýa gabawhanasynda bir gije saklapdyrlar we olary günäsini boýun alýan düşündirişe gol çekmäge, şeýle hem jerime tölemäge mejbur etjek bolupdyrlar.

Maý aýynyň 7-sinde Türkmenbaşy şäher häkimliginiň işgärleri “Ýegowa şaýatlary” guramasynyň bikanun diýlip, yglan edilendigini aýtmak bilen bu guramanyň Daşoguzly we Gyzylarbatly iki sany aýal agzasyny tutupdyrlar. Polisiýa işgärleri olary öz işleri barada beýanata gol çekdirmäge synanşypdyrlar, olaryň pasportlaryny ellerinden alyp, öz şäherlerine gaýtmaga mejbur edipdirler.

Iýun aýynda häkimiýetler bellige alnan hristian kilisesiniň Aşgabatda ýaşaýan agzasynyň öýüne myhman gelen bir daşary ýurtlyny ýurtdan çykaryp, goýberipdirler. Kilisäniň ýolbaşçylary ol adamy çagyrmadyk hem bolsalar, onuň geleninden bihabar hem bolsalar, ony sanawdan çykarmak bilen haýbat atypdyrlar.

Iýun aýynyň 15-inde ýerli resmi adamlar, şol sanda welaýat ymamy-da Türkmenbaşy şäherinde bir adamyň öýüne zor bilen giripdirler we Ýegowa şaýatlarynyň ýygnanyşygyny dargadypdyrlar. Olar şol ýerde bolanlaryň ählisini sorag edipdirler we öýi döküp, bir Injil, birnäçe kitap, şeýle hem ylahy aýdymlar kitabyny alyp gidipdirler.

Hökümet musulman däp-dessurlarynyň käbir jähätlerini millet hökmünde öz-özüňi kesgitlemek ugrundaky tagallalarynda ulandy. Onuň yslam medeniýetiniň käbir jähätlerini öz içine almagyna garamazdan, daşary ýurtdan ýetip biläýjek yslam täsiri we ýerli musulmanlaryň yslama düşünişi hökümeti alada goýýardy. Hökümet musulmanlaryň ybadat ýerleriniň gurluşygyna gözegçilik edýärdi we musulman okuwyna gitmek isleýänlere kynçylyk döredýärdi. Habar berişlerine görä iki sany metjidiň durky täzelenipdir ýa-da täzeden gurlupdyr.

Resmi taýdan hökümet diňe zorluga ündeýän ekstremist toparlary gadagan edýärdi, emma ol yslam dininiň taglymatyny has berk  düşündirýän toparlary-da “ekstremist” hataryna goşupdy. Hökümet resmi suratda adamlaryň öz dini ynançlaryny we degişliliklerini üýtgetmeklerini gadagan etmeýärdi, emma bellige alynmadyk dini toparlaryň wagyz etmekde we dini materiallary ýaýratmakda günälenýän türkmen agzalaryna türkmen bolmadyklardan has zabun çemeleşilýärdi.

Polisiýa işgärleri köplenç hristiançylyga geçen türkmenleri ýanama we başga dine geçip, öz aslyndan ýüz öwürýändigini aýtmak bilen dilüsti kemsitmelere sezewar edýärdiler.

Azlyk dini toparlaryň agzalarynyň ýolagçylykdan alnyp galynmagy barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýärdi. Aprel aýynda Türkmen Ýewangelik kilisesiniň pastory Ilmyrat Nurlyýewe Ukraina, dostunyň toýuna gitmäge päsgel berlipdir. Hökümet bellige alnan we alynmadyk dini toparlaryň agzalaryna wiza bermekden yzygiderli boýun towlaýardy.

Ýylyň dowamynda hökümet daşary ýurtly din hadymlarynyň  gelmegine rugsat berdi. Mart aýynda regional bir katolik ruhanylaryň toparyna gelmäge rugsat edildi. Maý aýynda 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Rus ortodoks kilisesiniň uly ruhanysy  resmi sapar bilen geldi. Sentýabr aýynda bolsa häkimiýetler sekiz ýylyň dowamynda ilkinji gezek Ýedinji gün adwentistleriniň regional wekiline ýurda gelmäge rugsat etdiler. Ýurtda daşary ýurtly missionerleriň iş alyp barmagy gadagandy, emma muňa garamazdan, hem musulman, hem hristian missionerleri bu ýerde iş alyp barýardylar. Hökümet, şeýle hem bellige alynmadyk dini toparlaryň wagyz etmegini gadagan edipdi.

Orta mekdeplerde resmi suratda din okadylanokdy. “Ruhnama” ähli orta we ýokary okuw jaýlarynda okadylýan-da bolsa, mugallymlar bu sapaga berilýän sagat sanynyň ep-esli azaldylandygyny habar berýärdiler. Bellige alynmadyk dini toparlara we bellige alnan dini toparlaryň bellige alynmadyk şahamçalaryna dini okuw geçirmek gadagan edilipdi. Sapakdan daşary dini sapaklaryñ okudylmagy diñe Din Işler boýunça Geñeşiñ we Prezidentiň rugsady bilen  amala aşyrylýardy. Eýsem-de bolsa, ne  Din Işler boýunça Geñeşiñ, ne-de Prezidentiň şular ýaly programmalary tassyklandygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady.

Hökümet musulman okuwyna girişi-de göz astynda saklaýardy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň ylahyýet bölümi ýurt boýunça musulman bilimini berýän ýeke-täk okuw jaýydy. Prezident Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň planlaryna laýyklykda “Ruhnama” uniwersitetini gurmagy dowam etdiren-de bolsa, taslanan uniwersitetiň üns merkezi “halkyň beýik ruhunyň çuňňur köklerini öwrenmekden” has giňräk halkara dünýägaraýşyna tarap öwrüldi. Ýurt boýunça diňe ýekeje musulman okuw jaýy açykdy, onuňam programmasyny hökümet gözegçilik astynda saklaýardy.

Indi metjitlerde, hatda Nyýazowyň dogduk obasy bolan Gypjakdaky uly metjitde-de “Ruhnama” görünmeýärdi. Eýsem-de bolsa, “Ruhnamadan” alnan jümleler henizem Gypjak metjidiniň ýüzünde saklanyp galýardy. Hökümet dini edebiýatyň neşirine rugsat edenokdy. Bu bolsa Kur’anyň, Injiliň we beýleki dini kitaplaryň gytlygyna alyp barýardy. Daşary ýurtdan getirilýän dini edebiýaty Din edarasy tassyklamalydy. Hökümet adamlary dini toparlara olaryň dini edebiýaty diňe bellige alnan agza sanyna laýyk getirip biljekdiklerini aýdypdyrlar. Eýsem-de bolsa, hatda bellige alnan toparlar-da dini edebiýaty ýurda getirmekde kynçylyk çekýärdiler.

Hökümet ýene-de ýurda berlen 4600 kwotadan hut prezidentiň özi tarapyndan tassyklanan diňe 188 adamyň (bir uçar ýüki) Mekgä haja gitmegini maliýeleşdirdi. Hökümet haja gitmek isleýän başga adamlaryň öz hasabyna gidip biljekdigini yglan etdi. Hakykatdan-da, öňkülere garanda has köp adamyň öz hasabyna haja gitmegine rugsat edilendigini görkezýän faktlar bardy.

Hökümet dini ynanjy boýunça harby gullukdan boýun towlaýan raýatlara alternatiw raýatlyk gullugyny teklip etmedi, eýsem-de bolsa, bu düzgün 1995-nji ýyla çenli hereket edýärdi. Dini ynançlaryna görä, harby gullukdan ýüz öwürýän adamlara goşunyň düzüminde söweşjeň bolmadyk wezipeler hödürlenýärdi, emma harby bolmadyk alternatiw hyzmat hödürlenenokdy. “Forum 18” guramasynyň habar bermegine görä, fewral aýynda Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri hökmany harby gullukdan boýun towlandygy sebäpli Ýegowa şaýady Wladimir Golosenkony iki ýyl mejbury zähmet çekmäge höküm etdiler. Habar berlişine görä, hökümet onuň aýlygynyň 20 % jerime hökmünde aldy.

2007-nji ýylyň dowamynda häkimiýetler hökmany harby gullukdan boýun towlandygy sebäpli “Ýegowa şaýatlary” guramasynyň alty agzasyny kazyýet jogapkärçiligine çekdiler, emma halkara jemgyýetçilik goşulandan soň, olaryň ählisine şertli iş kesildi. Bu adamlaryň dördüsi günägeçişlige düşdi, beýleki ikisi bolsa, hökümde bellenen jezalaryny çekmeklerini dowam etdirýärdiler. Jezasyny çekip ýören bu iki adamyň biri möhleti dolandan soň, özüniň degişli harby komissiariatynyň ýene-de onuň garşysyna kazyýet işini gozgajak bolýandygyny iýul aýynda habar berdi.

Jemgyýetdäki kynçylyklar we aýry tutma (diskriminasiýa)        
                                        
Ýurtda özüni ýewreý saýýan 2000 adam bardy, emma antisemit hereketler barada hiç hili habar gelip gowuşmady.

Yslamdan ýüz öwrüp, başga dine geçen türkmenlere şübheli garalýardy we kähalatlarda olardan gaça durulýardy.

Bu barada has anyk maglumat almak üçin, http://www.state.gov/g/drl/irf/rpt saýtynda ýerleşdirilen “Halkara din azatlygy barada hasabata” seredip bilersiňiz.

d. Hereket azatlygy, oturymly ýerlerinden göçürilenler, bosgun goragy we watansyz adamlar.

Konstitusiýa we kanun doly hereket azatlygyny kepillendirmeýär, ol şeýle hem bu ýurtda ýaşamak üçin pasportyň ýa ýaşamaga hukuk berýän resminamanyň bolmagyny talap edýär. Hökümet oturymly ýerlerinden göçürilenlere, bosgunlara, ýurda gaýdyp gelen bosgunlara, watansyz adamlara we alada döredýän beýleki şahslara ýardam etmek babatynda BMG-nyň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissariaty we beýleki gumanitar guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. 2007-nji ýylyň fewral aýynda döwlet başyna geçenden az wagt soň, Prezident polisiýanyň uly ýollardaky barlag nokatlaryny aýyrdy; şol ýylyň iýul aýynda bolsa ýurt içinde serhet zolagyna gitmek üçin, talap edilýän ejaze sistemasyny ýatyrdy. Eýsem-de bolsa, serhet zolagyna gitmek üçin ejaze almak düzgüni daşary ýurtlular babatynda saklanyp galdy.

Hökümet wagtal-wagtal bu syýasatyny iki raýatlygy bolan adamlar babatynda-da ulanýardy we kähalatda Orusýetiň pasportyny alan adamlaryň-da türkmen pasportlary esasynda GDA döwletlerine gidýän adamlar ýaly wiza almaklaryny talap edýärdi. 2007-nji ýylda hökümet öň hereketi çäklendirilen azyndan dört raýatyna daşary ýurda gitmäge rugsat etdi. Eýsem-de bolsa, ýolagçylykdan alyp galmagyň esaslary düşnüksizligine galýardy, şonuň üçin-de hökümet henizem raýatlaryň ýurtdan çykyp gitmeklerine päsgelçilik döredýärdi.

Hökümet özünde daşary ýurda gitmegi gadagan edilen adamlaryň sanawynyň bardygyny inkär edýärdi. 2005-nji ýylda kabul edilip, hereketi çäklendiren “Migrasiýa hakyndaky kanun” döwlet syryna dahyly bolanlara, şahsyýeti hakynda galp maglumat berenlere, uly jenaýat edenlere, göz astynda saklanýanlara, adam ogurlygynyň gurbany bolup biljeklere, barjak ýurdunyň kanunyny öňem bozanlara ýa sapary milli howpsuzlygyna garşy gelýanlere daşary ýurda gitmegi gadagan edýär.

Raýatlar daşary ýurda gidip biljekdiklerini ýa bilmejekdiklerini Ýurda gelýän we gidýän daşary ýurtlulary hasaba almak boýunça Döwlet gullugyndan sorap bilip-bilýärdiler. Eýsem-de bolsa, bu edara ýüz tutanlaryň takmynan ýarysy belli jogap alyp bilipdir. Ýylyň dowamynda ýolagçylykdan alnyp galanlaryň hiç biri-de hereketiniň çäklendirilendigi barada şikaýat edip bilmändir.

Ýanwar aýynda häkimiýetler “Azat Ýewropa” / “Azatalyk” radiosynyň habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýewiň gyzynyň özüni bejertmek üçin, Moskwa gitmegine päsgel beripdirler. Bu işe daşary ýurtly diplomatlar goşulyşandan soň, olar oňa sentýabr aýynda daşary ýurda gitmäge rugsat edipdirler.

Aprel aýynyň ahyrlarynda, şeýle hem iýun aýynyň başynda häkimiýetler “Azat Ýewropa” / “Azatalyk” radiosynyň kiçi habarçysyny iki gezek daşary ýurtda gidýän uçardan düşürip alyp galypdyrlar we oňa “Kanun goraýjy edaralaryň” onuň gitmegine garşy bolandyklaryny aýdypdyrlar. Iýun aýynyň 5-inde häkimiýetler “Azat Ýewropa” / “Azatalyk” radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Soltan Açylowanyň ýurtdan çykmagyna ýol bermändirler.

Aprel aýynda Immigrasiýa gullugynyň işgärleri Türkmen Ýewangelik kilisesiniň pastory Ilmyrat Nurlyýewe dostunyň toýuna, Ukraina gidip bilmejekdigini aýdypdyrlar. 2007-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa Nurlyýewi Ukraina uçmaly uçardan düşürip alyp galypdyrlar. Nurlyýew 2007-nji ýylda Migrasiýa gullugyna şikaýat hatyny ýazanda, oňa uçardan zorluk bilen düşürilendigi barada ýazan zatlarynyň tassyklanmandygy barada jogap gelipdir.

Milli howpsuzlyk gullugynyň işgäri oňa daşary ýurda gitmäge rugsat ediljekdigi barada ynamly aýdan-da bolsa, daşary ýurtdaky oppozisioner Hudaýberdi Orazowyň bajasy Öwez Annaýew özüni bejertmek üçin, iýun aýynyň 15-inde Moskwa gitjek bolanda, uçardan düşürilip alnyp galynypdyr. 2007-nji ýylyň noýabr aýynda häkimiýetler Annaýewiň aýaly, Hudaýberdi Orazowyň bolsa uýasy bolan Swetlana Orazowanyň Moskwa gidýän uçara münmegine päsgel beripdirler. Orazowa sapara çykmazdan öň, özüniň hereket etmeginiň çäklendirilendigi barada şikaýat edipdir, onda Daşary ýurtlulary bellige alýan döwlet gullugynyň işgärleri oňa daşary ýurda gitmäge rugsat beriljekdigini aýdypdyrlar. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda ol ýene-de Daşary ýurtlulary bellige alýan döwlet gullugyna şikaýat hatyny ýollapdyr.

Iýul aýynyň 4-ünde 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda günägeçişlige düşen daşky gurşawy goraýjy Andreý Zatoka oňa daşary ýurda gitmegiň gadagan edilendigi barada Baş prokuraturadan hat alypdyr.

Oktýabr aýynda Gulgeldi Annanyýazowyň gyzyna we onuň maşgalasyna ýurtdan çykmaga rugsat edilmändir.

Hökümet Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýaşaýan raýatlara ol ýere gitmek üçin wiza gerek bolmasa-da, goňşy Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlarynda ýaşaýan garyndaşlaryna görme-görşe baryp, aýda diňe üç gün galmaga rugsat etdi.

Kanun raýatlaryň ýurt içine we daşyna sürgün edilmegine rugsat berýär, şol sebäpli ýylyň ahyrynda käbir adamlar zorlukly sürgünde galýardylar. Häkimiýetler käbir tussaglary, adatça öňki hökümet işgärlerini ýurt içinde sürgün edýärdiler. Öten ýyllarda wezipelerinden boşadylyp, ýurt içinde sürgün edilen käbir öňki ministrler we hökümet işgärleri ýylyň ahyrynda öý tussaglygynda galýardy. Şahsy howpsuzlygy sebäpli hökümetiň syýasy garşydaşlarynyň ählisi diýen ýaly daşary ýurtlarda ýaşaýardylar.

Bosgun goragy

Kanun BMG-nyň 1951-nji ýylda kabul eden Bosgunlar baradaky Konwensiýasyna we 1967-nji ýyldaky Protokolyna laýyklykda bosgunlara gaçybatalga ýa bosgun statusynyň berilmegini kepillendirýär. Hökümet, dogrudan-da, bosgunlara gaçybatalga bermegiň ulgamyny döredipdir we şunuň esasynda olara gaçybatalga ýa bosgun statusyny berdi. Iş ýüzünde hökümet bosgunlary sürgün edilmekden ýa janlaryna we azatlyklaryna howp abanýan ýeri bolan öz ýurtlaryna gaýtarylyp berilmekden gorag bilen üpjün etdi. Hökümet Owganystandan we Täjigistandan gelen käbir türkmenlere, şeýle hem ruslara we özbeklere gaçybatalga berdi. Ýurtda BMG-nyň BBÝK-yň mandatyny alan 125 sany bosgun bardy. Hökümet, şeýle hem, BMG-nyň 1951-nji ýylda kabul eden Bosgunlar baradaky Konwensiýasyna we 1967-nji ýyldaky Protokolyna laýyklykda bosgun kategoriýasyna degişli bolmadyk käbir adamlara-da wagtlaýyn gaçybatalga berdi. 2006-njy ýylda hökümet 1990-njy ýyllarda bu ýurda göçüp gelen 16 müň türkmene raýatlyk ýa ýaşamaga kanuny hukuk berdi. Raýatlyk alanlaryň aglabasy 90-njy ýyllarda Täjigistandaky uruşdan gaçyp gaýdan türkmenler, özbekler we oruslardy. Hökümet bosgunlara we gaçybatalga gözleýänlere ýardam etmekde BBÝK we beýleki gumanitar guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýärdi.

Watansyz adamlar

BMG-nyň Ösüş Programmasy ýurtda birnäçe watansyz adamyň bardygyny habar berdi. Eýsem-de bolsa, BMG Ösüş Programmasy ýurtda 9000 adamyň resmi däl ýagdaýda ýaşaýan bolmagyny-da çak edýändigini aýtdy. Sowet Soýuzy darganda, bu adamlarda Sowet pasporty bolupdyr, 1999-njy ýylda bu pasportlaryň möhleti tamamlanandan soň, olar özleri üçin watan saýlamandyrlar. Bu adamlar haýsy ýurda degişlidiklerini kesgitleýänçäler, hökümet olaryň işine adminstratiw tertipde garap, olary ýaşamaga hukuk berýän dokument bilen üpjün edipdir. BMG ÖP-sy bu adamlaryň sanyny takyk aýdyp bilmeýär, çünki olar bu guramadan ýardam islemandirler, şonuň ýaly-da olar statuslarynyň üýtgedilemgini-de isläp baranoklar. BMG-nyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissariaty bu adamlara watansyz ýa-da watansyz bolmak howpy bilen ýübe-ýüz duran adamlar hökmünde garaýardy. Hökümet 2005-nji ýylda degişli karar kabul etmek bilen ýaşaýyş jaýlaryny bellige alyş işini aňsatlaşdyrdy, soň bolsa Täjigistandaky raýatlyk uruşdan gaçyp gaýdan takmynan 13.000 türkmene raýatlyk berdi.

Üçünji bölüm. Syýasy hukuklara hormat goýluşy: raýatlaryň öz hökümetlerini çalşyryp bilmek hukugy

Raýatlar erkin saýlaw geçirip, kanunlary üýtgedip, şeýle hem özlerini dolandyrýan adamlary çalşyryp bilmeýärdiler. Konstitusiýa bu ýurdy prezident tarapyndan dolandyrylýan “dünýewi we demokratik ýurt” diýip, yglan edýär. Ol häkimiýetiň dolandyryş pudaklar arasynda bölünmeginiň tarapdary, emma prezidente beýlekilerden has köp ygtyýarlylyk berýär. Iş ýüzünde prezident ýurtda çäksiz häkimiýete eýedi; iň möhüm kararlary kabul etmek diňe şonuň ygtyýaryndady. Öňki ýyllardan tapawutlylykda raýatlar milli kasamy aýdanlarynda, prezidente däl-de, watana wepalylyk barada kasam içýärdiler.

ÝHHG-nyň aýtmagyna görä, saýlawlar hakyndaky kanun bu guramanyň standartlaryna laýyk gelmeýärdi.

Saýlawlar we syýasy işlere gatnaşmak

Sentýabr aýynyň 26-synda Halk maslahaty ýurduň täzeden işlenen Konstitusiýasyny kabul etdi. Bu Konstitusiýa Mejlise has giň ygtyýar berdi, prezidentiň häkimiýetini giňeltdi we Halk maslahatyny syýasy edara hökmünde ýatyrdy. Oktýabr aýynyň 15-inde hökümet täzeden işlenen Mejlis saýlawlary hakyndaky kanuny kabul etdi. Bu kanun garşy (negatiw) ses bermegi aýyrmak, kandidatlaryň jemgyýetçilik toparlary tarapyndan görkezilmegi we entek jenaýat edenligi subut bolmadyk tussaglary-da ses bermek hukugyndan mahrum etmezlik ýaly käbir halkara standartlaryny-da öz içine alýardy. Dekabryň 14-ünde Mejlise deputat saýlawlary geçirildi. Hökümet ömründe ilkinji gezek saýlawa gözegçilik etmek üçin halkara gözegçileri çagyrdy. Eýsem-de bolsa, bu saýlawlar erkinlik, adyllyk, aç-açanlyk we bäsleşiklilik babatynda ÝHHG-yň standartlaryna laýyk gelmeýärdi.

Konstitusiýa laýyklykda 2006-njy ýylyň dekabr aýynda prezident Nyýazow aradan çykanda, prezidentiň wezipesini wagtlaýynça Mejlisiň şol wagtky başlygy Öwezgeldi Ataýew ýerine ýetirmelidi. Eýsem-de bolsa, onuň ýerine şol wagt Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolan Gurbanguly Berdimuhammedow bellenip, Ataýewiň garşysyna häkimiýetler jenaýat işini gozgadylar. Habar berlişine görä, ýylyň ahyrynda Ataweý türmededi. 2006-njy ýylyň dekabr aýynyň 6-synda Halk maslahaty prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Berdimuhammedowyň-da saýlawa gatnaşyp bilmegi üçin, Konstitusiýany üýtgetmek bilen prezident saýlawyna 6 sany kandidat saýlady. “Prezidentlige kandidat” birnäçe ýyl ýurtda ýaşan bolmaly diýlen talap daşary ýurtda ýaşap, bu saýlawa gatnaşmak isleýänleriň kandidatlygyna päsgel berdi. Daşary ýurtdaky käbir oppozisionerler Aşgabatda ýaşaýan Nurberdi Nurmämmedowyň öz kandidaturasyny görkezmegine bil baglaýardylar, emma hökümetden başgaça pikirlenýän Nurberdi Nurmämmedow dekabr aýynyň 23-ünden 30-yna çenli tussaglykda saklandy.

2007-nji ýylyň fewral aýynda raýatlar halkara standartlaryna laýyk gelmeýän saýlawlarda Berdimuhammedowy prezident saýladylar. ÝHHG-sy bu saýlaw babatynda aşakdaky problemalary belledi: syýasy plýuralizmiň ýoklugy, raýatlaryň prezidentlige kandidaturasyny görkezmek hukugyna goýlan çäklendirmeler, saýlaw kampaniýasynyň beýan edilişini kadalaşdyrýan düzgüniň ýoklugy, geçmedik kandidatlaryň gaýtadan saýlaw geçirtmeginiň gadagan edilmegi we saýlawçylardan bir kandidatdan başgalarynyň adyny çyzmak talaby, ýagny negatiw ses bermek. Hökümet kanun ýüzünde syýasy guramalara agza bolmagy gadagan etmeýän-de bolsa, ol Prezidentiň Demokratik partiýasyndan başga ähli syýasy partiýalary gadagan etdi. Hökümet ýurt içinde syýasy oppozisiýany gadagan etmegini dowam etdirýärdi, netijede Ýewropadaky oppozision hereket bu ýurt üçin ýeke-täk alternatiw syýasy güýç bolmagyna galýardy.

Elli agzasy bolan parlamentde 2005-nji ýylda saýlanan başlygyny-da goşmak bilen sekiz aýal bardy. Ýokary hökümet wezipelerinde aýallara-da orun berlipdi: Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Medeniýet we teleýaýlymlar boýunça orunbasary, Döwlet arhiwiniň müdiri, Demokratiýa we ynsan hukuklary institutynyň müdiri, Ylym we tehnologiýa boýunça Ýokary Geňeşiň başlygy we Döwlet habarlar gullugynyň başlygy.

Elli agzaly Mejlisiň azlyk dini topardan bolan ýeke-täk agzasy 2006-njy ýylyň noýabr aýynda ýogalansoň, onuň ýeri boş galdy. Hökümet ýokary döwlet wezipelerine bellenmeli bolanda, türkmenlere artykmaçlyk berýärdi, eýsem-de bolsa, milli azlykdan bolan adamlar-da ýokary döwlet kürsülerini eýeleýärdiler. Ýurduň medeni we syýasy durmuşynda prezidentiň taýpasy, ýurtda iň uly taýpa bolan teke taýpasy esasy wezipeleri eýeleýärdiler.

Döwlet derejesindäki parahorluk we aç-açanlyk

Kanun boýunça resmi adamlaryň para almagy jenaýatdyr; eýsem-de bolsa, hökümet bu kanuny gowy ýerine ýetirenokdy, netijede, habar berlişine görä, wezipeli adamlar köplenç garaw görmän, para alýardylar. Giňden ýaýrap, çuňňur kök uran parahorluk ýurduň ähli sosial we ykdysady sektorlarynda möwç urýardy. Muňa ýardam edýän faktorlar şulardy: ýurtda howandarlyk ulgamynyň barlygy, aç-açanlygyň we halka hasabat bermek mehanizminiň ýoklugy, şeýle hem hökümetiň yzarlamagyndan gorkulmagy. Dünýä Bankynyň tutuş dünýä boýunça dolandyryş görkezijilerine görä, bu ýurt elhenç parahorluk problemasy bilen ýüzbe-ýüzdi. “Transpärensi International” guramasynyň 2008-nji ýyl boýunça parahorluk baradaky hasabatynda ekspertleriň bu ýurduň wezipeli adamlarynyň arasynda parahorlugyň rowaç alandygyny aňypdyrlar.

Prezident birgiden ministri we döwlet işgärini wezipesinden boşatdy; olaryň käbiriniň işi derňelip, hatda, eden etmişi üçin tussag edildi, eýsem-de bolsa, maglumat gytlygy olaryň tussag edilmeginde syýasy sebäpleriň bardygyny-ýokdugyny anyklamagy kynlaşdyrýardy. Ýylyň dowamynda birnäçe ýokary wezipeli adamyň gulluk wezipesine daýanyp, jenaýat eden bolmagy ähtimallygyna şübhelenilip, işleri derňelen-de bolsa, hökümet hiç bir ýokary wezipeli adamy azatlykdan mahrum etmedi ýa öý tussaglygynda saklamady. Işinde goýberen uly ýalňyşlyklar sebäpli iki sany ýokary wezipeli adam − Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Onjuk Musaýew we Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň başlygy Myratberdi Annalyýew işden boşadyldy we olara garşy jenaýat işi gozgalan bolmagy-da mümkin. Ýylyň ahyrynda olaryň ýagdaýy näbellidi.

2007-nji ýylda häkimiýetler wezipelerinden boşadylandan soň, azyndan ýedi sany ýokary wezipeli adama, şol sanda Prezidentiň şahsy goragynyň başlygy we öňki prezident Nyýazowyň ýakyn maslahatçysy Akmyrat Rejebowa, parahorlukda aýyplanýan öňki oba hojalyk ministri Paýzygeldi Meredowa, şeýle hem Mejlisiň öňki başlygy Öwezgeldi Ataýewe garşy jenaýat işiniň gozgaljakdygyny aýtdylar. Ataýew ýedi ýyl möhleti bilen azatlykdan mahrum edildi. Öňki Demirýol ministri Orazberdi Hudaýberdiýew 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda günägeçişlige düşüp, azatlyga çykdy. Galanlarynyň ýagdaýy ýylyň ahyrynda näbellidi.

Döwlet maglumatlaryny halk köpçüligine elýeterli edýän kanun ýok, şonuň üçin-de iş ýüzünde hökümet muny ýerine-de ýetirmeýärdi. Häkimiýetler olaryň döwlet syrydygyna salgylanmak bilen käbir maglumatlar barada edilen talaplary ret edýärdiler. Käbir statistik maglumatlar-da döwlet syry saýylýardy. Demografik maglumatlar halka aýan edilmeýärdi, çap edilen ykdysady we maliýe maglumatlar bolsa döwletiň syýasatyny we çykdajylaryny aklamak üçin galplaşdyrylýardy.

Dördünji bölüm. Ynsan hukuklary bozulandyr öýdülýän ýagdaýlaryň halkara we döwlete degişli bolmadyk guramalar tarapyndan derňelmegine hökümetiň garaýşy

Ýurtda ynsan hukuklaryny goraýan döwlete degişli bolmadyk gurama ýokdy. Hökümet öz garşydaşlaryna ýurda gelýän žurnalistler ýa ynsan hukuklarynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak isleýän başga daşary ýurtlular bilen gürleşmeli däldigi barada duýduryş beripdi. Ýylyň dowamynda hökümet syýasy bolmadyk jemgyýetçilik we medeni guramalaryň işine gözegçilik etmegini dowam etdirdi. Ýurtda ynsan hukuklarynyň goragy ugrunda dowamly iş alyp barýan daşary ýurtly döwlete degişli bolmadyk gurama-da ýokdy; eýsem-de bolsa, hökümet halkara guramalara, şol sanda ÝHHG-na we BMG BBÝK-na ýurtda bolmaga rugsat beripdi. Söz, metbugat we birleşmek  azatlygyny hökümet tarapyndan çäklendirilmegi halkara guramalarynyň döwletiň ynsan hukuklary babatyndaky syýasatyny derňemek we tankyt etmek mümkinçiligini  diýseň çäklendirýärdi. Käbir döwlet işgärleri  ynsan hukuklarynyň bozulandygy güman edilýän ýagdaýlar barada berlen soraglara  göwnaçyklyk bilen jogap berýärdiler. Hökümet raýatlaryň halkara guramalara we daşary ýurtlaryň ilçihanalaryna baryp-gelmegine gözegçiligi we raýatlary daşary ýurtlular bilen işleşmekden el çekdirmek ugrundaky tagallalaryny biraz gowşadan ýalydy. ÝHHG habar bermegine görä ýylyň dowamynda raýatlaryň bu gurama gelmegini we onuň geçirýän çärelerine gatnaşmagyny çäklendirmek ugrunda göze görnüp duran uly bir hereket bolmandyr. 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda ÝHHG hökümetiň raýatlaryň bu gurama gelip-gitmeklerine we onuň raýatlyk jemgyýeti mowzuklaryndan geçirýän seminarlaryna hem çärelerine gatnaşmaklaryna päsgel bermegini bes edendigini barada habar berdi. 2006-njy ýylyň iýun aýynda raýatlara žurnalistlik enjamlary bereni üçin, Ministrler Kabineti diplomatlary we ÝHHG-ny ýurtda agdarylyşyk taýýarlamakda aýyplady.

Sentýabr aýynyň 4-ünden 10-una çenli BMG-nyň din we ynanç azatlygy boýunça ýörite hasabatçysy  ilkinji gezek ýurda sapar bilen gelipdi. Saparyň dowamynda ol Prezident, Mejlisiň başlygy, Ýokary Kazyýetiň agzalary we beýleki hökümet ýolbaşçylary, welaýat hem-de etrap boýunça hökümetiñ wekilleri, şeýle hem birgiden hasaba  alnan we alynmadyk dini toparlaryň wekilleri bilen duşuşdy.

Özüniň köpçülikleýin çykyşynda hasabatçy döwleti halkara ynsan hukuklary standartlaryna has golaý getirmek üçin, Din hakyndaky kanuna täzeden seredilmegine  çagyrdy, şeýle hem, Dini işler boýunça edarasynyň ähli dinleriň wekillerini öz içine almagyny we has garaşsyz bolmagyny maslahat berdi. Ol daşary ýurtdan dini edebiýat getirilmegine we dini işler üçin ýygnanșmaga ýer edinilmegine hökümetiň çäklendirmesini azaltmagyny maslahat berdi. Ol, şeýle hem, dini ynançlary sebäpli harby gullukdan ýüz öwürýänler üçin hökmany harby gullugynyñ ýerine alternatiw raýatlyk gullugynyň girizilmegi üçin, kanunyň täzeden seredilmegini maslahat berdi. HRW-nyň habar bermegine görä, howpsuzlyk gullugy Aşgabatda ýerleşýän azyndan üç sany azlyk dini toparlaryň agzalaryna bu sapary döwründe hasabatçy bilen duşuşmazlyk barada duýduryş beripdir.

Hökümet tarapyndan döredilen Demokratiýa we ynsan hukuklary instituty ýylyň dowamynda käbir raýatlaryň özleriniň ynsan hukuklarynyň bozulandygy baradaky şikaýatyny çözmek üçin, resmi däl araçy roluny oýnady. 2007-nji ýylda hökümet Ynsan hukuklary boýunça komissiýa döretdi. Bu komissiýa gös-göni prezidente tabyn bolup, ynsan hukuklary babatyndaky özgerişliklere gözegçilik edýär. Şeýle hem 2007-nji ýylda hökümet, Ýokary Kazyýetiň başlygy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän hukuk  goraýjy edaralaryň işi boýunça raýatlaryň şikaýatlaryna garamak boýunça komitet döretdi. 2005-nji ýylda ynsan hukuklaryna degişli kanunlara  gözegçilik etmek maksady bilen Mejlisiň düzüminde Ynsan hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy boýunça komitet döredildi. Jemgyýetiň demokratiýalaşmagyny goldamak we ynsan hukuklarynyň goranyşyna gözegçilik etmek maksady bilen 1996-njy ýylda döredilip, gös-göni prezident tabynlygynda bolan DYHI ynsan hukuklaryna degişli  kitaphanasy bardy. DYHI garaşsyz edara däldi, şonuň üçin-de onuň adalaty berkarar etmek ukyby çäklidi.

Bäşinji bölüm. Diskriminasiýa, jemgyýetdäli kynçylyklar we adam söwdasy

Kanun adamyň jynsyna, gelip çykyşyna, aýal-erkekligine, kemisliligine, diline ýa sosial ýagdaýyna esaslanýan diskriminasiýany, aýllara garşy zorlugy we az sanly milletleriň aýry tutulmagyny gadagan edýän-de bolsa, ýurtda diskriminasiýa meselesi çözülmän galmagyny dowam etdi.

Aýallar

Aýal zorlamak, şol sanda, öz aýalyňy zorlamak-da bikanundyr. Bu jenaýat amala aşyrylanda, ulanylan zorlugyň derejesine, şeýle hem şol bir adam tarapyndan näçenji gezek edilýändigine baglylykda 3 ýyldan 25 ýyla çenli jezasy bar. Zorlanandygyň barada arz etmek ýa boýun almak masgaraçylyk diýen düşünje bu meseläniň nä derejede giň ýaýrandygyny anyklamagy kynlaşdyrýardy.

Kanun maşgalada zorlugy, şol sanda är-aýal arasyndaky zorlugy-da gadagan edýär, eýsem-de bolsa, bu kanun bolmalysy ýaly ýerine ýetirilmeýärdi. Jeza ýeten şikesiň derejesine baglylykda kesgitlenýär. Maşgalalarda aýallara garşy zorlugyň adaty zatdygy barada üzlem-saplam habarlar gelip gowuşýardy; eýsem-de bolsa maşgaladaky zorlukdan ejir çekenleriň aglabasy ýa öz hukuklaryndan bihabardyklary, ýa-da adamsy ýa garyndaşlary tarapyndan zorlugyň artmagyndan gorkyp , bu barada şikaýat edenokdylar. Maşgaladaky zorluk meselesine degişli birnäçe işe kazyýetde garaldy we habar beriş  serişdelerinde bu barada wagtal-wagtal makalalar çykýardy. Aşgabatda resmi bolan bir garaşsyz DDB gurama, ýerlerde bolsa birnäçe resmi däl toparlar maşgala zorlugyndan ejir çekenlere ýardam edýärdi.

Jelepçilik – bikanun; emma tutuş ýurt boýunça çözülmedik mesele bolup galýardy. Häkimiýetler jelepçiligi ýiti göz astynda saklaýan-da bolsalar, oňa garşy çykmak üçin synanyşyk edenokdylar. Jynsy gatnaşyga girmäge mejbur etmäge synanyşygy gadagan edýän kanun ýok, şonuň üçin-de iş ýerlerinde aýal-gyzlary zyna mejbur etmäge synanyşyk edilýändigi barada wagtal-wagtal habarlar gelip gowuşýardy.

Nika we maşgala kodeksi, şeýle hem emläk kodeksi boýunça aýal-erkek deň hukuga eýedir. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-nyň ÖP we beýleki halkara hyzmatdaşlary bilen maslahat edenden soň, Mejlis aýallaryň hukuklary barada täze kanun kabul etdi. Ynsan hukuklary we aýal-erkek gatnaşyklary baradaky kanunlary taýýarlamak, aýal-erkek gatnaşyklary baradaky täze maksatnamany okuw programmasyna girizmek, şeýle hem bu mesele boýunça milli hem halkara kanunlar barada yzygiderli bülleten neşir etmek işi Mejlisiň Ynsan hukuklary we azatlyklary boýunça komitetiniň jogapkärçiligindedi. Kanun boýunça aýallar ähli jähätden, şol sanda zähmet haky, karz pul almak, biznese başlamak we döwlet edarasynda işlemek jähätlerinden-de erkekler bilen deňhukuklydy. Eýsem-de bolsa, öňden gelýän düşünje esasynda aýallar iş ýüzünde diskriminasiýa sezewar edilýärdi. Iş eýeleri köplenç ýagdaýda aýallaryň göwreliligi we çaga seretmekleri sebäpli öndürijiligiň pese düşmeginden howatyr edip, erkek adamy işe alanyny gowy görýärdiler. Hökümete degişli hojalyk kärhanalarynyň ýokary derejesinde aýallaryň orny erkekleriňkiden pesräkdi we saglygy goraýyş, bilim, şeýle hem sosial hyzmatlar pudagynda jemlenipdi. Hökümet aýallaryň käbir howply we zyýanly işlerde işlemegini çäklendirdi.

Hökümet aýallar babatynda diskriminasiýanyň bardygyny ýa bolmasa, bar bolan diskriminasiýanyň diňe aýallara degişlidigini boýun almaýardy.

Çagalar

Hökümet çagalaryň bähbidini aramak ugrunda birnäçe sada çäreleri amala aşyrdy , şolardan çagalaryň saglygyny goramaga niýetlenen programmalar boýunça BMG-nyň Çagalar fondy we beýleki halkara guramalary bilen giňişleýin hyzmatdaşlygy we 2007-nji ýylda hökmany on ýyllyk orta bilimiň dikeldilmegini mysal getirmek bolar.

2007-nji ýylda hökümet Nyýazow döwründäki iki ýyllyk okuwy bäş ýyllyk etmek, şeýle hem ýokary okuw jaýyna girmek üçin iki ýyl iş tejribäniñ bolmagy ýaly talaby ýatyrmak bilen ýokary bilim ulgamynda özgerişlige başlady. Hökümet daşary ýurtda okamak isleýänler üçin çäklendirmelerini azaltdy, eýsem-de bolsa, uly bürokratik päsgelçilikler saklanyp galýardy we talyplar daşary ýurtda okamak üçin hökümetiň rugsadyny almakdan ötri, türkmen dilinden synagdan geçmeli bolýardylar.

Çagalaryň horluga sezewar edilýändigi barada üzlem-saplam habarlar gelip gowuşýardy.

UNISEF-iň 2006-njy ýyl hasabatyna görä bu ýurtda nikalaryň 9 %  kämillik ýaşyna yetmedikler bilen baglanyşypdyr.

Adam söwdasy

2007-nji ýylyň dekabr aýynda Mejlis adam söwdasynyň ähli görnüşlerini gadagan edýän doly möçberli  kanun kabul etdi. Adamlaryň ýurtdan çykarylyp, başga ýerden getirilip, şeýle hem ýurt içinde satylýandygy barada käbir habarlar gelip gowuşdy. Ýurt boýunça bu işiň gurbanlarynyň sanyny takyk kesgitlemek üçin, ýeterlik maglumat ýok. Habar berlişine görä, ýylyň dowamynda takmynan 20 adamyň satylandygy barada habarlar gelip gowuşdy. Satylanlaryň takmynyn 80 % jynsy babatda ulanmak üçin, satylan gelinleri öz içine alýar, galan 20 % bolsa gara işçi ýa kärhanalarda işletmek üçin, satyn alnan erkek adamlardyr. Adamlaryň aglabasy Türkiýä satylypdyr. Ýylyň dowamynda hökümet satylmak üçin, äkidilýändigi şübhelenilýän aýallaryň Türkiýä we  Arap Emirligine gidýän uçarlara münmegini gadagan etmek üçin, 2005-nji ýylda çykan migrasiýa hakyndaky kanunyny ulanýardy, çünki bu ýurtlar satlyk aýallaryň ilkinji barmaly ýurdy hasaplanýardy. Eýran-da satlyk aýallaryň barmaly ýurdy hasaplanýardy. DDB guramalaryň bellemegine görä az sanly milletlerden bolan ýaş gelinler satylmaga has amatly saýylýardy.

Halkara Migrasiýa guramasy 2007-nji ýylda satylan 20 adamyň Türkiýeden gaýtaryp getirilmegine  ýardam etdi. Adam söwdasy bilen meșgullanýanlara haýsy madda boýunça garalýandygyna baglylykda emläginiñ elinden alynmagy bilen iki ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasy bar. Ýylyň dowamynda Döwlet migrasiýa gullugy adam ogurlygyna garşy göreş alyp bardy.

Adalat ministrligi adam ogurlygy barada halk köpçüliginiň habarly bolmagy ugrunda daşary ýurt ilçihanalary we halkara guramalar bilen işleşýärdi. Welaýatlarda käbir jemgyýetçilik toparlar adam ogurlygy barada halky habarly etmek ugrunda iş alyp barýardy. Eýsem-de bolsa, hökümet ýurtda adam söwdasynyň bardygyny köpçülikleýin boýun almaýardy we ýurt içinde adam söwdasynyň ýagdaýlaryny göz astynda saklamaýardy, şeýle hem onuň bu işi amala aşyrar ýaly strategiýasy ýokdy. Hökümet adam söwdasynyň gurbanlaryny kesgitlemek üçin, jemgyýetiň gowşak toparlaryny yzygiderli goramaýardy.

Bu barada  maglumat almak isleseňiz, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Adam söwdasy barada ýyllyk hasabatyny http://www.state.gov/g/tip saýtynda tapyp bilersiňiz.

Kemisli adamlar

Kanun işe ýerleşmek, bilim almak, saglygyny goramak we döwletiň üpjün edýän beýleki hyzmatlaryndan peýdalanmak babatynda fiziki we akyl taýdan kemisli adamlaryň aýry tutulmagyny gadagan edýär; eýsem-de bolsa, aňyrdan gelýän berk düzgün boýunça iş ýüzünde kemisli adamlaryň bu hukuklary köplenç inkär edilýär. Kemisli adamlar işe girmekde, bilim almakda, saglygyny goramakda we beýleki hyzmatlardan peýdalanmakda diskriminasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Uzak döwrüň dowamynda hökümet fiziki taýdan kemisli adamlary akyl taýdan kemislileriň hataryna goşmak bilen akyl hassalarynyň saklanýan edaralaryna ýerleşdirip gelipdir. Hökümet kemisli adamlara pensiýa we kömek puluny berýärdi, eýsem-de bolsa bu berilýän kömek puly adam şekilli ýaşamaga ýetmeýärdi. Şu kömek puluny alýan kemisli adamlar iş bilen üpjün edilen, şonuň üçin-de ýurtda iň uly iş eýesi bolan hökümetden iş talap etmäge haklary ýok diýlip hasaplanýardylar.

Käbir kemisli talyplar degişli mugallym bolmansoň, bilim alyp bilmändirler. Kemisli okuwçylar ýokary okuw jaýyna girmek üçin, öňe sürülýän resmi däl talaplaryna laýyk gelmänsoñlar, ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmändirler. Kemisli çagalar, şol sanda akyl taýdan kemisli çagalar ýöriteleşdirilen ýatymlaýyn mekdeplere ýerleşdirilipdirler. Şu mekdepleri tamamlandan soň, olar okluwa we eger zähmet çekmäge ukyply bolsalar, işe  girmek mümkinçiligi bilen üpjün etmelidi; emma iş ýüzünde bularyň hiç biri-de üpjün edilmeýärdi. Uly şäherlerde agyr eşidýänler we gowşak görýänler üçin ýörite mekdepler bardy.

Kanun täze gurulýan jaýlaryň kemisli adamlaryň ol ýere barmagyny ýeňilleşdirýän enjamlar bilen üpjün edilmegini talap edýän-de bolsa, bu talap hemişe ýerine ýetirilmeýärdi, şonuň ýaly-da kemisliler öñki gurlan jaýlara baryp bilmeýärdiler. Kemisli adamlaryň hukuklaryny goramak Sosial üpjünçilik ministrliginiň borjudy.

Milli, rassa, etnik we  az sanly milletlik degişliligi 

Kanun ähli raýatlar üçin deň hukuk we azatlyk kepillendirýär. Birnäçe az sanly toparlar medeni çäreleri geçirmek üçin, kanuny statusa eýe bolmak maksady bilen DDB gurama hökmünde bellige alynmak ugrunda synanyşyk etdiler. Emma ýylyň dowamynda az sanly toparlaryň ýekejesi-de özüni bellige aldyryp bilmedi.

Kanun az sanly  milletleriñ  dillerini inkär etmezden, türkmen dilini döwlet dili diýip, ykrar edýär. Rus dili söwdada we paýtagtyñ gündelik durmuşynda esasy orun tutýan-da bolsa,  hökümet resmi işleri diňe türkmen dilinde alyp barmak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýärdi . Hökümet ministrlikleriň öz işgärlerini “Ruhnama”, Döwlet nyşanlary we her kimiň hünäri boýunça derslerden türkmen dilinde synagdan geçirmegini talap edýärdi; bu synagdan geçip bilmedik işgärler işden çykarylýardy. Hökümet yzygiderli suratda türkmen-türk mekdepleriniň mugallymlaryny we işgärlerini türkmen milletinden bolan adamlar bilen çalşyrýardy. Türkmenden gaýry milletleriň türkmen dilini öwrenmek mümkinçiligi diňe mekdeplerde bardy.

Türkmen dilini bilmeýän raýatlar özleri üçin ösüş we üstünlik gazanmak  ýolunyň ýapykdygyny aýdyp, şikaýat edýärdiler, başga milletleriň wekillerinden diňe barmak basyp sanaýmalysy ministrliklerde ýokary wezipeleri eýeleýärdiler. Käbir ýagdaýda döwlet edaralaryna işe girmekçi bolýanlar üç arkasy barada maglumat bermeli bolýardylar. Işgär sanyny azaltmaly bolan ýagdaýlarynda hökümet ilki bilen türkmen dälleri işden çykarýardy.

Jemgyýetdäki beýleki kynçylyklar we diskriminasiýa

Beçebazlyk bikanundyr we iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasy bar.

Altynjy bölüm. Zähmetkeşleriñ hukuklary

a. Birleşmek hukugy

Kanun raýatlara garaşsyz birleşmeler döretmäge hukuk berýär, emma iş ýüzünde bar bolan ähli kärdeşler arkalaşyklaryny hökümet gőzegçilik astynda saklaýar. Şahsy raýatlara garaşsyz birleşmeler döretmäge rugsat berilmeýärdi.

Hökümet diňe Kärdeşler arkalaşygynyň Merkeziniň döredilmegine rugsat edipdir. Hut Prezidentiň bellän adamy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu gurama  lukmançylyk, gurluşyk, bank işi, hasapçylyk, ykdysadyýet, telekeçilik we kärendeçilik ýaly aglaba pudagynda döredilen birgiden kärdeşler arkalaşygyny özünde jemleýärdi. Bu kärdeşler arkalaşyklarynyň ählisi-de döwletiň goşmaça guraly bolmak bilen alyp barýan işlerinde garaşsyz däldiler. Ýurtda iş taşlaýyşlary kadalaşdyrýan ýa iş taşlaýyş yglan edenlere jeza bermek barada kanun ýokdy, eýsem-de ýurtda iş taşlaýyşlar seýrek bolýardy. Iýun aýynyň başynda “Nemes tolkuny” radiosy Balkanabat şäheriniň golaýyndaky bir nebit kärhanasynda güýçli protest hereketiniň bolandygyny habar berdi. Milli Howpsuzlyk ministrligi 60-a golaý adamy tussag edenden soň, emeli usulda kursunyň üýtgedilendigi sebäpli, dollaryň hümmetiniň gaçmagy netijesinde ýitiren pullarynyň öwezini dolmak üçin, zähmet haklarynyň artdyrylmagyny talap edýän bu protest hereketi uzaga çekmändir.

b. Gurama döretmek we köpçülikleýin şertnama baglaşmak hukugy

Kanun köpçülikleýin şertnama baglaşmak hukugyny goramaýar.

Kanun iş eýeleriniň arkalaşygyň agzalaryna we guramaçylaryna garşy diskriminasiýasyny gadagan etmeýär. Ýurtda diskriminasiýadan şikaýatlary çözmek mehanizmi ýokdy, şonuň ýaly-da diskriminasiýa barada  habar gelip gowuşmaýardy.

Ýurtda daşary ýurt önümçilik zolaklary ýokdy.

c. Zorlukly ýa mejbury zähmetiň gadagan edilmegi

Kanun zorlukly ýa mejbury zähmeti, şol sanda çaga zähmetini-de gadagan edýär; eýsem-de bolsa, şeýle ýagdaýlaryň bardygy barada habarlar gelip gowuşýardy. Prezidentiň 2005-nji ýylda çykaran Permany çaga zähmetini gadagan edýär we ýekeje çaganyň-da pagta ýygymynda ulanylmaly däldigini aýdýar. Habar berişlerine görä, hökümet ýylyň dowamynda bu syýasatyny amala aşyrypdyr.

d. Çaga zähmetiniň gadagan edilmegi we işe almagyñ iñ pes ýaş çägi

Iş ýerlerinde çagalaryň ulanylmagyny gadagan edýän kanunlar we syýasatlar bar, emma olar ýeterlik derejede durmuşa geçirilmeýär. Çagalaryň işe girmegine rugsat edilýän ýaş derejesi 16, agyr senagatyñ käbir görnüşleri bolsa 18 ýaşdyr. Kanun 16-18 ýaş aralygyndaky çagalaryň günde 6 sagatdan artyk işledilmegini gadagan edýär. On bäş ýaşly çaga bolsa ata-enesiniň we kärdeşler arkalaşygynyň rugsady bilen günde dört sagatdan alty sagada çenli işledilip bilner. Emma şeýle rugsatlaryň alynmagy gaty seýrek hadysadyr. Çaga zähmeti baradaky kanunlaryň durmuşa geçirilmegi üçin, Adalat ministrligi we Baş Prokuratura jogapkärdi.

e. Kabul ederlikli iş şertleri

Döwlet edaralarynda tölenýän iň pes aýlyk zähmet haky 1,65 million manat, ýagny takmynan 116 ABŞ dollaryna barabar bolmak bilen işçiniň we onuň maşgalasynyň adam şekilli ýaşamagyna ýetmeýärdi. 2007-nji okuw ýylynyň başynda hökümet mugallymlaryň aýlyk zähmet haklaryny 40 % köpeldip, hepdelik iş sagadyny 35-den 24-e çenli azaltdy.

Kanun boýunça hepdelik iş wagty iki gün dynç bolmak bilen 40 sagatdyr. Döwlet edaralarynyň aglabasy şenbe güni-de ýarym gün işleýärdiler. Kanun boýunça iş wagtyndan artyk ýa baýram  günleri işlenen wagt üçin iki esse hak tölenmelidir. Adam ýylyň dowamynda 120 sagatdan artyk işledilmeli däldir we artyk işlenen wagt yzygiderli iki günde dört sagatdan köp bolmaly däldir; eýsem-de bolsa, bu kanuna eýerilmeýärdi.

Hökümet zähmet gigiýenasy we howpsuzlygy boýunça hemmetaraplaýyn standartlary girizmändi. Köne kärhanalardaky senagat işçileri köplenç howply şertlerde işleýärdiler we zerur bolan gorag serişdeleri bilen üpjün edilmeýärdiler. Käbir oba hojalyk işçileri saglyga zyýanly daşky gurşawda işlemeli bolýardylar. Käbir ýagdaýlarda işçiler iş stažynyň üznüksizligini ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan, saglygyna ýa howpsuzlygyna zyýanly işden çykyp bilmeýärdiler.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas
Turn Admin On!