jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
ABŞ-nyň syýasatlary we meseleleri
 
  Waşingtondan täzelikler Gyzyklandyrýan temalar Esasy hasabatlar Goşmaça sepler

Esasy hasabatlar 

2006-nji ýylda dünýäde ynsan hukuklarynyň berjaý edilişi barada ýurtlar boýunça hasabat

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet býurosy tarapyndan 2007-njy ýylyň 6-njy martynda ýaýradyldy.

Sözbaşy

Tutuş ýer ýüzünde aýal-erkegiň bary has uly şahsy we syýasy azatlyk hem demokratik institutlaryň ýola goýulmagy ugrunda barha köp tagalla edýärler. Prezident Buşuň sözleri bilen aýdanyňda, olar “ynsan mertebesiniň gürrüňsiz talaplaryny” goramak ugrunda göreş alyp barýarlar.

Öz janlaryna howp abanmagyna we ägirt uly kynçylyklara garamazdan, bu merdana adamlar we döwlete degişli bolmadyk toparlar ynsan hukuklarynyň bozulan ýagdaýlaryny paş edýärler. Olar milli we dini azlyklaryň, işçilerdir aýallaryň hukuklaryny goramaga we adam söwdasynyň soňuna çykmaga çalyşýarlar. Bu adamlar sagdyn raýatlyk jemgyýetini gurmak, azat we adalatly saýlawlary kepillendirmek, şeýle hem, öz raýatlarynyň öňünde hasabat berýän, kanuny demokratik döwlet gurmak ugrunda ýadawsyz iş alyp barýarlar.

Kalplary hyjuwdan doly bu watanperwerler öň mümkin saýylan zatlaryň çäklerini täzeden kesgitleýärler. Dogrudan-da, bir-küç nesliň dowamynda azatlyk tolkuny ösüp barýan düňyäni gurşap aldy, hökmürowan kommunistik döwletler dargap, täze demokratik döwletler döredi. Häzirki döwürde Ynsan Hukuklarynyň Bütindünýä Jarnamasynda göz öňünde tutulan hukuklar öňküsinden has doly we has köp ýurtda goralýar.

Bu asylly iş dowam edýär, emma ol heniz kämil derejä ýetenok we garadangaýtmaz garşydaşlar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýar. Demokratik özgerişlerden gorky duýýanlaryň reforma ugrunda hereket edip, göreş alyp barýanlara garşy durmaklary asla geň däl. Hut öten ýylyň özünde-de biz ynsan hukuklaryny goraýjylary we raýatlyk jemgyýeti guramalaryny gysyşa sezewar etmek, gorkuzmak, şeýle hem, olaryň işlerini çäklendirmek ýa asla basyp ýatyrmak ugrunda edilen synanyşyklaryň şaýady bolduk. Bu döwürde adalatsyz kanunlar-da erkin garaýyşlylara garşy syýasy ýarag hökmünde ulanyldy. Başgaça pikirleri beýan edýän sesleri basyp ýatyrmak üçin, bikanun ýollary ulanmaga synanyşyk edilen ýagdaýlar-da boldy.

Jemgyýetçilik guramalar we beýleki ynsan hukuklaryny goraýjylar her gezek “gabawa alnanda”, azatlyk we demokratiýa howp abanýardy. Şonuň üçin-de, dünýädäki demokratik döwletler bu hukuk goraýjylary goramalydyrlar. Şu günki gün bu iş biziň diplomatiýamyzyň baş wezipeleriniň biridir, şonuň üçin-de, biz 2006-njy ýylda dünýäde ynsan hukuklarynyň berjaý edilişi barada ýurtlar boýunça hasabat bu tagallalara ýardam eder diýip, umyt edýäris.

Hut şu düşünje bilen men şu hasabaty ABŞ Kongresiniň garamagyna hödürleýärin.

Döwlet sekretary
Kondoliza Raýs

Giriş

Şu hasabatlarda döwletleriň ynsan hukuklary boýunça öz üstlerine alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişleri beýän edilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Bütindünýä Ynsan Hukuklary Jarnamasynyň özeni bolan bu esasy hukuklar Prezident Buşuň sözleri bilen aýdylanda “ynsan mertebesiniň gürrüňňsiz berjaý edilmeli talaplaryny” düzýärler. Döwlet Sekretary Kondoliza Raýsyň aýdyşy ýaly, bu Jarnamanyň ähli wadasyny birbada ýerine ýetirmek mümkin däl, emma ol gaýragoýulmasyz wajyp işdir.

Bu Bütindüňýä Jarnamasy “her bir adamy we jemgyetiň her bir organyny … bu hukuklardyr azatlyklaryň durmuşa geçirilmegine, milli we halkara derejesinde ulanylýan progressiw usullar arkaly olaryň bütin dünýäde ykrar edilmegine, şeýle hem, ýeterlik derejede ýerine ýetirilişiniň kepillendirilmegine ýardam etmäge çagyrýar…”

ABŞ özüniň Ynsan hukuklaryna degişli borçnamalaryna çynlakaý garaýar. Biz bu hasabaty biziň öz ýagdaýymyza we özümize garşy gönükdirilen terroristik hüjüme jogap bermek maksady bilen amala aşyran işlerimize şübheli garalýan döwürde ýazýandygymyza düşünýaris. ABŞ özgäniň ýagşy niýetli aladalaryna açyk ýürek bilen gulak asmagyny her hili ýollar bilen, şol sanda, dürli ynsan hukuklary babatynda özümiziň gatnaşýan şertnamalarymyzdaky borçlarymyza laýyklykda kadaly ýagdaýda hödürleýän hasabatlarymyz arkaly-da aýgytly dowam etdirer. Biz, şeýle hem, dowamly ösüş ugrundaky herekete wepalydyrys. ABŞ-nyň terroristlikde şübhelenilýän adamy tutmak, onuň bilen iş alyp barmak, sorag etmek, kazyýetde işine garamak ýaly işleri kadalaşdyrýan kanuny, syýasaty soňky bäş ýylyň dowamynda has-da özgerdi. Biziň demokratik edara ediş ulgamymyzda-da ýalňyşa ýol berlip biler, emma bu ulgamda edilen işe halkyň öňunde hasabat berilýär – biziň sagdyn raýatlyk jemgyýetimiz, biziň duýgur azat metbugatymyz, biziň garaşsyz hökümet pudaklarymyz we bir kemsiz ýola goýlan kanunçylygymyz düzedijiler hökmünde hereket edýärler.

Aşakda dykgatyňyza hödürlenjek Kongresiň mandatyna laýyklykda düzülen ýer ýüzünde ynsan hukuklarynyň berjaý edilişi baradaky ýurtlar boýunça hasabat ABŞ-nyň tutuş ýer ýüzünde ynsan hukuklaryna hormaty artdyrmak ugrundaky tagallalarynyň özenidir. Indi otuz ýyl bäri bu hasabatlar ýurt içinde we daşynda gazanylan üstünligiň gymmatyny, şeýle hem öňde duran kynçylyklaryň derejesini kesgitlemek üçin, gollanma dokumenti hökmünde hyzmat edip gelýärler. Olar, şeýle hem, sütemiň soňuna çykmaga çalyşýan döwletleriň, guramalaryň we şahsy adamlaryň arasyndaky bilelikdäki hereketiň we dürli ýurtlaryň öz raýatlarynyň esasy hukuklaryny goramak mümkinçiligini güýçlendirmegiň binýady hökmünde hyzmat edip gelýärler.

Bu hasabatlar her ýurduň 2006-njy ýylda ynsan hukuklaryny berjaý edişini açyp görkezýärler. Her ýurtdan gelen hasabat diňe şol ýurt barada maglumat berýär. Eýsem-de bolsa, bu hasabatlarda aýry-aýry ýurtlar boýunça mysallar bilen üpjün edilen giňişleýin syn berilýär. Biziň hödürleýän mysallarymyz olar barada doly maglumat bolman, diňe düşündiriş üçindir.

Umyt Beriji Ugurlar, Hyýala Ýol Bermeýän Hakykatlar

Bu hasabatlara ser salanyňda, 2006-njy ýylyň tutuş dowamynda tutuş ýer ýüzünde aýal-erkekleriň hukuklarynyň berjaý edilmegi üçin köp tagalla edendiklerini görkezýär. Olar hökümetleriň eden işleri barada halka hasabat bermeklerini, öz sesleriniň eşidilmegini, saýlawda beren sesleriniň sanalmagyny, adalatly kanunlaryň kabul edilmegini, şeýle hem, hemmeler üçiň adalatly durmuşy gazanýardylar.

Şonuň ýaly-da, öten ýyl tutuş dünýäde demokratiýanyň raýatlaryň mertebe, azatlyk we deňlik babatyndaky talaplaryny iň gowy şekilde kanagatlandyryp biljek dolandyryş usulydygy baradaky düşünje ösdi. Bular, hakykatdan-da, umyt beriji tendensiýalardyr. Eýsem-de bolsa, bu hasabatlar hyýala ýol bermeýän hakykatlary-da beýän edýärler:

Birinjiden, ynsan hukuklary we demokratiýa babatynda gazanylan üstünliklere kynlyk bilen ýetilendir, şonuň üçin-de, olar goldawa mätäçdirler. Käbir ýurtlar ep-esli öňe gidişlik gazandylar, käbirleri yza galdylar, käleri bolsa, gaýta yza tesdiler.

Aşakda getirilen mysallardan görşümiz ýaly, ýurtlaryň ynsan hukuklary boýunça borçnamalaryny berjaý edişleri hökümetiň bu işe berlenligi, edara ediş mümkinçilikleri, parahorluk derejesi we raýatlyk jemgyýetiniň güýji ýaly faktorlara baglylykda biri-birinden diýseň tapawutlydyr.
 
2006-njy ýylyň ýanwar aýynda Liberiýa demokratik ýol bilen Ellen Jonson Sirliif tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ylalşyk partiýasynyň hökümetini saýlady. Şeýlelikde, 2003-nji ýylda tamamlanan 14 ýyllyk weýran ediji uruşdan bäri geçiş döwrüniň hökümeti bolup hyzmat eden Liberiýanyň Milli Geçiş Hökümetiniň ýerine Afrika kontinentinde ilkinji aýal döwlet ýolbaşçysy geldi. Täze hökümet ýurduň adalat ulgamyny dikeltmek üçin, halkara hyzmatdaşlar bilen işleşmek we paýtagtda döwlet aklawçy edarasyny açmak ýaly işleri-de goşmak bilen, raýatlarynyň ynsan hukuklary babatynda geçmişde ýol berlen ýetmezçilikleri aradan aýyrmak ugrunda uly ädimler ätdi. Prezident birgiden parahor hökümet işgärini wezipelerinden boşatdy ýa-da wagtlaýynça daşlaşdyrdy. 2005-nji ýylda ynsan hukuklarynyň bozulma ýagdaýlaryny we raýatlyk urşy döwründe amala aşyrylan harby jenaýatlary derňemek maksady bilen, 2005-nji ýylda döredilen Hakykat we ylalaşyk komissiýasy şaýatlardan görkezme alyp başlady. Emma şeýle öňe gidişlige garamazdan, Liberiýa gowşak kazyýet häkimiýeti, resmi parahorluk we temmisizlik, jyns esasynda zorluk we çaga zähmetine sebäp bolýan aşa garyplyk ýaly ynsan hukuklary bilen baglanyşykly çynlakaý kynçylyklary başdan geçirmegini dowam etdirýärdi.

Indoneziýanyň syýasy taýdan duýgurly bölgelerinde ýaragly güýçler we polisiýa tarapyndan adamlaryň öldürilmeginiň ep-esli azalmagy tutuş 2006-njy ýylyň dowamynda dowam etdi. Welaýat, etrap, oba we şäher derejesinde 54 sany umuman, azat saýlaw geçirildi, iň tapawutly ýeri-de dekabr aýynda Asehde öňki gozgalaňçy meýdan komandiri saýlawlarda üstün çykyp, welaýat derejedäki häkimiýeti ele aldy. Toparlar arasyndaky dini zorluk umuman azalan-da bolsa, ol käbir etraplarda dowam edýärdi. Indoneziýada-da, Gündogar Timorda-da hökümet we kazyýetler öň bolup geçen ynsan hukuklarynyň bozulmalaryna we süteme garşy göreş alyp baryp bilenokdylar.

Çözülmedik meseleler galýan-da bolsa, Morokkonyň ynsan hukuklary baradaky ýagdaýy ep-esli öňe süýşdi. Hökümet 1956-1999-njy ýyllar arasynda tutulan, ýitirim edilen we gysyş edilen halatlar üçin Ynsan hukuklary boýunça maslahat beriji geňeş arkaly kompensasiýa bermek bilen, geçmişde ynsan hukuklarynyň bozulan ýagdaýlaryna ýüzlenip ugrady. Mart aýynda hökümet gynama garşy kanun kabul etdi, eýsem-de bolsa, howpsuzlyk güýçleriniň dürli şahalary tarapyndan gynamalar dowam etdirilýärdi. Metbugat we söz azatlygyna çäklendirmeleriň dowam etmegine garamazdan, jemgyýetde we metbugatda giň hem diýseň açyk çekişme bolup geçdi. Ýylyň dowamynda hökümet söz azatlygyna girizilen çaklendirmeleri bozandygy sebäpli, birnäçe žurnalisti jezalandyrdy, köp žurnalist bolsa öz-özüni senzuradan geçirmeli boldy. Adam söwdasy, aýratyn-da, jynsy ulanyş maksady bilen amala aşyrylýan adam söwdasy we çaga zähmeti alada sebäp bolýan meseleler bolmagyna galýar; eýsem-de bolsa, hökümet-de, raýatlyk jemgyýeti-de olar babatynda işjeňligini barha artdyrmak bilen boldular.

Kongo Demokratik Respublikasynda (KDR) Raýatlyk urşundan soň üç ýyla çeken geçiş döwrüne soň goýan 45 ýyldan-da uzak döwür içinde ilkinji demokratik prezident saýlawlary geçirildi. Täze Konstitusiýa güýje girizildi. Eýsem-de bolsa, ynsan hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlygyna galýardy. Döwlet kontroly gowşak bolup, ýaragly toparlaryň çynlakaý zorluklary amala aşyrýan ýeri bolan gündogar etraplarda dawa gazanynyň gaýnamagynyň üstesine tutuş ýurt boýunça döwlet howpsuzlyk güýçleri-de temmi görmezden eden-etdilik edýärdiler.

Gaitide raýatlar 2006-njy ýylda üç gezek saýlaw uçastoklaryna barmak bilen özleriniň demokratýa wepalydyklaryny görkezdiler. Ses bermäge 3,5 milliondan-da gowrak raýat ýazyldy. Fewral aýynda geçen prezident we parlament saýlawlarynyň ilkinji tapgyrynda saýlawçylaryň 70 % gowragynyň gatnaşmagy bilen haýran galdyryjy işjeňlik ýüze çykdy. Azda-kände durnukly we zorluksyz azat saýlawlardan soň saýlawçylar Rene Prevaly prezidentlige, şeýle hem, 129 parlament agzasyny saýladylar. dekabr aýynda Gaitide on ýyldan-da uzak möhlet içinde ilkinji ýerli saýlawlar geçirildi. Kanunçylygy doly berkarar etmek üçin, ýurduň maýyp kazyýet ulgamyny düýpli bejermek, Gaiti Milli polisiýasyny dowamly kämilleşdirmek we derdine em etmek ýaly birgiden iş öňde dur.

Ukrainada gülgün rewolýusiýadan soň ynsan hukuklarynyň berjaý edilişinde aýdyň özgerişlikler dowam etdi. 2006-njy ýylyň mart aýynda geçen parlament saýlawy 15 ýyllyk garaşsyzlyk döwründäki iň azat saýlaw boldy. Ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygy, birleşme azatlygy we raýatlyk jemgyýet doretmek işlerinde üstünlik gazanmagyny dowam etdirdi. Bu üstünliklere garamazdan, hökümetiň ähli derejesinde höküm sürýän parahorlugy-da öz içine alýan birnäçe çynlakaý meseleler çözülmän galdy.

2005-nji ýylda bolup geçen ýolbaşçy çalşygy netijesinde geçirilen demokratik saýlawlardan soň Gyrgyzstanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy ep-esli gowulaşan hem bolsa, 2006-njy ýylda bir hepdäniň dowamynda bolup geçen köpçülikleýin parahatçykykly protest hereketleri düzediş girizilen Konstitusiýanyň kabul edilmegine alyp bardy. Bu bolsa häkimiýetiň üç ulgamynyň biri-birini barlamak we kanun bozmagynyň öňüni almak mümkinçiligini üpjün etdi. Hökümet, şeýle hem, daşary ýurtdan maddy kömek alýan döwlete degişli bolmadyk guramalara gysyş görkezdi.

Prezident Muşerrefiň demokratiýalaşmaga we “Sowatly aramlylyk” maksatnamasyna wepalylygy baradaky beýanatyna garamazdan, Pakistanyň ynsan hukuklary baradaky ýagdaýy ýaramazlygyna galýardy. Ýurt içinde hereket etmekde, pikiriňi beýan edip bilmekde, birleşme we din azatlygynda çäklendirmeler saklanyp galýardy. Welaýat aktiwistleriniň we syýasy garşydaşlaryň ýitirim edilmegi dowam etdirilýardi, esasan-da, tertipsizlikleriň we çykyşlaryň bolup geçýän welaýatlarynda. Howpsuzlyk güýçleriniň sud etmezden adamlary öldürmekleri dowam etdirildi. Bikanun tussag etmeler we gynamalar adaty zatlygyna galdy. Parahorluk hökümet düzüminiň we polisiýanyň içinden eriş-argaç geçýärdi. Oňyn işlerden, dekabr aýynda Milli Assambleýa Aýallaryň goragy baradaky kanuny kabul etdi we Prezident Muşerref oňa gol çekdi, şeýtmek bilen-de, otuz ýylyň dowamynda ilkinji gezek Pakistan hökümeti aýallaryň hukugyny kemsidýän kanunlary üstünlikli yza tesdirdi. Bu kanun 1979-njy ýylda kabul edilen Hadud Kanunynyň zorlama we zyna baradaky maddalaryna düzediş girizmek bilen, zorlamanyň jezasyny şerigat kanuny boýunça däl-de, Pakistanyň jenaýat kodeksi boýunça kesgitlemegi göz öňünde tutýar. Bu kanun, şeýle hem, birini zorlamakda aýyplamak üçin, dört sany erkek şaýat görkezmek şertini-de ýatyrdy.

Müsür 2005-nji ýylda taryhynda ilkinji gezek köp partiýanyň gatnaşmagynda prezident saýlawlaryny geçiren-de bolsa, 2006-njy ýylda demokratiýanyň ösdürilmegini we döwletiň halkyň öňünde hasabat bermegini talap edip amala aşyrylan çykyşlar kähalatlarda hökümetiň güýçli garşylygyna duş boldy. Öňki prezidentlige dalaşgär Aýman Nuruň dowamly tussag edilmegi, ýurtda amala aşyrylýan syýasy reformalaryň we demokratiýanyň ýoly barada çynlakaý alada döretdi. 2005-nji ýylda başlanan ugry dowam etmek bilen döwlet, esasan, sanlyja hepdäniň dowamynda gadagan edilen, emma ýok edilmeýän “Musulman doganlygy” hereketine dahylly bolan aktiwistleriň ýüzlerçesini tutdy we tussag astyna aldy. Fewral aýynda garaşsyz kazyýet ulgamynyň zerurlygy barada köpçülikleýin çykyş edeni sebäpli, iki sany uly kazy sorag edilmek üçin, tussag edildi. Kazyýetiň garaşsyzlygyny goldap geçirilen demonstarsiýa gatnaşanlygy sebäpli, polisiýa 500 aktiwisti tussag etdi. Bularyň üstesine-de, häkimiýetler tarapyndan amala aşyrylan zabun gynamalar dokumentleşdirildi. Hökümet, şeýle hem, Internete ýazgylaryny çykarýanlaryň birnäçesini tutdy, tussag etdi we ýanady.

Gazagystanda hökümet agyr çäklendiriji talaplary güýje girizmek we syýasy partiýalaryň bellige alynmagyny gijikdirmek ýa-da inkär etmek bilen syýasy oppozisiýanyň hereket etmegini çäklendirdi. Hökümetiň tarapyny tutýan partiýalaryň birleşdirmegi Prezident Nazarbaýewiň ýolbaşçylyk edýän Otan partiýasynyň berk ýolbaşçylygyny berkitdi we başgaça garaýyşlary beýan etmek, şeýle hem, reformalary goldamak üçin ujypsyz mümkinçilik berýär. Hökümet syýasy äheňli aýyplamalar we ýygnanyşmak azatlygyny çäklendirmek arkaly syýasy oppozisiýany yzarlady, şeýle hem, metbugat azatlygyny çäklendirýän kanun kabul etdi we döwlete degişli bolmadyk guramalary ýanama sezewar etdi.

Russiýada hökümet saýlawlar baradaky kanuna düzedişler girizmek, şeýle hem, kadalaşdyrmaga, derňemäge, çäklendirmäge we partiýalary ýapmaga hökümete giň hukuk berýän syýasy partiýalar barada täze kanuny kabul etmek arkaly häkimiýetiň ýerine ýetiriji pudagyny elinde jemlemegini dowam etdirdi. Diýenediji Döwlet Dumasy bilen bir hatarda kanunyň ulanylyşynda parahorluk we tarapgöýlük, kazyýet ulgamyna syýasy gysyş görkezmek, döwlete degişli bolmadyk guramalara we metbugata girizilen çäklendirmeler – bularyň bary hökümetiň halkyň öňünde jogapkärlilik düzgüniniň has-da bozulmagyna alyp bardy. Çeçenistanda, şeýle hem Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz bölgesinde federal güýçler we Çeçen respublikasynyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gynamak hem bikanun öldürmek ýaly, ynsan hukuklarynyň çynlakaý bozulmagy dowam etdirildi. Gozgalaňçy güýçler terrorçylykly partlatmalary we bölgede adamlaryň syýasy sebäplere görä ýitirim edilmegi ýaly jenayatlary amala aşyrýardylar. Bu ýagdaýlaryň aglabasynda Ynsan Hukuklary boýunça Ýewropa Kazyýeti bu wagşyçylyklar üçin Russiýany jogapkär bildi.

Wenesuelada Çavez hökümeti häkimiýetiň ýerine ýetiriji pudagyny elinde jemlemegini dowam etdirdi. Hökümet syýasy oppozisiýany, döwlete degişli bolmadyk guramalary yzarlamagyny we kazyýet ulgamynyň garaşsyzlygyny gowşatmagyny dowam etdirdi. Halkara gözegçiler dekabr aýynda geçirilen prezident saýlawlaryny umuman azat we adalatly diýip bildiler. Bu saýlawlarda prezident Çavez sesleriň 63 % gazanmak bilen, täzeden bu wezipä saýlandy. Wezipesine girişmek dabarasynda eden ýüzlenmesinde Prezident Çavez öz partiýalarynyň 100 % gözegçilikde saklaýan Milli Assambleýasyndan oňa ýerine ýetiriji kararlary esasynda dolandyrmak hukugyny bermeklerini haýyş etdi.

Fijide we Taýlandda harbylar demokratik ýol bilen saýlanan hökümeti agdardylar.

Hyýallara ýol bermeýän ikinji hakykat içerki we / ýa-da daşarky dawa esasynda emele gelen howply ýagdaýyň ynsan hukuklary babatyndaky ösüşe we demokratik dolandyryşa howp abandyrmagy we päsgel bermegidir.

Yrak hökümetiniň milli barlyşygy we täzeden gurmagy dowamly durmuşa geçirmäge, saýlawçylyga we kanunçylygy berkarar etmäge wepalylygyna garamazdan, hem barha çuňlaşýan mezhebara wagşyçylyklar, hem-de terrorçylykly hereketler 2006-njy ýylyň dowamynda ynsan hukuklaryna we demokratik ösüşe uly zarba urdy. Ýurduň konstitusiýasy we kanunlary ynsan hukuklarynyň goragy üçin berk çarçuwany göz öňünde tutýan-da bolsa, ýaragly güýçler, bir tarapdan, hökümete duşmançylygyny beýan edýän Al-kaida terroristleridir Baas rejiminiň barlyşyksyz galyndylary we partizançylyk urşuny alyp barmagyň tarapdary bolan gozgalaňçylar, beýleki tarapdan bolsa hökümet bilen ýaran bolan bolup, gynamadyr zorlugy amala aşyrýan şaýy söweş toparlary we käbir ministrlikleriň howpsuzlyk güýçleri ynsan hukuklaryna iki taraplaýyn hüjüm etdiler.

2001-nji ýylda talyplar hökümeti ýykylandan soň, ynsan hukuklary babatynda wajyp üstünlikler gazanylan-da bolsa, Owganystanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy agyrlygyna galýardy. Munuň esasy sebäbi merkezi döwlet edaralarynyň gowşaklygy we Taliban, Al-kaida we ölümini boýun alan beýleki ekstremist toparlardy, çünki olar döwlet işgärleriniň, howpsuzlyk güýçleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň, beýleki kömekçi şahslaryň we ýaragsyz raýatlaryň üstüne hüjüm edýärdiler. Ýylyň dowamynda birnäçe pidakär pajygaly ýagdaýda özüni öldürdi, şeýle hem, mekdeplere we mugallymlara hüjüm edildi. Esassyz tussag we sorag etmeler, sud etmezden öldürmeler, ejir bermek we ýaramaz türme şertleri barada dowamly habarlar gelip gowuşýardy. Dekabr aýynda Prezident Karzaý Geçiş döwri üçin adalatly sud prosesiniň planyny kabul etdi. Bu planda geçmişde ynsan hukuklarynyň depelenen ýagdaýlary bilen meşgullanmak we Kazyýet ulgamynyň mümkinçiligini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Liwanyň 2005-nji ýylda öňki premýer-ministr Rafik Hariri öldürilenden we tas otuz ýyla çeken basybalyşa soň goýup, Siriýa goşuny ýurtdan çykarylandan soň, ýurtda reformalara tarap ädilen möhüm ädimlere Hizbulla bilen Ysraýyl arasynda 2006-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda bolup geçen uruşdan bäri päsgelçilik döredilýärdi. Dawadan öň Liwan hökümeti syýasy birleşmeleri we partiýalary gadagan edýän päsgelçilikleriň köpüsini ýok edip başlady. Hizbulla Liwanyň topragyndan Ysraýyla girip, birnäçe ysraýyl esgerini ogurlap, öldürenden soň, ysraýyl ýaragly güýçleri Liwana girmek arkaly muňa jogap berdi. Bu dawa BMG-nyň ýardamy bilen togtadylmagy bilen tamamlandy. Söweşiň togtadylandygyna, ýurduň günortasynda Liwanyň ýaragly güýçleriniň we BMG-nyň wagtlaýyn güýçleriniň ýerleşdirilmegine garamazdan, Liwanyň halk goşuny we Hizbulla ýurduň käbir böleklerinde öz täsirini saklap galýardy.
   
Gündogar Timorda Milli Goranma Güýçleri bilen başgaça garaýyşly harbylaryň, polisiýanyň we raýatlyk güýçleriniň arasynda bolup geçen birnäce çynlakaý ýaragly çaknyşyk paýtagtda köpçülikleýin wagşyçylygyň giňden ýaýramagyna alyp bardy. Hökümetiň haýyşy bilen Awstraliýadan, Täze Zelandiýadan we Portugaliýadan gelen güýçler paýtagtda howpsuzlyk üçin jogapkärçiligi öz üstüne aldylar. Awgust aýynyň 25 inde Gündogar Timor boýunça BMG-nyň birleşen missiýasy jemgyýetçilik düzgün-nyzamyny saklamagy öz boýnuna aldy. Bu içerki dawa takmynan 150.000 adamyň, ýagny ýurduň ilatynyň 15 %-den gowragynyň öz oturymly ýerini üýtgetmegine alyp bardy.

Üçünjiden, ynsan hukuklary we demokratiýanyň prinsipleri babatynda dünýäniň her bölgesinde gazanylan üstünliklere garamazdan, adamzadyň aglabasy henizem gorky astynda ýaşaýar we azatlyk barada arzuw edýär.

Häkimiýeti halkyna hasabat bermeýän hökümdarlaryň elinde jemlenen ýurtlar, goý ol totalitar bolsun ýa awtoritar, ýer ýüzünde ynsan hukuklaryny yzygiderli bozýan ýurtlar bolmagynda galdylar.
   
2006-njy ýylda Demirgazyk Koreýa dünýäniň iň üzňe ýurtlarynyň we repressiw režimleriniň biri bolmagyna galdy. Bu režim söz, wyždan, metbugat, ýygnanyşmak, birleşmek, hereket etmek, şeýle hem, işçileriň hukugy ýaly hukuklary inkär etmek bilen, raýatlaryň durmuşynyň ähli jähtlerini diýen ýaly gözegçilik astynda saklamagyny dowam etdirýärdi we hereket etmek azatlygyny, şeýle hem, işçileriň hukugyny çäklendirýärdi. Konstitusiýa “wyždan azatlygyny” kepillendirýär, emma ýurtda hakyky wyždan azatlygy ýok. Syýasy tussaglary-da goşmak bilen, takmynan, 150.000-den 200.000-e çenli adam tussag lagerlerinde saklanýardy, tussaglaryň birnäçesi türmelerde gynamadan, açlykdan, keselden we daşky täsirlere sezewar etme netijesinde öldi.

Birmada harby hökümet häkimiýeti elinde saklamak üçin, jezalandyrmak, zorlamak, ejir bermek, sebäpsiz tussag etmek we tutuş obalary, aýratynam, milli azlyklary zor bilen göçürmek ýaly çäreleri dowamly ulanyp geldi. Tutulanlar we tussaglar urup-sögmelere sezewar edilýärdiler, şeýle hem, aňrybaş ýaramaz, saglyga zyýanly şertlerde saklanýardylar. Syýasy aktiwistler babatynda yzarlama, zor salma we tussag etme çäreleri dowam etdirildi; oppozisiýanyň ýolbaşçysy, Nobel baýragynyň eýesi Auň San Suu Kýu öý tussaglygynda üzňelikde saklanýardy. 1,100-den-de köp syýasy tussag zyndanlarda ýatyrdylar. Zorlukly zähmetiň ulanylmagy, ynsan söwdasy, çaga esgerleri ulanmak we dini diskriminasiýa giňden ýaýranlygyna galýardy. Hökümet wekilleri saýlap-seçmek we erkin çekişmäni gadagan etmek bilen, oýnatgy Milli Konwensiyany täzeden çagyrdy. Demokratiýa ýardam eder diýlip hödürlenen bu konwensiýa 1990-njy ýyl saýlawlarynyň netijelerini puja çykarmak we režime ýarajak täze Konstitusiýany kabul etmek niýeti bilen düzülipdi. Şeýle hem, režimiň zabun we weýran ediji dolandyryşy bosgunlaryň kowçum-kowçum bolup, goňşy ýurtlara gitmeklerine, ýokanç keselleriň ýaýramagyna we neşe hem adam söwdasynyň artmagyna sebäp boldy.

Eýran hökümeti dissidentlere, žurnalistlere we reformaçylara garşy güýç ulanmak arkaly söz we ýygnanyşmak azatlygyny gödek bozýardy. Bu güýç ulanmaklyk essasyz tussag edilmek we saklanmak, ejir bermek, ýitirim etmek, güýç ulanmak we adalatly suduň inkär edilmeginiň giňden ýaýramagy bilen häsiýetlenýärdi. Hökümet bahaýylary we beýleki dini azlyklary tutmagyny we tussag etmegini dowam etdirdi, şeýle hem, Holokosty inkär etmäge gönükdirilen, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ýazgarylan konferensiýany geçirdi. Dekabr aýýnyň 15-inde geçirilen Bilermenler Assambleýasynyň taýýarlyk işlerinde özüni hödürlän dalaşgärleriň, şol sanda, aýal dalaşgärleriň-de üçden ikisinden gowragynyň kandidaturasynyň geçmänligi sebäpli, köp ýer boş galdy. Tutuş ýurt boýunça geçirilen ýerli saýlawlarda-da dalaşgärleriň ýüzlerçesi hukugyndan mahrum edildi. Hökümet Siriýada we Liwanda terrorist toparlary goldamak, şeýle hem, BMG-yň agzasy bolan bir ýurdy ýok etmäge çagyryş etmek bilen, 2006-njy ýylda ýurt içinden we daşyndan edilen halkyna hasabat berýän hökümet bolmak babatyndaky çagyryşlary ret edip geldi.

Zimbabwede Mugabeniň hökümeti ynsan hukuklarynyň ähliumumy bozulmagyny dowam edip geldi. Resmi parahorluk we temmisizlik giňden ýaýrapdy. 2002-nji ýylda kabul edilen Resmi syrlar baradaky Kanun we Jemgyýetçilik ytertibi we howpsuzlyk baradaky Kanun raýatlyk azatlyklaryny aşa çäklendirmek bilen, öz güýjünde galdy. 2006-njy ýylda geçirilen goşmaça parlament saýlawlary we oba geňeş saýlawlary, saýlawyň geçişinde hökümetiň pyrryldaklary saýlawçylary hukuklaryndan mahrum etdi we saýlawlary döwlet başyndaky partiýanyň peýdasyna öwürdi. Döwlet başyndaky partiýanyň agalygy giňden maslahat etmezden, Konstitusiýa üýtgetmeler girizmäge mümkinçilik berdi. Howpsuzlyk güýçleri döwleti tankyt edýänleri we oppozisiýany goldaýanlary gorkuzdylar, urdular we essassyz tussag etdiler. Fermalardaky weýrançylyklar we emläkleriň alynmagy dowam etdirildi we kähalatda zabunlyk derejesine ýetdi. 2005-nji ýylda amala aşyrylan “Düzgüni täzeden berkarar etmek” operasiýasy döwründe 700.000 adamy öýsüz goýan zorluky göçürme kampaniýasy pesräk derejede bolsa-da, dowam etdirildi. Hökümet ynsanperwerlik ýardamyny bermäge synanyşýan halkara guramalarynyň işine päsgel berdi. Dekabr aýynda Mugabe we oňa wepalylar prezident saýlawlaryny 2010-njy ýyla çenli yza tesdirmek bilen onuň möhletini ýene iki ýyl uzaltmak barada teklip girizdiler.

Kubada Fidel Kastronyň syrkawlygy sebäpli, wagtlaýynça Raul Kastro tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän hökümet öz hökümetlerini parahatçylyk ýol bilen çalyşmak, şeýle hem rewolýusiýany we onuň ýolbaşçysyny tankyt etmek ýaly fundamental hukuklaryny-da goşmak bilen raýatlaryň ähli hukuklaryny yzygiderli bozmagyny dowam etdirdi. 2006-njy ýylda hökümet köplenç “inkär etme” atlandyrylýan agressiw häsiýetli halk toplumyny ulanmak arkaly dilüsti kemsitme we fiziki güýç ulanmak bilen, özi üçin howply saýylýan dissidentlere we başga raýatlara gysyş görkezmegini artdyrdy. Saklananlaryň we tussaglaryň urlup-sögülmegi ýyl boýy temmisiz alnyp baryldy. Ýylyň dowamynda käbir tussaglaryň göz üçin azat edilmegi bolup geçen-de bolsa, ýylyň ahyrynda 2003-nji ýylyň mart aýynda amala aşyrylan jeza çareleri netijesinde tussag edilen 75 demokrat we ynsan hukuklarynyň goraýjylarynyň 59-yny-da goşmak bilen azyndan 283 syýasy tussag we saklanan türmelerde galýardy.

Hytaýyň ynsan hukuklary boýunça ýagdaýy 2006-njy ýylda käbir babatda beterleşdi. Özlerine kanun tarapyndan berilýän hukuklardan peýdalanmak islän syýasy we dini aktiwistler, žurnalistler, ýazyjylar we ynsan hukuklaryny goraýjy ýuristler babatynda gözegçilik, yzarlamak, saklamak we tussag etmek ýaly çäreleri ulanmak bilen “meşhur bolan” birnäçe waka bolup geçdi. Olaryň käbirleriniň maşgala agzalary-da tutuldy. Şikaýatlaryň kanagatlandyrylmagyny talap edýän protestleriň artmagy dowam etdi we käbir ýagdaýlarda gazaply basylyp ýatyryldy. Täze hökümetiň gözegçiligi döwlete degişli bolmadyk guramalara, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, şol sanda Internete-de, kazyýetlere we kazylara gönükdirildi. Bellige alynmadyk dini we milli azlyklaryň repressiýasy, aýratyn-da, uýgur ýa tibet milletleriniň repressiýasy çynlakaý alada bolmagyna galýardy.

Belarusda Lukaşenkonyň hökümeti repressiw syýasatyny dowam etdirdi we güýçlendirdi. Mart aýynda geçirilen prezident saýlawlary zabunlyk bilen bozuldy. Saýlawyň netijelerine protest bildirilende, nobatdaky güýç ulanylyşda 1000-e golaý adam tussag edildi we olaryň köpüsi gysga möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi. Prezident saýlawlarynda Lukaşenko bilen bäsdeşlik eden Aleksandr Kozulini-de goşmak bilen, aktiwistleriň we oppozisiýa agzalarynyň aglabasy 2 ýyldan 5,5 ýyla çenli möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi.

Eriteriýa döwleti Gündogar Saharadaky Afrika döwletleriniň içinde iň repressiw döwletleriň biri bolmagyna galýardy, onuň ynsan hukuklary babatyndaky ýagdaýy 2006-njy ýylda has-da beterleşdi. Döwletiň howpsuzlyk gulluklary bikanun adam öldürmeklerini amala aşyrýardylar. Howpsuzlyk güýçleriniň Efiopiýa geçmäge synanyşan bir topar adamy atyp öldürendikleri barada ygtybarly habarlar gelip gowuşdy. Häkimiýetler gullukdan gaçýanlary, şeýle hem, olaryň garyndaşlaryny tussag etmek kampaniýasyny ýaýbaňlandyrdy. Şol tussag edilenleriň käbirine ejir berlendigi barada-da ygtybarly habarlar gelip gowuşdy. Afrika hortumynda elhenç gurakçylyga garamazdan, 2005-nji ýylda bolşy ýaly, hökümet birnäce döwlete degişli bolmadyk halkara ynsanperwer gurama ýurdy terk etmegi buýurdy. Din azatlygynyň-da gaty çäklendirilmegi dowam etdirildi.
     
Hyýallara ýol bermeýän dördünji hakykat tutuş dünýäde şahsy we syýasy azatlyk ugrundaky çykyşlar barha güýçlenip barýandygy sebäpli, ol syýasy we jemgyýetçilik özgerişlerden gorkýanlar tarapyndan barha artýan garşylyk bilen garşy alynýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar we döwlete degişli bolmadyk guramalar ýurduň üstünliginiň mahsusyýetidir. Şu günki dünýäde ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, hatda, iň kuwwatly ýurt üçin-de, başyňy çaramak, diýseň çylşyrymly. Raýatlyk jemgyýetiniň goşantlary we pikirdir maglumatyň erkin akymy içeri we daşary kynçylyklaryň garşysynda durmakda aýgytly rol oýnaýar. Jemgyýetçilik guramalaryň syýasy giňişligini we jemgyýetçilik çekişmelerini çäklendirmek diňe jemgyýetiň ösüşini çäklendirýändir.

2006-njy ýylda Ýer şarynyň islendik bölgesinde şahsy we syýasy azatlyk ugrundaky ösüp barýan talaplara öz halkyna beren wadalaryny kabul etmek bilen däl-de, jemgyýetçilik guramalar we Interneti-de goşmak bilen garaşsyz metbugat ýaly, ynsan hukuklary ugrunda göreş alyp barýanlara, gysyşlara sezewar bolýanlara gysyş görkezmek arkaly jogap beren döwletler boldy. Alada goýýan köp ýurt jemgyýetçilik guramalaryna we žurnalistlere garşy kanun kabul etdiler ýa-da kanuny we düzgünleri gerek ýerinde olara garşy ulandylar. Jemgyýetçilik guramalar we žurnalistler, şeýle hem, köplenç näbelli adamlar tarapyndan amala aşyrylýan bikanun çarelere sezewar edildiler. Mysal üçin:

Russiýada 2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynda jemgyýetçilik guramalaryň bellige alynmagy üçin, has agyr talaplary öňe sürýän, guramalara jebis gözegçilik edilmegini, olaryň programmalary we alyp barýan işleri barada giňişleýin we jikme-jik hasabat berilmegini, Federal bellige alyş gullugyna bellige almak baradaky arzalary yzyna gaýtarmaga we gowşak hem jedelli kriteriýalara esaslanýan guramalary ýapmaga hukuk berýän kanun kabul edildi. Pikiriňi beýan etmek azatlygy, metbugatyň garaşsyzlygy hökümetiň gysyşlary we çäklendirmeleri sebäpli ýoýuldy. Garaşsyzlyk aýynda näbelli adamlar ynsan hukuklarynyň goraýjysy, Çeçenistanda ynsan hukuklarynyň bozulmalary barada batyrgaýlyk bilen metbugatda çykyş edýän tanymal žurnalist Anna Politkowskaýany öldürdiler. Hökümet ýurtdaky ähli telewideniýe we radio ýaýlymlarynda öz gözegçilik ediji hukugyny ulandy, şeýle hem, täsirli welaýat telewideniýeleriniň aglabasynyň duýgurly maglumat çeşmelerine girişini çäklendirdi.

Belarusda ýiti salgyt derňewleri we jemgyýetçilik guramalaryny çäklendiriji talaplar raýatlyk jemgyýeti guramalaynyň işini kynlaşdyrdy, şeýle hem, garaşsyz metbugat agzalaryna garşy hüjümler dowam etdirildi. Noýabr aýynda demokratiýaçy aktiwist Dmitriý Daşkewiç bellige alynmadyk jemgyýetçilik guramasynyň işine gatnaşanlygy üçin, 18 aý möhleti bilen tussag edildi.

Gazagystanyň hökümeti Hak Ak Žol oppozision partiýasynyň başlyklarynyň biri Sarsenbaýuly öldürilenden we Konstitusiýanyň 5-nji maddasynyň “daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän, obýektiw syýasy partiýalary taýynlaýan işleri ýatyrmaga hakly” diýen düzgüni “maglumat bermek hem syýasy partiýany maliýeleşdirmäge barabardyr” diýen ýaly çekinjeňlik bilen teswirlenenden soň, bu partiýany bellige aldy. Iýul aýynda Prezident Nazarbaýew metbugat gulluklaryna degişli kanunyň çäklendiriji goşundysyna gol çekdi. Ýewropada hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk guramasynyň metbugat wekilleriniň azatlygy bölumi bu herekete “bir ädim yza” diýip baha berdi. Hökümet Metbugat neşirlerine, žurnalistlere we tankyt edýänlere jerime salmak, sud etmek, ýapmak ýaly çareleri çäklendiriji kanunyny ulanmagyny dowam etdirdi. Gurbansoltan aýynda bir ýapylan metbugat agzasy wagşylarça ýenjildi.

Türkmenistanda pikiriňi beýan etmek, ýygnanyşmak we birleşmek azatlyklary örän çäklidir, hökümet ýurtdaky ähli jemgyýetçilik guramalaryň işlerini gözegçilik astynda saklamaga ymtylýardy. Tutuş ýurt boýunça daşary ýurtdan berilýän hemra telegepleşiklerine seretmek bolýar, emma hökümet ähli içerki metbugaty gözegçilik astynda saklaýardy. Ýerli žurnalistlere ýörite rugsat bolmazdan, daşary ýurtlular bilen islendik duşuşyk gadagandy. Döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” arkaly çäkli möçberde Internete giriş bardy; 2002-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagtda hiç kim täze ulanyjy hökmünde bellige alynmady. Awgust aýynda hökümet žurnalistler Ogulsapar Myradowany, Annagurban Amangylyjewi we Sapardurdy Hajyýewi tussag edip, bikanun ýarag saklandyklary üçin, ýapyk, jemleýji sudda altydan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etdi. Sentýabr aýynda “Azatlyk” radiosynyň habarçysy Myradowa tussaglykda şübheli ýagdaýda ýogaldy. Jemgyýetçilik guramalaryň habar bermegine görä, bikanun ýarag saklandyklary babatynda günälerini boýun aldyrmak üçin, ol we onuň iki kärdeşine tomusda sorag edilende, ejir beripdirler. Dekabr aýynyň 21-inde Prezident Saparmyrat Nyýazow ýogaldy.     

Özbegistanyň hökümeti jemgyýetçilik guramalarynyň aglabasynyň işini gözegçilik astynda saklamaga çalyşdy we ýurtda iş alyp barýan halkara jemgyýetçilik guramalary-da goşmak bilen 200-den-de gowrak raýatlyk jemgyýeti guramasyny ýapdy, şeýtmek bilen-de, kanunyň gödek bozulmagyna ýol berdi. Garaşsyz žurnalistleriň we ynsan hukuklary aktiwistleriň yzarlanmaklary dowam etdirildi.

Siriýa hökümeti maglumat ýaýratmak işini berk gözegçilik astyna aldy we hökümeti tankyt etmegi, dini we milli azlyklaryň hukuklaryny-da goşmak bilen mezhep meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy gadagan etdi. Bu çäklendirmeleri bozmak bilen, öz pikirini beýan eden adamlar tussag edildi we ýenjildi. Mysal üçin, Muhammet pygamberiň karikaturasynyň çap edilmegi bilen baglanyşyklylykda ýüze çykan gapma-garşylykly ýagdaýdan soň dinlerarasy gepleşik geçirmäge çagyran žurnalist Adel Mahfuzyň fewral aýynda tussag edilmegi. Hökümet özüniň metbugat we çap etme kanunlaryna, jenaýat kodeksine we Internete girişi senzura astyna almak üçin, “Adatdan daşary ýagdaý baradaky kanuna” bil baglaýardy, ol, şeýle hem, elektron metbugaty çäklendirdi. Ýurt içindäki ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň yzarlanmagy-da bolup geçdi, bu çäreler adaty berk gözegçiligi, adamlar daşary ýurtda geçirilýän seminarlara we duşuşyklara gitmek islänlerinde hereket azatlygyna gadaganlyk girizmegi öz içine alýardy.

Metbugat azatlygy hemişe-de Eýranda pes derejededi. Çünki hökümet “Şärg” we “Iran” atly garaşsyz gazetleri ýapansoň, Nýu Ýork Taýms we Bi-Bi-Si-niň pars dilindäki saýtyny-da goşmak bilen Internet täzelikler saýtlaryna girişi ýapdy we žurnalistleri we şahsy ýazgylaryny Internete çykarýanlary tussag etdi. Häkimiýetler ýurtdan çykmak babatynda girizilen gadaganlyklary žurnalistlere garşy ýarag hökmünde ulandylar.

Burundide žurnalistleri we ynsan hukuklary ugrunda göreşijileri tutmak, tussag etmek we gorkuzmak ýagdaýlary artdy; başga köp adam bilen birlikde polisiýa ýurtda parahorluga garşy iş alyp barýan öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysyny tutup, birnäçe aýlap tussaglykda saklady. Habar berişlerine görä, bir welaýatyň häkimi ýurtda ynsan hukuklary babatynda iş alyp barýan öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasyny “Leage Iteka”, ýagny parahatçylygyň duşmany atlandyrypdyr. Noýabr aýynda bolsa bir hökümet işgäri hökmany suratda hökümete tabşyrylmaly ýyllyk hasabatyny tabşyrmanlygy sebäpli, ýurtda iş alyp barýan 32 sany halkara jemgyýetçilik guramasy ýurtdan çykarylyp biler diýip, yglan etdi.

Rwandada raýatlyk jemgyýetiniň hereket etmegi üçin, çäklendiriji ýagdaýlar bardy. Kanun ýerli we daşary ýurtly jemgyýetçilik guramalaryň her ýyl bellige alynmagyny we alyp barýän işleri barada hökümete hasabat bermeklerini talap edýär. Habar berişlerine görä, häkimiýetler halkara maliýeleşdiriş fondlaryna ýüz tutmaga rugsat etmezden owal, käbir jemgyýetçilik guramalardan belli-belli taslamalar üçin hökümetden ygtyýar almagy talap edipdirler. Üstesine-de, ähli jemgyýetçilik guramalar işlerini ýola goýmak üçin, niýetlenen kollektiwlere girer öýdülipdir.

Wenesuelanyň hökümeti raýatlyk jemgyýeti toparlaryny, esasan-da, ýurtda saýlawa degişli kanunyň dogry berjaý edilişine gözegçilik edýän Sumat jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylaryny yzarlamak we gorkuzmak işini dowam etdirdi. Olaryň daşary ýurtdan maddy ýardam almak bilen ýurtda gizlin iş alyp barmakda we döňüklikde aýyplanyp başlanan sud derňewi näbelli wagta çenli yza tesdirildi, emma başlaryndan açylanok. Ýylyň ahyrynda kanun taslamasy Milli Assambleýada ara alnyp maslahatlaşylýardy. Eger bu kanun kabul ediläýse, jemgyýetçilik guramalaryň maliýeleşdirilişine hökümetiň gözegçiligini giňelder we jemgyýetçilik guramalaryň ynsan hukuklary ýa-da demokratiýalaşdyryş pudagynda işlemek mümkinçiligini çäklendirer. Jenaýat kodeksine girizilip, döwlet işgärlerini kemsideniň üçin, azatlykdan mahrum edilmek ýaly jeza çäresini göz öňünde tutýan we žurnalistlere zabun çemeleşýän goşmaçanyň girizilmegi žurnalistleriň öz-özlerini senzuradan geçirmek işine goşant goşdy. Hökümet garaşsyz we oppozision pikirli habar neşirlerine gysyşyny has-da güýçlendirdi. Dekabr aýynda Prezident Çavez hökümetiň ýurduň iň ilkinji hususy telewizion ulgamy bolan “Radio Karakas Televizion” kompaniýasynyň ygtyýarnamasyny täzelemejekdigini aýtdy. Hökümet bu ulgamyň eýelerini döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmaga synanyşykda we jemgyýetçilik pikirini bulaşdyrmakda aýyplady.

Hytaýda hem ýerli, hem daşary ýurtly jemgyýetçilik guramalar barha artyp barýan derňewleri we çäklendirmeleri başdan geçirdiler. 2006-njy ýylyň ahyrynda Serhetsiz Reportýorlar 31 žurnalistiň we 52 Internet ýazyjysynyň türmedediklerini habar berdiler. Hökümet bir tarapdan Interneti ulanmagy goldaýardy, bir tarapdan-da, onuň ulanylyşyny, mazmunyny gözeğçilik astynda saklamak, maglumaty çäklendirmek we bu düzgünleri bozanlara temmi bermek üçin, çäreler görýärdi. Hökümet websaýtyňy bellige aldyrmak üçin, has berk talaplary öňe sürdi, Internetdäki tekstleriň resmi kontrolyny güýçlendirdi we bikanun Internet teksti diýen düşünjäniň kesgitlemesini giňeltdi. Hökümet hemişe özüniň gapma-garşylykly saýan saýtlaryna girişi ýapyk saklady we habar berişlerine görä, häkimiýetler tutuş säyty däl-de, öz düşünjesine görä, ýörite mazmunly tekstleri saýlap, girişi ýapmak üçin, has ösen tehnologiýany ulanmaga başlapdyrlar.

Wýetnam ynsan hukuklaryna we habarlara degişli halkara saýtlara girişi ýapmak bilen, Internete gözegçiligi we çäklendirmegi dowam etdirdi. Kanun boýunça raýatlaryň başarnyksyz dolandyryş we parahorluk barada aç-açan şikaýat etmäge hukuklary bar, emma hökümet Kommunist Partiýanyň roluny sorag astyna alýan, plýuralizme ýol açýan ýa-da köppartiýalylyk, demokratiýa ýa bolmasa, ynsan hukuklary babatyndaky syýasatdan söz açýan makalalary çap etmegi gadagan etdi. Hökümet garaşsyz prowaýderleriň üsti bilen gönüden-göni Internete çykyşy gadagan edýär we Internet kafeleriň eýelerinden öz müşterileriniň şahsy maglumatlaryny, şeýle hem, girilen saýtlary ýazyp alamaklaryny talap edýär. Hökümet birnäçe ýakasy gaýyşly syýasy we dini dissidenti azatlyga goýberdi. Olaryň arasynda doktor Fam Hoň Son-da bardy. Ol demokratiýa baradaky makalalary terjime edip, Internet arkaly ýaýradýanlygy sebäpli, azatlykdan mahrum edilipdi.

Hyýala ýol bermeýän hakykatyň iň güýçlüsi genositdi.

Holokost elhençliginden gazaba galan ynsan aňynyň we Ikinji Jahan Urşunyň betbagtçylygynyň beýany bolan Ynsan Hukuklarynyň Bütindüňýä Jarnamasynyň BMG tarapyndan kabul edilmeginden 60 ýýl soň, genosit Sudanyň Darfur bölgesini weýran etmegini dowam etdirdi.

Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda 22 ýyl dowam eden raýatlyk urşuny ýatyran 2005-nji ýylyň ýanwar aýynda baglaşylan Hemmetarplaýyn Parahatçylyk Şertnamasyna we Birlik hökümetiniň döredilmegine garamazdan, şol ýyl Sudanda milli dawa dowam etdi. Ol, esasanam, Darfurda has weýrançylykly boldy. Sudan hökümeti we hökümetden goldaw tapýan janjaweed milisiýasy Darfurdaky genosid üçin jogapkärdir. Bu dawa gatnaşan ähli taraplar raýatlary öldürmek, uruş serişdesi hökmünde aýal zorlamak, yzygiderli ejir bermek, talaňçylyk we çagalaryň esgerlige alynmagy ýaly, çynlakaý kanun bozmalary amala aşyrdylar. Darfur dawasy netijesinde 2006-njy ýylyň ahyryna çenli azyndan 200 müň adam öldürilip, 2 million adam öýsüz-öwzarsyz galdy. 234.000-den gowrak adam bolsa goňşy Çad döwletine gaçyp geçdi, netijede, hem Çad, hem-de Merkezi Afrika respublikasy Sudan bilen serhetlerinde erbet etnik dawalary başdan geçirdiler.

Addis Abebaba çarçuwasyna goldaw bermegiň deregine Sudan hökümeti Darfury goramak üçin gelen halkara güýçlerinden aç-açan ýüz öwürdi we 2006-njy ýylyň ikinji ýarymynda ýene-de hüjüm hereketlerine başlady. Barha ýaramazlaşyp barýan howpsuzlyk şertleri sebäpli, käbir halkara jemgyýetçilik we ynsanperwerlikli guramalary yza tesmäge ýa-da işlerini ýapmaga mejbur boldular.

Goragçylary gora!
   
Eger BMG-niň Bütindünýä Ynsan Hukuklary Jarnamasynyň uly wadalary ýerine ýetirilmeli bolsa, halkara jemgyýetçilik, aýratyn-da, dünýädäki demokratik ýurtlar şu günüň hyýala ýol bermeýän hakykatynyň üýtgäp biljekdigini kabul edip bilmeýärler. Hakykatdan-da, olar bizi özümizi ynsan mertebesi we syýasy reformalar ugrunda çalyşýanlar bilen bir hatarda goýmaga mejbur edýär.

2006-njy ýylda demokratik hökümetler tarapyndan ynsan hukuklarynyň merdana goraýjylaryna aýratyn orun berildi.

BMG-yň Baş Assambleýasy tarapyndan 2006-njy ýylda ýurtlar boýunça kabul edilen kararlarda Eýranda, Belorusda, Demirgazyk Koreýada we Birmada ynsan hukuklaryny goraýjylary goramagyň zerurdygy nygtalýar.

2004-nji ýylda Prezident Buş tarapyndan Baş Assambleýa hödürlenen bu pikir esasynda 2005-nji ýylda döredilen BMG-yň Demokratiýa Fondy özüniň ilkinji ýylyny üstünlikli tamamlady. Onuň dolandyryş topary 100-den gowrak ýurtdan gelip gowşan 1,300-den-de köp teklipden saýlanyp alnan 125 taslamany maliýeleşdirmek, ýagny ABŞ-nyň 35 million dollaryndan-da gowrak puly, esasan, demokratiýa tarapdary bolan raýatlyk jemgyýetlerine tölemek barada ylalaşdy.

Bölge derejesinde 2006-njy ýylda Amerika döwletleriniň bileleşiginiň (ADB) Baş Assambleýasy Santo Domingo Jarnamasyny kabul etdi. Bu jarnama bölge ýurtlarynyň her adamyň senzura zezewar edilmezden, syýasy çekişmä gatnaşmak we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşleri, şol sanda intenet arkaly-da erkin pikir alyşmak hukugyny-da goşmak bilen, öz pikirini beýan etmek hukugyndan peýdalanmagy üçin, azatlygyny kepillendirmek” babatyndaky borçnamasydyr. Daşary işler ministrleri, şonuň ýaly-da, bu ugurda strategiýalary döretmek we goldamak, şeýle hem, amala aşyrmak babatynda özleriniň berk karara gelendiklerini beýan etdiler.

ADB-yň Ynsan hukuklarynyň goragçylaryny goramak boýunça Amerikanara Komissiýasy olaryň käbir ýurtlarda ýuzbe-ýüz bolýan çynlakaý meseleleri barada hasabatyny ýaýratdy. Bu hasabatda döwletleriň olaryň işine goldaw bermelidikleri nygtalýardy.

Iýul aýynda geçirilen Afrikan Bileleşigiň döwlet baştutanlarynyň assambleýasyndan öň 19 afrikan döwletinden gelen raýatlyk jemgyýeti guramalary Gambiýanyň Banjul şäherinde duşuşdylar. Bu duşuşygyň maksady Afrikada şertnamalaýyn borçlary, raýatlyk jemgyýetleriniň maglumat almaga ýollaryny gowulaşdyrmak we discriminasiýany aradan aýyrýan raýatlyk kanunlary babatynda ýurtlaryň şikaýatlary boýunça dostlukly barlag mehanizminde raýatlyk jemgyýetleriniň roly barada summite gatnaşýan ýolbaşçylar üçin rekomendasiýa taýýarlamakdy.

Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika bölgelerinde geçirilen Gelejek üçin Forum bu bölgäninň döwlet işgärlerini we raýatlyk jemgyýeti guramalarynyň agzalaryny Beýik Sekizlik bilen birlikde Ýordanda Öli deňziň ýakasynda bir ýere jemledi. Bu forumda bölge ýurtlarynyň 16-syndan gelen ýüzlerçe gurama wekilçilik edýän, takmynan, 50 raýatlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary kanunçylygyň ýörgünliligi, aç-açanlyk, aýallara we ýetginjeklere ygtyýarlyk berilmegi, raýatlyk jemgyýetlerine kanuny çemeleşme meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdy. Olar, şeýle hem, rekomendasiýalara eýermek bilen, mehanizmleri döretmek arkaly reformalary berkitmek meselesini-de ara alyp maslahatlaşdylar. Işiň iň agyr bölegi – raýatlyk jemgyýeti tarapyndan öňe sürlen rekommendasiýany kabul etmek we ýerine ýetirmek – entek öňde durýan-da bolsa, bu forum raýatlyk jemgyýeti guramalary üçin bölgedäki hökümetler bilen gatnaşygy ýola goýmak we hyzmatdaşlyk etmek babatynda öň bolmadyk syýasy giňişligi açmaga ýardam etdi.

2006-njy ýylyň dekabr aýynda Halkara ynsan hukuklary gününi bellemek bilen Döwlet sekretary Raýs ynsan hukuklary we demokratiýa goragçylary üçin ABŞ-nyň iki sany möhüm inisiatiwasyny öňe sürdi.

Ol Döwlet Departamentiniň ýanynda Ynsan Hukuklarynyň Goragçylary Fondunyň döredilendigini yglan etdi. Bu Fond hökümet repressiýasy netijesinde adatdan daşary mätäçlik çekýän ynsan hukuklarynyň goragçylaryna ýardam etmek üçin, kiçi grantlaryň çalt paýlanmagyny amala aşyrar. Beýle maliýeleşdirme aklawça, medisina çykdajylaryny ýa-da aktiwistleriň maşgalalaryna agram salýan mätäçlikleri aradan aýyrmak üçin, ulanylyp bilner.

Döwlet Sekreatry Raýs, şeýle hem, jemgyýetçilik guramalyň bolýan ýurdunda hökümetleriň olar bilen gatnaşygy babatda jemgyýetçilik guramalaryň 10 sany prinsipini ýaýratdy. Bu esasy prinsipler ABŞ-nyň jemgyýetçilik guramalar bilen gatnaşygyny ýola salar. Biz olary, şeýle hem, beýleki döwletleriň hereketlerine baha bermek üçin ulanarys. Bu prinsipleriň hökümetler, halkara guramalary, raýatlyk jemgyýeti toparlary we žurnalistler üçin elýeterdäki çeşme hökmünde BMG we beýleki halkara guramalaryň ynsan hukuklarynyň goragçylaryna ýüzlenýän uzyn hem jikme-jik dokumentleriniň üstüni ýetirmegine we tutuş dünýä boýunça hüjüm edilýän jemgyýetçilik guramalara goldawy birleşdirmäge ýardam etmegine garaşylýar.

Demokratik döwletler ynsan hukuklaryny goramak işini we raýatlyk jemgyýeti guramalaryny goldan mahaly biz ýer ýüzündäki dürli ýurtlarda azatlykdaky ykbalyny döredýän aýal-erkege kömek edýändiris, şeýle etmek bilen-de hemmeler üçin has howpsuz, has gowy dünýä gurmaga ýardam edýändiris.

Biz goragçylary goramalydyrys, çünki olar parahatçylykly, demokratik özgerişleriň serişdesidir. 

TÜRKMENISTAN

Konstitusiýada: “Türkmenistan prezident dolandyryşly demokratik dünýewi respublikadyr” diýlip yglan edilýän-de bolsa, 5 million ilatly bu ýurt awtoritar döwlet bolup, onda dekabr aýynyň 21-inde dünýäden gaýdýança, syýasy häkimiýeti ýeke öz elinde saklan ömürlik Prezident Saparmyrat Nyýazow agalyk edýärdi. Aýyň 26-synda geçirilen Halk Maslahaty 2007-nji ýylyň fewral aýynyň 11-inde ähliumumy saýlaw geçirip, Nyýazowyň yzyny ýöretjek birini saýlamagy karar etdi. Hökümetiň tagallalary öňki ýaly, merkezleşdirilen döwlet gozegçiligini güýçlendirmeklige we Prezidenti wasp etmeklige gönükdirilenligine galmagyny dowam etdi. 2004-nji ýylyň dekabr aýynda geçen Mejlis saýlawlarynda öz kandidaturasyny görkezen kandidatlaryň hemmesi de ýurtda kanuny ykrar edilen ýeke-täk syýasy partiýa bolan Demokratik partiýanyň agzalary bolup, häkimiýetleriň patasyny alanlardy. Iýul we dekabr aýlarynda geçen oba, şäher we etrap saýlawlarynda bäsdeşlik eden kandidatlaryň Demokratik partiýanyň ýa kärdeşler arkalaşygynyň agzasy bolmagy hökman däldi, elbetde, partiýa degişli bolmadyk kandidatyň saýlawlarda ýeňiş gazanyp-gazanmadygy, eger gazanan bolsa, näçe kandidatyň ýeňiş gazanandygy belli bolmady. Bu saýlawlar halkara standartlara laýyk gelmeýärdi. Ýurtda bar bolan iki parlament edaralarynyň biri bolan 2.500 agzaly Halk Maslahaty iň ýokary kanun çykaryjy organ bolmak bilen häkimiýet babatynda 50 agzasy bolan Mejlisden ýokarda durýardy. Kazyýet ulgamy-da garaşsyz bolman, Prezidentiň elindedi. Raýat häkimiýeti howpsuzlyk güýçlerine berk gözegçilik edýärdi.

Ynsan hukuklarynyň hökümet tarapyndan çynlakaý bozulmagy dowam edýärdi, şonuň üçin-de, ýurduň ynsan hukuklaryna degişli ýagdaýy gözgynylygyna galýardy. Häkimiýetler syýasy we raýat azatlyklaryny aşa çäklendirdiler. Ynsan hukuklarynyň ýerine ýetirilişine degişli aşakdaky problemalar barada habarlar gelip gowuşýardy:

 

  • raýatlaryň öz hökümetini çalyşmak mümkinçiliginden mahrumlygy;
  • tutulanlaryň gynalmagy we olara zabun çemeleşilmegi;
  • tussaglaryň daşarky dünýäden üzňe we tussag astynda rugsat edileninden uzak saklanmagy;
  • dini azlyk toparlarynyň agzalaryna zabun çemeleşilmegi;
  • jenaýat etmekde aýyplananlaryň garyndaşlaryny-da goşmak bilen bikanun tutmak we tussag etmek ýagdaýlary;
  • öý tussaglygy;
  • bolmalysy ýaly hukuk prosedurasynyň we adyl suduň inkär edilmegi;
  • şahsy durmuşa, öýlere we hat-habara bikanun goşulyşylmagy;
  • söz, metbugat, ýygnanyşmak we birleşmek hukuklarynyň çäklendirilmegi;
  • din azatlygynyň çäklendirilmegi;
  • hökümetiň daşary ýurda göýberilmeýän adamlaryň gara sanawyny saklap gelmegi;
  • aýallara garşy wagşyçylyk;
  • işçileriň erkin birleşmeginiň çäklendirilmegi.

Hökümet hereket etmek, söz, metbugat we ýygnanyşmak hukuklaryny çäklendirmegini dowam etdirdi. Ynsan hukuklarynyň ýagdaýyndaky gowulaşmalar şulardyr: dini toparlaryň yzarlanmagynyň dowamly azalmagy, ideýa ýa dini düşünjesi boýunça harby gullukdan boýun gaçyran iki adamyň azatlykdan mahrum edilmän goýberilmegi we pagta ýygymy döwründe çaga zähmetiniň ulanylmagynyň üzül-kesil azalmagy.

YNSAN HUKUKLARYNA HORMAT GOÝLUŞY

1-nji Bölüm. Şahsyýetiň eldegrilmesizligine hormatyň bozulmagy, şol sanda:

a. Esassyz ýa-da bikanun jandan mahrum etmek

Tussag edilen garyndaşlaryndan hiç hili habar-hatyr bolmansoň, adamlar köplenç olaryň türmede ölen bolmaklary ahmal diýip çaklaýan-da bolslar, hökümetiň ýa onuň wekilleriniň syýasy sebäbe görä adam öldürendikleri barada hiç hili ygtybarly habar gelip gowuşmady.

Awgust aýynda žurnalist Ogulsapar Myradowa bikanun ýarag saklamakda aýyplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Sentýabr aýynyň 13-nde Myradowa şübheli ýagdaýda türmede ýogaldy (1.c we 2.a bölüme serediň).  

b. Adamlaryň ýitirim edilmegi

Adamlaryň syýasy esaslarda ýitirim edilmekleri barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady.

c. Gynamalar we rehimsizlik bilen, wagşylarça ýa-da masgaralaýjy çemeleşmegiň ýa-da jezalandyrmagyň başga görnüşleri

Konstitusiýa we kanun bular ýaly işi gadagan edýär, emma howpsuzlyk organlarynyň işgärleri “günälerini boýun aldyrmak üçin” jenaýat iş edenlikde şübhelenilýänleri, tussaglary we döwleti tankyt edenleri gynama sezewar edýärdiler, yzygiderli ýenjýärdiler we güýç ulanýardylar. Ýylyň ahyrynda sürgünde ýaşaýan Aleksandr Fatalyýew babatynda 2005-nji ýylda amala aşyrylan bikanunçylygyň üstüni açmak işiniň berjaý edilişine gözegçilik edilmedi. Ýurtdaky Helsinki Fondy tomusda tutulanlarynda, bikanun ýarag saklandyklaryny boýunlaryna goýmak üçin, Ogulsapar Myradowa, Annagurban Amangylyjewe we Sapardurdy Hajyýewe ejir berlendigini tassyklaýardy. Olaryň üçüsi-de soň türme tussaglygyna höküm edildi (Bölüm 1.c we 2.a serediň). Sentýabr aýynyň 13-ünde Myradowa şübheli ýagdaýda türmede ýogaldy.

Ýurtdaky Helsinki Fondunyň aýtmagyna görä, bu gelin 2005-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde tussaglykda saklanýan ýerinde ýenjilipdir we zorlanypdyr; soň ol türme tussaglygyna höküm edildi. Mundan soň bu ýagdaý halkara guramalarynyň ünsüni özüne çekdi, netijede, Ýokary Kazyýet zorlama netijesinde dünýä inen çagasyna seretmeli diýen esas bilen ony tussaglykdan boşatdy.

Öňki ýyldan tapawutlylykda Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleriniň Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçylaryny, dini azlyklaryň wekillerini ýa ýaranlaryny ýenjendikleri barada habar gelip gowuşmady. Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň 2004-nji ýylda ogurlanyp ýenjilen, häzir ýurt daşynda ýaşaýan habarçysy Saparmyrat Öwezberdiýewiň işinde hiç hili ileri gidişlik bolmady.

Häkimiýetler jeza hökmünde adamlary psihiatrik keselhanalarda saklaýardylar. Mysal üçin, düýbi Moskwada bolan Memorial Ynsan Hukuklary Merkeziniň we döwlete degişli bolmadyk beýleki guramalaryň birnäçesiniň habar bermegine görä, ýanwar aýynyň 4-ünde ýurtda ynsan hukuklarynyň gödek bozulýandygy barada daşary ýurt ilçihanalaryna beýanat ýaýratmaga synanyşyk edenden soň, ýetmiş ýaşly pensioner Kakabaý Tejenow Türkmenabatda zor bilen keselhana ýerleşdirilipdir. Halkara günä geçiş guramasy Tejenowyň Oktýabr aýynyň 24-ünde azatlyga goýberilendigini we şypahana ýerleşdirilmezinden öň geçirilýän medisina barlagy üçin, keselhana salnandygyny habar berdi. oktýabr aýynyň 19-ynda Prezident Nyýazow Türkmenistanyň Krişnaçylar guramasynyň agzasy Çeper Annanyýazowa amnistiýä berdi; Annanyýazowa tussaglykdan boşadyldy.

Ýylyň dowamynda ýençmeler barada ýörite habar gelip gowuşmady. Eýsem-de bolsa, Memorial ynsan hukuklary merkezi we Uruş we parahatçylyk instituty habar bermegine görä, täze gulluga gelen ýaş esgerleriň ýenjilmegi problemalygyna galýardy we has agyr şertlerde gulluk edýän esgerleriň gulluk ýerlerini taşlap gaçmaklaryna alyp barýardy. Şu hasabata görä, Goranmak Ministrliginiň we Harby Komissariatyň düzümindäki korrupsiýa, tire-taýpa we milletara gapma-garşylyklar, şeýle hem, esgerleriň hukuklarynyň inkär edilmegi, esgerleriň öz ýoldaşlaryna wagşyçylykly çemeleşmeleri zerarly ýüze çykýan ölüm ýagdaýlarynyň sanynyň artmagyna alyp bardy. Üstesine-de, regulýar goşunyň bugdaý ösdürip ýetişdirmek, pagta ýygmak işlerine çekilmegi, şypahanalarda şypagat uýalarynyň ýerine işlemegi, kärhana işçisi, ýa gurluşykçylyk ýaly işlerde mugt işledilýän zähmet goşunyna öwrülmegi bilen esgerleriň harby taýýarlygy diýseň pes derejä düşdi.   

Tutulanlaryň we tussaglaryň saklanyş şertleri

Türmelerde saklanyş şertleri ýaramazdy; türmeler antisanitar ýagdaýdady, hyryn-dykyn doly, howply we janyňa howp salýardy. Dürli keseller, ylaýta-da inçekesel möwç urýardy. Habar berişlerine görä, hökümet boşadyljak tussaglary beýleki keseller bilen birlikde inçekesel barlagyndan geçirip, käbir ýagdaýlarda bejeriş geçirýän-de bolsa, inçekeselli tussaglaryň barlanman we bejerilmän, halk arasyna goýberilendigi alada döredýärdi. Inçekeselli diýlip çak edilýän tussaglar bejerilmek üçin, Içeri işler ministrliginiň Mary welaýatyndaky ýöriteleşdirilen keselhanasyna geçirilýärdi.
 
Resmi hökümet adamlary daşary ýurtly diplomatlaryň türme şertlerinıň ýaramazlygy barada eden beýanatlaryna garşy çykdylar, eýsem-de bolsa, olar tussaglaryň saklanyşy baradaky gös-göni talaplara jogap bermekden saklandylar. Iýmit ýeterlik bolmansoň, tussaglar garyndaşlaryna bagly bolup galýardylar, olaryň getiren naharlary azda-kände tussaglaryň iýmit ýetmezçiliginiň öwezini dolýardy. “Watan dönükleri” diýlip, azatlykdan mahrum edilen tussaglar garyndaşlaryndan-da iýmitdir beýleki gerek-ýaraklaryny alyp bilmeýärdiler. Hökümet özüne gönükdirilen islendik görnüşli garşylyga “dönüklik” diýip kesgitleme berýärdi.

Öňki döwlet işgärleri we güman edilýän dürli jenaýatlar üçin tussag edilenler, şol sanda, 2002-nji ýylda prezidente ýaragly hüjüm edenler has zabun şertlerde saklanmak üçin, beýlekilerden aýry saklanýardy. 2002-nji ýylyň ýaragly hüjüminden soň tussag edilenleriň saklanyş şertleri we olara çemelenişi barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady.

Ýerli çeşmeler 2002-nji ýylyň ýaragly hüjümine gatnaşanlaryň garyndaşlarynyň tutulandyklaryny we günälerini boýun aldyrjak bolup, haýbat atylandygyny, şeýle hem, daşary ýurtlular bilen gatnaşyklaryny çäklendirmäge mejbur edendiklerini habar berdiler. Olaryň köpüsiniň atlary gara sanawa girizilip, daşary ýurda gitmek hukugyndan mahrum edildi (2 d. bölüme serediň).

Hökümetiň garşydaşlarynyň habar bermegine görä, tussaghanada saklanýan döwründe öňki ýokary wezipeli adamlara ýeterlik derejede medisina kömegi berilmändir, şeýle hem, olary ýenjipdirler. Howpsuzlyk güýçleri-de olara medisina hyzmatyny we iýmit bermändir we boýun aldyrmak üçin, haýbat atypdyrlar.

Iki sany Ýegowа şaýady birnäçe hepdeläp, fiziki we psihologik gynama sezewar edilipdir; soň olar sud edilmän, boşadyldy (Bölüm 2.c seret). Aprel aýynyň 12-sinde parahatçylykly demonstarsiýa geçirmäge rugsat bermeklerini haýyş edip, hökümete ýüz tutanlygy sebäpli, 2004-nji ýylyň fewral aýyndan bäri psihiatrik keselhanada saklanýan Gurbandurdy Durdykulyýew halkara guramalaryň gysyş görkezmegi netijesinde keselhanadan çykaryldy.

Ýurtdaky Helsinki Fondy tomusda tutulanlarynda bikanun ýarag saklandyklaryny boýunlaryna goýmak üçin, Ogulsapar Myradowa, Annagurban Amangylyjewe we Sapardurdy Hajyýewe ejir berlendigini tassyklaýardy. Olaryň üçüsi-de soň türme tussaglygyna höküm edildi (Bölüm 1.c we 2.a serediň). Sentýabr aýynyň 13-ünde Myradowa şübheli ýagdaýda türmede ýogaldy.

Maşgala agzalary we halkara neşirler türmeleriň hyryn-dykynlygy, keselleriň bejerilmeýändigi we jöwza yssydan ýeterlik goragyň ýoklugy netijesinde käbir tussaglaryň ýogalandygyny aýdýardylar. Syýasy tussag Ýazgeldi Gündogdyýew 2005-nji ýylyň awgust aýynda türmede ölende, ne derňew geçirildi, ne-de hökümet tarapyndan jogap berildi. Türkmenistanyň ilkinji ynsan hukuklary guramasynyň habar bermegine görä, iýun aýynda medisina kömegi bolmansoň, Lebap welaýatynyň öňki häkimi Gedaý Ahmedow türmede öldi.

Ýurt boýunça jeza jaýlarynyň üç görnüşi bardy: sowat öwrediş-düzediş koloniýalary, zähmet-düzediş koloniýalary we türmeler. Käbir tussaglar, adatça, öňki döwlet işgärleri ýurt içinde sürgün edildi. Zähmet-düzediş koloniýalarynda tussaglaryň adatdan daşary uzak möhletläp üzňelikde saklanýandyklary barada tussaglaryň garyndaşlaryndan habarlar gelip gowuşýardy. Tussaglaryň Daşoguzyň golaýynda Gyzylgaýa diýilýän ýerde ýerleşýän howply we saglyga zyýanly kaolin känlerinde işledilendikleri barada habarlar gelip gowuşýardy.

Gelip gowşan habarlara görä, 2002-nji ýylyň noýabr aýyndaky hüjüm bilen baglylykda tutulanlar başgalardan aýrylykda, Owadandepe türmesinde saklanýardylar. Döwlet işgärleri maşgala agzalarynyň we daşary ýurt diplomatlarynyň syýasy tussaglaryň saklanýan ýeri ýa-da olaryň hal-ýagdaýy baradaky soraglaryna jogap bermekden boýun gaçyrdylar. Hökümet wekilleri, şeýle hem, maşgala agzalaryna, daşary ýurt diplomatlaryna we halkara gözegçilere, şol sanda, Halkara Gyzyl Haç Komitetine-de (HGHK), 2002-nji ýylyň noýabr wakasyna dahylly tussaglary we tutulanlary baryp görmäge rugsat bermediler. Käbir türmelere baryp, belli tussaglary görmek baradaky hökümetiň öňe süren kabul edip bolmajak çäklendirmeleri sebäpli, Halkara Gyzyl Haç Komiteti ýylyň dowamynda türmelere baryp görmek ugrunda hiç zat edip bilmedi (Bölüm 1.e. seret).

d. Esassyz tussag etmek ýa saklamak

Kanun esassyz adam tutmagy we tussag etmegi gadagan edýär, ýöne delilsiz tussag etmeler we saklamalar çynlakaý meselelegine galýardy.

Polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklarynyň roly

Içeri işler Ministrligi (IIM) milli howpsuzlyga degişli meselelerde MHM bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýän jenaýat agtaryş polisiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Milli howpsuzlyk ministri beýleki ministrliklerde kadr çalşygyna gözegçilik edýär we olaryň prezidentiň permanlaryny ýerine ýetirişlerini barlaýar. MHM-de, jenaýat agtaryş-da kanuny taýdan hiç bir garaw görmezden hereket edýärler. Howpsuzlyk güýçlerinde parahorluk giňden ýaýrapdy.

Halkara guramalayň ünsüni özüne çeken käbir ýagdaýlarda hökümet öte geçmeler baradaky şikaýatlaryň birnäçesine garady we öte geçmeler üçin howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň birnäçesini jogapkärçilige çekdi. MHM-iň ilkinji wezipesi hökümetiň mundan beýläk-de häkimiýet başynda galmagyny üpjün etmekdi. MHM şahsyýet azatlyklaryny çäklendirýärdi we daşary ýurda gitmäge rugsat edilmeýän adamlaryň gara sanawyny saklaýardy. Bu düzgüni IIM-niň altynjy, ýagny guramaçylykly jenaýata we terrorizme garşy göreş bölümi durmuşa geçirýär.

Tutmak we tussag etmek (saklamak)

Adam tutmak üçin, order gerek däl. Häkimiýetler tussag etmäge resmi rugsat bolmazdan, islendik adamy tutup, 72 sagat saklap bilýärler, ýöne tutulany köpräk saklamak üçin, kanun boýunca, tutulan pursatyndan başlap, 10 günüň dowamynda oňa aýypnama yglan edilmelidir, eýsem-de bolsa, bu düzgünler iş ýüzünde hemişe ulanylyp hem barlanok. Prezidentiň eýeleýän wezipesi bolan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň tussag etmäge rugsatlary tassyklamak boýunça adatdan daşary ygtyýary bar.

Resmi taýdan, tutulanlaryň aýyplama ýüklenen badyna, haýal etmezden, aklawça ýüz tutmaga haklary bardyr. Eýsem-de bolsa, iş ýüzünde olara ne haýal etmezden, ne-de kadaly ýagdaýda ýuridiki kömege mümkinçilik berilýärdi. Käbir ýagdaýlarda döwlet işgärleri aýyplanýana ýüklenýän günäni ýa işiň detallaryny başdakydan üýtgetseler, aklawçylar öz müşderilerine maslahat bermeklerini bes edýärdiler. Ýene bir problema – inkommunikado, ýagny adamlaryň dünýäden üzňe ýagdaýda tussaglykda saklanylmagy. Kanuna laýyklykda saklananlara 72 sagadyň dowamynda günä bildirilmeli; iş ýüzünde häkimiýetler raýatlaryň bu hukuklaryna hormat goýmaýarlar. Kepil geçip, zamun almak sistemasy ýokdy. Häkimiýetler käbir tussaglara ýylyň dowamynda maşgala agzalary bilen duşuşmaga rugsat bermediler. Garyndaşlary köplenç ýagdaýda tussaglaryň nirede saklanýandygyny-da bilmeýärdiler (1.c. bölüme ser.).

Kanun hökümete bolan islendik oppozisiýany dönüklik hökmünde häsiýetlendirýärdi. Bu madda esasynda sud edilenler günä geçişlik ýa-da azatlykdan mahrum edilen möhletiniň azaldylmagy olara degişli bolmazlyk şerti bilen ömürlik türme tussaglygyna höküm edildiler. Öten ýyllardan tapawutlylykda bu ýylyň dowamynda dönüklikde aýyplanyp, azatlykdan mahrum edilen adam bolmady. Hökümete garşy tankydy pikirleri beýan edýänler ýa-da onuňkydan başga pikiri bolanlar döwlete garşy ykdysady jenaýat ýa-da başga dürli jenaýat etmekde toslanan aýyplamalar esasynda tussag edilýärdi (2.a. bölüme ser.).

Ýegowa Şaýatlary guramasynyň agzalary ilat arasynda ündew işlerini alyp barýanlygy sebäpli, wagtal-wagtal tutulýardylar; bular ýaly tussaglyk, adatça birnäçe sagada çekýän-de bolsa, oktýabr aýynyň ahyrynda iki sany Ýegowa şaýady birnäçe hepdeläp tussag astynda saklandy. Munuň sebäbiniň ýurduň garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy bellenýän döwürde edaralaryň işlemýänligi bolmagy-da mümkin.
 
Kanun boýunça, jenaýat iş etmekde aýyplanyp tutulan adam deslapky derňew döwründe iki aýdan artyk tussaglykda saklanmaly däldir. Adatdan daşary ýagdaýlarda bu möhlet bir ýyla çenli uzaldylyp bilner. Iş ýüzünde deslapky derňew tussaglygy iki-üç aýlap dowam edýärdi, şeýlelikde, häkimiýetler köplenç ýagdaýda bu çäklerden çykýardylar.

Hökümet häzirki düzgüniň garşydaşlaryny göz astynda saklamak we raýatlaryň daşary ýurt diplomatlary bilen duşuşmagynyň öňüni almak maksady bilen kanuny bozmak arkaly öý tussaglygyny giňden ulanyp geldi. Käbir jemgyýetçilik guramalaryň belli-belli ýolbaşçylary-da öý tussaglygyna sezewar edildiler. Ýylyň dowamynda 2002-nji ýyldaky ýaragly hüjüme dahyly bolanlaryň garyndaşlary we 2003-nji ýylda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen duşuşmaklarynyň öňüni almak üçin, hökümet tarapyndan öý tussaglygyna alnan takmynan 100 adamyň käbirleri wagtlaýyn ýa hemişelik öý tussaglygynda ýa-da hereket ediş azatlygy çäklendirilen ýagdaýda galmak bilen öz ýaşaýan etraplaryndan çykyp bilenokdylar.

Prezidente garşy amala aşyrylan 2002-nji ýyldaky ýaragly hüjüme dahyllylygy sebäpli, ömürlik türme tussaglygyna hokum edilen Saparmyrat Yklymowyň gyzy Maral Yklymowa Maryda öý tussagy astynda galýardy. Parahatçylykly demonstarsiýa geçirmäge rugsat bermeklerini haýyş edip, hökümete ýüz tutanlygy sebäpli, 2004-nji ýylyň fewral aýyndan bäri psihiatrik keselhanada saklanýan Gurbandurdy Durdygulyýew aprel aýynyň 12-sinde halkara guramalaryň gysyş görkezmegi netijesinde keselhanadan çykarylan-da bolsa, öýünden çykmaga hemişe rugsat edilenokdy. Wagtal-wagtal “Azatlyk” Radiosynyň habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýewe (2.a. bölume seret) we Ýegowa şaýatlarynyň ýolbaşçysy Andreý Žbanowa Aşgabatdaky öýlerinden çykmaga rugsat edilmeýärdi.

Ýylyň dowamynda öňki ministrleriň we edara ýolbaşçylarynyň ep-eslisi, köplenç ýagdaýda syýasy sebäplere görä bolsa-da, esasly aýyplamalara görä, işden boşadylyp, ýurt içinde sürgün edildi, şeýle hem, öý tussaglygyna alyndy ýa-da türme tussaglygyna höküm edildi (2.e. we 3 bölüme serediň). Ýylyň dowamynda azyndan 16 öňki ministr we hökümet işgäri işden çykarylansoň, azatlykdan mahrum edildi ýa-da içerki sürgüne iberildi; ýene 35 hökümet işgäri wezipesinden boşadyldy, emma türmä basylman galdy ýa-da nirededigi belli däl. Wezipesinden boşadylan ministleriň biri, öňki Baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň-da (3 bölüme seret) türmede ölen bolmagy ähtimal.

Günä geçişlik

Oktýabr aýynyň 19-ynda Prezident Nyýazow 10.056 tussagyň günäsini geçip, azatlyga goýberdi. Tussaglaryň eden jenaýatynyň ululygyna-kiçiligine baglylykda olaryň garyndaşlarynyň bu amnistiýany birnäçe ýüz bilen birnäçe müň dollar aralygynda baha satyn alýandyklary barada habarlar gelip gowuşýardy. Günä geçişlige düşen tussaglar Prezident Nyýazowyň ýurduň medeniýeti we mirasy boýunça ruhy ýol görkezijisi hökmünde ýazan “Ruhnamasyna” wepalylyk barada kasam içdiler.

e. Adyl we açyk suduň inkär edilmegi

Kanunda garaşsyz kazyýet häkimiýeti göz öňünde tutulýar, emma iş ýüzünde kazyýet prezidente tabyndy. Ýokary Kazyýetiň başlygynyň bellenmeginiň özbaşdak bolmadyk Mejlis tarapyndan tassyklanmagy diýýäýmeseň, kazylaryň bellenmegi kanun çykaryjy häkimiýetler tarapyndan barlanylmaýardy. Prezidentiň işe bellän kazylarynyň ählisini möhleti tamamlanmazdan, işden çykarmak ýaly, ýeke-täk özüne mahsus hukugy bar. Ol bu hukugyny şäher kazyýetleri babatynda-da ýygy-ýygydan ulanýardy.

Kazyýet ulgamy Ýokary Kazyýetden, Aşgabat şäher kazyýetini-de goşmak bilen 6 sany welaýat kazyýetinden we ondan aşaky derejeli kazyýetlerden, ýagny 64 etrap we şäher kazyýetinden ybaratdyr. Harby gullukçylar tarapyndan edilen jenaýat işlerine-de Baş prokurotura tabyn bolan raýatlyk kazyýetleri garaýar.

Suduň geçirilişi

Hökümetiň ara alyp maslahatlaşmak üçin, neşir eden Jenaýat iş ýörediş bitewi kanunynyň täzeden garalan taslamasy ýylyň ahyrynda öz çözgüdine garaşýardy. Bu kanun 1961-nji ýylda kabul edilip, şu wagta çenli güýjünde galan Sowet kanunyny ep-esli derejede üýtgedip biljekdi. Bu taslama aýyplanýanlaryň hukuklaryny, şol sanda, günäsizlik prezumpsiýasyny, polisiýa agtaryşlaryna çäklendirmeleri, zamun almak mehanizmini döretmegi we derňew döwrüniň çäkleriniň kesgitlenmegini öz içine alýardy.

Kanunda aýyplanýanyň adyl suda mynasyplyk hukuklary, şol sanda, suduň açyk bolmagy, aýyplaýjynyň materiallary bilen tanyşmak mümkinçiligi, öz bähbidine görkezme bermekleri üçin, şaýatlary çagyrtmak, aklawçy tutunmak, gurby ýetmedik ýagdaýynda, kazyýet tarapyndan aklawçy berilmek we sudda özlerine wekillik etmek hukuklary-da göz öňünde tutulan. Iş ýüzünde häkimiýetler köplenç bu hukuklaryň berilmeginden boýun towlaýardylar. Aýyplanýanlara wekillik edip biläýjek garaşsyz aklawçylar-da ýek-tükdi. Ýurtda oturdaş sistemasy ýok. Kähalatlarda aýyplanýanlara özlerine garşy görkezme berýän şaýatlar bilen ýüzleşmäge ýa olara sorag bermäge rugsat edilmeýärdi. Käwagtlar aýyplanýanlara we olaryň aklawçylaryna aýyplaýjy tarapyň özlerine garşy ulanýan subutnamalardyr delillerine garamaga rugsat berilmeýärdi. Köplenç aýyplanýanlar günäsizlik prezumpsiýasyndan peýdalanyp bilenokdylar. Kähalatlarda kazylar, hatda, bu ýagdaý suduň netijesini üýtgedip biljek bolsa-da, aklawçylaryň getiren aklaýjy subutnamalaryny kabul etmekden ýüz öwürýärdiler. Hatda, hukuklar ret edilmän, kanun boýunça sud geçirilende-de, döwlet garalawjysynyň ygtyýary aklawçynyň ygtyýaryndan has ýokary bolýardy, şonuň üçin-de, sud edilýän üçin adalatly kazyýete bil baglamak diýseň kyndy. Kazyýetiň ýazgylary köplenç ýalňyşdan doludy ýa-da doly däldi, aýratynam, sud edilýäniň görkezmesiniň rus dilinden türkmençä terjime edilen halatlarynda. Aşaky derejeli kazyýetleriň kararlaryndan şikaýat etmek mümkinçiligi bardy, şeýle hem, sud edilýän günäsiniň geçilmegini haýyş edip, prezidentiň adyna arza ýazyp bilýärdi. Eýsem-de bolsa, köplenç Kazyýetler sud edilýänleriň sud mejlisi dowamynda öňe süren gynamalar babatdaky beýanatlaryny inkär edene meňzeýärdiler.

Daşary ýurtly synçylara käbir sudlara gatnaşmaga rugsat edildi. Eýsem-de bolsa, köp sudlar, aýratyn-da, syýasy äheňli saýylýanlar, şol sanda, Helsinki Fondunyň agzasy we “Azatlyk” Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň sudy synçylar üçin ýapyk boldy (1.c . bölüme seret).

Käbir adamlaryň aýratyn kanunlary bozandyklary üçin tutulyp, jerime salnandygy barada yzygiderli habarlar gelip durýardy, eýsem-de bolsa, şol kanunlaryň görkezilmegi haýyş edilende, resmi adamlar mundan ýüz öwürýärdiler ýa-da bu kanunlaryň gizlindigini aýdýardylar.

Syýasy tussaglar we tutulanlar

Kanun hökümete gönükdirilen islendik garşylygy dönüklik hökmünde häsiýetlendirýär. Bu kanun esasynda sud edilenler günä geçişlik ýa-da azatlykdan mahrum edilen möhletiniň azaldylmagy olara degişli bolmazlyk şerti bilen ömürlik türme tussaglygyna höküm edildiler.

Ýylyň ahyrynda hökümet iň bolmanda, bir syýasy tussagy, 1995-nji ýylda tutulan Muhammetguly Aýmyradowy türmede saklaýardy. Hökümet Annagurban Amangylyjewi we Sapardurdy Hajyýewi bikanun ýarag saklamakda aýyplap, azatlykdan mahrum etdi. Käbir jemgyýetçilik guramalar bolsa olaryň tussag edilmeginiň syýasy sebäbiniň bardygyny nygtaýardylar (1.a. we 1.c. bölümlere seret). Uzak wagtlap ekologiýa ugrundan işlän Andreý Zatoka dekabr aýynyň 17-sinde Daşoguz aeroportunda jemgyýetçilik tertibini bozanlygy sebäpli, tussag edilende-de jemgyýetçilik guramalar şunuň ýaly tassyklamany aýdypdylar. Hasabata degişli döwrüň ahyrynda ol tussag edilenden soň, öyi dökülende, öýünde ýarag we zäherli maddalary saklaýandygynyň üsti açylandygy sebäpli, goşmaça sud edilmegine garaşyp, tussaglykda galýardy.

2002-nji ýylyň noýabr wakasyna gatnaşanlygy üçin, watana dönüklikde aýyplanyp, 2004-nji ýylyň mart aýynda 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen öňki müfti Nasrulla ibn Ibadulla tussaglykda galýardy. 

2002-nji ýylyň wakalary bilen baglanyşyklylykda saklanýan 50-den gowrak tussagyň anyk saklanýan ýeri-de näbelliligine galýardy. Olaryň Aşgabadyň etegindäki Owadandepe türmesinde saklanýandygy we gynamalara sezewar edilýändikleri barada habarlar gelip gowuşýardy. Bu adamlar Prezident Nyýazowyň janyna kast edişligi taýýarlamakda aýyplanyp, tussaglykda saklanýardy. Olaryň beýleki tussaglara garanyňda has zabun ýagdaýlarda saklanýandygy barada habarlar gelip gowuşýardy. 

Oppozision toparlaryň we halkara guramalaryň habar bermegine görä, hökümet türmelerde takyk sany belli bolmadyk köpsanly syýasy tussagy saklaýardy. 2002-nji ýylyň noýabr wakasyna dahylly bolan adamlaryň birnäçe ýüz garyndaşy we tanşy günä ýüklenmezden, güman edilen syýasy garaýyşlary we bu hüjüme gatnaşan bolmaklarynyň ähtimallygy üçin, tussaglykda saklanýardylar.

Hökümet wekilleri maşgala agzalarynyň we daşary ýurt diplomatlarynyň syýasy tussaglaryň nirede saklanýandyklary we saklanyş şertleri baradaky soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler. Hökümet işgärleri, şeýle hem, maşgala agzalaryna, daşary ýurt diplomatlara we halkara gözegçilere, şol sanda Halkara Gyzyl Haç Komitetine-de (HGHK) 2002-nji ýylyň noýabr wakasyna dahylly tutulanlary ýa tussaglary baryp görmäge rugsat bermediler (Bölüm 1.c. seret).

Raýatlyk Kazyýet işiniň geçişi we aklawçylyk

Raýatlyk Kazyýet ulgamy garaşsyz ýa adyl däldi. Ähli kazylary prezident wezipä belleýärdi. Polisiýa derňewiniň suda düşen ýagdaýlary boldy. Iş gozgan adamlaryň aklawçylary yzarlandylar. Kagyz ýüzünde raýatlyk kazyýet ulgamy işleýär, emma pozitiw çözgüdiň kepillendirilmegi üçin, para bermeli bolýandygy barada habarlar gelip gowuşýardy. Hökümetiň şahsy adama garşy duran ýagdaýlarynda kazyýetleriň kararlary döwlet edarasynyň peýdasyna çözmäge mejbur edilýärdi. Kazyýetleriň çykarmaga mejbur edilen iň köp karary emlägiň elinden alynmagy bilen baglanyşykly kararlardyr.

Emläkleriň gaýtarylyp berilmegi

Hökümet hususy emlägiň elden alnan halatlarynda öňki hukuklary dikeltmek ýa-da öwezini dolmak babatda kanunçylygyň ýerine ýetirilmegini yzygiderli üpjün etmän geldi (1.f. bölüme ser.).

f. Şahsy, maşgala we öý durmuşyna ýa hat alyşygyna esassyz goşulyşmak

Konstitusiýa we kanun bular ýaly işleri gadagan edýär, emma häkimiýetler ýygy-ýygydan kanunyň bu talabyna hormatsyzlyk edip geldiler. Häkimiýetleriň kadaly, käbir ýagdaýlarda bolsa güýç ulanmak bilen häzirki düzgüne garşydyr öýdülenleriň, dini azlyklaryň agzalarynyň we 2002-nji ýylyň noýabr hüjümine dahyllydyr öýdülenleriň garyndaşlarynyň öýlerini dökendikleri barada ygtybarly habarlar gelip gowuşýardy.

Kanun döwlet howpsuzlyk edaralary tarapyndan gözegçiligiň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutmaýar, eýsem-de bolsa, olar döwlet işgärlerini, raýatlary, hökümetiň garşydaşlaryny we ony tankyt edýänleri, şeýle hem, daşary ýurt raýatlaryny kadaly yzarlaýardylar. Howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri munuň üçin gös-göni gözegçilik etmek, telefonlary diňlemek, elektron görnüşde yzarlamak we şugulçylary tutmak ýaly usullary ulanýardylar. Ýurtda Internet ulgamynyň hyzmatlaryny hödürleýän hökümet gözegçiliginde saklanýan ýeke-täk upjün ediji kompaniýa bardy. Hökümet raýatlaryň elektron poçtadan we Internetden peýdalanyşyna gözegçiligi amala aşyrýardy we hökümetiň okalmagyny islemeýän Internet saýtlaryna girmek islän ulanyjylar üçin bu hyzmatlary kesýärdi. Habar berişlerine görä, hökümet adaty poçta bilen iberilýän hatlary gowşurmazdan öň, okap görýän eken. Ibermek üçin poçta bölümine getirilen hatlar we posylkalar barlag üçin açyk goýulmaly. Hökümet aragatnaşyk hyzmatyny amala aşyrýan ähli halkara edaralaryny ýapandan soň, döwlete degişli bolan “Türkmenpoçta” ýurtda ýeke-täk aragatnaşyk edarasy bolup galdy.

Hökümet zorlukly göçürmek işini dowam etdirdi, synçylaryň aýtmagyna görä, bu çäre “içerki duşmanlary” we syýasy garşydaşlaryny ornaşan ýerlerinden göçürmek üçin ulanylýardy. Aprel aýynyň 26-synda sürgündäki oppozisiýa agzasy Nazar Söýünowyň aýaly we gyzy Hajynyýaz Söýünowa we Gözel Söýünowa zor bilen Aşgabatdaky öýlerinden Balkanabada göçürildi. Olara Aşgabatdaky kwartiralary üçin hiç hili kompensasiýa berilmedi. Ýurdundan göçürilen adamlaryň aglabasynyň durmuş hal-ýagdaýy barada hiç hili habar ýokdy. Halkara synçylar içerki sürgünler baradaky ähli maglumatlary özbaşdak barlap bilenokdylar. Öňki ýyllardan tapawutlylykda milli azlyklaryň zor bilen oturymly ýerlerinden göçürilendigi barada hiç hili habar gelip gowuşmady. Ýylyň dowamynda hökümet täze gurluşyklara ýer açmak üçin, şäheri abadanlaşdyrmak meýilnamasynyň çäginde Aşgabatda, onuň eteginde we başga ýerlerde köpsanly hususy öýleri, şol sanda içinde ýaşaýanlaryň eýeçilige kanuny hukugy bolan öýleri-de ýykmagyny dowam etdirdi. Has beteri-de, hökümet öýlerinden çykarylan maşgalalaryň köpüsinden öýleri ýykylansoň, galan hapany aýyrmagyň harjyny çekmegi-de talap edýärdi. Şeýle hem, habar berişlerine görä, kähalatlarda häkimiýetler adamlara goşlaryny ýygnap, öýlerini boşatmaga diňe 48 sagat wagt beripdirler. Öýleri ýykylan adamlara deregine asla jaý ýa öwezine pul hem berilmändir. Käbir jaý eýelerine 2 hepde öňünden öýlerini boşatmalydygy barada habar berlipdir we jaýyň öwezine kwartira ýa-da ýer teklip edilipdir, ýöne bu ýerler köplenç boş ýatan tarp ýer bolup, hatda suw üpjünçiligi-de bolmandyr. Bu ýagdaý köpler üçin ryzkyndan kesilmek bilen tamamlanypdyr. Aşgabadyň günortasynda bir uly jaý ýykyşlyk amala aşyrylanda, 500 maşgala öýsüz galypdyr. Başga bir jaý ýykyşlyk bolsa 2.000 maşgala çenli öz zyýanyny ýetiripdir. Bu adamlaryň aglabasy, ýagny dokumentleri düžüwlerden başgalary, hiç hili kompensasiýa almandyr (2.d. bölüme seret).

Ýurduň raýady bolmadyklara ýurtda bir ýyl ýaşandan soň, Türkmenistanyň raýatyna öýlenmäge rugsat berilýär. Bu düzgün esasynda öýlenenler barada käbir maglumatlar gelip gowuşdy.

Häkimiýetler maşgala agzalary hamala kanunlary bozanlary üçin, käbir adamlara jeza bermegini, şol sanda öý ýa-da türme tussagy astynda saklamagyny dowam etdirdiler (1.d. bölüme serediň).

Hökümet jenaýat etmekde aýyplanýan ýa sud jogapkärçiligine çekilen adamlaryň maşgala agzalaryna azar berýärdi. Hajynyýaz we Gözel Söýünowa ýaly käbirleri zor bilen öýünden göçürildi. Käbirleri bolsa işini taşlamaga mejbur boldy. Ýene käbirlerine ýurtdan çykmak gadagan edildi.

2002-nji ýylyň noýabr hüjüminiň esasy dildüwşüjileriniň biri hökmünde azatlykdan mahrum edilen Saparmyrat Yklymowyň garyndaşlaryna azar berilmegi dowam etdirildi (1.d. bölüme seret).

2001-nji ýylda başga banka geçirmek arkaly Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 40 million dollaryň ogurlanmagynda esasy günäkär saýylýan Arslan Kakaýewiň ene-atasy, güman edilişine görä, toslanyp tapylan aýyplama esasynda häzir türmede. Türkmenistanyň häkimiýetleri Kakaýewiň ýurtdan gaçyp gidendigini yglan etdiler, emma Russiýanyň gazetleri onuň Sankt-Peterburgda öli tapylandygyny ýazdylar.

Merhum žurnalist Ogulsapar Myradowanyň gyzlary Maral we Sona ejeleri tussag edilenden soň, gysyşa sezewar we işlerinden mahrum edilipdirler. Ejeleri ýogalandan soň, häkimiýetler olara öňki wezipelerini gaýtaryp beripdirler. 

2-nji Bölüm. Raýat azatlyklaryna hormat goýmak, şol sanda:

a. Söz we metbugat azatlygy

Konstitusiýada we kanunda söz we metbugat azatlygy göz öňünde tutulan, emma iş ýüzünde hökümet bu azatlyklary äsgermän gelýär. Tankydy ýa-da hökümetiň garaýşyndan tapawutly pikirleri beýan edenler jenaýat edenlikde galp aýyplamalar esasynda tussag edilýärdiler, käbir halatlarda bolsa olar yzarlamalara, gysyşlara we mahrumçylyklara sezewar edilip, şahsy durmuşynda, şol sanda, wezipede ösmek ýa-da işe alynmak ýaly meselelerde-de kynçylyklar döredilýärdi. Ýanwar aýynyň 4-ünde ýurtda ynsan hukuklarynyň gödek bozulýandygy barada daşary ýurt ilçihanalaryna beýanat ýaýratmaga synanyşyk edenden soň, ýetmiş ýaşly pensioner Kakabaý Tejenow Türkmenabatda zor bilen keselhana ýerleşdirilipdir. Oktýabr aýynyň 24-ünde ol boşadylypdyr we şypahana ýerleşdirmeden öň geçirilýän medisina barlagy üçin keselhana salnypdyr (1.c. bölüme seret).

Hökümet köpçülikleýin metbugat habar beriş serişdeleriniň ählisini diýen ýaly maliýeleşdirýärdi. Hökümet tarapyndan rugsat edilen iki sany hususy eýeçilikdäki gazetden, ýagny Türkmen/Türk we türkmen dilli periodiki neşirlerden başga daşary ýurt gazetleri gadagan edildi. Periodiki metbugatyň redaksion kollegiýalary hökümetiň göwnüne degmezlik üçin, öz-özlerini senzuradan geçirýärdiler. Hökümet radiony we ýerli telewideniýäni doly elinde saklaýardy, emma emeli hemra antennalaryny ulanmak arkaly daşary ýurt telewideniýesine aralaşmak mümkinçiligi giňden ýaýrapdy. Ýurtda kabel telewideniýesi ýokdy. Hökümet ähli daşary ýurt habarçylarynyň bellige alynmagy üçin, arza bermeklerini talap etdi, eýsem-de bolsa, ýylyň dowamynda daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň kadr çalşygy babatyndaky kynçylyk barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady. Aşgabatda bellige alnan ýekeje daşary ýurtly habarçy bardy, ol Russiýanyň “RIA Nowosti” habar agentliginde işleýärdi. 2005-nji ýylda ITAR_TASS-yň habarçysy akreditasiýadan mahrum edilip, “RIA Nowosti” habar agentliginiň habarçysy bolsa içalyçykda aýyplanyp, tutulypdy we Russiýa çykarylyp goýberilmezden owal, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.  

Habar berlişine görä, ýylyň dowamynda žurnalistler hökümet işgärleri tarapyndan tussag edilmäge, yzarlanmaga, gorkuzmaklyga we wagşyçylykly çemeleşmä sezewar edildi. Ynsan Hukuklary boýunça Türkmen Başlangyjy guramasynyň habar bermegine görä, mart aýynda ITAR_TASS habar agentliginiň ştatdan daşary habarçysy Anna Gurbanowanyň ýanwar aýynda bolup geçen pensiýa reformasy barada ýazanlygy sebäpli, ygtyýarnamasy elinden alnypdyr.

Hökümet “Azatlyk” Radiosynyň habarçylaryny we ýaranlaryny yzarlamagyny goýmady. «Azatlyk» radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýew dowamly yzarlamalara sezewar edildi; fewral aýynyň 18-inde pensiýalaryň kesilmegi baradaky tegelek stola gatnaşmak üçin, Praga jaň edende, onuň öýjükli telefonyny kesdiler. Öýjükli telefon stansiýasynda onuň telefonunyň kesilmegine “döwlet howpsuzlyk gullugynyň jogapkärdigini” aýdypdyrlar. Gylyçdurdyýew başga öýjükli telefon aldy, emma mart aýynyň başlarynda ony-da kesdiler. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurtda un ýetmezçiligi barada habar bereli bäri, onuň öý telefony kesik durdy. Fewral aýynda “Azatlyk” Radiosynyň ştatdan daşary başga bir habarçysy Şamyrat Aköyliýewe howpsuzlyk gulluklary bu radio bilen hyzmatdaşlyk etse, onuň bilen il bolup bilmejekdiklerini duýdurypdyrlar. Soň häkimiýetler onuň telefonuny kesdiler. Iýun aýynda Aköýlüýew Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri tarapyndan Balkanabatdan Aşgabada gelýän otludan düşürilipdir. Mart aýynyň 7-sinde “Azatlyk” Radiosynyň başga bir ştatdan daşary habarçysy Meretmuhammet Hommadow we Jumadurdy Öwezow etrap ýaşulularynyň-da gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin mitingde häkimiýetlere hormatsyzlyk edeni üçin tutulyp, 15 günlük türme tussaglygyna höküm edildi. Eýsem-de bolsa, olaryň tussaglykda saklanýan ýerinde iki sany polisiýa işgäri we garawullar onuň “daşary ýurtlular bilen iş salyşýandygy we ýurduny satýandygy” sebäpli, tussag edilendigini aýdypdyrlar.

Hökümet raýatlaryň halkara guramalara we ilçihanalara barmagyny kontrol astynda saklamaga we daşary ýurtlular bilen hyzmatdaşlyk edýän raýatlary yzarlamaga synanyşýardy. Dini azlyklar bilen işleşýändigi sebäpli, birnäçe daşary ýurtly işgärden ýurdy terk etmek talap edilipdir ýa-da gaýtadan ýurda gelmäge wiza berilmedi. Käbir welaýatlarda daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän maglumat merkezlerine köp barýandygy sebäpli, azar beripdirler we haýbat atypdyrlar. Iýun aýynyň 19-ynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti diplomatlary we ÝHHG wekilhanasyny halky rewolýusiýa öjükdirmekde günäläpdir. Döwlete degişli bolan metbugat ýurtda bolup geçýän zatlaryň suratyny almak üçin, daşary