Esasy hasabatlar
2007-nji ýylda dünýäde ynsan hukuklarynyň berjaý edilişi barada ýurtlar boýunça hasabat
Türkmenistan
ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet býurosy tarapyndan ýaýradyldy.
Konstitusiýasynda “Prezident dolandyryşly dunýewi we demokratik respublika” diýlip, yglan edilýän-de bolsa, täkmynan bäş million ilaty bolan bu ýurt tä dünýäden ötýänçä, ýagny 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýyna çenli ömürlik Prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan dolandyrylan hökmürowanlyk düzgünli döwletdir. Halk maslahaty Baýdak aýynyň 11-inde geçiriljek prezident saýlawyna gatnaşmak üçin, alty dalaşgär saýlady. Dalaşgärleriň ählisi-de ýurtdaky ýeke-täk syýasy partiýa bolan Demokratik partiýanyň agzalarydy. Halkara standartlaryna laýyk gelmeýän bu saýlawda Gurbanguly Berdimuhammedow ýeňiş gazandy. Raýatlyk häkimiýetler, umuman, howpsuzlyk gulluklaryna berk gözegçiligi elde sakladylar.
Ýurtda käbir öňe gidişlikler bolanam bolsa, hökümet çynlakaý düzgün bozmalary amala aşyryp geldi, şonuň üçin-de ýurtda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy öňküsi ýaly ýaramazlygyna galdy. Häkimiýetler syýasy we raýatlyk azatlyklaryny berk çäklendirmeklerini dowam etdirdiler. Ynsan hukuklary bilen baglanyşykly meseleler aşakdakylardan ybaratdyr: raýatlaryň başga ýurda göçüp gitmek mümkinçiliginden mahrumlygy; tussag astyna alnanlara ejir berilmegi we zulum edilmegi; tussaglaryň ýekelikde üzňe saklanmagy we tussaglyk möhletiniň uzaga çekdirilmegi; bikanun tussag astyna almak we türme tussaglygyna salmak; öý tussaglygy; ynsanperwerlikli sud prosesiniň we kazyýetde işe adalatly garalmagynyň inkär edilmegi; raýatlaryň hususy emlägine, öýlerine we hatlaryna bikanun çemeleşilmegi (goşulyşmak); söz, metbugat, ýygnanyşmak we birleşmek azatlygynyň çäklendirilmegi; din azatlygynyň çäklendirilmegi, şol sanda käbir dini azlyk toparlarynyň agzalarynyň yzarlanmagynyň dowam etdirilmegi; käbir raýatlar üçin hereket azatlygy; aýallara garşy zorluk ulanylmagy; şeýle hem, işçileriň erkin birleşmeginiň çäklendirilmegi. Kanunyň hökümet tarapyndan bozulmagy baradaky habarlaryň resminamalar bilen tassyklanmak ýagdaýy örän çäklidi.
Hökümet degişli halkara konwensiýalaryna laýyk getirmek maksady bilen birgiden milli kanunlary döwrebaplaşdyrmak ugrunda köp tagalla görkezdi. Ynsan hukuklary babatynda gazanylan beýleki öňe gidişlikler aşakdakylardyr: iki sany ýewangel hristian toparynyň bellige alynmagy; käbirleri 2002-nji ýylda Prezident Nyýazowyň awtokerwenine hüjüm etmekde aýyplanyp, tussag edilenler bolmak bilen azyndan 22 sany tussagyň halkara jemgyýetçiliginiň gyzyklanmagy we talaby esasynda azat edilmegi; azyndan dört adam üçin daşary ýurda gitmek gadaganlygynyň ýatyrylmagy; raýatlar üçin ýurt içinde ondan oňa gitmekde bar bolan çäjklendirmeleriň ýatyrylmagy; orta mekdeplerde hökmany okuwyň 10 ýyllyk möhletiniň täzeden dikeldilmegi; Türkmenistanyň alyp barýan işlerini onuň gol çeken ynsan hukuklary boýunça Halkara ylalaşyklary boýunça borçlaryna laýyk getirmek maksady bilen döwlet komissiýasynyň döredilmegi.
YNSAN HUKUKLARYNA HORMAT
Birinji bölüm. Adamyň eldegrilmesizlik hukugyna, şol sanda, aşakdaky ýagdaýlardan azat bolmak hukugyna hormat:
a. Eden-etdilikli ýa-da bikanun janyny almak
Hökümetiň ýa bolmasa, onuň wekilleriniň syýasy sebäpden kimdir birini öldürendigi barada ygtybarly habar gelip gowuşmady. Eýsem-de bolsa, raýatlaryň tussag astyndaka, syrly ýagdaýda ýogalandygy barada birnäçe habar geldi. Mary şäherinde serhoşdyr öýdülip, polisiýa tussaglygyna alnan bir adamyň maşgala agzalaryndan biri merhumyň teninde oňa garşy güýç ulanylandygyna şaýatlyk edýän göz-görtele nyşanlaryň bardygyny aýtdy. Iýun aýynda bir adam Aşgabat polisiýasynyň wagtlaýyn tussaghanasynda günäsiniň geçilmegine garaşyp ýörkä ölüpdir. Oňa wagşylarça çemeleşilendigi barada hiç hili subutnama bolmasa-da, onuň aýaly merhumyň saglyk ýagdaýynyň gaty ýaramazdygyndan kazynyň habarly bolandygyny, emma oňa medisina hyzmatynyň berilmegine ýol bermändigini aýtdy.
Halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken bendilerden esli wagt hiç hili habar bolmansoň, ynsan hukuklarynyň gözegçileri olar türmede ölendir diýen netijä gelipdirler.
Ynsan hukuklarynyň gözegçileri öňki Prezident Nyýazowyň ölüminiň yzysüre, ýagny 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda Owadan depe türmesiniň garawullarynyň gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin, ýarag ulanmak bilen 23 adamy öldürendiklerini habar berdiler.
2006-njy ýylyň Ruhnama aýynda tussaghanada ýogalan žurnalist Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň sebäplerini derňemek ugrunda hiç hili öňe gidişlik bolmady. Hökümet halkara jemgyýetçiliginiň talap etmegine garamazdan, Myradowanyň ölüminiň sebäplerini bilmek üçin, açyk derňew geçirmedi.
b. Ýitirim edilmek
Raýatlaryň syýasy sebäbe görä ýitirim edilýändigi barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
ç. Ejir bermek we başga hili zabun, ynsanperwerliksiz ýa-da masgaralaýjy çemeleşme ýa jezalandyrma
Konstitusiýa we kanun bular ýaly işi gadagan edýär; eýsem-de bolsa, howpsuzlyk gullugynyň işgärleri jenaýat edendir öýden adamlaryny, tussaglary, şeýle hem hökümeti tankyt edýän adamlary gynapdyrlar, yzygiderli ýenjipdirler we olara garşy güýç ulanypdyrlar, aýratyn-da wagtlaýyn tussaghanada saklananlarynda, olara jenaýaty boýun aldyrmak maksady bilen şeýle edipdirler. Nyýazowyň ölümi bilen gynamalaryň bes edilendigi barada bir habar bolan-da bolsa, 2002-nji ýylda bolup geçen hüjüme gatnaşmakda aýyplanyp, tussag edilenleriň gynalýandygy barada habarlar gelip gowuşdy.
Türkmenistan Helsinki guramasy hökümetiň 2006-njy ýylda, derňew döwründe, “günälerini” boýun aldyrmak maksady bilen Ogulsapar Myradowany, Annagurban Amangylyjewi we Sapardurdy Hajyýewi gynandygyny tassyklady. Olaryň üçüsi-de soň türme tussaglygyna höküm edildi. Myradowa 2006-njy ýylyň Ruhnama aýynda türmede ýogaldy; Amangylyjew we Hajyýew bolsa türmede galýardylar.
Häkimiýetler jeza hökmünde adamlary psihiatrik keselhanalarda saklamak adatlaryny dowam etdirdiler. Iýul aýynda polisiýa harby gulluga gitmekden ýüz öwrendigi sebäpli, bir Ýegowa şaýadyny psihiatrik keselhanada saklady. Häkimiýetler ony dört hepdeden soň, ýagny halkara guramalar we diplomatik toparlar gyzyklanyp ugransoňlar goýberdiler.
Ýylyň dowamynda aýratyn bir masgaralaýjy ýagdaýlar barada hiç hili habar gelip gowuşmasa-da, “Memorial Human Rights Center” we “Institute for War and Peace Reporting” guramalarynyň habar bermegine görä, harby bölümlerde täze gulluga gelen esgerler babatynda masgaralaýjy hereketler dowam edýärdi. Bu bolsa çydamsyz agyr şertleri bolan bölümlerden esgerleriň gaçmagyna alyp barýardy. 2006-njy ýylyň hasabatyna görä, Goranmak Ministrliginde we harby komissariatlarda pajarlap ösýän parahorluk, tire-taýpa we milletara dawasy, şeýle hem, esgerleriň hukuklarynyň ret edilmegi, esgerleriň täze gelenler babatynda amala aşyrýan wagşyçylygy sebäpli täze gelenleriň arasynda ýüze çykýan ölüm ýagdaýynyň artmagyna alyp bardy. Regulýar harby bölümleriň ekin meýdanlarynda, şypahanalarda, kärhanalarda we gurluşyk meýdançalarynda mugt işçi güýji hökmünde ulanylmagy dowam etdirildi.
Türme we tussaghana şertleri
Türmelerde şertler agyrlygyna galýardy; hapa, hyryn-dykyn doly, saglyga zyýanly türmeler adam janyna howp salýardy. Keseller, ylaýta-da inçekesel giňden ýaýrapdy. Gelip gowuşýan habarlarda: “Hökümet tussaglary beýleki keseller bilen birlikde inçekesel üçin-de barlagdan geçirip, bu keseli bar bolan tussaglary Içeri Işler Ministrliginiň Mary welaýatynda ýerleşýän tussaglar keselhanasyna geçirýär” diýilse-de, hökümetiň tussaglary wagtly-wagtynda we ýeterlikli barlagdan geçirmeýändigi, şeýle hem, azatlyga, ýagny halk arasyna goýberilmezden öň, olary bejermeýändigi bilen baglanyşyklylykda aladalar barha artýardy. Iýmit ýagdaýy agyrdy, şol sebäpli, tussaglar ýeterlik derejede iýmitlenmek üçin, garyndaşlarynyň getirýän iýmitine bagly bolup galýardylar; türme işgärleriniň kä halatlarda tussaglaryň yzyndan getirilen iýmitli bukjalary alyp galýandyklary barada-da habarlar gelip gowuşýardy.
Watan dönügi hökmünde tussag edilenler garyndaşlaryndan goşmaça iýmit alyp bilmeýän-de bolsalar, 2002-nji ýyldaky hüjüme dahyly bolan tussaglara türmä düşeli bäri, ilkinji gezek goşmaça iýmit berlendigi barada bir habar gelip gowuşdy.
Maşgala agzalary we hökümete degişli bolmadyk Halkara guramalar käbir tussaglaryň türmeleriň hyryn-dykynlygy, keselleriň bejerilmeýändigi we tomsuň jöwzasyndan ýeterlik derejede goragyň ýoklugy zerarly ölendigi barada habar berdiler.
Owadan depe türmesiniň şertlerine belet bolan çeşmeler öňki ýokary wezipeli adamlara ýeterlik medisina hyzmatynyň berilmeýändigi we günälerini boýunlaryna goýmak üçin, urlup-ýenjilendikleri barada habar berdiler.
Hökümet 2006-njy ýylyň iýun aýynda tussaglykda aradan çykan Lebap welaýatynyň öňki häkimi Gedaý Ahmedowyň ölüminiň sebäplerini derňemedi. Habar berişlerine görä, ol ýeterlik medisina hyzmatynyň bolmanlygy üçin ölüpdir.
Hökümet, şeýle hem, 2006-njy ýylda öňki baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň tussaglykdaky ähtimal ölüminiň sebäplerini-de derňemedi.
Ýurtda üç görnüşli türme bardy: okuw we zähmet tussaghanalary, zähmet-düzediş tussaghanalary we türmeler. Tussaglaryň garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, zähmet-düzediş tussaghanalarynda tussaglar möhletinden artyk üzňe saklanýardylar. Daşoguz welaýatyna golaý ýerleşen Gyzylgaýa türmesindäki tussaglaryň kaolin käninde howply hem saglyga zyýanly şertlerde işledilýändigi barada habarlar gelip gowuşdy.
Häkimiýetler 2002-nji ýylyň hüjümine dahylly bolan tussaglary Owadan depe türmesinde beýlekilerden aýry saklaýardylar. Hökümet işgärleri tussaglaryň maşgala agzalarynyň we diplomatik korpuslaryň syýasy tussaglaryň saklanýan ýerleri we şertleri barada beren soraglaryna jogap bermekden boýun towladylar. Hökümet işgärleri, şeýle hem, maşgala agzalaryna, daşary ýurt diplomatlaryna, halkara gözegçilere, şol sanda “Gyzyl Haç” Halkara Komitetine-de (GHHK) 2002-nji ýyl hüjümine dahyllylykda tutulan we tussag edilen adamlaryň ýanyna barmaga rugsat bermekden boýun towladylar. Käbir türmelere we tussaglaryň ýanyna barmaga degişli bolan kabul edip bolmajak hökümet çäklendirmeleri zerarly hasabata degişli ýylyň dowamynda GHHK-i ýekeje tussagyň-da ýanyna baryp bilmedi.
d. Bikanun tutmak we tussag etmek
Kanun raýatlaryň bikanun tutulmagyny we tussag edilmegini gadagan edýär; eýsem-de bolsa, bu mesele çynlakaý mesele bolmagyna galýardy.
Polisiýanyň we howpsuzlyk edaralarynyň roly
Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça Milli Howpsuzlyk Ministrligi (MHM) bilen ysnyşykly işleşýän jenaýat agtaryş polisiýasy Içeri Işler Ministrligine (IIM) tabyndyr. MHM-i beýleki ministrliklerdäki işgär çalşygyna gözegçilik edýär we prezidentiň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini gazanýar. MHM-de, jenaýat agtaryş polisiýasy-da garaw görmän hereket edýärdiler. Howpsuzlyk güýçlerinde parahorluk bardy.
Baýdak aýynda Prezident Berdimuhammedow hukuk goraýjy edaralar tarapyndan raýatlar babatynda amala aşyrylýan zulumdan, şol sanda, adalatsyz çemeleşmeden, para almak üçin edilýän hereketlerden, esassyz tussag etme we günä bildirme ýaly bikanunçylyklardan edilýän şikaýatlara garamagy üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Hukuk goraýjy edaralaryň işiniň meseleleri boýunça raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparyny döredip, ýurduň Ýokary Kazyýetiniň başlygyny oňa ýolbaşçy belledi. Eýsem-de bolsa, ýylyň dowamynda bu toparyň ýanamalar barada raýatlardan gowşan şikaýatlary derňäp, howpsuzlyk güýçleriniň işgärlerini günäkär tapan ýekeje ýagdaýam bolmady. Bu topar diňe üç sany işe garap, ony Ýokary Kazyýete geçirdi, netijede, bu işler boýunça tussag edilen adamlaryň tussaglyk möhleti azaldyldy. Gorkut aýynda Prezident Ýokary Kazyýetiň başlygyny köpçüligiň öňünde wezipesinden boşadyp, soňam ony tussag etdirdi. Munuň bir sebäbi-de raýatlaryň şikaýatlaryna onuň ýolbaşçylyk edýän topary tarapyndan bolmalysy ýaly garalmazlygy boldy. Garaşsyzlyk aýynda Prezident Içeri işler ministrini wezipesinden boşatdy. Güman edilişine görä, munuň sebäbi Prezidentiň ýanyndaky topar tarapyndan garalýan işlerde bu ministrligiň parahorlygyna we bikanun hereketlerine degişli işleriň iki esse artmagydyr.
Tutmak we tussag etmeklik
Adamy tussag astyna almak üçin, order gerek däldi. Muňa rugsat berýän hiç bir orderleri bolmazdan, häkimiýetleriň raýatlary 72 sagat saklamaga haklary bardy, emma tussag astyna alnan adamy mundan artyk saklamak üçin, kanuna görä, adam tussag edilenden soň, on günüň dowamynda oňa garşy aýyplaw haty çykarylmalydy. Eýsem-de bolsa, häkimiýetler iş ýüzünde bu düzgüni ýerine ýetirmeýärdiler. Tussag etmäge degişli ordere diňe Ministrler Kabinetiniň başlygynyň gol çekmäge haky bardy, bu wezipäni-de Prezidentiň özi eýeleýärdi.
Kepillik astynda boşatma düzgüni ýokdy. Tutulanlara aýyplaw haty çykarylandan soň, olar aklawçy edarasyna baryp, aklawça ýüz tutmaga mümkinçilik tapýardylar. Eýsem-de bolsa, iş ýüzünde olar aklawçynyň hyzmatyndan dessine ýa yzygiderli peýdalanyp bilmeýärdiler. Käbir halatlarda, hökümet işgärleri tutulanlara garşy öňe sürlen aýyplamany ýa-da onuň jikme-jigini üýtgetseler, resmi aklawçy müşderilerine maslahat bermegini togtadýardy. Tussaglaryň üzňelikde saklanmagy çözülmedik mesele bolmagynda galýardy. Ýylyň dowamynda häkimiýetler käbir tussaglaryň maşgala agzalarynyň yzyndan barmagyna ýol bermediler. Maşgala agzalary kähalatlarda tussag edilen garyndaşlarynyň nirede saklanýandygyny-da bilmeýärdiler.
Kanun hökümete garşy durmagyň islendik formasyny dönüklik hökmünde häsiýetlendirýär. Dönüklikde günälenip, sud edilenler ömürlik türme tussaglygyna höküm edilip, günä geçişlik ýa möhletleriniň azaldylmagy olara degişli däldi. Öňki ýyllardan tapawutlylykda hasabat ýylynda dönüklikde aýyplanyp, tussag edilen adam bolmady. Hökümet tankydy nazaryny beýan edenleri (özüni tankyt edenleri) ýa başgaça pikirlenýänleri ykdysady ýa jenaýat aýyplamalar esasynda tussag etdi.
Kanuna laýyklykda adam deslapky tussaglykda bir aýdan artyk saklanmaly däldir. Adatdan daşary ýagdaýlarda bu möhlet bir ýyla çenli uzaldylyp bilner. Hakykatda bolsa deslapky tussaglyk iki-üç aýa çekýär; häkimiýetler köplenç tussaglary kanunyň berýän möhletinden artyk saklaýardylar. Düýpli kök uran parahorluk we tagaşyksyz bürokratik iş usullary işiň kazyýetde garalmagynyň (sud prosesiniň) uzaga çekdirilmegine öz goşandyny goşýardy.
Režimiň garşydaşlaryny göz astynda saklamak maksady bilen hökümet zerur kanuny çäreler görmezden, öý tussaglygyny ulanýardy, eýsem-de bolsa, öňki ýyllardan tapawutlylykda, häkimiýetler göz tussaglygynda saklanýan birnäçe adama daşary ýurtly diplomatlar bilen duşuşmaga rugsat berdiler. Meselem, hökümet daşary ýurtly diplomatlara 2002-nji ýyl hüjümine dahylly bolmakda şübhelenilip, şol ýyldan bäri öý tussaglygynda saklanýan Maral Yklymowa bilen duşuşmaga rugsat etdi. Iýul aýynda häkimiýetler oňa ýurtdan çykyp gitmäge rugsat etdiler. Öň öý tussaglygyna alnan adamlaryň, ýagny hökümete degişli bolmadyk guramalaryň başlyklarynyň, 2002-nji ýylyň hüjüminde eli bardyr öýdülenleriň garyndaşlarynyň we 2003-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasy bilen duşuşmak islän 100 adamyň käbiriniň häzirki ýagdaýy näbelliligine galýardy.
Parahatçylykly demonstrasiýa geçirmäge rugsat sorap, ýerli häkimiýetlere ýüz tutandygy sebäpli, 2004-nji ýylyň Baýdak aýyndan bäri psihiatrik keselhanada saklanýan Gurbandurdy Durdygulyýew halkara guramalarynyň gysyş görkezmegi netijesinde 2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynda keselhanadan boşadyldy. Öňki ýyldan tapawutlylykda Durdygulyýewe öýünden çykmaga rugsat edildi we ol işine dolanyp bardy.
Häkimiýetler wagtal-wagtal Ýegowa şaýatlary toparynyň ýolbaşçysy Andreý Žbanowy sorag edenlerinde, hiç hili agressiw hereketlere ýol bermändirler we ony yzarlamandyrlar.
Prezident birgiden ministri we hökümet işgärini wezipesinden boşatdy; olaryň käbirleri türme tussaglygyna höküm edildi; olaryň aglabasy muňa mynasypdy, ýöne syýasy sebäp bilen basylanlar-da bardy. Hökümet ýokary wezipeli bäş adamy türmä saldy ýa-da wezipesinden boşadandan soň, öý tussaglygyna aldy. Ýene ýedi sany işgär wezipesinden boşadyldy, emma tussag edilmedi ýa bolmasa, nirededikleri näbellidi.
Günä geçişlik
Awgust aýynyň 9-ynda Prezident Berdimuhammedow ýurduň öňki müftüsi Nasrulla ibn Ibadullany we öňki adalat ministri Ýusup Haýtyýewi-de goşmak bilen 11 bendini azatlyga çykardy. Olaryň ikisi-de 2002-nji ýylyň hüjümine dahylly bolmakda güman edilip, tussag edilipdi. Günäsi geçilip, azatlyga gowşandan soň, hökümet Nasrulla ibn Ibadullany ýurduň Din işleri boýunça edarasynda geňeşçi wezipesine belledi.
Oktýabr aýynyň 9-ynda hökümet gadyr gijesi mynasybetli her ýyl amala aşyrylýan günä geçişligiň çäginde 8800 tussagy azatlyga çykardy. Olaryň arasynda azyndan 17 bendi bilen halkara jemgyýetçiligi gyzyklanýardy. Bu günä geçişlige 2001-nji ýylda internet ulgamy arkaly Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 40.000.000 (kyrk million) dollary ogurlan Arslan Kakaýewiň ene-atasy-da düşdi; olar 2002-nji ýyldan bäri türme tussaglygynda saklanýardylar. Gözegçiler olara galp günä ýöňkelen saýýardylar. Adaty tussaglaryň garyndaşlarynyň günä geçişligi satyn alýandyklary barada-da habarlar gelip gowuşdy; şunda günä geçişligiň bahasy tussaglaryň eden jenaýatynyň derejesine baglylykda 3000 dollara çenli bolup bilýär eken.
Günäleri geçilen tussaglaryň henizem öňki prezident Nyýazowyň ýurduň medeniýeti we mirasy barada ýazan kitaby bolan Ruhnama wepalylyk barada kasam içip-içmeýändikleri belli bolman galdy. “Human Rights Watch” guramasynyň aýtmagyna görä, “Olaryň öz günälerini ykrar edýän beýanat bilen köpçülikleýin çykyş etmekleri azatlyga goýberilmekleri üçin, şert döreden bolmagy ähtimal-da bolsa, Prezidentiň 2007-nji ýylyň Alp Arslan aýynda 11 tussagyň boşadylmagy baradaky karary gutlaga mynasyp ädim boldy”.
e. Adalatly açyk suduň inkär edilmegi
Kanun boýunça kazyýet ulgamy garaşsyzdyr; eýsem-de bolsa, iş ýüzünde kazyýet ulgamy Prezidente tabyndyr. Prezidentiň kazylary bellemegi hiç bir organ tarapyndan kanunçylyk gözegçiligine sezewar edilmeýär, diňe Ýokary Kazyýetiň başlygyny Mejlis tassyklaýar, ol-da kagyz ýüzünde. Prezidentiň möhletleri tamamlanmazdan, ähli kazylary wezipesinden boşatmaga haky bar. Kazyýet ulgamy parahorlykda we nalajedeýinlikde meşhurdyr.
Kazyýet ulgamy Ýokary Kazyýetden, bäş sany welaýat kazyýeti we Aşgabat şäher kazyýeti, şeýle hem, aşaky derejedäki 64 sany etrap hem şäher kazyýetlerinden ybaratdyr. Baş Prokuraturanyň tabynlygynda bolan raýatlyk kazyýetleri harby şahslar tarapyndan amala aşyrylan jenaýatlara-da garaýardylar.
Suduň gidişi
Kanunda aýyplanýan üçin adalatly sud göz öňünde tutulandyr; bu adalatlylyk açyk sud edilmegini, aýyplaw materiallaryna elýeterliligi, öz peýdasyna görkezme bermek üçin, şaýat çagyrmak, aklawçy tutunmak, mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda bolsa kazyýet tarapyndan bellenen aklawçynyň hyzmatyndan peýdalanmak we kazyýet işinde öz özüne wekilçilik etmek hukugyny-da öz içine alýar. Iş ýüzünde häkimiýetler köplenç sud edilýänleriň bu hukuklaryny ret edip geldiler. Galapyn ýagdaýlarda sud edilýänler günäsizlik gümanatyndan (prezumpsiýasyndan) peýdalanmak hukugyndan mahrumdylar. Oturdaşlyk ulgamy ýokdy. Hökümet daşary ýurtly gözegçilere syýasy äheňi bolmadyk kazyýet işleriniň aglabasyna gatnaşmaga rugsat eden-de bolsa, käbirleriniň, esasan-da, syýasy äheňli saýylýanlaryň gapysyny olar üçin ýapdy. Sud edilýänlere wekilçilik edip biljek sanlyja aklawçy bardy. Kazylar kähalatlarda sud edilýänleriň şaýatlar bilen ýüzleşmegine ýa bolmasa, olaryň görkezmesine ters gelýän sorag bermegine ýol bermeýärdiler we sud edilýänleri, şeýle hem olaryň aklawçylaryny hökümetiň görkezmeleri bilen tanyşdyrmaýardylar. Käbir ýagdaýlarda, hatda, bu subutnamalar suduň gidişini üýtgedip biljek-de bolsa, kazylar aklawçylaryň getiren sud edilýäni aklaýan subutnamalaryny kabul etmeýärdiler. Hatda, kazylar adalatly sud edilme hukugyny berjaý etseler-de, döwlet garalawjysynyň ygtyýarlylygy aklawçynyňkydan has ýokarydy we netijede, aklawça adalatly sud edilmegini gazanmak diýseň kyn düşýärdi. Kazyýet işiniň ýazgylary, adatça, ýalňyşlydy ýa-da doly däldi, aýratyn-da sud edilýäniň görkezmeleri orus dilinden türkmen diline terjime edilen ýagdaýlarynda. Pes derejedäki kazyýetleriň kararlaryndan şikaýat etmek bolýardy, şeýle hem, sud edilen günäsiniň geçilmegini haýyş edip, Prezidente ýüz tutup bilýärdi. Galapyn ýagdaýlarda kazylar sud edilýänleriň gynalandyklary baradaky beýanatlaryny ret edýärdiler.
Polisiýanyň ýörite kanunlary bozandygy üçin adamlary tussag astyna alýandygy we olaryň jerime tölemegini talap edýändigi barada yzygiderli habarlar gelip gowuşýardy. Eýsem-de bolsa, şol kanunlary görkezmekleri talap edilende, hökümet işgärleri mundan boýun towlaýardylar ýa-da ol kanunlaryň gizlindigini aýdýardylar.
Syýasy tussaglar we tussag astyna alnanlar
Hökümet azyndan bir syýasy tussagy, 1995-nji ýylda tutulan Muhammetguly Aýmyradowy bendilikde saklaýardy.
Polisiýa 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda “jemgyýetçilik düzgünlerini bozanlygy sebäpli” diýen bahana bilen köne ekologiýaçy hem daşky gurşawy goraýjy aktiwist Andreý Zatokany tussag astyna alypdyr we ony bikanun ýarag, şeýle hem zäherli maddalary saklamakda aýyplapdyr. Türkmenbaşy aýynda oňa şertli iş kesildi we oktýabr aýynda günäsi geçildi. Onuň kanuny bozanlygy barada subutnamanyň (görkezmäniň) bardygyna garamazdan, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň (HDBG) köpüsi onuň tussag edilmeginde syýasy äheňiň bardygyny aýdýardylar.
2006-njy ýylda hökümet iki sagada çeken ýapyk sudda Annagurban Amangylyjewi we Sapardurdy Hajyýewi bikanun ýarag saklamakda günäläp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. HDBG-yň köpüsi onuň tussag edilmeginde syýasy äheňiň bardygyny tassyklaýardylar.
Oppozision toparlar we käbir halkara guramalary, şeýle adamlaryň takyk sany belli bolmasa-da, hökümetiň köp syýasy tussaglary, şol sanda 2002-nji ýylyň hüjümine dahylly saýylanlygy üçin, türme tussaglygyna höküm edilenleri-de saklaýandygyny tassyklaýardylar. Habar berişlerine görä, hökümet Owadan depe türmesinde takmynan 360 sany adamy olaryň syýasy garaýyşlary we 2002-nji ýyl hüjümine gatnaşandyr öýdýänligi sebäpli saklaýar. Ynsan hukuklarynyň gözgeçileri Owadan depe türmesini ýurduň iň ýaramaz şertleri bolan türme hasaplaýarlar; şeýle hem türme işgärleriniň tussaglary gynama sezewar edýändikleri we horlaýandyklary barada habarlar gelip gowuşdy.
Ýylyň dowamynda ykdysady jenaýatda günälenip, tussag edilen käbir tussaglaryň, şol sanda birgiden öňki ministrlerdir ýokary wezipeli işgärleriň, Owadan depe türmesinden Baýramaly türmesine geçirilen bolmagynyň ähtimaldygy barada habarlar gelip gowuşdy. Hökümet işgärleri köp tussaglaryň nirede saklanýandyklary we ýagdaýlary barada olaryň maşgala agzalaryndan hem diplomatlardan gelen soraga jogap bermekden boýun towladylar. Hökümet işgärleri, şeýle hem, olaryň maşgala agzalaryna, daşary ýurtly diplomatlara ýa halkara gözegçilere, şol sanda, Halkara “Gyzyl haç” guramasyna (HGHG) 2002-nji ýylyň hüjümine dahyllylygy sebäpli tutulanlaryň we tussag edilenleriň ýanyna barmaga rugsat etmediler.
Raýatlyk Kazyýet işiniň gidişi we hukuk (kazyýet) goragy
Raýatlyk kazyýet ulgamy ne garaşsyzdy, ne-de adyl; ähli kazylar prezident tarapyndan bellenýärdi. Polisiýa derňewleriniň kazyýete geçirilen we talap edijiniň sud edilýänleriň günäsiniň geçilmegini haýyş eden ýagdaýlary-da boldy. Kagyz
ýüzünde raýatlyk kazyýet ulgamy işleýär, emma oňyn karar çykarmak üçin para alynýandygy barada habarlar gelip gowuşýardy. Döwlet edarasy bilen şahsy adamlaryň arasynda dawa bolan ýagdaýynda kazylar bu dawany döwlet edarasynyň peýdasyna çözýärdiler. Iň köp ýerine ýetirilýän kazyýet hökümi öýden çykarmak (emlägini elinden almak) baradaky karardyr.
Emlägiň gaýtarylyp berilmegi
Hökümet raýatlaryň ellerinden alnan şahsy emläkleri gaýtaryp bermek ýa öwezini dolmak baradaky kanuny ýerine ýetirmeýärdi. Hökümet Aşgabat şäheriniň we eteginiň görküni täzelemek maksatnamasy çäginde hususy jaýlary ýykmagyny biraz kemeltdi.
Baýdak aýynda Prezident Berdimuhammedow ýerine jaý berilmezden, şondan beýläk hiç bir jaýyň ýykylmajakdygyny yglan etdi; hökümet syýasatyndaky bu üýtgeşmaniň durmuşa geçirilmeýändigi barada hiç hili habar gelip gowuşmady. 2006-njy ýylda ýüze çykan käbir ýagdaýlarda hökümet öýleri ýykylan maşgalalardan olaryň ýykylan jaýlarynyň hapasyny daşamak üçin, pul tölemeklerini talap edipdir; adamlara ol ýeri boşatmak üçin, bary-ýogy 48 sagat wagt berlipdir we olara ne ýykylan jaýlarynyň deregine jaý beripdir, ne-de öwezini dolupdyr. Käbir adamlara ýeri boşatmak üçin, iki hepde öňünden habar berlipdir we kwartira ýa-da ýaşalmaýan, suw üpjünçiligi bolmadyk ýerlerden ýer bölüp beripdirler; bu bolsa adamlaryň käbirleriniň rysgyndan kesilmegine alyp barypdyr.
2006-njy ýylyň jaý ýykma meýilmnamasy Aşgabat şäheriniň günorta böleginde oturan 500 maşgalany-da öz içine aldy. Şol ýylda amala aşyrylan başga bir jaý ýykyşlyk 2000 maşgala zyýanyny ýetirdi, olaryň aglabasyna ýykylan jaýlarynyň öwezine pulam berilmändir.
f. Raýatlaryň şahsy durmuşyna, maşgalasyna, öýlerine ýa hatlaryna bikanun goşulyşma
Konstitusiýa we kanun bu işleri gadagan edýär. Eýsem-de bolsa, häkimiýetler iş ýüzünde bu kanuny äsgermeýärler. Häkimiýetler käbir ýagdaýlarda garaşsyz kazyýetiň ygtyýary bolmazdan, güýje daýanyp, režimiň garşydaşlary saýylýan adamlaryň we dini azlyk toparlarynyň käbir agzalarynyň öýlerini döküpdirler. Kanun döwlet howpsuzlyk edaralarynyň gözegçiligini kadalaşdyrmaýar, netijede bu edara zähmetkeşleriň, raýatlaryň, opponentleriň we hökümeti tankyt edýänleriň, şeýle hem, daşary ýurtlularyň işlerini yzygiderli gözegçilik astynda saklaýardy. Bu iş üçin howpsuzlyk gullugynyň işgärleri fiziki gözegçilik, telefon diňleme, elektron hatlaryň alnyp galynmagy ýaly usullary we maglumatçylary ulanýardylar. Habar berişlerine görä, hökümet eýesine gowşurmazdan öň, adaty hatlary-da gözden geçirýär eken; şeýle hem, kiçi paketler we posylkalar barlanmak üçin, poçta edaralaryna açyk görnüşde eltilmelidi.
Ýurduň raýaty bomadyklar bu ýerde bir ýyl ýaşandan soň, ýurduň raýatlary bilen durmuş gurup bilýärdiler. Şeýle ýagdaýda öýlenenler barada gaty az maglumat gelip gowuşdy.
Ikinji bölüm. Aşakdakylary-da öz içine alýan raýatlyk azatlyklaryna hormat
a. Söz we metbugat azatlygy
Konstitusiýa we kanun söz we metbugat azatlygyny kepillendirýär, eýsem-de bolsa, hökümet iş ýüzünde bu hukuklary äsgermeýär. Öňki ýyllardan tapawutlylykda adaty jenaýat işini amala aşyrmakda ýalandan günälenip, tussag edilendigi, käbir ýagdaýlarda bolsa gynama, horlama we mahrumçylyga, şol sanda, gulluk basgançagynda ösüş we wezipä bellenmek mümkinçili babatynda-da mahrumçylyga sezewar edilendigi barada nägile garaýşyny beýan edýän adamlar hakda hiç hili habar gelip gowuşmady. Ýöne, kanuny ýerine ýetiriji (kanun goraýjy) edaralaryň işgärleriniň daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, aýratyn-da “Azat Ýewropa” / “Azatlyk” radiolary bilen işleşýän türkmen žurnalistlerine azar berendikleri we tussag astyna alandyklary barada habarlar gelip gowuşýardy.
Hususy, emma hökümet tarapyndan goldanýan “Zaman” türk gazetini hasaba almasaň, çapdan çykýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hemmesi hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýärdi. “Zaman” gazeti döwlet gazetleriniň garaýyşlaryny-da, döwlet tarapyndan gadagan edilen daşary ýurt gazetleriniň garaýyşlaryny-da beýan edýärdi. Döwürleýin neşirleriň redaksiýa işgärleri hökümetiň halamajak zadynyň beýan edilmeginden gaça durup, materiallaryny özleri senzuradan geçirýärdiler. Daşary ýurt döwürleýin neşirlerine ýazylmagyň gadaganlygy dowam edýärdi, eýsem-de bolsa, Orusýetde çykýan “Argumenty i fakty” habarlar žurnaly we beýleki syýasy däl neşirler wagtal-wagtal bazarlardaky gazet satylýan ýerlerde peýda bolýardy.
Hökümet ýerli radiony we telewideniýäni gözegçilik astynda saklaýardy, eýsem-de bolsa, daşary ýurt telewideniýelerini tutýan çanak antennalar ýurtda giňden ýaýrapdy. Raýatlar, şeýle hem, telewizion çanak antennalar arkaly halkara radiogepleşiklerini-de diňleýärdiler.
Metbugat organlarynyň bellige alnyşyna (akkredetasiýasyna) gözegçilik edýän garaşsyz gurama ýokdy, metbugat kartoçkalaryny bermegiň kesgitli kriteriýasy-da ýokdy, ýer boşka, bellige alynjagyňa hiç hili kepil ýokdy, şeýle hem, syýasy sebäplere görä, işlemek hukugynyň (akkredetasiýanyň) yzyna alynmagyna hiç hili gadaganlyk ýokdy. Hökümet ähli daşary ýurtly habarçylaryň bellige alynmak üçin, ýüz tutmagyny talap edýärdi. Ýylyň dowamynda daşary ýurtly žurnalistlere diňe prezident saýlawlary we ýokary derejeli duşuşyklar ýaly ýörite wakalar barada habar bermekleri üçin, wiza berildi, çünki bu ýerde olaryň hereketlerini gözegçilik astynda saklamak mümkindi. Häkimiýetler azyndan iki žurnalisti bellige almadylar, emma başga üç žurnalist bellige alynmazdan iş alyp barmagy başardy. Häkimiýetler iň soňky gezek 2005-nji ýylda bellige alnan žurnalistlerden “RIA Nowosti” habar agentliginiň habarçysy Wiktor Panowy içalyçylykda aýyplap, ýurtdan çykarypdylar.
Habar berişlerine görä, ýylyň dowamynda hökümet işgärleri žurnalistleri we olaryň maşgalalaryny tussag astyna alypdyrlar, azar beripdirler we haýbat atypdyrlar. HRW-niň habar bermegine görä, Gurbansoltan aýynda Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri garaşsyz žurnalist Sona Çuli-Kulini tutup, üç gün sorag edipdirler we kompýuterini elinden alypdyrlar. Ol halkara habar beriş serişdeleri bilen işleşmejekdigi barada dilhata gol çekenden soň, ony goýberipdirler.
Bitaraplyk aýynda ýerli kanun goraýjy edaralar “Azat Ýewropa” / “Azatlyk” radiosy bilen hyzmatdaşlyklaryny bes etmelidiklerini, bolmasa maşgala agzalaryna zyýan ýetjekdigini aýtmak bilen AÝ / AR-nyň iki žurnalistine azar bermäge başlapdyrlar. Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri olaryň birini soraga çagyrypdyr.
“Azat Ýewropa” / “Azatlyk” radiosynyň habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýewe azar berilmegi ýylyň dowamynda gowşady, emma Bitaraplyk aýynda ýene-de güýjäp başlady. Häkimiýetler wagtal-wagtal onuň işlerine gözegçilik edýärdiler, onuň maşgala agzalaryna azar berýärdiler we onuň el telefonyny yzygiderli sondürýärdiler. Häkimiýetler 2006-njy ýylda onuň öň ykdysady temadan hökümete ýakmaýan makalalary ýazandygy sebäpli, onuň özüne we maşgala agzalaryna yzygiderli azar bermek bilen meşgul boldular.
2006-njy ýylyň Baýdak aýynda Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri AÝ / AR-nyň ştatdan daşary habarçysy Şamyrat Aköýliýewe onuň bu radio bilen hyzmatdaşlygynyň kabul ederlik däldigi barada duýduryş beripdirler. Häkimiýetler soň onuň telefonyny kesipdirler. 2006-njy ýylyň Oguz aýynda Aköýliýew Balkanabatdan Aşgabada gelýärkä, howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan otludan düşürilipdir.
2006-njy ýylyň Nowruz aýynda polisiýa işgärleri etrap ýaşulylarynyň-da gatnaşmagynda geçirilen mitiňde häkimiýetlere garşy hormatsyzlyk edeni üçin, AÝ / AR-nyň ştatdan daşary habarçylary Meretmuhammet Hommadowy we Jumadurdy Öwezowy tutup, 15 gije-gündiz möhlet bilen administratiw tussag astyna alypdyrlar. Eýsem-de bolsa, iki sany polisiýa işgärleri we wagtlaýyn tussaghananyň garawullary Hommadowyň aýalyna onuň adamysynyň “daşary ýurtlular bilen gatnaşyk saklaýandygy we ýurduny satanlygy üçin” tussag edilendigini aýdypdyrlar.
2006-njy ýylyň Alp Arslan aýynda daşary ýurt çeşmelerinden žurnalistik esbaplary alanlaryndan soň, häkimiýetler üç žurnalisti, ýagny Ogulsapar Myradowany, Annagurban Amangylyjewi we Sapardurdy Hajyýewi tussag astyna alypdyrlar hem ýapyk ýagdaýda sud edip, 6-7 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdirler. AÝ / AR-y, Türkmenistan Helsinki fondunuň we başga-da birnäçe ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň tassyklamagyna görä, olaryň žurnalistik işine soň goýmak üçin, olara jenaýat işi ýöňkelipdir. Amangylyjew bilen Hajyýewiň içalyçylyk we dönüklik işi babatynda hökümetiň alyp barýan derňewi barada şondan artyk maglumat bolmady we olar türmeden çykarylmadylar. 2006-njy ýylyň Ruhnama aýynda Myradowa polisiýanyň saklawhanasynda syrly (şübheli) ýagdaýda aradan çykdy.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) habar bermegine görä, hökümet bir žurnaliste daşary ýurda gitmäge rugsat bermändir. AÝ / AR-y bilen hyzmatdaşlyk edýän, ýurda bikanun roman getirendigi sebäpli 2004-nji ýylda tussag edilen Aşyrguly Baýryýewe şertli höküm çykarylyp, azatlyga goýberildi.
Ýerli žurnalistler we daşary ýurtly habarçylar hökümetiň öç almagyndan çekinip, öz-özlerini senzuradan geçirmek bilen meşgul bolýardylar. Hökümet gazetleri senzuradan geçirmegini dowam etdirýärdi. Hökümet özüniňkä garşy gelýän islendik syýasy garaýyşlaryň çap edilmegini we Prezidentiň islendik formada tankyt edilmegini gadagan edýärdi. “Esger” gazetiniň öňki baş redaktory näbelli jenaýat işi üçin 17 ýyl türme tussaglygynda galýardy.
2005-nji ýylda hökümet ýerli žurnalistlere ýörite rugsat bolmazdan, daşary ýurtlular bilen islendik görnüşde gatnaşyk saklamagy gadagan etdi. Bu talaby ýerine ýetirmedik žurnalistlere işini ýitirmek bilen haýbat atylýardy.
Döwlet Orusýetiň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän orus dilli “Maýak” radiosynyň gepleşikleriniň efire berlişini täzeden dikeltmedi.
Ýurtda çap we nusga köpeltmek işini kadalaşdyrmak maksady bilen hökümet ähli çaphanalardan, çap edýän we nusga alýan edaralardan enjamlarynyň bellige alnandygy barada lisenziýa almaklaryny talap etdi. Hökümet ähli nusga alýan enjamlaryň bellige alynmagyny we ähli nusga almak işleriniň bir adamyň garamagynda bolmagyny talap etdi. Ähli neşirýatlar hökümete degişlidi, şonuň üçin-de, hökümetiň bähbidine bolmadyk (laýyk gelmeýän) eserler, şol sanda çeper eserler-de, çap edilmeýärdi. Öňki ýyllardan tapawutlylykda hökümetiň gözegçiligi astynda iş alyp barýan ýazyjylar birleşmesiniň hökümetiň syýasatyny tankyt eden agzasyny öz hataryndan çykarandygy barada habarlar gelip gowuşmady.
Internet azatlygy
Hökümet eýeçiligindäki “Türkmentelekomyň” tutuş ýurt boýunça ýeke-täk prowaýder bolmagyna garamazdan, internet ulanylyşynda birazajyk öňe gidişlik boldy. Hökümet raýatlaryň elektron hatlaryny, şeýle hem internetden peýdalanyşyny gözegçilik astynda saklaýardy we özüniň halamaýan saýtlaryna girýän müşderiler üçin internet hyzmatyny kesýärdi. Öten ýyllardan tapawutlylykda hökümet kärhanadyr guramalar üçin täze internet abonementlerini açdy; emma şahsy adamlar üçin täze abonementler açylmady. Tutuş ýurt boýunça internete girişi bolan hökümete degişli bolmadyk guramalar tarapyndan maliýeleşdirilýän çäreler, hususy kärhanalar we biznes merkezlerinden daşgary takmynan 15 sany döwlete degişli bolan internet kafe bardy. Hökümet internet kafeleriň bahasyny peselden-de bolsa, adaty (orta tap) raýatlar üçin elýeterli däldi. Aýry-aýry web saýtlara girmek mümkinçiligi ygtybarly däldi.
Akademik azatlyk we medeni çäreler
Ýurtda 1998-nji ýyldan bäri ýekeje adama-da ylymlaryň kandidaty ýa doktory diýen dereje berilmedi. Daşary ýurtlarda okap, ylmy dereje almak üçin, soňundan onuň ykrar edilmegi üçin, hökümetiň rugsady gerekdi. Bilim Ministrligi Prezidentiň daşary ýurtda alnan ylmy derejeleriň ykrar edilmegi boýunça beren görkezmesini durmuşa geçirmek ugrunda hiç bir iş etmedi. Ýylyň dowamynda daşary ýurtda alnan ylmy derejeleriň ýekejesi-de hökümet tarapyndan ykrar edilmedi.
Hökümet ylmy töwereklerde döwlet syýasatynyň ýa Prezidentiň tankyt edilmegine çydamsyzdy we ylmy-barlag işlerini azaldyp, deňeşdirme kanunçylygy, taryh, etnik gatnaşyklar ýa ylahyýet ýaly syýasy taýdan zyýansyz saýýan pudaklarynda jemledi. Bilim ministrliginiň we welaýat bilim edaralarynyň işgärleri milleti türkmen bolmadyk okuwçylaryň alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmagynyň öňüni almaga çalyşýardylar. Ýokary okuw jaýlaryna alynýan talyplaryň sany öten ýyllarda pese gaçan-da bolsa, soňky döwürde takmynan 4000-e çenli artdyryldy.
Nyýazowyň iki jiltden ybarat “Ruhnama” kitaby, “Diwany”, “Meniň ruhubelentlik baharym” we “Mähribanlarym” kitaplary orta mekdepde okuw programmasynyň bir bölegi bolmagyna galýardy. Ruhnamadan synag geçmek ösüş hem okuwy tamamlamak üçin, zerur şertleriň biridi. Eýsem-de bolsa, mugallymlaryň habar bermegine görä, öňki prezident Nyýazowyň kitaplaryna owalkylardan has az wagt sarp edilýärdi, çünki täzelenen programma laýyklykda täze dersler girizilip, Türkmenistanyň taryhynyň we medeniýetiniň faktlar esasynda has giňişleýin öwrenilmegini talap edýärdi.
Çäklendirmeler birneme azalan-da bolsa, hökümet milli bolmadyk medeni çärelere kimleriň gatnaşýandygyna gözegçilik etmegini dowam etdirýärdi we döwlet teatrlarynda käbir daşary ýurt oýunlarynyň goýulmagyna, şeýle hem çykyşlaryň amala aşyrylmagyna rugsat bermekden boýun gaçyrýardy. Hökümet milli bolmadyk saza goldawy az berýän ýa-da asla bermeýän bolsa-da, klassik sazlar tutuş ýurtda okadylýardy we ýerine ýetirilýärdi. Uzak ýyllaryň dowamynda gadagan edilen halk sazlary konsertlerde we sosial çärelerde ýerine ýetirilip başlandy. Daşary ýurt filmleriniň ogurlyk nusgalaryna öýde tomaşa etmek üçin, satynam alyp bolýardy, kireýne-de. Medeniýet ministrligi ähli köpçülikleýin medeni çäreleri barlagdan geçirip, soň hem gözegçilik astynda saklaýardy.
b. Parahatçylykly ýygnanyşmak we birleşmek azatlygy
Ýygnanyşmak azatlygy
Konstitusiýa we kanun ýygnanyşmak azatlygyny kepillendirýär, emma hökümet raýatlaryň bu hukugyny iş ýüzünde çäklendirýärdi. Ýylyň dowamynda häkimiýetler ne-hä ýygnanyşmak we demonstrasiýa geçirmek üçin soralan rugsady berdiler, ne-de bellige alynmadyk guramalara demonstarsiýa geçirmäge rugsat etdiler, aýratyn-da, syýasy gün tertibi bardyr öýdülenlere.
Birleşmek azatlygy
Konstitusiýa we kanun birleşmek azatlygyny kepillendirýär, emma hökümet raýatlaryň bu hukugyny iş ýüzünde çäklendirýärdi. Kanun hökümete degişli bolmadyk ähli guramalaryň Adalat ministrligi, olaryň ähli daşary ýurtly ýardamçylarynyň bolsa Ykdysadyýet we maliýe ministrligi (öňki Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça döwlet agentligi) we Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynmagyny we Daşary işler ministrligi tarapyndan kadalaşdyrylmagyny talap edýär. Bellige alynmazdan iş alyp barýan DDBG-yna jerime salynmak, gysga möhletleýin tussag astyna alynmak we emläginiň elinden alynmagy ýaly jezalar garaşýardy. Hökümet subýektiw kriteriýa (öz ölçegine) salgylanmak bilen DDBG-y we beýleki hususy guramalary bellige almakdan boýun gaçyrmagyny yzygiderli dowam etdirýärdi. 2005-nji ýyldan bäri ýekeje DDBG bellige alynmady. Halkara guramalar bellige alnan hökümete degişli bolmadyk 89 guramanyň diňe ýedisini garaşsyz hasaplaýardylar. Hökümet bellige alynmak isleýän guramalaryň öňünde birgiden päsgelçilik döredýärdi. Käbir toparlar bellige alynmak işinde Adalat ministrligi bilen oňat hyzmatdaşlygy ýola goýandyklaryny aýdýan-da bolsalar, beýleki toparlar arzalarynyň “tehniki sebäplere” görä köplenç yzyna gaýtarylmak arkaly kynçylyk döredilýändiginden şikaýat edýärdiler. Ýylyň dowamynda azyndan alty sany HDBG bellige alynmak üçin, gaýtadan arzalaryny tabşyrdylar, we ýylyň ahyryna çenli diňe birinden başgasy hasaba alynmady. Hökümete degişli bolmadyk käbir guramalar kärhana hökmünde bellige alnyp, ýa bolmasa, öň bellige alnan guramanyň ast bölümi hökmünde hereket etmek bilen iş alyp barmagyň alternatiw ýollaryny tapdylar. Käbir beýleki toparlar özlerini wagtlaýyn ýapyk hasapladylar.
Tutuş ýylyň dowamynda howpsuzlyk gulluklary HDBG-y we olaryň ýerlerdäki hyzmatdaşlaryna azar berip geldiler. Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda häkimiýetler Ahal welaýatynda hökümete degişli bolmadyk halkara guramanyň ýöredýän birnäçe maglumat merkezini ýapdylar; soň olaryň birine täzeden işe başlamaga rugsat berdiler. Ýylyň başynda häkimiýetler hökümete degişli bolmadyk bir guramanyň ýerli jemgyýetçilik toparlar bilen hyzmatdaşlygyny iki gezek togtatdylar. Şeýle hem, Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda häkimiýetler iki sany jemgyýetçilik toparyna HDBG bilen işleşmezligi maslahat beripdirler, bir gezek bolsa olar HDBG-yň geçirýän okuwyny togtadyp, adamlara HDBG bilen işleşmezligi maslahat beripdirler we olary sorag edipdirler.
Ýurtda ýekeje-de garaşsyz syýasy topar ýokdy. Bellige alnan ýeke-täk syýasy partiýa Demokratik partiýa, ýagny Türkmenistanyň öňki Kommunistik partiýasydyr. Hökümet syýasy guramalara agza bolmagy gadagan etmeýär; eýsem-de bolsa, häkimiýetler Demokratik partiýadan başga bir syýasy partiýanyň agzasydyr öýden adamlaryny ýanaýarlar.
Hökümet daşary ýurtdan grant (pul kömegini) alanlary-da ýanaýardy. Elbetde, hökümetiň grant almak üçin taýýarlanan taslamalary bellige almakdan boýun gaçyran gezegi bolmady, emma bellige almagy birnäçe aýlap yza tesdiren gezekleri köp boldy.
c. Din azatlygy
Konstitusiýa we kanun din azatlygyna kepil geçýär; eýsem-de bolsa, hökümet iş ýüzünde bu hukugy çäklendirýärdi. Ýurtda döwlet dini ýok, emma ilatyň aglabasy yslam dininiň sünni mezhebine uýýar. Hökümet milletiň öz-özüni kesgitleýşi ugrunda alyp barýan tagallalarynda yslam däpleriniň käbir jähetlerini-de ulandy. Eýsem-de bolsa, iş ýüzünde hökümet ýurtdaky ähli dini hereketleri göz astynda saklaýardy we musulmanlar üçin käbir çäklendirmeler girizdi.
Hökümet ähli dini toparlaryň, şeýle hem, her bir metjitdir kilisäniň Adalat ministrliginde bellige alynmagyny talap edýärdi we dini toparlara daşary ýurtly çeşmelerden gelýän maddy we maliýe kömegi göz astynda saklamagyny dowam etdirýärdi. Hökümet dini toparlardan her bir duşuşygyň geçişi barada habar bermegklerini talap edýärdi. Dürli ministrlikleriň işgärleriniň hökümetiň bellige alyş düzgüni boýunça öňe sürýän talaplarynyň biri-birine çapraz gelýändigi sebäpli, käbir toparlar aljyraňňylyga düşüpdi. 2005-nji ýylda hökümet dini toparlaryň aýry-aýry şahamçalarynyň haýsam bolsa bir bellige alnan topardan ynanç hatyny almak arkaly wagtlaýyn bellige alnyp biljekdigini düşündirdi; galapyn ýagdaýda bu şahamçalaryň bellige alynmak meselesiniň çözgüdi bolup bildi. Dini topralaryň bellige alynmak üçin, mizemez administratiw päsgelçilikleri ýeňip geçmeli bolýan şu döwründe hökümet Ruhnama we Garaşsyzlyk aýlarynda iki sany ýewangelik hristian topary bellige aldy.
Ruhnama aýynda hökümet ýene bir ýewangelik hristian dini topary bellige aldy; bu topar 2005-nji ýyldan bäri bellige alynmagyny gazanan ilkinji topardy. Garaşsyzlyk aýynda hökümet onuň şahamçasy hökmünde ýene bir topary bellige aldy. Ýegowa şaýatlary, Baptistleriň aýratyn topary we beýleki ýewangelik toparlar ýaly bellige alynmadyk birnäçe dini topar hökümetiň olaryň işini çäklendirmegine garamazdan, ýok bolup gitmediler. Resmi taýdan hökümet bellige alynmadyk dini toparlaryň iş alyp barmagyny gadagan edýärdi.
Katolik buthana ýerli kanunyň “Buthana ýolbaşçysy Türkmenistanyň raýaty bolmaly” diýen talaby bilen ylalaşmaýandygy sebäpli, bellige alynmadyk ýagdaýda galýardy. Eýsem-de bolsa, häkimiýetler yzarlamalaryny we ýanamalaryny azaldan ýalydylar. Buthana ýolbaşçylary hiç bir ýanama sezewar bolmazdan, adaty ybadatlaryny geçirýärdiler we gyzyklanýan türkmenler hem türkmen däl raýatlar üçin katolik dini boýunça sapak geçýärdiler.
Din işler boýunça edara sünni mezhebine uýýan ymamlary we Orus ortodoks ruhanylaryny işe almak, ösdürmek, işden çykarmak, käbir ýagdaýlarda bolsa sylaglamak işine gös-göni gözegçiligi amala aşyrýardy.
Baýdak aýynda Prezident Berdimuhammedowyň döwlet başyna gelmegi bilen hökümet käbir bellige alnan we alynmadyk dini toparlary ýanamagyny artdyran-da bolsa, ýylyň ahyryna bular ýaly habarlar azaldy. Ýanama dowam edip duran ybadatyň togtadylmagy hem oňa gatnaşýanlaryň sorag edilmegi, tussag astyna alynmagy we dinlerinden dändirjek bolup, az sanly kiçi dini toparlaryň agzalaryna gysyş görkezilmegi ýaly usullary öz içine alýardy. Olaryň käbirine jerime salyndy. Habar berişlerine görä, Ýegowa şaýatlary we beýleki az sanly dini toparlaryň agzalary duşuşyklarynyň dagadylmagyny, yzarlanmagy, tussag astyna alynmagy we administratiw jerimäni başdan geçiripdirler. Habar berişlerine görä, Gurbansoltan aýynda polisiýa Ýegowa şaýady bolan üç sany aýal adamyň ýaşaýan öýüne ýöriş geçirip, olary tussag edipdir. Aýdylyşyna görä, polisiýanyň bir işgäri aýallaryň birini zyna gatnaşygyna mejbur etmäge synanyşypdyr.
“Forum-18” habarlar gullugynyň aýtmagyna görä, Bitaraplyk aýynda polisiýa Balkanabatda bir hususy öýde geçirilýän bir baptist ybadatyny dagadypdyr, oňa gatnaşanlary az wagtlyk saklap, üç adamy sorag edipdir hem olaryň kitaplaryny we beýleki edebiýatlaryny, şeýle hem CD disklerini ellerinden alypdyr.
Az sanly dini toparlaryň şahamçalary babatynda hereket etmegiň çäklendirilmegi barada habarlar gelip gowuşýardy; eýsem-de bolsa, hökümet azlyk dini toparlaryň öň ondan oňa gitmegi gadagan edilen birnäçe agzasyna erkin gidiş-gelşe rugsat berdi. Meselem, “Forum-18”-iň habar bermegine görä, 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda hökümet daşary ýurtdaky göwreli aýalynyň ýanyna gitmek islän türkmen milletinden bolan asly Daşoguzly protestant Merdan Şirmedowa ýurtdan çykmaga rugsat etmändir. Oguz aýynda Şirmedowa ýurtdan çykmaga rugsat edildi. Mundan başga-da, hökümet bellige alnan we alynmadyk toparlaryň agzalaryna çykyş wizasyny bermekden ýüz öwrüp geldi.
Hökümet musulmanlaryň ybadat jaýlarynyň gurluşygyna gözegçilik edýärdi we musulman okuwyna girişi çäklendirdi. Öňki ýyllardan tapawutlylykda hasabata degişli ýylyň dowamynda iki sany metjidiň durkunyň täzelenendigi ýa täzeden gurlandygy barada habarlar gelip gowuşdy.
Polisiýa işgärleri dininden dänip, milli mirasdan ýüz öwrendikleri üçin, paýyş sözleri ulanyp, orus bolmadyk ortodoks hristianlyga geçen türkmenleri ýanama we horlama sezewar edýärdiler.
Magtymguly aýynda Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Ukrainanyň raýaty bolan baptist Wýaçeslaw Kalateýewskini tutup, işini derňemek bilen aýdylyşyna görä, alty aý şondan öň serhetden bikanun geçenligi sebäpli, üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etdiler. Onuň maşgala agzalary we hökümete degişli bolmadyk käbir guramalar onuň Türkmenbaşy şäherinde bellige alynmadyk baptist toparyna ýolbaşçylyk edýändigi sebäpli, oňä temmi bermek üçin, höküm çykarylandygyna ynanýarlar. Hökümet Garaşsyzlyk aýynda Kalataýewskiniň günäsini geçdi, emma şeýle-de bolsa, Sanjar aýyna çenli ony azatlyga goýbermedi. Türkmenbaşy şäherinde aýalynyň we çagalarynyň bardygyna garamazdan, häkimiýetler onuň Türkmenistanda ýaşamak üçin rugsat sorap ýazan arzasyna ret jogabyny berdiler we Bitaraplyk aýynyň 11-inde ýurtdan çykaryp, öz ýurduna iberdiler.
Şeýle hem, Magtymguly aýynda häkimiýetler Türkmenbaşy şäherinde başga bir baptist toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Potolowy tussag etdiler. Oňa hiç hili günä ýüklemezden we işini derňemezden hökümet iýul aýynda ony öz ýurduna, Orusýede çykaryp goýberdi.
Türkmenistanda daşary ýurt misioner hereketi gadagandyr, eýsem-de bolsa, ýurt içinde hristian missionerler-de, musulman missionerler-de bardy. Hökümet şeýle hem, bellige alynmadyk dini toparlaryň dagwat bilen meşgullanmagyny gadagan edipdi.
2005-nji ýylda dagwat edendigi we dini edebiýaty ýaýradanlygy üçin, tussag edilen Ýegowa şaýady Näzikgül Orazowanyň işinde hiç hili öňe gidişlik bolmady, bolarlam däldi.
Umumy bilim berýän orta mekdeplerde din öwredilenokdy. Eýsem-de bolsa, Ruhnama ähli orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okadylýardy. Mugallymlaryň aýtmagyna görä, Ruhnama boýunça sapaklar ep-esli derejede azaldylypdyr. Dini edaranyň we Prezidentiň rugsady bilen sapakdan soň din öwrenmek mümkindi. Prezident Berdimuhammedow 2006-njy ýylyň planlaryna laýyklykda “Ruhnama” mekdebini gurduran-da bolsa, taslanan okuw jaýynyň ünsi “milletiň beýik ruhunyň çuňňur köklerini öwrenmekden” köpräk halkara dünýägaraýyşa tarap aýlanmaga başlady. Ýurtda diňe ýekeje musulman okuw jaýy ýapylman galypdy, onuň okuw programmasy-da hökümetiň gözegçiligi astyndady.
Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän metjitlerde “Ruhnamanyň” saklanmagy dowam edýän-de bolsa, birnäçe beýleki metjitlerden öňki prezidentiň eserleri ýok edildi. Hökümet dini edebiýatyň neşrine rugsat edenokdy. Hökümet işgärleri dini toparlara daşary ýurtdan diňe olaryň topar agzalarynyň sanyna laýyk mukdarda kitap getirip biljekdiklerini aýdypdyrlar, emma hatda, bellige alnan dini toparlar-da daşary ýurtdan kitap getirmekde kynçylyk çekýärdiler. Öňki ýyllardan tapawutlylykda, bellige alynmadyk dini toparlaryň dini edebiýaty ýaýratmakda aýyplanýan türkmen agzalaryna beýleki milletlerden ýowuz daraşylmandyr.
Alp Arslan aýynda Prezident, aýdylyşyna görä, 2002-nji ýylyň hüjümine dahyly bolany sebäpli, 2004-nji ýylda ýapyk sudda 22 ýyl möhleti bilen türme tussaglygyna höküm edilen ýurduň öňki müftisi Nasrulla ibn Ibadullanyň günäsini geçdi. Bize gelip gowşan köpsanly habarlara görä, Nasrullanyň tussag edilmeginiň hakyky sebäbi onuň metjitlerde “Ruhnama” kitabyny saklamaga garşy bolmagydyr.
Ýylyň dowamynda hökümet ýurda berlen 4600 kwotadan diňe 188 adama haj ybadatyny amala aşyrmaga ýardam edipdir. Emma habar berişlerine görä, öz hasabyňa haja gitmäge hiç hili çäklendirme bolmandyr; gelip gowşan käbir habarlara görä, haj ybadatyny öz hasabyna amala aşyran adamlar bolupdyr. Eýsem-de bolsa, “Forum-18”-iň habar bermegine görä 188 adamdan artyk bir adam-da bu ýurtdan haja gitmändir.
Ýylyň dowamynda hökümet alty sany Ýegowa şaýadyny hökmany harby gullukdan boýun towlamakda günäläpdir, emma halkara jemgyýetçilik bu işe goşulyşandan soň, olaryň ählisine-de şertli iş kesildi. 2005-nji ýylda hut şunuň ýaly günä ýüklenen Begenç Şamyradowa iki ýyl möhlet bilen şertli iş kesildi. Häkimiýetler Süleýman Ödäýewi 1 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etdiler, emma soň oňa mejbury zähmet çekdirmek bilen iki ýyllyk şertli iş kesdiler. Gorkut aýynda hökmany harby gullukdan boýun towlandyklary üçin, Aleksandr Zyýewe, Baýram Aşyrgeldiýewe we Nurýagdy Gaýypowa iki ýyl möhlet bilen şertli iş kesildi. Hökümet Gadyr gijesi mynasybetli yglan edilýän ýyllyk günä geçişlikde bularyň günälerini geçdi. Bitaraplyk aýynda hökmany harby gullukdan boýun towlandygy üçin, Aşyrgeldi Taganowa-da 18 aý möhlet bilen şertli iş kesildi.
Jemgyýetiň ýanamagy we saýry tutma (diskriminasiýa)
Ýurtda özüne “ýewreý” diýýän 2000 adam bardy, emma antisemit hereketler barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
Yslam dininden ýüz öwrüp, başga dine geçen türkmenlere şübhe bilen garalýardy, käbir ýagdaýlarda bolsa, olardan gaça durulýardy.
Bu hakda jikme-jik maglumaty “2007-nji ýylda Ýer ýüzünde din azatlygynyň ýagdaýy baradaky hasabatdan” alyp bilersiňiz.
d. Hereket azatlygy, ýurt içinde sürgün edilenler, bosgunlaryň goragy we belli bir ýurduň raýaty bolmadyk adamlar
Konstitusiýa we kanun doly hereket azatlygyny kepillendirmeýär we ýurt içinde ýaşamak üçin pasport ýa-da ýaşaýyş hukuknamasynyň alynmagyny talap edýär. Hökümet BMG-nyň bosgunlar boýunça Ýokary komissiýasy (BMGBIBÝK) we beýleki ynsanperwerlikli guramalar bilen bosgunlary, belli bir ýurduň raýaty bolmadyk adamlary, şeýle hem, alada sebäp bolýan başga şahslary goramak hem olara ýardam etmek babatynda hyzmatdaşlyk edýärdi. Baýdak aýynda wezipesine girişenden soň, Prezident polisiýanyň uly ýollardaky barlag nokatlaryny aýyrtdy, iýun aýynda bolsa serhetýaka etraplara gitmek üçin, raýatlaryň ejaza almak düzgünini ýatyrdy. Eýsem-de bolsa, soňky talap daşary ýurtlular üçin ýylyň dowamynda öz güýjünde galýardy.
Hökmany suratda bolmasa-da, hökümet bu düzgüni iki raýatlygy bolan adamlar üçin-de ulanýardy we käbir ýagdaýlarda hem Türkmenistanyň, hem Orusýediň raýaty bolan adamlaryň-da GDA wizasyny almaklaryny talap edýärdi. Oguz aýyndan başlap, hökümet azyndan öň ýurtdan çykmagy gadagan edilen dört adama ABŞ-a gitmäge rugsat berdi. Eýsem-de bolsa, hereketi çäklendirmek kriteriýasy düşnüksizligine galýardy; onsoňam hökümet ýylyň ahyrynda-da raýatlara ýurtdan çykmaga päsgel bermegini dowam etdirýärdi.
Hökümet ýurtdan çykmagy gadagan edilen adamlaryň sanawynyň bardygyny inkär edýärdi. 2005-nji ýylda kabul edilen migrasiýa baradaky kanun döwlet syryna dahyly bolan, şahsy maglumatlaryny galplaşdyran, agyr jenaýat eden, gözegçilik astyndaky, ynsan söwdasynyň pidasy bolup biljek, barjak ýurdunyň kanuny öň bir gezek bozan, ýa bolmasa, sapary milli howpsuzlyk bähbitlerine garşy gelýän her bir raýadyň ýurtdan çykmagyny gadagan edýärdi.
Raýatlar özleriniň sapar edip biljekdikleri ýa bilmejekdikleri baradaky maglumaty Daşary ýurt raýatlarynyň immigrasiýasyny bellige almak boýunça Döwlet agentliginden sorap bilýärdiler. Eýsem-de bolsa, bu sorag bilen ýüz tutanlaryň diňe ýarysy jogaba mynasyp bolupdy. Azyndan dört adama hereket etmek hukuklary babatyndaky çäklendirmeleri ýatyrtmak başartdy. 2002-nji ýyl hüjümine gatnaşandygy sebäpli günälenip, ýurt daşyna çykyp, oppozisiýa goşulan bir adamyň ýegençisine kanikula gelenden soň, okuwyny dowam etdirmek üçin daşary ýurtdaky uniwersitetine dolanmaga rugsat bermändirler. Şeýle hem, 2006-njy ýylda hökümet merhum žurnalist Ogulsapar Myradowanyň gyzlaryna daşary ýurda gidip bilmejekdiklerini aýdypdyrlar.
Sanjar aýynyň 11-inde Türkmen ýewangelik kilisesiniň ruhanysy Ilmyrat Nurlyýew Ukraina uçmaly uçardan düşürilip alnyp galypdyr. Nurlyýew Daşary ýurt raýatlaryny bellige almak boýunça Döwlet gullugyna şikaýat edip, hat ýazanda bolsa, onuň “uçardan zor bilen düşürilendigi” baradaky sözleriniň tassyklanmandygy barada jogap gelipdir.
Sanjar aýynyň 24-ünde häkimiýetler daşary ýurtda bolýan oppozision lider Hudaýberdi Orazowyň uýasy Swetlana Orazowanyň Moskwa uçaryna münmegine päsgelçilik döredipdirler. Orazowa öňünden ýagdaýyny bilmek üçin, Daşary ýurt raýatlaryny bellige almak boýunça döwlet gullugyna ýüz tutupdyr, olar bolsa onuň ýurtdan çykyp gitmegine hiç hili päsgelçiligiň bolmajakdygyny aýdypdyrlar. Bitaraplyk aýynyň 17-sinde ol Daşary ýurt raýatlaryny bellige almak boýunça döwlet gullugyna şikaýat hatyny ýollapdyr, emma ýylyň ahyryna çenli oňa hiç hili jogap berilmändi.
Hökümet Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň goňşy Özbegistanyň Buhara şäherinde we Horezm welaýatynda ýaşaýan garyndaşlary bilen görme-görşe baran ilatyna aýda diňe üç gün bolmaga rugsat edipdir.
Kanun raýatlaryň ýurt içine we daşyna zorlukly göçürilmegine rugsat berýär, şonuň üçin-de, ýylyň ahyrynda käbir adamlar sürgünde galýardylar. Häkimiýetler käbir tussaglary, adatça öňki hökümet işgärlerini ýurt içinde sürgün edipdiler. Ýylyň ahyrynda wezipelerinden boşadylyp, sürgün edilen birgiden öňki ministrdir hökümet işgäri öý tussaglygynda galýardy. Hökümetiň syýasy garşydaşlarynyň ählisi diýen ýaly şahsy howpsuzlyklary üçin başga ýurtlarda ýaşaýardylar. Ýylyň dowamynda olaryň hiç biri ýurda gaýdyp gelmedi.
Sürgünde ýaşamagyny dowam etdirýän Aleksandr Fatalyýew bilen 2005-nji ýylda bolup geçen wakanyň sebäbi soňuna çenli derňelmedi. Sazak Begmedow Daşoguz welaýatynda içerki sürgünde galýardy. 2002-nji ýyl hüjümini guranlaryň biriniň gyzy, Mary şäherinde öý tussaglygynda bolýan Maral Yklymowa iýul aýynda ýurtdan çykyp gitmäge rugsat edildi.
Öňki ýyllardan tapawutlylykda hökümet Eýranda, Yrakda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň, şeýle hem, öňki Sowet Soýuzynyň ýerinde dörän ýurtlarda ýaşaýan beýleki milletleriň Türkmenistana göçüp gelmegine aç-açan päsgel bermedi.
Bosgunlaryň goragy
Kanun BMG-yň Bosgunlaryň statusy babatynda 1951-nji ýylda kabul eden Konwensiýasyna we onuň 1967-nji ýylda kabul edilen protokolyna laýyklykda pena ýa “bosgun” statusynyň berilmegini kepillendirýär; şonuň üçin-de hökümet bosgunlara pena beriş ulgamyny döredipdir. Hökümet bosgunlara gaçybatalga ýa “bosgun” statusyny berýärdi. Iş ýüzünde hökümet bosgunlary zor bilen ýurtdan çykarylyp goýberilmekden, ýagny olara yzarlama sezewar edilmek garaşýandyr öýdülýän ýurda iberilmekden goraýardy. Hökümet Owganystandan we Täjigistandan gaçyp gelen türkmenlere, şeýle hem, özbek we orus milletinden bolan birnäçe bosguna pena we “bosgun” statusyny berdi. Ýurtda BMGBIBÝK-yň mandatyny alan 125 bosgun bardy. Hökümet, şeýle hem, 1951-nji ýyl Konwensiýasyna we 1967-nji ýyl Protokolyna laýyklykda “bosgun” diýlip hasaplanyp bilmejek birnäçe adama wagtlaýyn pena berdi. Umuman, hökümet 2006-njy ýylda 16000-den gowrak adama raýatlyk ýa-da ýaşamak üçin kanuny hukuk berdi. Raýatlyk alanlaryň aglabasy 1990-njy ýyllaryň başlarynda Täjigistandaky uruşdan gaçyp gelen türkmenler, özbekler ýa oruslardy. Hökümet bosgunlara we pena agtarýanlara ýardam etmekde BMGBIBÝK-y we beýleki gumanitar guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýärdi.
Belli bir ýurduň raýady bolmadyk adamlar
BMG-yň ösüş programmasynyň (BMGÖP) habar bermegine görä, ýurtda hiç bir ýurduň raýady bolmadyk az sanly adamlar bardy. Eýsem-de bolsa, BMGÖP ýurt içinde dokumentsiz ýaşaýan 9000 adamyň bardygyny-da çak edýärdi. Bu adamlar owal Sowet Soýuzynyň raýady bolupdyrlar. Sowet Soýuzy dargandan soň, 1999-njy ýylda sowet pasportynyň möhleti tamamlananda, olar hiç bir ýurdy watan hökmünde saýlap almandyrlar. Hökümet bu adamlaryň dokumentlerini administratiw tertipde işläp düzmek bilen haýsy ýurdy saýlap tutjakdyklaryny kesgitleýänçäler, olara ýaşamaga hukuk berdi. BMGÖP-y bu adamlaryň sanyny aňsat kesgitläp bilmeýär, çünki olar kömek sorap, BMGÖP-a ýüz tutmandyrlar, şeýle hem, olar öz statuslaryny üýtgetjegem bolmandyrlar. BMGBIBÝK-y bu adamlary hakyk ýüzünde ýurtsuz ýa-da ýurtsuz galmak howpy abanýan adamlar diýip hasap edýär. Hökümet 2005-nji ýylda çykaran Karary esasynda ýaşaýjylary bellige almak işini sadalaşdyrdy we pena gözläp, Täjigistandaky raýatlyk urşundan gaçyp gelen takmynan 13000 türkmene raýatlyk berdi. 1990-njy ýyllaryň başlarynda bolan Ermenistan-Azerbaýjan urşy döwründe bu ýurtlardan näçedigi belli bolmasa-da, hem ermeni, hem azerbaýjanlylar gaçyp gelipdirler. Olar bu ýurtda oturymly bolupdyrlar, emma ýurtsuz hasaplanmaýardylar, çünki BMG-nyň “bosgun” statusyny alypdylar. BMGÖP habar bermegine görä, hökümet bosgun we migrasiýa meselelerinde hyzmatdaşlyga gaýym hem taýyndy.
Üçünji bölüm. Syýasy hukuklara hormat: raýatlaryň hökümetlerini çalyşmak hukugy
Raýatlar erkin saýlawy amala aşyryp, kanunlary üýtgedip we özlerini dolandyrýan işgärleri çalşyryp bilmeýärdiler. Konstitusiýa görä, bu ýurt prezident dolandyryşly dünýewi we demokratik döwletdir. Beýle diýmek dolandyryşyň dürli şahalarynyň arasynda häkimiýetiň bölünmegini aňladýar, emma prezidente beýlekilerden has artykmaç hukuk berilýärdi. Iş ýüzünde döwlet prezidentiň doly ygtyýarynda bolmagyna galýardy; iň möhüm kararlary diňe ol kabul edýärdi. Öňki ýyllardan tapawutlylykda indi raýatlar prezidente däl-de, watana wepalylyk barada kasam edýärdiler.
ÝHHG-nyň aýtmagyna görä, saýlawlar baradaky kanun ÝHHG-nyň standartlaryna laýyk gelmeýärdi.
Saýlawlar we syýasy işlere gatnaşyk
Konstitusiýa laýyklykda 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda öňki Prezident Nyýazow ölenden soň, wagtlaýynça prezidentiň wezipesini Mejlisiň şol wagtky başlygy Öwezgeldi Ataýew ýerine ýetirmelidi. Eýsem-de bolsa, onuň ýerine Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gurbanguly Berdimuhammedowyň ady tutuldy we häkimiýetler Ataýewe garşy jenaýat işini gozgadylar. 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 26-synda Halk maslahaty Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Berdimuhammedowyň-da bu saýlawa gatnaşyp bilmegi üçin, Konstitusiýa üýtgetme girizip, prezidentlige alty sany dalaşgär saýlady. Kanunyň: “Prezidentlige dalaşgär Türkmenistanda ýaşamaly” diýen talaby daşary ýurtda sürgünde gezip ýören käbir adamlaryň prezidentlige öz adyny görkezmek islegine päsgel berdi. Aşgabatda ýaşaýan, daşary ýurtdaky oppozisionerleriň käbiriniň pikiriçe, prezidentlige dalaşgär bolup biljek disident Nurberdi Nurmämmedow 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 23-ünde tussag astyna alnyp, 30-ynda boşadyldy.
Baýdak aýynyň 11-inde raýatlar halkara standartlaryna laýyk gelmeýän saýlawda Berdimuhammedowy prezident saýladylar. ÝHHG aşakdaky problemalary belledi: syýasy plýuralizmiň (köpdürlüligiň) ýoklugy, raýatlaryň prezidentlige adyny görkezmek hukugynyň çäklendirilmegi, saýlaw kampaniýasynyň metbugatda beýan edilmegi üçin, serişdeleriň ýetmezçiligi, ýeňlen dalaşgärleriň saýlawlara ikilenç gatnaşmagynyň gadaganlygy we tersin ses bermeklik, ýagny ses berýänleriň öz saýlajak dalaşgärinden başga adamlaryň atlarynyň üstüni çyzmagy. Hökümet kanun ýüzünde syýasy guramalara agza bolmagy gadagan etmeýän-de bolsa, ol prezidentiň partiýasy bolan Demokratik partiýadan başga ähli syýasy partiýalary gadagan etdi. Hökümet ýurtda syýasy oppozisiýanyň bolmagyny gadagan etmegini dowam etdirdi, şeýlelikde, Ýewropada sürgünde bolýan oppozisiýa hereketinden başga bu ýurt üçin alternatiw syýasy ses galmady.
Elli agzalyk Mejlisde 2005-nji ýylda saýlanan täze başlygyny-da goşmak bilen sekiz sany aýal bardy. Aýallar, şeýle hem, 2500 wekili bolan Halk Maslahatynda-da öz orunlaryny tapypdylar. Aýallar Ministrler Kabinetiniň başlygynyň medeniýet we teleradioýaýlymlar boýunça orunbasary, Dokma senagaty ministri, Demokratiýa we ynsan hukuklary institutynyň direktory, Ylym we tehnologiýa boýunça Ýokary geňeşiň başlygy we Döwlet habarlar gullugynyň başlygy ýaly käbir ýokary döwlet wezipelerinde-de işleýärdiler.
2006-njy ýylyň Sanjar aýynda 50 agzalyk Mejlisiň az sanly milletlere degişli bolan bir agzasy ýogaldy we onuň orny boş galdy. Iki ýarym müň agzasy bolan Halk maslahatynda milli azlyklar-da bardy. Hökümet belli döwlet wezipelerine türkmen milletinden bolan adamlary bellänini gowy görýärdi, eýsem-de bolsa, az sanly milletleriň wekilleri-de birnäçe ýokary döwlet wezipesini eýeleýärdiler. Ýurtdaky iň uly taýpa, Prezidentiň taýpasy bolan teke taýpasynyň agzalary ýurduň medeni we syýasy durmuşynda iň ýokary (möhüm) roly oýnaýardylar.
Döwlet derejesindäki parahorluk we aç-açanlygyň ýoklugy
Kanun resmi parahorlugy jenaýat diýip, ykrar edýär; eýsem-de bolsa, hökümet bu kanuny iş ýüzünde berk ýöretmeýär, şol sebäpli-de, habar berişlerine görä, wezipeli adamlar köplenç ýagdaýda hiç bir jeza sezewar bolmazdan, yzygiderli parahorluk bilen meşgul bolýarlar. Giňden ýaýran parahorluk ýurduň ähli sosial we ykdysady pudaklarynda çuňňur kök urupdyr. Howandarlyk ulgamynyň barlygy, aç-açanlygyň we halkyň öňünde hasabat bermek düzgüniiň ýoklugy, şeýle hem, hökümetiň öç almagyndan gorky muňa ýardam edýän faktorlardyr (sebäplerdir). Dünýä bankynyň tutuş dünýä boýunça dolandyryş görkezijilerine laýyklykda ýurtda parahorluk meselesi aňrybaş ýiti derejede durýardy. “Transperensi international” guramasynyň bilermenleriň çakyna salgylanyp taýýarlan 2007-nji ýyl üçin parahorluk boýunça hasabatynda bellemegine görä, ýurduň wezipeli adamlarynyň arasyndaky parahorluk elhenç derejededir.
Ýylyň dowamynda häkimiýetler wezipelerinden boşadylansoň, özleriniň azyndan ýedi sany ýokary wezipeli adama, şol sanda Prezident goragynyň başlygy, öňki prezident Nyýazowyň ýakyn geňeşçisi Akmyrat Rejebowa, parahorlukda günälenen öňki Oba hojalyk ministri Paýzygeldi Meredowa we Mejlisiň öňki başlygy Öwezgeldi Ataýewe günä bildirjekdiklerini aňladypdyrlar. Ataýew bäş ýyl möhleti bilen türme tussaglygyna höküm edildi; ýylyň ahyrynda beýlekileriň ýagdaýy näbelliligine galýardy.
Halkyň hökümetiň işleri hakyndaky maglumat bilen tanyşmagy üçin mümkinçilik döredýän kanun ýok, şonuň üçin-de, hökümet özi hakdaky maglumatlary halka ýetirmeýärdi. Häkimiýetler olaryň döwlet syrydygyna salgylanmak bilen özlerine degişli maglumatlary bermekden boýun gaçyrýardylar. Käbir statistik maglumatlar-da döwlet syry hasaplanýardy. Demografik maglumatlar halka ýetirilmeýärdi. Çap edilýän ykdysady we maliýe maglumatlary bolsa döwletiň syýasatyny we çykdajylaryny aklamak üçin, galplaşdyrylyp ýazylýardy.
Dördünji bölüm. Ynsan hukuklarynyň bozulandyr öýdülen ýagdaýlary-nyň halkara we hökümete degişli bolmadyk guramalar tarapyndan derňelmegine Hökümetiň garaýşy
Ýurt içinde ynsan hukuklaryny goraýan hökümete degişli bolmadyk gurama ýokdy. Hökümet ýurda gelýän žurnalistler ýa ynsan hukuklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakçy bolýan başga daşary ýurtlular bilen gürleşmeli däldigi barada özüni tankyt edýänlere duýduryş beripdir. Ýylyň dowamynda hökümet syýasy bolmadyk jemgyýetçilik we medeni guramalaryň işlerine gözegçiligi dowam etdirdi.
Şeýle hem, bu ýurtda hemişelik bolmaga ygtyýary bolan ynsan hukuklary bilen meşgullanýan halkara HDBG-da ýokdy; eýsem-de bolsa, hökümet halkara guramalara, şol sanda ÝHHG-na we BMGBIBÝK-na ýurtda hemişelik bolmaga rugsat beripdi. Hökümetiň söz, metbugat we ýygnanmak azatlygyny çäklendirmegi halkara guramalarynyň hökümetiň ynsan hukuklary babatyndaky syýasatyny derňemek we tankyt etmek mümkinçiligini diýseň çäklendirýärdi. Käbir döwlet işgärleri ynsan hukuklarynyň bozulandyr öňdülen ýagdaýlar baradaky soraglara diýseň göwünjeň jogap berýärdiler. Hökümet raýatlaryň halkara guramalara we wekilçiliklere barmaklaryna gözegçiligi, şeýle hem daşary ýurtlular bilen işleşmeklerine päsgel bermek synanyşyklaryny biraz gowşadan ýaly görünýärdi. Garaşsyzlyk aýynda ÝHHG öňki ýyllardan tapawutlylykda hökümetiň raýatlaryň ÝHHG-nyň merkezine barmagy ýa ÝHHG tarapyndan maliýeleşdirilýän jemgyýetçilik we raýatlyk mowzuklaryndan geçirilýän seminarlardyr çärelere gatnaşmaklaryny gadagan etmeýändigini habar berdi. 2006-njy ýylyň Oguz aýynda Ministrler Kabineti raýatlara žurnalistlik esbaplary bereni üçin, diplomatlary we ÝHHG-nyň wekilçiligini ýurtda bulagaýlyk döretmäge synanyşykda aýyplady.
Ynsan hukuklary babatynda döwlet edaralarynda amala aşjak özgerişliklere gözegçilik etmek maksady bilen hökümet gös-göni Prezidentiň tabynlygynda ynsan hukuklary boýunça bir komissiýa döretdi. Hut Prezident Berdimuhammedowyň özüniň ýolbaşçylyk edýän Demokratiýa we ynsan hukuklary boýunça milli institutynyň ygtyýarlylygy diýseň ujypsyz bolup çykdy. Ynsan hukuklaryna degişli kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen 2005-nji ýylda Mejlisiň düzüminde Ynsan hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça komitet döredildi. Demokratiýa we ynsan hukuklary institutyna ýurtda demokratik özgerişleri goldamak we ynsan hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek ygtyýary berlipdi; şeýle hem, onuň ynsan hukuklary boýunça kitaphanasy bardy. Iş ýüzünde welin, bu institut raýatlaryň şikaýatlaryny öwrenip, ondaky faktlary degişli adama ýa gurama geçirmek bilen meşguldy; eýsem-de bolsa, institut garaşsyz däldi, şonuň üçin-de onuň işi düzetmek mümkinçiligi diýseň çäklidi.
Bäşinji bölüm. Saýry tutma, durmuş kynçylyklary we adam ogurlygy
Kanun adamyň gelip çykyşy, jynsy, kemisliligi, dili ýa sosial statusy (jemgyýetdäki orny) esasynda kemsidilmegini (saýry tutulmagyny) gadagan edýän-de bolsa, aýallara garşy ýowuzlyk, şeýle hem, az sanly milletlere garşy saýry tutma çözülmedik meseleleriň biri bolmagyna galýardy.
Aýallar
Aýal zorlamak, şol sanda, adamysynyň zorlamagy-da bikanundyr we bu iş edilende, amala aşyrylan wagşyçylygyň derejesine, şeýle hem, bu işiň birinji gezekmi ýa gaýtalanyp edilýändigine baglylykda 3 ýyldan 25 ýyla çenli türme tussaglygy bilen jezalandyrylýar. Zorlanandygy barada habar bermegiň ýa boýun almagyň milli edim-gylyma ters gelmegi bu meseläniň nä derejede giň ýaýrandygyny kesgitlemäge mümkinçilik bermeýärdi.
Kanun maşgalada zorlugy, şol sanda, adamysynyň aýalyna azar bermegini-de gadagan edýär, eýsem-de bolsa, bu kanun iş ýüzünde berk tutulmaýar. Jerimeler ejir çekene ýetirilen zyýanyň derejesine baglydyr. Wagtal-wagtal gelip gowuşýan habarlar maşgalada zorlugyň adaty zatdygyna şaýatlyk edýärdi; eýsem-de bolsa, maşgala zorlugyndan ejir çekenleriň aglabasy ýa öz hukuklaryndan bihabardyklary, ýa-da ärleri we garyndaşlary tarapyndan has beter zorluga sezewar edilmekden gorkýandyklary sebäpli, şikaýat etmeýärdiler. Maşgalada amala aşyrylan zorluk bilen baglanyşykly birlän-ikilän işe kazyýetde garalyp, setanda-seýranda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri-de bu hakda dil ýarýardylar. Maşgalada amala aşyrylýan zorlukdan ejir çekenlere Aşgabatda resmi taýdan bellige alnan bir topar, garaşsyz HDBG we beýleki welaýatlardaky birnäçe bellige alynmadyk toparlar kömek edýärdiler.
Jelepçilik bikanun işdir. Eýsem-de bolsa, ol ýylyň dowamynda tutuş ýurt boýunça çözülmedik mesele bolmagyna galýardy. Häkimiýetler jelepçilige eserdeňlik bilen gözegçilik edýärdiler, emma oňa garşy göreş alyp barjak bolmaýardylar. Zyna maýyl etmegi gadagan edýän ýörite kanun ýok. Iş gözläp gelen aýallar babatynda şeýle iş edilýändigi barada wagtal-wagtal habarlar gelip gowuşýardy.
Türkmenistanyň nika we maşgala kanunyna, Emläk kanuna laýyklykda we kanunçylyk ulgamynda aýallar erkekler bilen deň hukuga eýedirler. BMGÖP we beýleki hyzmatdaşlary bilen maslahat geçirenden soň, Mejlis Bitaraplyk aýynda Aýallaryň hukuklary barada täze bir kanun kabul etdi. Ynsan hukuklaryna we aýal-erkek gatnaşyklaryna degişli kanunlaryň taslamasyny taýýarlamak, jynsara gatnaşyklary boýunça täze niýetnamanyň okuw programmasyna girizilmegi, şeýle hem, jynsara gatnaşyklary boýunça milli we halkara kanunlary barada yzygiderli bülleten neşir etmek Mejlisiň Ynsan hukuklary we azatlyklary boýunça komitetiniň wezipesine girýärdi. Kanunçylyga laýyklykda aýallar durmuşyň ähli pudagynda, şol sanda aýlyklar, kömek puly, biznese başlamak we döwlet işinde işlemek jähetden-de erkekler bilen deň hukuklydyrlar. Eýsem-de bolsa, aýallar babatynda işe almak jähetden saýry tutulma ýol berilmegi dowam edýärdi. Iş eýeleri göwrelilik we çaga seretmek ýaly meseleler bilen baglanyşyklylykda önümçilik ýitgilerinden (zyýanlaryndan) halas bolmak maksady bilen işe aýal alandan erkek adamlary alanlaryny gowy görýärdiler. Döwlete degişli ykdysady edaralaryň ýokary derejelerinde-de aýallar erkeklere garanda pesräk wezipe eýeleýärdiler we adatça, saglygy goraýyş, bilim we durmuş hyzmatlary pudaklarynda jemlenipdiler. Hökümet aýallaryň howply we daşky gurşaw üçin zyýanly işlerde işlemegini çäklendiripdi.
Hökümet aýallar babatynda saýry tutmanyň bardygyny ýa onuň aýallara degişlidigini boýun almaýardy.
Çagalar
Hökümet çagalaryň eşreti üçin birnäçe sada çäreleri amala aşyrdy; Bu çäreler çagalaryň saglygyny dikeltmek we hökmany onýyllyk okuw programmasynyň täzeden kabul edilmegi ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Fondy (BMGÇF) we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy artdyrmagy-da öz içine alýardy.
Başlangyç we orta mekdepler mugt hem hökmanydy. Hökümet hökmany okuwy onýyllyk etmek bilen bilim ulgamynda belli bir derejede ähmiýete eýe bolan reforma başlady. Hökümetiň aýtmagyna görä, 7 ýaşdan 16 ýaş aralygynda bolan çagalaryň ýüzden togsan bäşi kadaly ýagdaýda mekdebe gatnaýar; eýsem-de bolsa, BMGÖP-yň 2003-nji ýyldaky hasabatynda “okuwçylaryň sapaklara gatnaşygy ýüzden segsen bire barabardyr” diýlip görkezilýär. Şeýle hem, “Uruş we Parahatçylyk habarlary” guramasynyň habar bermegine görä, käbir mekdeplerde sekizinji klasa çenli okuwçy gatnaşygy takmynan 40-50 % barabar bolupdyr. Çagalaryň aglabasy orta mekdepleri tamamlaýardy.
Hökümet ýokary okuw ulgamynda-da reforma başlady. Bu reforma okuw möhletiniň Nyýazow döwründe iki ýyl bolanlygyndan bäş ýyla getirilmegi we çagalaryň ýokary okuw jaýyna girmek üçin, iki ýyl işlemelidigi baradaky talabyň ýatyrylmagyny öz içine aldy. Hökümet daşary ýurtda okamak isleýän talyplar üçin girizilen çäklendirmeleri ýeňletdi, eýsem-de bolsa, ep-esli bürokratik päsgelçilik saklanyp galdy. Şonuň üçin-de, başga ýurtda okamagynyň hökümet tarapyndan makullanmagy üçin, talyplar türkmen dilinden ekzamen tabşyrmaly boldular.
Hökümet mekdep programmasyny täzeden gözden geçirdi, täze dersleri girizdi, mugallymlaryň aýlyklaryny artdyrdy we mugallymlar üçin okuw sagadyny azaltdy, emma okuw otaglary hyryn-dykynlygyna galdy, ylaýta-da, oba ýerlerinde; okuw kitaplarydyr esbaplary bolsa ýetmezçilik edýärdi.
Kanun boýunça hökümet 18 ýaşyna ýetýänçä, çagalary mugt medisina hyzmaty bilen üpjün edýär. Şypahanada saglygyňy bejertmek-de mugtdy; eýsem-de bolsa, ene-atalar medisina hyzmatlary, dermanlar we oňat medisina enjamlarynyň, şol sanda, sprisleriň-de ulanylmagy üçin, hemişe para bermeli bolýardylar.
Çagalaryň hakyna kast edilýändigi barada käbir habarlar gelip gowuşdy.
BMGÇF-nyň aýtmagyna görä, täze dörän maşgalalaryň 9 % kämillik ýaşyna ýetmedikleri öz içine alýardy.
Adam söwdasy
Bitaraplyk aýynda Mejlis adam söwdasyny gadagan edýän doly möçberli kanun kabul etdi. Käbir adamlaryň satyn alnyp, bu ýurda getirilendigi, käbiriniň äkidilendigi, şeýle hem, ýurt içinde adam söwdasynyň bardygy barada birnäçe habar gelip gowuşdy.
Ýurt boýunça bu söwdanyň pidalarynyň takyk sanyny anyklamak üçin, ýeterlik maglumat ýok. Hökümet 2005-nji ýylda kabul edilen Migrasiýa baradaky kanundan peýdalanmak arkaly satylaýmagy ähtimal aýallaryň Türkiýä we Arap Emirligine gitmegini gadagan edýärdi, çünki bu ýurtlar adam söwdasy bilen meşgullanylmagy has ähtimal ýurtlar saýylýardy. Hökümete degişli bolmadyk guramalar az sanly milletlerden bolan aýallaryň adam söwdasynyň pidasy bolmaga mümkinçiliginiň köpdügini aýdýardylar.
Ýylyň dowamynda Halkara Migrasiýa Guramasy satylan 20 sany adamyň Türkiýeden gaýtarylyp getirilmegine ýardam etdi. Adam söwdasy bilen meşgullanýanlara haýsy madda boýunça sud edilýändigine baglylykda emläginiň elinden alynmagy bilen iki ýyldan sekiz ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar. Adam söwdasyna garşy göreş alyp barmak Daşary ýurt raýatlaryny bellige almak boýunça Döwlet gullugynyň wezipesidi.
Adam söwdasy barada halkyň düşünjesini artdyrmak maksady bilen Adalat ministrligi daşary ýurt ilçihanalary we halkara guramalar bilen işleşýärdi. Welaýatlarda bolsa birnäçe jemgyýetçilik toparlary adam söwdasyny düşündirmek barada iş alyp barýardy. Eýsem-de bolsa, hökümet ýurtda “adam söwdasy” diýen meseläniň bardygyny köpçülikleýin boýun almaýardy we ýurt içinde adam söwdasyna gözegçilik etmeýärdi, onuň bu işi amala aşyrmak üçin belli bir strategiýasy-da ýokdy. Hökümet adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemek üçin, halkyň bu babatda iň gowşak toparlaryna kadaly suratda gözegçilik etmeýärdi.
Kemisli adamlar
Kanun işe girmekde, okuwa ýerleşmekde, medisina hyzmatyndan peýdalanmakda, şeýle hem döwlet tarapyndan hödürlenýän başga hyzmatlar babatynda fiziki we akyl taýdan kemisli adamlaryň saýry tutulmagyny gadagan edýär; eýsem-de bolsa, dürli düzgünler bu kanuna garşy gelýär we, hatda, ahyrky netijede ony ýoga çykarýar. Kemisli adamlar işe ýerleşmekde, okuwa girmekde, medisina hyzmatyndan peýdalanmakda we döwlet tarapyndan hödürlenýän başga hyzmatlar babatynda diskriminasiýa sezewar bolýardylar. Hökümet hemişe fiziki taýdan kemisli adamlary akyl taýdan kemisli diýip, ykrar edýärdi we olary beýin hassalarynyň şypahanasyna ýerleşdirýärdi. Hökümet kemisli adamlara pensiýa we kömek puluny berýärdi, emma bu pul olara adam şekilli ýaşamak üçin azlyk edýärdi. Şular ýaly kömek puluny alýandyklary üçin, hökümet kemisli adamlary iş bilen üpjün edilen, şonuň üçin-de, ýurtda iň uly iş eýesi bolan hökümetde işe durmak ugrunda bäsleşmäge haksyz hasaplaýardy.
Birnäçe kemisli okuwçy bilim almakdan mahrum bolupdyr, çünki olary okatmaga mugallyp tapylmandyr. Kemisli okuwçylar uniwersitet talyplaryndan resmi däl suratda edilýän talaba laýyk bolmansoňlar, ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmändirler. Kemisli çagalar, şol sanda akyl taýdan kemisli çagalar ýatymlaýyn mekdeplere kabul edilýärdiler. Bu mekdepler olary bilim almak we eger zähmet çekmäge ukyply bolsalar, işe girmek mümkinçiligi bilen üpjün etmelidi; emma iş ýüzünde olar bularyň hiç biri bilen-de üpjün edilmeýärdiler. Uly şäherlerde eşidiş we görüş organlary kemisli bolan çagalar üçin ýörite mekdepler bardy.
Kanun täze gurluşyk desgalarynda kemisli adamlaryň-da baryp bilmegi üçin zerur bolan şertleriň göz öňünde tutulmagyny talap edýän-de bolsa, bu talap kän bir ýerine ýetirilip barmaýardy; şeýle hem, kemisli adamlaryň öňki gurlan jaýlara-da girip-çykmak mümkinçiligi çäklidi. Bu adamlaryň hukugyny goramak Sosial üpjünçilik ministrliginiň wezipesine girýärdi.
Az sanly milletler/halklar/jynslar
Öňki prezident milletiň saplygyny saklamagyň ähmiýeti barada beýanatlar bilen çykyş eden-de bolsa, kanun ähli raýatlary deň hukuk we azatlyk bilen üpjün edýär. Birnäçe azlyk toparlar medeni çäreleri geçirmek üçin, kanuny statusa eýe bolmak maksady bilen HDBG hökmünde bellige alynmak ugrunda synanyşyk etdiler.
Kanun türkmen dilini resmi dil hökmünde ykrar edýär, emma ol az sanly milletleriň öz dilinde gürlemek hukugyny-da inkär etmeýär. Orus dili söwdada we paýtagtyň gündelik durmuşynda esasy orun tutýan-da bolsa, hökümet resmi işleri diňe türkmen dilinde alyp barmak ugrundaky kampaniýasyny dowam etdirýärdi. Hökümet ministrlikleriň işgärlerinden “Ruhnama”, döwlet nyşanlary we professional temalar boýunça türkmen dilinde ekzamen tabşyrmagy talap edýärdi; ekzamenden ýykylan işgärler wezipelerinden boşadylýardy. Türkmen dili hökmany suratda okuw dili bolmasa-da, mekdeplerde hökmany öwrenilmeli sapakdy. Hökümet türk mekdepleriniň mugallymlaryny we işgärlerini türkmen mugallymlardyr işgärler bilen yzygiderli çalşyryp durýardy. Hökümet diňe mekdeplerde ene dili türkmen bolmadyk çagalara türkmen dilini öwretmek üçin çykdajy edýärdi.
Türkmen milletinden bolmadyklar ösüş we üstünlik gazanmak ýolunyň özleri üçin ýapykdygyny aýtmak bilen şikaýat edýärdiler; dogrudan-da, ministrliklerde ýokary wezipeleri eýeleýän başga milletleriň wekillerini barmak basyp sanaýmalydy. Käbir ýagdaýlarda hökümet işine girmek isleýänler üç arkasynyň milli degişliligi barada maglumat bermeli bolýardylar. Işgär sanynyň azaldylmagy bilen baglanyşyklylykda kimdir birini işden çykarmaly bolanda, hökümet munuň üçin köplenç gaýry milletleriň wekillerini göz öňünde tutýardy.
Başga durmuş kynçylyklary we saýry tutma
Beçebazlyk bikanundyr; beçebaz iki ýyl möhletli türme tussaglygy bilen jezalandyrylýar.
Altynjy bölüm. Zähmetkeşleriň hukuklary
a. Birleşmek hukugy
Kanun raýatlaryň arkalaşyklara birleşmegine rugsat edýär, emma iş ýüzünde ähli bar bolan kärdeşler arkalaşyklary hökümetiň gol astyndadylar. Raýatlara garaşsyz bileleşikler döretmäge rugsat berilmeýärdi.
Hökümet diňe kärdeşler arkalaşyklary üçin hökümete garaşly Merkezi guramany döretmäge rugsat beripdir. Medisina, gurluşyk, bank ulgamy, hasapçylyk, ykdysadyýet, telekeçilik we kärendeçilik ýaly birnäçe pudaklaryň professional bileleşiklerini özünde jemleýän bu gurama Prezidentiň bellän adamy ýolbaşçylyk edýär. Kanun kärdeşler bileleşikleriniň agzalaryna we guramaçylaryna garşy iş eýeleriniň saýry tutmaklygy amala aşyrmagyny gadagan etmeýär, şonuň üçin-de, saýry tutma babatynda gelen şikaýatlary çözmegiň mehanizmi-de ýokdy; eýsem-de bolsa, saýry tutma barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
b. Gurama döretmek we köpçülikleýin şertnamalar baglaşmak hukugy
Ähli bileleşikler hökümete baglydylar, şonuň üçin-de, işlerinde garaşsyz däldiler. Kanun köpçülikleýin şertnamalara gol çekmek hukugyny goramaýar. Iş taşlaýyşlary kadalaşdyrýan ýa bolmasa, iş taşlaýjylara temmi bermek barada-da kanun ýokdy, eýsem-de bolsa, iş taşlaýyşlar iňňän seýrek bolýardy.
Ýurtda daşary ýurt önümçilik zolaklary ýokdy.
C. Mejbury ýa zorlukly zähmetiň gadaganlygy
Kanun mejbury ýa zorlukly zähmeti, şol sanda, çagalar babatynda-da gadagan edýär; eýsem-de bolsa, şeýle ýagdaýlaryň bardygy barada habarlar gelip gowuşýardy.
Prezidentiň 2005-nji ýylda kabul eden permany çaga zähmetini gadagan edýär we ýekeje çaganyň-da pagta ýygymynda işledilmeli däldigini tassyklaýar; dogrudan-da, pagta meýdanlarynda işleýän çagalaryň sanynyň azalandygy barada habarlar gelip gowuşdy.
d. Çaga zähmetiniň gadaganlygy we işe almagyň iň pes ýaş çägi
Çagalary iş ýerlerinde ezilmekden goraýan kanunlar we syýasatlar bar hem bolsalar, önjeýli ulanylanokdy. Çagalar üçin işe durmagyň iň pes ýaş derejesi 16 ýaşdyr; agyr senagatyň käbir görnüşlerinde bolsa 18 ýaşdyr. Kanun on sekiz ýaşy dolmadyk çagany günüň dowamynda alty sagatdan artyk işletmäge rugsat bermeýär. Ene-atasynyň we kärdeşler arkalaşygynyň rugsady bilen on bäş ýaşyndaky çaga günüň dowamynda dört sagatdan alty sagada çenli işledilip bilner. Emma munuň üçin, diýseň seýrek ýagdaýlarda rugsat alynýardy. Çaga zähmetine degişli kanun iş ýüzünde berk ornaşdyrylmaýardy, eýsem-de bolsa, hasabata degişli ýylyň dowamynda bu kanunyň ýerine ýetirilişi biraz gowulaşan ýaly boldy. Çaga zähmetiniň ulanylyşy baradaky kanunyň durmuşa geçirilmegi Adalat ministrliginiň we Baş prokuraturanyň wezipesine girýärdi.
e. Kabul ederlikli iş şertleri
Döwlet sektorynda tölenýän iň pes aýlyk hak 1-1,5 million manada (takmynan 40-60 dollara) barabar bolmak bilen işçi we onuň maşgalasynyň adam şekilli ýaşamagy üçin, ýeterlik däldi. Okuw ýylynyň başynda hökümet mugallymlaryň aýlyk iş haklaryny 40 % köpeltdi we olaryň hepdelik iş möçberini 35 sagatdan 24 sagada çenli azaltdy. Sanjar aýynda Prezident iň pes aýlyk iş hakyny 10 % köpeltmek baradaky karara gol çekdi.
Kanun boýunça zähmetkeşler hepdede iki gün dynç alyp, 40 sagat işlemelidirler. Eýsem-de bolsa, döwlet edaralarynyň-da aglabasy şenbe günleri ýarym gün işleýärdiler. Kanun boýunça iş sagadyndan artyk işlenen wagt ýa baýram günleri üçin iş haky adaty iş hakynyň iki essesine barabar bolmalydyr; bir ýylyň dowamyndaky artyk işlenen wagt 120 sagada barabar bolmak bilen yzygider iki günüň dowamynda dört sagatdan köp bolmaly däldir. Emma bu kanun ýerine ýetirilmeýärdi.
Hökümet zähmet gigiýenasy we howpsuzlygy üçin doly möçberli (hemmetaraplaýyn) standartlary bellemändir. Köne kärhanalarda işleýän senagat işçileri saglyga zyýanly gurşawda zähmet çekýärdiler we zerur gorag enjamlary bilen üpjün edilmeýärdiler. Käbir oba hojalyk işgärleri saglyk üçin zyýanly şertlerde işleýärdiler. Işçileriň üznüksiz iş stažlaryna zyýan ýetirmezden, öz saglyklary ýa howpsuzlyklary üçin hatarly bolan iş şertlerinden boýun towlamak hukuklary ýokdy.



