Esasy hasabatlar
2011-nji ýylda Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, ynsan hukuklary we zähmet bürosynyň 2011-nji ýylda ynsan hukuklarynyň amala aşyrylyşy barada ýurtlar boýunça hasabaty
HASABATYŇ GYSGAÇA MAZMUNY
Konstitusiýasy tarapyndan Türkmenistanyň dünýewi demokratik prezident respublikasy diýlip yglan edilýändigine garamazdan, ol Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň ýeke-täk syýasy partiýasy bolan Demokratik Partiýa tarapyndan dolandyrylýan awtoritar hökümetli ýurtdur. 2006-njy ýylda Prezident Saparmyrat Nyýazow aradan çykandan dessine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda geçirilen halkara standartlaryna laýyk gelmeýän saýlawlaryň netijesinde ýurduň prezidenti wezipesine geçdi. 2008-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Mejlis saýlawy-da halkara standartlaryna laýyk bolmady.
Howpsuzlyk güýçleri raýat häkimiýetlerine hasabat berýärdiler.
Ynsan hukuklary bilen baglylykda ýüze çykan esasy meseleleriň üçüsi hiç hili esasdyr delil bolmazdan tussag etmek, sütemlere sezewar etmek, şeýle hem raýat azatlyklaryny äsgermezlik, şol sanda söz azatlygyna, metbugat azatlygyna, ýygnaklar azatlygyna we din we hereket azatlyklaryna çäklendirmeleriň girizilmegi boldy.
Ynsan hukuklary bilen baglylykda entek hem dowam edip gelýän beýleki meseleleriň arasynda raýatlaryň öz hökümetlerini çalşyryp bilmezlikleri; bolmalysy ýaly hukuk iş ýöredişiň we adyl suduň inkär edilmegi; raýatlaryň şahsy durmuşyna bikanun goşulyşmak, hatlaryny okamak, şeýle hem öýlerine girmek; aýallaryň kemsidilmegi we olara garşy zorlugyň ulanylmagy we işçileriň erkin birleşmeginiň çäklendirilmegi ýaly meseleler bar.
Howpsuzlyk gullugynyň wezipeli adamlary we hökümetiň beýleki edaralarynyň ygtyýarly gullukçylary hiç bir jeza berilmezden hereket etdiler. Adam hukuklaryny ýoýandyklary üçin hökümetiň wezipeli adamlaryna degişlilikde hiç hili kazyýet işlerine garalmandyr.
Birinji bölüm. Adamyň eldegrilmesizligine hormat goýluşy şol sanda aşakdakylara degişlilikde azatlygyna sarpa goýmak:
a. Hiç bir esasdyr delil bolmazdan ýa-da bikanun suratda jandan mahrum etmek
Hökümetiň ýa-da onuň edaralarynyň esasdyr delil bolmazdan ýa-da bikanun suratda adam öldürmelere baş goşandygy dogrusynda hiç hili habar gelip gowuşmady.
b. Ýitirim edilmek
Syýasy sebäplere görä kimdir biriniň ýitirim edilendigi barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
Adam hukuklary meseleleri boýunça Human Rights Watch (HRW) edarasynyň habar bermegine görä, aýdylyşyndan Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň agzalaryndan 10 çemesi adam aprel aýynyň 19-na Bazargeldi we Aýjemal Berdyýewleriň öýüne bikanun girip, bu är-aýaly zor bilen alyp gidipdirler we tussag astynda saklapdyrlar. 1990-njy ýyllaryň aýaklaryndan bäri bu maşgala özleriniň sütemlere sezewar edilendiginiň we özleriniň eýeçiliginde bolan mal-mülkinden mahrum edilendiginiň öweziniň doldurylmagyny talap edip gelipdirler. Bu är-aýal barasynda tussag astyna alynan gününden bäri hiç hili habar ýok.
ç. Gynamalara sezewar etmek we rehimsiz, adamkärçiliksiz, kemsidiji, masgaralaýjy çemeleşmek ýa jezalandyrmak
Konstitusiýa we kanuna laýyklykda bular ýaly hereketleriňi gadagan edilýändigine garamazdan Howpsuzlyk gullugynyň wezipeli adamlary tussag astyna alynan, azatlykdan mahrum edilen adamlardan, şeýle hem jenaýat edenlikde şübhelenilýänlerden, şol sanda hökümeti ýazgaryp çykyş edýänlerden günäni boýun alyjy beýanatlary almak maksady bilen olary gynamalara sezewar edýärdiler we urup ýençýärdiler. Alynan maglumatlara görä, Türkmenistanyň Garaşsyz Aklawçylar Birleşigi (TGAB) we Ynsan hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy tarapyndan aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komitetine (BMGGGK) tabşyrylan hasabatda“... wagtlaýyn saklanylýan ýerdäki şübhe bildirilýän adamlaryň her ikinjisiniň dürli-dürli kemsidiji hereketlere, paýyş-sögünç sözlere gynamalara sezewar edilýändigi” barasynda bellenilip geçilýär. Şeýle hem, bu hasabatda “... tussag astynda saklanýanlaryň tussaghana (jeza beriji) işgärleri tarapyndan urulmagy we zorlanmagy (şonuň ýaly-da) gynamalara we psihologik gysyşlara sezewar bolmagy möwç alýar. Tussag astyna alynanlara degişlilikde ýüz berýän şular ýaly gatnaşyk tussaghana ilatynyň arasynda öz janyna kast etmäge synanyşyk edýänleriň sanynyň barha artmagyna alyp barýar” diýlip nygtalýar.
Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy we sosial goragy barasynda 2009-njy ýylda kabul edilen kanunyň 16-njy maddasynda hökümet tarapyndan gullukçylaryň saglygy we ýaşaýşy üçin ähli zerurlyklarynyň üpjün edilýändigi nygtalýar. Şeýle hem bolsa harby güýçleriň agzalarynyň habar bermegine görä, esgerlige täze alynanlaryň gynamalara sezewar bolup, olaryň mertebelerine degilip, paýyş-sügünçlere sezewar bolmak bilen olaryň adam hukuklarynyň hem ahlak normalarynyň ýoýulan ýagdaýlary ýüze çykypdyr. Ýöne öňki ýyllar bilen deňeşdirilende gynamalara sezewar bolmalaryň derejesi epesli peselipdir. Harby güýçleriň agzalarynyň habar bermegine görä resmi wezipedäki gullukçylar esgerlige täze alynanlaryň namysyna degiji hereketler bilen bagly ýagdaýlara degişlilikde iş alynyp baryldy, şular ýaly ýagdaýlaryň hakykatdan hem bolandygyny tassyklaýjy alamatlary anyklamak üçin esgerler barlagdan geçirildi we ýüz beren ýagdaýlaryň käbirlerine, (elbetde hemmesine degişlilikde däl) degişlilikde şeýle zulumlykly hereket edenler jezasyny aldylar. Aýdylşyndan esgerlige täze alynanlaryň gynamalara sezewar bolma ýagdaýlary aýratyn hem Aşgabat şäheriniň çäginden daşda has köp ýüze çykypdyr.
Türmeleriň we suda çenli wagtlaýyn tussaglykda saklanylýan ýerleriň şertleri
Türmeler hapa (arassaçylyk kadalaryna gabat gelmeýän ýagdaýda), azatlykdan mahrum edilenlerden hyryn-dykyn, şertleri bolsa agyr we saglyk üçin howpludy. Umumy düzgünli LBK-12 lageri ýaly käbir türmeler şeýle bir ýerde ýerleşýärler welin, tussaglar tomusda ýakyp-ýandyryp barýan jöwza, gyşda bolsa doňduryp barýan aýaz ýaly aşa ýowuz howa şertlerine sezewar bolýarlar.
Tussaglykda oturanlara hem türme işgärleri tarapyndan, hem tussaglaryň beýlekileri tarapyndan azar berilýändikleri barasynda tassyklanylmadyk habarlar gelip gowuşýardy. TGAB-niň bellemegine görä, ýurtdaky koloniýalaryň we tussaghanalaryň jemi 8100 tussag ýerleşdirmäge mümkinçiligi bar. TGAB-niň hasabatyna görä 2009-njy ýylyň dekabrynda yglan edilen günägeçişligiň öňýanynda Türkmenistanyň tussaghanalarynda we koloniýalarynda saklanýan tussaglaryň sany 26,720-ä barabar eken. Tussaglaryň bu sany işine kazyýetde garalmagyndan öň wagtlaýyn saklanýan ýerlerinde–polisiýa tarapyndan dolandyrylýan gabawhanalarda, wagtlaýyn saklawhanalarda, zähmet-düzediş koloniýalarynda we jerime batalýonunda saklanýan tussaglary öz içine almaýar. Işine kazyýetde garalmagyndan öň tussaglyk astyna alynanlaryň aglabasy eýýäm hökümleri çykarylan, emma entek hem jeza çäresiniň çekilmeli ýerine geçirilmedik adamlardyr. Tussag astyna alynanlary kazyýet işi başlanmazdan öň saklamak üçin niýetlenen alty sany gabawhana 1120 adam üçin niýetlenen, emma çaklamalara görä onda ýerleşdirilenleriň sany bu sanyň üç-dört essesidir.
Şeýle hem TGAB-ň hasabatynda, tussaglara garşy giň gerim alan wagşyçylykda garawullaryň we beýleki tussaglaryň hem eliniň bardygy barasynda nygtalýar. TGAB-niň fewral aýyndaky hasabatyna görä, umumy düzgünli “LBK-12” koloniýada “tussaglara garşy fiziki zorluklar koloniýanyň işgärleri we başga adamlar tarapyndan hut koloniýanyň ýolbaşçylarynyň razylygy bilen, ýagdaýlaryň aglaba köpüsinde hut olaryň görkezmesi esasynda amala aşyrylýar” diýlip nygtalýar. Mundan başga-da bu hasabatda bellenilip geçilişine görä, koloniýalaryň çäginde “tire-taýpa prinsipine“ esaslanyp, tussagda oturanlardan toparlar döredilip,” bularyň arasynda wagtal-wagtal pyçakly we ýumruk arkaly hakyky hasaplaşyklar bolup geçýär, bu bolsa tussaghanalaryň ilatynyň arasynda köpsanly ýitgilere (ölüme) alyp barýar.”
Dürli keseller, aýratyn-da inçekesel (TB) möwç urýardy. Gelip gowuşýan habarlara görä, türmeleriň hyryn-dykyn dolulygy sebäpli wezipeli işgärler inçekeselli we deri keseli bolan tussaglary sag tussaglar bilen bir ýerde saklaýardylar. Bu bolsa keselleriň ýaýaramagyna özboluşly goşandyny goşýardy. Hökümet tarapyndan inçekeselli tussaglara degişlilikde olar umumy ilata täzeden dolanyp barmazdan öň ýeterlik derejede barlaglar we bejergiler ýetirilip durmanlygy zerarly muňa degişlilikde bildirilýän aladalaryň yzy kesilmeýär. Emma hökümet wekilleri bul ugurda iş edilýär diýip nygtaýarlar. Eýsem-de bolsa, hökümet inçekeseli bolan tussaglary bejertmek üçin, Içeri Işler Ministrliginiň Mary welaýatyndaky gospitalyna ýerleşdirýändigini, şonuň ýaly-da tussaglykdan boşan adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde bejergi almaklaryny dowam etdirmeklerini ýola goýýandygyny habar berýärdi.
Tussaghana naharynyň ýokumlylygy pesdi, şol sebäpli hem tussaglaryň aglaba köpüsi ýeterlik iýmitlendirilmezlikden ejir çekýärdi. Ýeter-ýetmez berilýän iýmitiň üstüni doldurmakda tussaglar garyndaşlarynyň getirýän azyk-iýmitlerine garaşlydylar. Tussaglaryň garyndaşlarynyň we hut tussaglaryň özleriniň aýtmagyna görä kä halatlarda türme işgärleri getirilen zatlary tussaglara bermän, ellerinden alýan ekenler. Arassa agyz suwunyň elýeterlidigini tassyklamak başartmady.
Adatça, häkimiýetler erkekler bilen aýallary aýry tussaghanalarda saklaýardylar. Azatlykdan mahrum edilen we wagtlaýynça tussag astyna alynan aýallary saklamak üçin tussaghanalaryň we gabawhanalaryň sanyna degişli maglumat ýokdy, emma TGAB-niň hasabatyna görä, Daşoguz welaýatyndaky “DZK/8” tussaghanasynda jemi 2010 aýal maşgala tussaglykda saklanýardy.
Tussaglykda saklanylýan kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň jemi sanyna, hem-de azatlyklan mahrum bolmagyň ortaça möhletine degişlilikde gutarnykly maglumat elýeterli däldi. Içeri Işler Ministrliginiň garamagynda uly adamlaryň we ýetginjekleriň suda çenli wagtlaýyn saklanmagy üçin gabawhana takmynan 800 adam ýerleşdirilendi. Bu sana işiniň garalmagyna garaşyp oturanlar, yzyna gaýtarylmalylar, ýa-da eýýäm hökümi çykarylyp, emma entek-heniz jezasyny çekmek üçin iberilmeli tussaghana geçirilmedik adamlar hem girýär.
Mart aýynda hökümet Jenaýat Kodeksiniň 88-nji maddasyna täzeden seretdi. Bu madda ýetginjekleriň jezalandyrylmagyna degişli madda. Özgerişler girizilen täze kodeksine laýyklykda uly bolmadyk jenaýata ilkinji gezek baş goşan ýetginjekler has berk jezalara sezewar bolman, eýsem olar kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin niýetlenen düzediş mekdebini mejbury geçmeli bolýarlar. Jenaýatda aýyplanýan ýetginjekler hökümet tarapyndan ilki bilen saglyk-bilim öýlerine ýerleşdirilýärler.
Garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, tussag edilenleriň käbirleri iýmek-içmek alyp bilmeýärdiler. Olara hatda garyndaşlary bilen duşuşmaga-da rugsat berilmeýärdi. Jenaýatda aýyplanyp, azatlykdan mahrum bolan öz ýurdunyň raýatlaryny diplomatlara baryp görmäge rugsat berildi. Hökümet tussaglara dini ybadatlaryny berjaý etmäge rugsat berilip-berilmeýandigi barada hiç hili maglumat bermeýardi. Şeýle hem, ol tussaglaryň saklanýan tussaghanalaryndaky we gabawhanalaryndaky şertlere degişlilikde kadaly esasda monitoringleriň geçirilmeýändigini mälim etdi. Tussaghanadakylaryň arzadyr-şikaýatlaryna sereder ýaly hökümet tarapyndan bellenilen bir ombudsmenyň bardygy, ýa-da ýoklugy barasynda hiç hili maglumat ýok.
Maşgala agzalary bilen duşuşmak we azyk kömegini almak rugsat edilmeýän, şeýle hem ýalňyşlyk bilen üzňeleşdirilen kameralara ýerleşdirilen tussaglaryň adyndan degişli edaralara arza gowşurylypdy. Arza gowşurylmagynyň yzýany şertler gowulaşyp, maşgala agzalaryna tussaglar bilen duşuşmaga rugsat edildi. Hökümet türmeleriň we saklawhanalaryň şertlerine yzygiderli gözegçilik barada hiç hili hasabat bermedi.
Hökümetiň wezipeli adamlary umuman maşgala agzalarynyň we daşary ýurtly diplomatlaryň syýasy tussaglaryň saklanýan ýeri hem şertleri baradaky soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler. Şeýle-de bolsa mart aýynyň 28-ne hökümet tussag edilen žurnalistler Annagurban Amanklyçew we Sapardurdy Hajyýew bilen 2007-nji ýyldan bäri maşgala agzalary tarapyndan görüşmäge gelnen saparlaryň sany, olaryň alan azyk toplumlarynyň (posylkalarynyň) sany we alan lukmançylyk hyzmatlarynyň möçberi dogrusynda bir maglumaty äşgär etdi. Hökümetiň wezipeli adamlary tutulyp, tussag astyna alynanlaryň we tussaglaryň maşgala agzalaryna, daşary ýurtly diplomatlara ýa halkara gözegçilere, şol sanda Halkara Gyzyl Haç guramasyna hem olary baryp görmäge rugsat bermezligini dowam etdirdi. Hökümet we HGHG tussaglaryň ýanyna baryp görmegiň kabul ediläýjek adaty şertler barada ylalaşyp bilmediler. Netijede, HGHG şu ýylyň dowamynda tussaglaryň kadaly esasda barylyp görülmegini amala aşyryp bilmedi. Şeýle hem bolsa iýul aýynda hökümet Halkara Gyzyl Haç Guramasynyň resmi wekillerine Içeri Işler Ministrliginiň garamagynda bolan anyk bolmadyk bir tussaghanany baryp görmäge rugsat berdi.
Maý aýynyň 17-ne we 18-ne, Birleşen milletler Guramasynyň gynamalara garşy Konwensiýasy (UNCAT) hökümetiň şu Konwensiýa agza gol çeken döwlet hökmünde onuň çäginde ýerine ýetirmeli borçnamalaryny berjaý edişi dogrusynda taýýarlan ilkinji beýanatyny gözden geçirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň gynamalara garşy Konwensiýasy (UNCAT) şu beýanata gedişlilikde özüniň jemleýji belliklerinde “hökümetiň beýanatynda Konýensiýanyň düzgünnamasynyň oňa gol goýýan döwlet tarapyndan durmuşa geçirilşine degişlilikde statistiki we praktiki maglumatyň ýetmezçilik edýändigine we onuň 10 ýyl gijä galyp tabşyrylandygyna, we hut şunuň konwensiýanyň 1999-njy ýylda ratifisirlenmeginden soň agza döwlet tarapyndan durmuşa geçirilşine degişlilikde seljeriş işlerini amala aşyrmaga komitete päsgelçilik döredendigine” gynanýandygyny belläp geçdi.
d. Bikanun tussag astyna almak ýa azatlykdan mahrum etmek
Bikanun tussag astyna almak ýa azatlykdan mahrum etmek kanun boýunça gadagandyr, emma bularyň ikisi hem uly mesele bolmaklygynda galýar.
Polisiýanyň we howpsuzlyk edaralarynyň tutýan orny
Milli howpsuzlyk babatynda Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM) bilen ysnyşykly işleşýän Jenaýat agtaryş polisiýasy Içeri işler ministrligine degişlidir. MHM-i ministrlikleriň beýlekilerine işgäriň alynyşyna we olaryň işden çykarylşyna gözegçilik edýär, şonuň ýaly-da Prezidentiň permanlarynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýar. MHM-i we jenaýat agtaryş polisiýasy eden işi üçin hiç hili jogapkärçilige çekilmeýär. Hukuk goraýjy edaralaryň öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanýandygy barasyndaky arza-şikaýatlara seretmek boýunça 2007–nji ýylda döredilen Prezidentiň ýanyndary komissiýasy howpsuzlyk güýçleriniň agzalarynyň hyýanatçylykly hereketleri üçin jogapkärçilige çekilmegine alyp baran ýekeje-de anyk derňew işini amala aşyrmady.
Tussag etmegiň we tussaghanada saklamagyň düzgüni
Jenaýat edenlikde şübhelenýän adam jenaýaty edip duran pursatynda tutulan bolsa, ony tussag etmek üçin hiç hili order (buýruk) gerek bolmaýar. Baş prokuror şübhe bildirilýän adamyň tutulan pursatyndan başlap, 72 sagadyň dowamynda ony tussag astyna almak barasynda ygtyýarnama berýär. Eger 10 gün tussaglygyň dowamynda derňew geçirýän edara adamyň günälidigini subut edýän delil tapmasa, onda tussag astyna alynan adam boşadylmalydyr. Eger 10 günüň dowamynda jenaýatyň amala aşyrylandygy subut edilse, jenaýat bilen baglylykda geçirilýän derňew işi iki aý dowam edip biler. Welaýatyň ýa-da ýurduň prokurory derňewiň möhletini alty aýa çenli uzaldyp bilýär. Ýurduň baş prokurory ýa baş prokuroryň orunbasary derňewiň möhletini aňyrsy bir ýyla çenli uzaldyp bilýär. Derňew tamamlanandan soň, prokuratura günade aýyplama hatyny taýýarlaýar we iş kazyýete geçirilýär. Bu düzgün iş ýüzünde, umuman, ýerine ýetirilýärdi we prokuror haýal etmezden tussag astynda saklanylanlara olara garşy işiň gozgalandygyny habar berýärdi.
Jenaýat iş ýörediş jemkanunynda (JIÝJ) kepil geçmek we girew goýmak düzgüni göz öňünde tutulandyr; şeýle hem bolsa, bu düzgünler durmuşa geçirilmeýärdi. Kanun boýunça tutulanlaryň resmi taýdan aýyplama bildirilenden soň, dessine öz islän aklawçysyna ýüz tutmak hukugy bardyr, emma iş ýüzünde olar hemişe dessine we kadaly ýagdaýda aklawçy tutunyp bilmeýärdiler. Häkimiýetler ýylyň dowamynda käbir tussaglaryň ýanyna maşgala agzalarynyň barmagyna rugsat bermediler. Käbir ýagdaýlarda maşgala agzalary tussag astyna alynan garyndaşlarynyň nirede saklanýandyklaryny-da bilmeýärdiler. Tussaglaryň üzňe saklanmagy-da çözülmedik mesele bolmagynda galýardy. Bu meseleleriň jenaýat-kazyýet ulgamyndaky gerimi anyk däldi. Kanun boýunça, tussag astyna alynanlary 10 günden artyk saklamak üçin, häkimiýetler olara garşy resmi aýyplama bildirmelidi. Emma ygtyýarly wezipedäki adamlar iş ýüzünde bu düzgüne kän bir eýerip barmaýardylar.
Esas bolmazdan tussag etmek: Kanun hökümete degişlilikde bildirilen her bir garşylygy watana dönüklik diýip häsiýetlendirýär. Watana dönüklik etmekde günälenenler ömürlik azatlykdan mahrum bolmaklyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we olar günägeçişlik, ýa-da tussag möhletini azaltmak hukuklaryndan hem mahrumdyrlar. Şu ýylyň dowamynda kimdir biriniň watana dönük edenlikde aýyplananlygy barada hiç hili maglumat gelip gowuşmady. Geçmişde hökümet özüne degişlilikde tankytlaýjydyr ýazgaryjy pikirleri , ýa-da öz garaýyşlaryna çapraz gelýän pikirleri beýan edýänlere garşy watana dönüklikde aýyplaýjy iş gozgaman, eýsem olara ykdysady meseleler bilen, ýa-da jenaýat bilen baglylykda iş gozgaýardy.
Suda çenli tussaglykda saklamak: Umuman kanun boýunça raýaty kazyýet mejlisinden öň iki aýdan artyk saklamak bolmaýar, emma käbir aýratyn ýagdaýlarda, eger sülçi şunuň ýaly haýyş bilen baş prokurora ýüz tutsa, bu möhleti bir ýyla çenli uzaltmak bolýar. Ownuk jenaýatlar üçin has gysga derňew döwri ulanylýardy. Öňki ýyllardan tapawutlylykda häkimiýetleriň kazyýet mejlisinden öň tussag astynda saklamaly möhletinden uzak saklan ýagdaýlary seýrek boldy. Geçmişde hroniki (endige öwrülen) parahorluk we ägirt uly göwrümlere ýeten bürokratik işler kazyýet mejlisiniň yza çekdirilmegine öz goşandyny goşýardy; şeýle hem bolsa, hökümetiň parahorlugy ýok etmek ugrunda eden tagallalary we döwlet gullukçylarynyň başarnyk derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen Döwlet gulluklarynyň akademiýasyny döretmegi şunuň ýaly gijikdirilmeleri, umuman, aradan aýyrdy.
Öten ýyllarda kazyýetiň karary bolmazdan hökümet tarapyndan garşydaşlarynyň öý tussaglygynda saklan ýagdaýlary ýüze çykan hem bolsa, JIÝJ-niň hiç bir maddasy şunuň ýaly jeza çäresine ygtyýarlyk bermeýär.
Aprel aýynyň 11-ne, MHM-niň resmi adamlary tarapyndan gazak jemgyýetiniň lideri Bisengul Begdesenowy öz öýünde tussag edilipdir. Adam Hukuklary boýunça “Human Rights Watch” (HRW) edarasynyň habar bermegine görä MHM-niň resmileri ýörite ygtyýarnamalary (orderi) bolmazdan onuň öýüni döküp, kompýuterleri, köp maglumaty içinde saklaýan USB desgalaryny we resminamalary konfiskasiýa edipdirler. Onuň özi gynamalara sezewar edilipdir we kezzaplykda aýyplanylyp, şertli jeza berilipdir hem maý aýynda tussaglykdan boşadylypdyr.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiolarynyň (AÝR/AR) habar bermegine görä, fewral aýynda jemgyýet aktiwisti 80 ýaşly pensioner Amangelen Şapudakow ýerli parahorlyk barasynda Içeri Işler Ministrligine arz-şikaýat etmek maksady bilen Aşgabat şäherine barypdyr. Azat Ýewropa / Azatlyk Radiolary (AÝR/AR) bilen geçirilen söhbetdeşlikde ol Aşgabat şäheriniň Kopetdag etrap polisiýasynyň işgärleriniň ony urandyklaryny we soňra yzyna öz obasy Garrygala alyp gidendiklerini hem ýene-de Aşgabada baraýsa, oňa has beterräk zatlaryň garaşýandygyny berk nygtap aýtdylar diýdi. AÝR/AR hasabatyna laýyklykda Türkmenistan hökümetiniň ygtyýarly işgärleri mart aýynyň 9-nda Şapudakowy ele salypdyrlar we Balkanabatdaky psihiatriýa hassahanasyna ýerleşdiripdirler. Ol şol hassahananyň içinde üzňelikde saklanan ýerinden 43 gün geçenden soň boşadylypdyr.
Günägeçişlik: Maý aýynda hökümet II Jahan urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli we Halkara çagalary goramak güni mynasybetli sany belli bolmadyk tussaglary tussaghanalardan boşatdy. Awgust aýynda hökümet ýetip gelýän Gadyr gijesi mynasybetli 3700 tussagy boşatdy. Oktyabr aýynda Prezident Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni mynasybetli 1 700 tussagyň günäsini geçdi. Dekabr aýynda hem Bitaraplyk güni mynasybetli tussaglaryň ýene-de 754 -siniň günäsi geçildi.
e. Açyk we adyl suduň inkär edilmegi
Kanuna laýyklykda garaşsyz kazyýet ulgamyna kepil geçilýär; şeýle hem bolsa, iş ýüzünde kazyýet ulgamy Prezidente garaşly. Prezidentiň kazylary wezipä bellemegine we boşatmagyna kanun tarapyndan hiç hili gözegçilik ýokdy. Diňe Ýokary Kazyýetiň başlygynyň wezipeden boşadylmagynyň kanunylygyna Mejlis garady, olam göz üçin. Prezidentiň ähli kazylary işden çykarmak ýaly hut özüne degişli hukugy bardyr. Ýurduň kazyýet ulgamy parahorlukda we netijesizlikde (haýyrsyzlykda) ýakasyny tanadypdy.
Kazyýetde işe garamak tertibi
Kanun işine açyk garalmak, aýyplaw materiallary bilen tanyşmak, öz peýdasyna görkezme bermek üçin, şaýat çagyrmak hukugy, aklawçy tutunmak, muňa ýagdaýy bolmadyklar üçin kazyýetiň aklawçy bellemegi, şeýle hem kazyýet mejlisinde öz-özüňe wekilçilik etmek ýaly çäreleri-de goşmak bilen günälenýänleriň işine adalatly garalmagyny kepillendirýär. Şeýle-de bolsa, iş ýüzünde häkimiýetler köplenç ýagdaýda bu hukuklary inkär edýärdiler. Kazyýet jogapkärçiligine çekilenler köplenç ýagdaýda günäsizlik prezumpsiýasyndan peýdalanyp bilmeýärdiler. Oturdaşlyk ulgamy ýokdy. Hökümet halk köpçüligine işleriň aglabasyna gatnaşmaga rugsat edýärdi, emma käbirlerine, aýratyn-da syýasy tussaglara degişli bolanlara gatnaşmaga rugsat bermeýärdi. Işine kazyýetde garalýanlary goramaga gatnaşyp biljek garaşsyz aklawçylara gezek gelende, barmak basyp sanaýmalydy. Jenaýat iş ýörediş jemkanuny işine garalýan şahsyýetiň kazyýet mejlisinde bolmagyny, aklawçysy bilen öz wagtynda maslahatlaşmagyny göz öňünde tutýar. Kanun sud edilýän üçin aklawçynyň elýeterliligine degişli hukugyny asla çäklendirmeýär. Eger sud edilýäniň aklawça pul tölemäge ýagdaýy bolmasa, aklawçy hökümetiň hasabyna tutulýar. Käbir ýagdaýlarda kazylar sud edilýänleriň şaýatlar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna, ýa-da onuň garşysyna beýanat edip biljek şaýatlardan jogap aljak bolup, sorag etmeklerine rugsat bermeýärdi, şeýle hem, sud edilýänleriň we olaryň aklawçylarynyň hökümetiň subutnamalarydyr delilleri bilen tanyşmaklaryna ýol bermeýärdiler. Käbir halatlarda bolsa kazylar aklawçylar tarapyndan üpjün edilýän günäliniň bigünädigini subut ediji delilleri, hatda olaryň işiň ahyrky netijesini düýpgöter üýtgedip biljek hem bolsa, ret edýärdiler.
Kazylar işe garamakda kanunçylygy ýerine ýetiräýende-de, hökümet garalawjysynyň ygtyýary aklawçynyňkydan ep-esli ýokarydy, bu bolsa günälenýäniň işine adyl garalmagy kynlaşdyrýardy. Kazyýet mejlisiniň ýazgylary köplenç ýagdaýda, aýratyn-da sud edilýäniň görkezmesi rus dilinden türkmen diline terjime edilende, kemçilikli bolýardy ýa-da gutarnykly bolmaýardy. Iş kesilenleriň aşaky kazyýetleriň kararyndan şikaýat etmek hukugy bardy, olar, şeýle hem geçirimlilik etmegini sorap, Prezidente ýüz tutup bilýärdiler. Kazylaryň we prokurorlaryň köplenç işiň netijesini we jeza çäresini öňünden kesgitleýändikleri barada ygtybarly habarlar gelip gowuşýardy.
Syýasy tussaglar we wagtlaýyn tussag astyna alynanlar
Opozisiýa toparlarynyň we halkara guramalarynyň käbirleriniň belläp geçmegine görä hökümet tarapyndan tussag astynda saklanylýan syýasy tussaglar we tussag astyna alynanlar bar. Bu şahsyýetleriň – olaryň arasynda öňki Prezident Nyýazowa 2002-nji ýylda hüjüm edenlikde aýyplanyp, iş kesilenler hem bar - anyk sany näbelli bolmaklykda galýar.
Raýat kazyýet işleriniň düzgüni we kazyýet gorag serişdeleri
Raýat kazyýet ulgamy ne garaşsyz, ne-de bitarap; ähli kazylar Prezident tarapyndan bellenýärdi. Kanun boýunça jenaýata degişlilikde derňew işleri amala aşyrylan döwründe toplanan delildir subutnamalar “jenaýat boýunça kazyýet işleriniň çägindäki raýat sud prosesi” diýlip atlandyrylýan raýat işi üçin esas hökmünde ulanylyp bilinýär. ” Geçmişde raýat kazyýet ulgamynda haýsy-da bolsa bir tarap üçin amatly netije çykarmak üçin, para alynandygy barada habarlar gelip gowuşýardy. Haýsy-da bolsa bir raýata degişlilikde hökümetiň hut özi gyzyklanma bildirýän bolsa, onda ol çykarylmaly karara degişlilikde kazyýete buýruk edýär. Ýerine ýetirilen kazyýet buýruklarynyň aglaba köpüsi raýatlaryň göçürülmegi bilen baglydy.
Emlägiň gaýtarylyp berilmegi
Hökümet raýatlaryň elinden alnan hususy emlägiň gaýtarylyp berilmegi ýa-da öweziniň dolunmagy baradaky kanuny yzygiderli ýerine ýetirmeýärdi. 2007-nji ýylda Prezident Berdimuhammedow göçüp barmaga täze jaý berilmezden, bir jaýyň hem ýykylmaly däldigini aýtdy. Emma muňa garamazdan, ýylyň dowamynda hökümet abadanlaşdyryş maksatnamasynyň çäginde şäherde we onuň eteklerinde birnäçe hususy jaýy ýykyp, jaý eýelerine ýykylan jaýlarynyň ýerine laýyk zat bermedi. Iýun aýynda hökümet Prezident tarapyndan ygtyýarly edilen täze edara komissiýanynyň döredilendigi barada yglan etdi. Şol komissiýanyň wezipesi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň çäginde gurulmaly täze binalaryň ýerinde ýerleşen jaýlaryň ýaşaýjylarynyň şikaýatlaryna seretmek bolup durýar. Bu komissiýanyň garamagyna tabşyrylan şikaýatlaryň sany we olaryň neneňsi çözülenligi barasynda anyk maglumat ýok.
Öňki ýyllardaky ýaly, hökümet tarapyndan öý eýelerine öýlerini boşatmaga diňe 72 sagat möhlet berilýändigi, jaý eýeleriniň ne jaý bilen üpjün edilýändigi, ne-de ýitgileriniň öweziniň doldurylýandygy barada habarlar gelip gowuşýardy.
f. Raýatlaryň şahsy we maşgala durmuşyna bikanun goşulyşmak, öýlerine girmek, şeýle hem hatlaryny okamak
Konstitusiýa we kanun bu hili hereketleri gadagan edýär; emma, häkimiýetler iş ýüzünde köplenç bu gadagançylygy äsgermeýärler. Garaşsyz kazyýetiň karary bolmazdan, azlyk dini toparlaryň agzalarynyň öýlerini häkimiýetleriň zor bilen döken ýagdaýlary-da bolýardy. Kanun döwlet işgärlerini, raýatlary, hökümete garşy çykyş edýänleri we ony tankyt edýänleri, şeýle hem daşary ýurtlylary yzygiderli gözegçilik astynda saklaýan döwletiň howpsuzlyk edaralary tarapyndan gözegçiligi kadalaşdyrmaýar. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri fiziki gözegçilik, telefonda edilýän gürrüňleri diňlemek, elektron görnüşde alyş-çalyş edilýän maglumaty ele salmak, şonuň ýaly-da maglumatçylardan peýdalanmak ýaly usullary ulanýardylar. Bar bolan maglumatlara göra hökümet adaty poçta bilen iberilýän hatlary barmaly ýerine ugradylmanka mazmuny bilen tanyşmak maksady bilen açyp okaýardy, iberilmek üçin poçta edarasyna getirilen bukjalardyr, göndermeler bolsa hökümet barlagyndan geçmek üçin açyklygyna tabşyrylmalydy.
Bu ýurduň raýaty bolmadyk adamyň bu ýurtda diňe bir ýyl ýaşandan soň, onuň raýatyna öýlenip, ýa-da durmuşa çykyp bilýändigi baradaky düzgün kämillik ýaşyna ýeten aýal-erkegiň öýlenmek hukugyny çäklendirýärdi. Döwlet howpsuzlyk gullugynyň resmi işgärleri tarapyndan ýerli raýatyň wekilleri bolan zenanlara öýlenmekçi bolan daşary ýurtlylaryň gorkuzyp, howp salynandygy barasynda birnäçe habarlar ýetirildi. Ýurduň çäginden daşda alynan nikalaşmak hakyndaky şahadatnamalaryň hökümet tarapyndan sarpa goýulmandygy bilen baglylykda birnäçe ýagdaýlar ýüz beripdir.
Häkimiýetler tarapyndan azar berlen, wagtlaýyn tussag astyna alynan, ýa tussag edilen adamlar we olaryň dogan-garyndaşlary, hossarlary hökümetiň olaryň işden çykarylmagyna, okuwdan kowulmagyna sebäp bolýandygyny, ýa bolmasa, häkimiýetleriň käwagtlar olary wagtlaýyn tussag astyna alýandyklary we sorag edýändikleri barasynda habar beýärdiler.
Ikinji bölüm. Raýat azatlyklaryna, şol sanda aşakdakylara hormat goýmak:
a. Söz we metbugat azatlygy
Söz we metbugat azatlygynyň ýagdaýy
Söz azatlygy: Konstitusiýa we kanun söz we metbugat azatlygyna kepil geçýär, emma hökümet iş ýüzünde bu hukuklary äsgermeýärdi. Hökümet özüni tankyt edýänlere ýurda gelýän daşary ýurtly žurnalistlar ýa beýleki daşary ýurtlular bilen adam hukuklarynyň meseleleri barada söhbetdeş bolmazlyk babatynda duýduryş beripdi.
Metbugat azatlygy: Çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisi diýen ýaly hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýärdi we gözegçilik astynda saklanýardy. Şu ýylyň içinde Rysgal atly hepdede bir gezek çykýan täze gazet çykyp başlady. Ýöne onda çap edilýän maglumatlar köplenç döwlet habar beriş gulluklarynyň beren maglumatlary bolup durýardy, ýa-da hut olaryň garaýyşlaryny beýan edýärdi. Hökümet tarapyndan rugsat berlip, döwlet gazetleriniň pikirini beýan edýän “Zaman” hususy türk gazeti bolaýmasa, hökümet daşary ýurt gazetleriniň ýurda getirilmegine çäklendirme girizipdi.
Hökümet ýerli radiony we telewideniýäni gözegçilik astynda saklaýardy, emma daşary ýurt telewizion kanallara ýol açýan emeli hemra antennalary tutuş ýurtda giňden ýaýrapdy. Raýatlar bu antennalar arkaly daşary ýurt radiolarynyň programmalaryny-da diňläp bilýärdiler.
Güýç ulanmak we gorkuzyp, howp salmak: Habar berlişine görä, 2010-njy ýylyň dowamynda hökümet işgärleri žurnalistlary we olaryň maşgala agzalaryny tussag astyna alypdyrlar, gorkuzyp, olaryň janyna howp salypdyrlar, azar beripdirler we haýbat atypdyrlar. Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdelerine işleýän ýerli raýatlardan bolan žurnalistlaryň hukuk goraýjy gulluklaryň işgärleri tarapyndan gorkuzylyp, howp salynandygy we tussag astyna alynandygy barasynda habarlar gelip gowuşýardy. Mysal üçin, Azat Ýewropa/Azatlyk radiolaryna işleýän žurnalistlar hökümetiň ygtyýarly wezipedäki adamlary tarapyndan ýygy-ýygydan gözegçilik astynda bolupdyrlar, gorkuzylyp, howp salynypdyr. Oktýabr aýynda häkimiýetler Abadan şäherçesiniň eteginde ýerleşýän ýaraglar ammarynda bolup geçen artilleriýa ýaraglarynyň partlamasyna degişli jikme-jikleri habar berendigi üçin Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýewi gelnejesiniň öz janyna kast etmekde eden synanyşygynda eli bar diýlen aýyplama zerarly bäş ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Ýazgulyýewiň maşgala agzalary polisiýa işgärleriniň oňa gysyş görkezip, özüne garşy beýanat bermäge mejbur edendiklerini habar berdiler. Oktýabr aýynyň aýagynda hökümet tarapyndan Ýazgulyýewiň günäsi geçildi.
Ýylyň dowamynda hökümet tarapyndan özüne degişlilikde aç-açan tankydy pikirlerini beýan edýän žurnalistlara we başga adamlara temmi bermek maksady bilen daşary ýurda gitmeklige çäklendirme girizendigi barada birnäçe habar gelip gowuşdy. Hökümet žurnalistlaryň maşgala agzalarynyň-da syýahat etmek mümkinçiligini çäklendirdi. Geçen ýylyň dowamynda bolşy ýaly, hökümet žurnalistlaryň bolup geçýän aýratyn ähmiýetli wakalar dogrusynda habar bermegi üçin we belli-belli mowzuklara degişlilikde makalalaryny çap etmegi üçin, şeýle hem ýaýlyma goýberilmegi üçin ygtyýarnama almagyny talap etdi.
Senzura ýa-da mazmunyň çäklendirilmegi: Ýerli žurnalistlar we daşary ýurtly habar agentlikleriniň habarçylary hökümetiň özlerine degişlilikde repressiw hereketleriň amala aşyrylmagyndan howatyrlanyp, öz-özlerini senzuradan geçirýärdiler. Hökümet gazetleri senzuradan geçirmegini we Prezidentiň syýasy garaýyşlaryna garşy gelýän, ýa ony tankyt edýän islendik materialy gadagan etmegini dowam etdirýärdi.
Ýurt içindäki çap etmek we nusga köpeltmek işlerini kadalaşdyrmak maksady bilen, hökümet ähli çaphanalaryň, şonuň ýaly-da çap edýän we nusga köpeldýän edaralaryň meşgullanýan şu işlerinde ulanýan enjamlary üçin bellige alynandygy barasyndaky ygtyýarnama almaklaryny talap edýärdi. Hökümet tarapyndan makullanmadyk mowzuklara degişlilikde taýýarlanan işleri, şol sanda çeper eserleri neşir etmeklige rugsat berilmeýärdi.
Hökümet döwlete dahylly bolmadyk edaralaryň daşary ýurtlaryň döwürleýin neşirlerine abuna ýazylmagyna gadagan etmegini dowam etdirýärdi. Şeýle-de bolsa, Russiýanyň “Argumenty i fakty” gazetini we beýleki syýasy bolmadyk neşirleri kähalatlarda bazarlarda satuwda tapyp bolýardy. Ýylyň dowamynda hökümet işgärleri üçin rus dilindäki köpçülikleýin habar beriş neşirlerine abuna ýazylyşyk hyzmatyny täzeden ýola goýdy, ýöne bu neşirler jemgyýet küpçüligi üçin elýeterli däldi.
Neşir etmek bilen baglylykdaky çäklendirmeler: Metbugat işgärlerine akkreditasiýa berilmegi meselesine garaýan garaşsyz gözegçilik edarasy ýokdy, žurnalistlar üçin ýörite niýetlenen şahsyýentnamalaryň berilmegine degişli kesgitli ölçütleri hem ýokdy, mümkinçilik peýda bolan mahalynda bolsa akreditasiýanyň beriljekdigine hiç hili kepillik ýokdy, şeýle hem syýasy sebäplere görä akkreditasiýanyň yzyna gaýtarylyp alynmagyndan hiç hili gorag hem ýokdy. Hökümet daşary ýurtly žurnalistleriň ählisiniň bellige alynmagyny talap edýärdi. Daşary ýurtly žurnalistlara diňe halkara konferensiýalar, döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşygy ýaly, edýän işlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýän aýratyn wakalary beýan etmek üçin wiza berilýärdi. Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolup duran žurnalistlaryň azyndan ýedisine akkreditasiýa berildi. Ýurduň çäginde Türkiýäniň täzelikler agentlikleriniň sekiz sany habarçysy bolup, belli maglumatlara görä, olaryň azyndan bäşisi akkreditasiýa bilen üpjün edilipdir. Birnäçe ýylyň dowamynda resmi suratda arza üsti bilen ýüz tutulýandygyna garamazdan, “AÝR/AR”-sy öz habarçylaryna bu ýurtda işlemek üçin akkreditasiýa berilmegi babatynda hiç haçan türkmen hökümetinden jogap almady. Daşary ýurt habar agentlikleriniň azyndan 11-si ýurduň çäginde hiç akkreditasiýasy bolmazdan iş alyp barýarlar. Ýurduň daşyndan gelen žurnalistlar resmi bolmadyk kanallar arkaly habar bermäge synanyşanlarynda gorkuzylyp, howp salynandyklary, şeýle hem erkin hereket etmek hukuklarynyň çäklendirilendigi barasynda habar berdiler.
Internet azatlygy
Hökümet raýatlaryň elektron poçtalaryny we interneti ulanylyşyny göz astynda saklaýardy. Milli howpsuzlyk ministrliginiň internete esasy giriş ýollaryny gözegçilikde saklaýandygy, ulanyjylaryň internetde edýän işini yzarlaýandygy we hökümetiň halamadyk belli-belli saýtlaryna girişiň öňüne böwet basýandygy, käbir ýagdaýlarda bolsa şol adamlary internet hyzmatyndan mahrum edýändigi barada habarlar gelip gowuşýardy. Habar berişlerine görä, iýul aýynda Abadandaky ok-däri ammarynyň içinde bolan partlamalar sebäpli bolan weýrançylyga degişli suratlary Internet arkaly iberendikleri üçin ýerli raýat žurnalistlarynyň birnäçesi hökümet tarpyndan tussag astyna alynyp, gorkuzylypdyr we howp salynypdyr.
Bilim azatlygy we medeni çäreler
Mart aýynda Prezident daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryndan berilen diplomlaryň döwlet edaralary tarapyndan sarpa goýulmagyna rugsat beriji karar çykardy. Emma muňa garamazdan, Ruhnama, Türkmenistanyň taryhy ýaly derslerden synag geçirmek, şeýle hem ýörite ugurlardan synagdan geçmek ýaly proseduralaryň öňki ýyllarda bolşy ýaly hökmany suratda geçirilmegi daşary ýurtlardan alynan diplomlara sarpa goýulmagyny kynlaşdyrýardy. Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň diplomlaryna sarpa goýulmagyny resmileşdirmek üçin hökümet tarapyndan hiç hili täze proseduralar yglan edilmedi. Hut şu jähtden, daşary ýurt yokary okuw jaýlaryny tamamlap gelen raýatlar öz diplomlarynyň Bilim ministrliginiň ygtyýarly işgärleri tarapyndan ykrar edilmändigi, we şu sebäpden olaryň döwlet edaralary tarapyndan işe alynmandygy barasynda habar berdiler. Olaryň käbirleriniň habar bermegine görä, Bilim ministrliginiň wezipeli adamlary tarapyndan diplomlarynyň ykrar edilmegine rugsat almak üçin para berilmegi talap edilipdir.
Hökümet akademik toparlarda döwlet syýasatynyň ýa Prezidentiň tankyt edilmegi bilen barlyşyksyz göreş alyp barýardy, şonuň üçin-de ol ylmy-derňew işlerini deňeşdirmeli hukuk, taryh, milli gatnaşyklar ýa ylahyýet ýaly özüniň syýasy taýdan duygur saýan pudaklaryna çenli daraltdy.
Bilim ministrliginiň we welaýat bilim edaralarynyň işgärleri gelip çykyşy boýunça türkmen milletinden bolmadyk çagalaryň alyş-çalyş programmalaryna we türkmen uniwersitetlerine kabul edilmeklerine päsgel döretmäge synanyşýardylar.
Orta mekdepler üçin niýetlenen okuw kitaplarynyň aglabasy oňki Prezident Nyýazow we onuň maşgalasy baradaky ähli tekstleri aýyrmak maksady bilen täzeden gözden geçirildi, emma şeýle hem bolsa, Nyýazowyň suraty henizem ähli okuw kitaplarynyň birinji sahypasynda ýerleşdirilýärdi. Nyýazow we onuň maşgalasy baradaky aýrylan tekstleriň ýerini Berdimuhamedowyň “Täze galkynyş eýýamynyň” ideologiýasy baradaky tekstler tutdy. Bilim ministrliginiň 2008-nji ýyldaky hasabatynda ähli okuw kitaplaryň gutarnykly täzeden gözden geçirildi diýip bellenilip geçilýändigine garamazdan, ýylyň ahyryna çenli olaryň takmynan ýarysy täzeden işlenilipdi.
Çäklendirmeler az-owlak gowşan ýaly bolsa-da, hökümet döwlet teatrlarynda käbir daşary ýurt oýunlarynyň hem çykyşlarynyň görkezilmegine rugsat bermedi. Diňe Aşgabatdaky rus teatry daşary ýurt oýunlaryny rus dilinde goýmagyny dowam etdirýärdi, çünki şol oýunlaryň hiç hili syýasy ähmiýeti ýokdy.
Medeniýet minisitrligi jemgyýetçilik sergileriň ählisini, şol sanda aýdym-saz we medeni çäreleri senzura sezewar edýärdi we barlaýardy.
b. Asudalykly ýygnaklar we birleşmeler azatlygy
Ýygnaklar azatlygy
Konstitusiýa we kanun ýygnaklar azatlygyny kepillendirýär, emma hökümet raýatlaryň bu hukugyny iş ýüzünde çäklendirýärdi. Ýylyň dowamynda häkimiýetler ne köpçülikleýin ýygnaklar ýa demonstrasiýalar üçin soralan rugsady berdiler, ne-de bellige alynmadyk guramalara, aýratyn-da syýasy maksatnamasy bardyr öýdülenlere demonstrasiýa geçirmäge rugsat etdiler. Türkmenistan Hronikasy atly garaşsyz internet sahypasyndaky maglumata görä, hökümet edaralarynyň täze binalaryna alyp barýan ýollary gurmak üçin ýaşap oturan jaýlarynyň ýykylanlygyna nägilelik bildirip, demonstrasiýa çykan dört aýal may aýynda polisiýa tarapyndan tussag edildi.
Birleşmeler azatlygy
Konstitusiýa we kanun birleşmeler azatlygyny kepillendirýän bolsa-da, hökümet raýatlaryň bu hukugyny iş ýüzünde çäklendirýärdi. Kanun döwlete dahylly bolmadyk ähli guramalaryň Adalat ministrliginde, daşary ýurtdan gelen ähli ýardamlaryň bolsa hem Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, hem-de Adalat ministrliginde bellige alynmagyny, şeýle hem Daşary işler ministrligi tarapyndan kadalaşdyrylmagyny talap edýär. Bellige alynmadyk döwlete dahylly bolmadyk guramalaryň alyp barýan işi jerime, gysga wagtlyk tussaglyk we emlägiň elinden alynmagy ýaly jezalara sezewar edilýärdi. Döwlete dahylly bolmadyk gyramalardan bellige alynan jemi 98 sanysyndan diňe sekiz sanysyny halkara guramalar garaşsyz guramalar hökmünde tanaýar. Döwlete dahylly bolmadyk guramalaryň habar bermegine görä, bellige alynmakçy bolýan şeýle guramalaryň öňünde hökümet tarapyndan birnäçe administratiw böwet basylýar. Ýüz tutup tabşyrylan arzalaryň birnäçesi gayta-gaýta tehniki sebäplere görä gaýtarylyp yzyna berildi. Bellige alynmagyna garaşyp oturan guramalaryň käbirleri öz işlerini amala aşyrmagyň başga alternatiw ýollaryny tapyp, bellige alynan başga bir toparlaryň aýrybaşgalaşan kärhanalary, ýa-da şahamçalary hökmünde bellige alynan bolsalar, özgeleri işlerini wagtlaýynça togtatdylar, ýa-da çäklendirdiler.
Maglumat çeşmeleriniň belläp geçmegine görä, ýurtda raýat jemgyýetiniň emele gelmeginiň we hereket etmeginiň öňünde birgiden päsgelçilikler bar. Bileleşikleriň (assosiasiýalaryň) bellige alynmagy üçin onuň düýbüni tutujylarynyň hut ýurduň raýatlary bolmalydygy we döwletiň çäginde hereket edýän bileleşikleriň hatarynda azyndan 500 agzasysynyň bolmalydygy şert bolup durýar. Olaryň gözegçilikde saklanylmagy çäreleriň ýene-de biri. Bu düzgün Adalat Ministrligine bileleşikleriň geçirýän çärelerine we ýygnaklaryna öz wekillerini ibermäge rugsat edýän düzgün. Mundan başga-da bileleşiklerden geçirmekçi bolýan çäreleri barasynda hökümeti habarly etmek talap edilýär.
Ýurtda garaşsyz syýasy toparlar ýokdy. Bellige alnan ýeke-täk syýasy partiýa agalyk edýän Demokratik partiýa, ýagny Türkmenistanyň öňki Kommunistik partiýasydy. Hökümet syýasy guramalaryň agzasy bolmagy resmi suratda gadagan etmeýärdi; emma iş ýüzünde, Demokratik partiýadan başga syýasy guramalaryň agzasy bolup durýandygyny aýdýan adamlaryň bardygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
ç. Din azatlygy
Din azatlygynyň doly beýany bilen tanyşmak üçin, www.state.gov/j/drl/irf/rpt/ internet salgysynda ýerleşdirilen Döwlet departamentiniň halkara dini azatlyk boýunça hasabatyny okaň.
d. Hereket azatlygy, ýurduň içinde oturymly ýerlerinden başga ýere göçürilenler, bosgun goragy we raýatsyz adamlar.
Konstitusiýa we kanun doly hereket azatlygyny kepillendirmeýär.
Ýurdüň çäginde bir ýerden başga ýerlere göçmek: Kanun bu ýurtda ýaşamak üçin, pasportyň ýa ýaşamaga hukuk berýän resminamanyň bolmagyny talap edýär. Serhet ýakalaryna barjak daşary ýurt raýatlarynyň ählisine ýörite rugsat almak talapy entek hem güýçde galýar.
Raýatlara iki ýurduň raýatlygyna eýe bolmaga rugsat edilmeýärdi we bu talap iş ýüzünde kadaly ýagdaýda amala aşyrylmaýardy. Iki ýurduň raýatlygyna eýe bolan adamlar ýurtdan çykyp gitmekçi bolanlarynda, häkimiýetler çykmaga rugsadyň berilmegi üçin, haýsy-da bolsa bir ýurduň raýatlygyndan geçmegi talap edipdirler. Täze görnüşli halkara pasport berilmegi üçin ýüz tutup, ýazan arzalarynda iki ýurduň raýatydyklaryny görkezen adamlara täze pasport berilmeýärdi. Täze pasport diňe türkmen raýatlygyna eýe bolanlara gowşurylýardy.
Daşary ýurda syýahat: Hökümet özünde daşary ýurda gitmegi gadagan edilen adamlaryň sanawynyň bardygyny inkär eden hem bolsa, ýolagçylaryň käbirlerine ýürtdan çykmak gadagan edilen ýagdaýlar telim gezek ýüz berdi. Ýurduň syýahat edýän raýatlary we myhmanlary ýurtdan çykmazdan öň Döwlet migrasiýa gullugynyň barlagyndan geçmelidi. Aprel aýynyň 6-synda Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri lukmanlaryň bir toparyna olaryň uçuş petekleriniň we wizalarynyň bardygyna garamazdan, uçara münmäge rugsat bermediler. Mundan başga-da uniwersitetleriň talyplaryndan birnäçesi ýurtdan çykmaga rugsat berilmändigini habar berdiler. Bu ýagdaýlara degişlilikde hiç hili düşündirişler berilmedi.
2005-nji ýylda kabul edilen “Migrasiýa hakyndaky kanun” döwlet syryna dahyly bolanlara, şahsyýeti hakynda galp maglumat berenlere, agyr jenaýat edenlere, şübheli hasaplanýandygy sebäpli gözegçilik astynda saklanýanlara, adam söwdasynyň pidasy bolup biljeklere,ýa-da barjak ýurdunyň kanunyny öň hem bozanlara ýa-da amala aşyrýan sapary milli howpsuzlyk bähbitlerine çapraz gelýänlere daşary ýurda gitmegi gadagan edýär. Bilim hakyndaky kanun ýörite ugurlar boýunça bilim almak mümkinçiliklerini çäklendirmäge ýol berýär; şeýle hem bu kanun talyplaryň daşary ýurda gidip okama gitmegine päsgelçilik döretmekde ulanylýardy.
Sürgün: Kanun ýurduň içinde sürgün etmekligi mümkin edýär. Bu bolsa şu çäre görülýän adamyň belli bir ýerde iki ýyldan bäş ýyla çenli möhletiň dowamynda çykman bolmagyny talap edýär.
Bosgun goragy
2009-njy ýylda döwlet bosgun hukuk ýagdaýyny (statusyny) kesgitlemek wezipesini BMG-nyň Bosgunlar meseleleri boýunça ýokary komissariatyndan (BMÝK) öz üstüne aldy. Resmi taýdan bosgun statusyny bermek ulgamynyň barlygyna garamazdan, iş ýüzünde ol hereket etmeýär.Bosgun statusynyň kesgitlenilmegine garaşyp oturan adamlar üçin ýardam berip biläýjek ulgam hökümet tarapyndan ýola goýulmandy. Bosgun hukuk ýagdaýynyň berilmegine mynasyp hasaplanyp, 2009-njy ýyla çenli şeýle statusy alan bosgunlara BMG BMÝK-ty tarapyndanan bosgunlaryň ýörite şahadatnamalary berilýär. Şol şahadatnamalar bosgunlaryň kanuny statusyna degişli ýeke-täk resmi subutnamalar bolup hyzmat edýär. Bosgun hukuk ýagdaýynyň berilmegine mynasyp hasaplanyp, şeýle şahadatnama alan bosgunlar BMG BMÝK-ty tarapyndanan berilen şol şahadatnamalaryny döwletiň degişli edarasynda her ýyl täzeläp durmaly bolýarlar. Ýurduň çäginde bosgun hukuk ýagdaýynyň berilmegine mynasyp bolup, BMG BMÝK-nyň şeýle şahadatnamalaryny alan jemi 59 bosgun bar.
Gaçybatalganyň elýeterliligi: Ýurduň kanunlary gaçybatalganyň, ýa-da bosgun hukuk ýagdaýynyň (statusynyň) üpjün edilmegini kepil geçýär, we hökümet tarapyndan bosgunlaryň goragyny üpjün edýän ulgam döredildi. 2005-nji ýyldan bäri bosgunlara ýurt tarapyndan gaçybatalga berilmän gelindi.
Gaýtarylyp berilmezlik: Hökümetiň berýän maglumatyna göra, BMG BMÝK-ty tarapyndanan bosgun hukuk ýagdaýynyň berilmegine mynasyp hasaplanan şahsyýetleriň hiç birisiniň jyns, din, millet, aýratyn sosial toparyň agzalygy ýa syýasy garaýşy sebäpli janlaryna we azatlyklaryna howp abanýan ýeri bolan ýurtlara hökümet tarapyndan zor bilen gaýtarylyp berilmändir. Emma, şeýle hem bolsa hökümet Owganystandan gelip, ýurduň çäginde ýokary okuw jaýlarda bilim alan talyplaryň altysynyň ýurtlaryna dolanyp baran ýagdaýynda maşgala agzalarynyň janlaryna talyban howp abandyrjakdygy sebäpli gaçybatalga berilmegini sorap ýazan haýyşnamalary ret etdi.
BMG BMÝK-ty şol talyplaryň Owganystana gaýtarylmazlygy ugrunda tagalla edip, öz ýanyndan hökümete maslahat berdi. Olaryň altysy hem Owganystana öz islegleri bilen dolanyp gitdiler. Soňra şol talyplaryň ikisi öz öýlenen maşgalasy bilen birikmek maksady bilen wiza esasynda Türkmenistanyň çägine täzeden girdiler. Olaryň ýene birisi bolsa Türkmenistana gaýdyp gelip, ikinji gezek gaçybatalga bermeklerini haýyş edip ýüz tutanda, ýurtdan deport edildi.
Bosgun statusyny kesgitlemek boýunça hökümet tarapyndan alnyp barylaýan mejlisde BM BBÝK synçy hökmünde gatnaşýardy. Hökümet tarapyndan bosgun hökmünde ykrar edilmedik adamlar bosgun hukuk ýagdaýynyň berilmegine mynasyp hasaplanyp, BMG BMÝK-ty tarapyndanan şeýle statusyň berilmegini haýyş edip, BMG BMÝK ýüz tutmaly boldular.
Esasy hyzmatlaryň elýeterliligi: Bosgunlar üçin saglygy goraýyş ulgamynyň hyzmatlary bilen bir hatarda başlangyç we orta bilim almak mümkinçilikleri elýeterlidi, ýöne olar hökümet edaralaryna işe durmak hukugyndan peýdalanyp bilmeýärdile, şeýle-de olaryň hususy emläge, ýa-da şerekete eýe bolmak hukuklary ýokdy.
Raýatsyz şahsyýetler
Her bir şahsyň raýatlygy onuň ene-atasyndan gelip çykýar. BMG BMK-nyň çaklamalaryna laýyklykda ýurduň çäginde raýatsyz galmak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan, hiç hili resminama bilen üpjün edilmedik şahsyýerleriň 15,000 çemesi bar. Ýurduň çäginde bosgunlukda gezip ýören şahsyýetleriň sanyna degişli maglumat hem elýeterli däldi. Hökümet tarapyndan olaryň öňünde goýulan talap, ýagny olaryň haýsy-da bolsa başga döwletiň raýaty bolmaýandygyny subut etmek talapy hiç hili resminamasy bolmadyk şol şahsyýetleriň raýat degişliligini, milletini kesgitlemekde päsgelçilik döretdi.
Ýylyň dowamynda Döwlet Migrasiýa gullugy18 ýaşynda we ondan hem uly bolan şahsyýetleriň takmynan 8,000 hasaba aldy we olary raýatsyz galmak howpuna sezewar boljak şahsyýetler diýip hasaplady. Şunluk bilen 2007-nji ýyldan bäri hasaba alynan şahsyýetleriň umumy sany 20,000 bardy. Bu adamlaryň aglaba köpüsi öňki Sowet Soýuzy dargandan soň ellerinde öňki Soýuzyň pasporty bolan, ýöne entek hiç hili resminama almadyk şahsyýetlerdi. 1999-njy ýylda bu pasportlaryň kanuny möhlet gutaranda şol adamlaryň belli bir ýurda degişliligi kesgitlenilmän galdy. Hökümet resmi taýdan şol adamlaryň köpüsiniň işlerine seretdi we olara ýaşamaga ygtyýar berýän resminamalar berdi. Ýurduň prezidentiniň çykaran kanunlarynyň ikisiniň esasynda iýul aýynda öňki raýatsyz şahsyýetleriň 1,590, oktýabr aýynda bolsa 1,728-sine Turkmenistanyň raýatlygy berildi.
Üçünji bölüm. Syýasy hukuklara sarpa goýmak: raýatlaryň öz hökümetlerini çalşyryp bilmek hukugy
Raýatlar özlerini edara eden kanunlary we ýolbaşçylary erkin saýlap hem çalşyryp bilmeýärdiler. Konstitusiýa bu ýurdy Prezident tarapyndan dolandyrylýan dünýewi we demokratik ýurt diýip, yglan edýär. Ol hökümetiň dolandyryş pudaklarynyň arasynda häkimiýetiň bölünmeginiň tarapdary, emma Prezidente beýlekilerden has köp ygtyýarlylyk berýär. Iş ýüzünde döwleti dolandyrmakda Prezident çäksiz ygtyýarlyga eýe bolmagynda galýardy.
ÝHHG-nyň aýtmagyna görä, saýlawlar hakyndaky kanun bu guramanyň standartlaryna laýyk gelmeýär.
Saýlawlar we syýasata gatnaşmak
Ýakynda geçirilen saýlawlar: 2010-njy ýylyň dekabr aýynda etrap Halk maslahatyna saýlawlar bolup geçdi. Saýlawlaryň geçişini 2008-nji ýylda kabul edilen konstitusiýa we saýlawlar hakyndaky kanuna laýyk getirmek maksady bilen aprelde täzeden işlenen kanun esasynda 2009-njy ýylda ýerlerde geňeş saýlawlary geçirildi. 2008-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýa Mejlise has giň ygtyýarlyk berdi, Prezidentiň ygtyýarlygyny artdyrdy, Halk maslahatyny bolsa syýasy edara hökmünde ýatyrdy. Maý aýynda Mejlis Prezident saýlawlary hakyndaky kanuna täzeden garady we özgerişler girizdi. Netijede dalaşgärleri hasaba almaklyga degişli talaplaryň sany azaldy.
Syýasy partiýalar: Demokratik partiýa ýurduň ýeketäk syýasy partiýasydyr. Konstitusiýanyň 30-njy maddasyna laýyklykda ýurduň raýaytlaryna konstitusiýanyň we özge kanunlaryň çäginde syýasy partiýalary döretmäge bolan hukugyny kepillendirýär. Mundan başgada, 93-nji madda laýyklykda syýasy partiýalara saýlaw hakyndaky kanun esasynda dalaşgärlerini öňe sürmek hukugy kepillendirýär. Emma, şeýle saýlaw hakyndaky kanun bolmandygy sebäpli oppozisiýa tarapdan bolan dalaşgärler gatnaşmaga çekindiler. Döwlete dahylly bolmadyk “Jeýmztaun” gaznasynyň habar bermegine görä, hökümet ýurt daşynda iş alyp barýan oppozisiýa hereketlerine, şol sanda Türkmenistanyň milli demokratik hereketine, Türkmenistanyň respublikan partiýasyna we Watan partiýasyna ýurt içinde hereket etmäge rugsat bermedi.
Zenanlaryň we milli azlyklaryň gatnaşmagy: Bir ýüz ýigrimi bäş agzasy bolan Mejlisde (parlamentde) başlygyny-da hasaba almak bilen 21 aýal bardy. Zenanlar käbir ýokary hökümet wezipelerinde isläp gelýärdi, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Medeniýet we teleýaýlymlar boýunça orunbasary (wise-premýerlik wezipesi), Bilim ministri, Dokma senagatynyň ministri, Döwlet arhiwiniň müdiri, Demokratiýa we ynsan hukuklary institutynyň müdiri, Mejlisiň bäş komitetiniň ikisiniň başlyklary we Döwlet neşirýat gullugynyň başlygy.
Karar essynda bellenilýän döwlet wezipelerine etnik türkmenlere hökümet tarapyndan artykmaçlyk berilýärdi. Şeýle-de bolsa, milli azlyklaryň wekilleri hem birnäçe ýokary döwlet wezipelerini eýeleýärdiler. Ýurduň iň uly taýpasy bolan Prezidentiň teke taýpasynyň wekilleri ýurduň medeni we syýasy durmuşynda esasy wezipeleri eýeleýärdi.
Dördünji bölüm. Döwlet derejesindäki parahorluk we aç-açanlyk
Kanun boýunça resmi adamlaryň para almagy jenaýatdyr; emma, muňa garamazdan bu kanun hökümet tarapyndan dogry-düzüw berjaý edilmeýärdi, netijede, habar berlişine görä, wezipeli adamlar köplenç hiç hili jeza berilmezden, para almaklyga ýykgyn etdiler. Parahorluk howpsuzlyk güýçlerinde, we ýurduň durmuş-ykdysady pudaklarynyň ählisinde bardy. Muňa iterýän faktorlar şulardan ybarat: ýurtda howandarlyk ulgamynyň barlygy, aç-açanlygyň we halkyn öňunde hasabat bermekligiň ýoklugy, şeýle hem parahorluk ýagdaýlary barada habar berýän raýatlaryň hökümet tarapyndan yzarlanmalara sezewar bolmagyna degişli gorky. Dünýä Bankynyň tutuş dünýä boýunça dolandyryş görkezijilerine görä, bu ýurdun çäginde duýpli parahorluk meselesi bardy.
Geçen ýylda Prezident ministrleriň we döwlet işgäriniň birgidenine käýinç yglan etdi, we olaryň käbirlerini wezipesinden boşatdy. Olaryň ýene birnäçeleriniň işi derňelip, aýdylşyna görä eden etmişi üçin tussag edildi, ýöne, maglumat ýetmezçiligi olaryň tussag edilmeginde syýasy sebäpleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamagy kynlaşdyrýardy.
Iýul aýynda Merkezi bankyň wezipeli işgärleriniň dördüsine gurluşyk taslamasynda işleýän türk işewür adamlaryndan para talap edenliklerinde aýyplanyp, kazyýetiň çykaran permany esasynda azatlykdan mahrum edildi. Azatlykdan mahrum edilme möhleti 5-17 ýyl aralygyndady. Bulara degişliamala aşyrylan kazyýet işleri jemgyýetiň gatnaşmagyna açyk däldi.
Maliýe hasabatlaryny köpçülige aýan etmeklige degişli talaplar ne aç-açanlyk, ne-de halkara normalaryna laýyk gelýärdi. Döwlet edaralaryndan maliýe hasabatlaryny halk köpçüligine, hatda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna-da ýetirmek talap edilmeýärdi. Maliýe tarapyndan geçirilen barlaglary köplenç dünýä derejesinde ykrar edilen halkara barlagçylar däl-de, ýerli barlagçylar amala aşyrýardylar.
Döwlet maglumatlaryny halk köpçüligine elýeterli edýän kanun ýok, we aslyýetinde-de hökümet bular ýaly elýeterliligi üpjün etmedi. Aýratyn maglumatlaryň berilmegini haýyş edilen mahalynda häkimiýetler olaryň döwlet syrydygyna salgylanmak bilen şol haýyşlary inkär etdiler. Statistiki maglumatlaryň käbirleri döwlet derejesindäki syr diýilip hasaplanýardy. Demografik maglumatlar halka aýan edilmeýärdi, we çap edilýän ykdysady we maliýe maglumatlary bolsa döwletiň syýasatyny we çykdajylaryny aklamak üçin galplaşdyrylýardy.
Bäşinji bölüm. Ynsan hukuklary bozulandyr öýdülýän ýagdaýlaryň halkara we döwlete dahylly bolmadyk guramalar tarapyndan derňelmegine hökümetiň garaýşy
Ýurtda ynsan hukuklaryny goraýan döwlete dahylly bolmadyk guramalar ýokdy, çünki hökümet şunuň ýaly guramalary bellige almakdan ýüz öwürýärdi we bellige alynmadyk guramalaryň işini bikanun edýän çäklendirmeler girizýärdi. Ýylyň dowamynda hökümet syýasy däl jemgyýetçilik we medeni guramalaryň işine degişlilikde monitoringlar (barlaglar) geçirmegini dowam etdirdi.
BMG we özge halkara derejeli edaralar: Ýurtda ynsan hukuklarynyň goragy ugrunda dowamly iş alyp barýan daşary ýurtly döwlete dahylly bolmadyk guramalar ýokdy; şeýle hem bolsa, hökümet halkara guramalara, şol sanda ÝHHG-na we BMG BBÝK-na yurt hemişelik wekilçiliklerini döredip, iş alyp barmaga rugsat edipdi. Söz, metbugat we birleşmeler azatlyklarynyň hökümet tarapyndan berk çäklendirilmegi halkara guramalaryň döwletiň adam hukuklary babatyndaky syýasatyna düşünmegini we alyp barýan işlerine degişli derňew işlerini alyp barmaga we doly baha bermäge bolan ukybyny diýseň çäklendirýärdi.
Öňki ýyldaky tutumyny dowam etdirmek bilen hökümet raýatlaryň halkara guramalara hem daşary ýurtlaryň ilçihanalaryna baryp-gelmegine gözegçiligini we raýatlaryň daşary ýurtlular bilen işleşmekden el çekdirmek ugrundaky tagallalaryny birneme gowşadan ýalydy. Hökümet ÝeHHG-ň Merkezini diýseň elýeterli edip goýdy. Şeýle hem raýatlara halkara guramalaryň beýlekileri bilen hem habarlaşmaga hökümet tarapyndan päsgelçilik berilmedi. Umuman şeýle gatnaşyklary üçin raýatlaryň hökümet tarapyndan ruhdan düşürilendigi barasynda hiç hili habarlar gelip gowuşmady.
Ýylyň dowamynda hökümet 2009-njy ýylda BMG-nyň din we dine ynanma azatlygy boýunça ýörite dokladçysynyň eden teklipleriniň hiç birisini durmuşa geçirmedi.
Adam hukuklary boýunça hökümet edaralary: Demokratiýalaşmagy goldamak we adam hukuklarynyň goragyna gözegçilik etmek maksady bilen 1996-njy ýylda döredilip, hökümet tarapyndan dolandyrylýan Demokratiýa we adam hukuklary instituty garaşsyz edara däldi. Onuň raýatlaryň talabyny kanagatlandyrmak ukyby çäklidi. Muňa garamazdan, ol ýylyň dowamynda käbir raýatlaryň özleriniň adam hukuklarynyň ýoýulandygy baradaky şikaýatyny çözmek üçin, resmi däl ombudsman (araçy) roluny oýnady. 2007-nji ýylda hökümet adam hukuklary boýunça komissiýa döretdi. Bu komissiýa şu maksatlara ýetilmek üçin düzülen meýilnamalary dogrusyndaky maglumat elýeterli däldi. 2005-nji ýylda ynsan hukuklaryna degişli kanunlara gözegçilik etmek maksady bilen Mejlisiň düzüminde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy boýunça komitet döredildi. Munuň adam hukuklary ugrunda amala aşyran işleri barasynda jemgyýetçilik köpçüligi üçin hiç habar ýokdy.
Altynjy bölüm. Kemsitmeler (diskriminasiýa), jemgyýet derejesindäki ýüz berýän ýaramaz hereketler we adam söwdasy
Kanun adamyň jynsyna, gelip çykyşyna, aýal-erkekligine, zähmete ukypsyzlygyna, diline, ýa-da milli azlyga degişliligine, şonuň ýaly-da durmuş ýagdaýyna esaslanýan diskriminasiýany gadagan edýän hem bolsa, ýurtda edil zenanlara garşy zorluguň bolşy ýaly kemsitmeler çözülmegi gaýry goýulmasyz mesele bolmagynda galdy.
Zenanlar
Namysa degme we maşgalada ýüze çykyan fiziki zulum: Namysa degme, şol sanda aýalyň är tarapyndan zorlanmagy bikanundyr we ýüze çykan ýagdaýnda zulumyň derejesine, şeýle hem jenaýaty eden adamyň öň hem şular ýaly işe baş goşup-goşmandygyna baglylykda bu jenaýat üçin 3 ýyldan 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jeza berilýär. Medeniýet gymmatlyklary nukdaý nazaryndan zorlanandygyňy habar bermek ýa boýun almak masgaraçylyk hasaplanýandygy sebäpli bu meseläniň nähili derejede giň ýaýrandygyny anyklamagy kynlaşdyrýardy, emma çeşmeler zorlugyň bu jemgyýete ýat zat däldigi barada habar berýärdiler.
Kanun maşgalanyň çäginde fiziki zorlugy, şol sanda är-aýal arasyndaky namysa degmeleri gadagan edýär, emma şeýle hem bolsa, hökümet bu kanuny netijeli berjaý etmeýärdi. Mysal üçin, muňa degişlilikde berilýän jezalar ýetirilen şikesiň derejesine baglylykda kesgitlenýär, ýöne olar jenaýat jem kanunynda anyk kesgitlenilmändir. BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan 2009-njy ýylda neşir edilen görkezijilere laýyklykda Türkmenistan “maşgalada ýüz berýän zuluma, namysa degmelere we är-aýalyň arasyndaky zorlama garşy kanunlary asla ýok, ýa bar bolsa-da, gowşak we şol kanunlaryň umuman berjaý edilmeýän ýurtlaryň hataryna goşulypdyr.”
Maşgalalarda aýallara garşy zorlugyň adaty zatdygy barada habarlar gelip gowuşýardy; maşgaladaky zorlukdan ejir çekenleriň aglabasy ýa öz hukuklaryndan bihabardyklary, ýa-da adamsy ýa garyndaşlary tarapyndan has köp zuluma sezewar bolmakdan howatyrlanyp, bu barada dillerini ýarmaýardylar. Maşgaladaky zorluk meselesine degişli birnäçe işe kazyýetde garaldy we metbugat serişdelerinde maşgalanyň çäginde ýüz beren zulumlykly hereketler dogrusynda wagtal-wagtal makalalar çykýardy.
Aşgabatda bir resmi garaşsyz DDB gurama we ýerlerde hereket edýän näresmi toparlaryň birnäçesi maşgala zorlugynyň pidalary bolanlara ýardam edýärdi. Bir ýerli gurama ÝeHHG-ň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde maşgaladaky zorluk bilen baglylykda gije-gündiz işleýän telefon aragatnaşyk liniýasyny ýola goýup, ony işletmegini dowam etdirdi. barada habar berilmegi üçin, ÝHHG-yň kömegi bilen aragatnaşygyny ýola goýupdy. Hut şol gurama maşgala zorlugynyň pidalaryna mugt maslahat we psihologik ýardam bilen hem üpjün edýärdi, şeýle hem halk köpçüligi üçin maşgaladaky zorluk barada habarlylygy artdyrmak boýunça seminarlar geçirýärdi.
Däp-dessur bilen bagly zyýanly tejribeler: “Namys üçin” ar almak maksady bilen adam öldürmeler barasynda hiç hili habarlar gelip gowuşmady. Häkimiýetler “ar-namys”, ýa-da “galyň” bilen baglylykda öldürmeleriň öňüni almak maksady bilen aýratyn tagalla etmeseler-de, adam öldürmelere degişlilikde jenaýat jemkanun esasynda netijeli derňew işlerini geçirdiler.
Jynsy gatnaşyklara girmäge mejbur etmek: Jynsy gatnaşyga girmäge mejbur etmäge synanyşygy gadagan edýän kanun ýok, şonuň üçin-de iş ýerlerinde aýal-gyzlary zorlup bilen jynsy gatnaşyklara girmäge mejbur etmäge synanyşlaryňk edilýändigi barada wagtal-wagtal habarlar gelip gowuşýardy.
Reproduktiw hukuklar: Är-aýal we adamlaryň özleri näçe çagany dünýä indirmelidigi, çagalaryň arasyndaky ýaş tapawudyň näçe bolmalydygy we haçan dünýä indirmelidigi barada erkin hem jogapkärçilikli karar kabul etmek hukugyna eýedirler. Muny amala aşyrmagyň serişdeleri bolup, olar kemsitmelerden (diskriminasiýadan), zorlukdan we zulumdan azat bolmalydyrlar.
Ilatyň raýatlyk ýagdaýynyň ýazgysynyň berýän maglumatlaryna görä, zenanlaryň takmynan ýüzden 70% çaga dogurmazdan öň lukmançylyk hyzmatyndan peýdalanypdyr, çaga dogulmalaryň ýüzden 99% başarnykly lukmanlar tarapyndan ýardam berildpdir, şeýle hem zenanlaryň ýüzden 99 % çaga dogulandan soň öýünde azyndan bir gezek lukmanyň hyzmatyndan peýdalanypdyr. Göwrelilige garşy häzirki zaman serişdeleri ilatyň ýüzden 99%-ine elýeterlidi. Ýeke ýaşaýan aýallaryň göwrelilige garşy serişdeleri ulanyşy baradaky maglumatlar ýokdy, emma ärleri bilen kanuny nikada ýaşaýan aýallaryň ýüzden 53% göwrelilige garşy häzirki zaman serişdeleriniň diňe käbirlerinden peýdalanypdyr. Medeni däplerden ugur alyp, ärleri bilen kanuny nikada ýaşaýan aýallaryň takmynan üçden birisi maşgalany meýilnamalaşdyrmak usullaryny ulanlmagy islemeýärdiler. AIW/AIDS boýunça taslamanyň çäginde iş alyp barýan ýerli bir çeşm’niň nygtap aýtmagyna görä, jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýan kesellere degişlilikde aýallar we erkekler deň derejede barlagdan geçirilip, deň derejede bejergi alýarlar.
Kemsitmeler (diskriminasiýa): Nika we maşgala jemkanuny we emläk jemkanuny boýunça , şeýle hem kazyýet ulgamynda aýal-erkek deň hukuga eýedir.Ynsan hukuklary we aýal-erkek gatnaşyklary baradaky kanunlary taýýarlamak, aýal-erkek gatnaşyklary baradaky täze maksatnamany okuw maksatnamasyna girizmek, şeýle hem gender meselesi boýunça milli hem halkara kanunlar barada yzygiderli bülleten neşir etmek işi Mejlisiň Ynsan hukuklary we azatlyklary boýunça komitetiniň jogapkärçiligindedi. Kanun boýunça aýallar ähli jähetden, şol sanda, zähmet haky, karz pul almak, öz telekeçilik işini başlamak we döwlet edarasynda işlemek jähtlerinden hem erkekler bilen deňhukuklydy. Emma muňa garamazdan, iş ýüzünde zenanlar her hili kemsitmelere sezewar edilýärdiler. Belli maglumatlara görä, iş eýeleri köplenç ýagdaýda aýallaryň göwreliligini, ýa-da çagasyna seretmelidigini bahana edinip, önümçiligiň pese düşmeginden howatyrlanyp, erkek adamy işe alanyny gowy görýärdiler. Hökümete degişli hojalyk kärhanalarynyň ýokary gatlaklarynda aýallaryň eýeleýän wezipeleriniň sany erkekleriňkä garanda azrakdyi we köplenç zenanlar saglygy goraýyş, bilim, şeýle hem durmuş üpjünçilik pudaklarynda işleýärdiler. Saglyk nukdaý nazaryndan howply we zyýanly işlerde işlem’ge gezek gelende hökümet tarapyndan aýallar üçin çäklendirmeler bardy.
Hökümet aýallaryň kemsitmelere sezewar bolup-bolmaýandygyndan habarly däldi, şeýle meselelere garamaýardy ýa-da bu barada habar bermeýärdi. Aýallaryň kanuny hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan ýörite döwlet edarasy ýokdy, emma aýallaryň kanuny hukuklary bilen iş salyşýan “Aýallar birleşigi” (döwletiň bir şahamçasy bolan “DDG”) we Milli demokratiýa we ynsan hukuklary instituty bardy.
Çagalar
Çaganyň dogulandygyny bellige almak: Kanun boýunça çaganyň raýatlygy onuň ata-enesiniň raýatlygyndan gelip çykýar. Türkmenistanda wagtlaýyn ýaşamaga ygtyýarnamasy bolup, emma raýaty bolmadyk maşgalada çaga dogulan ýagdaýynda, şol çaga Türkmenistanyň raýaty hasaplanýar. Hökümet, çagalaryň abadan bolmagyny nazarda tutup, üjypsyzja çäreler amala aşyrdy, şol sanda çagalaryň saglygyny goramaga niýetlenen maksatnamalaryň çaginde BMG-nyň Çagalar gaznasy we halkara guramalaryň beýlekileri bilen hyzmatdaşlygyny has hem ýaýbaňlandyrdy.
ÝUNISEF-iň hasabatynda belläp geçmegine görä, şäherdäki çagalaryň ýüzden togsan altysynyň, oba ýerindäki çagalaryň bolsa ýüzden togsan bäşiniň dogluşy hakynda ýazgy edilipdir.
Çaga degişli zulumly hereketler: Çagalaryň horlukdyr zulumly hereketlere sezewar edilýändigi barasynda üzlem-saplam habarlar gelip gowuşýardy. 2006-njy ýylda BMG-nyň Çagalaryň hukugy barada komiteti teklipler neşir etdi. Onda hökümete maşgala meseleleri we çaga ideg bermegiň başga mümkinçilikleri, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň işleri boýunça adyl suduň geçirilmegi, çagalaryň horlukdyr zulumlykly hereketlere sezewar edilmeginiň öňüni almak, sagdyn we abadan bolmagyny, bilim almagyny üpjün etmek, şikesli çagalary üns merkezinde saklamak ýaly we olaryň goragyny üpjün ediji aýratyn serişdeler ýaly meseleleri üns merkezinde goýmak barasynda teklipler edilýär.
Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň durmuş gurmagy: elýeterli bolan iň soňky maglumatlara (ýagny ÝUNISEF-iň 2006-njy ýylda beren maglumatyna) görä, bu ýurduň çäginde nikalaşýanlaryň ýüzden 9% kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň paýyna düşýär. Interpoluň hasabatyna görä, jenaýat jemkanunynda “... kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary jelepçilik bilen meşgul etdirmeklik üçin jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulandyr.”
Çagalary jynsy aragastnaşyklar üçin ulanylmak: Kanun boýunça kämillik ýaş 16-dyr. Pornografik serişdeleri, ýa-da zatlary ýaýratmak, reklama etmek we satmak maksady bilen pornografik häsiýete eýe zatlary, şol sanda çagalara degişlilikde şeýle işler bilen meşgullanmak jenaýat jemkanunynyň 164-nji maddasyna laýyklykda jezalandyrylýar. Interpoluň hasabatyna görä, jenaýat jemkanunynda “... kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bedenini satmak bilen bagly işlere itermek üçin jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulandyr.”
Halkara çaga ogurlygy: Türkmenistan Halkara çaga ogurlygyna bagyşlanan 1980-nji ýylda kabul edilen Gaaga konwensiýasynyň agzasy däldir.
Anti-semitizm
Ýurtda takmynan 300 ýewreý bolup, olaryň aglabasy Aşgabatda ýaşaýardy, emma guramaçylykly ýewreý jemagaty ýokdy. Ýurdyň içinde anti-semit hereketler barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
Adam söwdasy
Adam söwdasy barada maglumat almak üçin, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň www.state.gov/g/tip saýtynda ýerleşdirilen Adam söwdasy barada ýyllyk hasabatyny seredip bilersiňiz.
Maýyplar (işlemäge ukyby bolmadyk) adamlar
Kanun fiziki, sensor (körler, kerler, lallar), akyl we ruhy taýdan şikesli maýyplary işe durmakda, bilim almakda, saglygy goraýyş we döwletiň üpjün edýän beýleki hyzmatlaryndan peýdalanmakda kemsitmelere sezewar bolmagyny gadagan edýär. Emma muňa garamazdan, jemgyýetiň durmuşa aralaşan berk garaýşy sebäpli, maýyplaryň iş ýüzünde işe durmakda, bilim almakda, saglygy goraýyş we beýleki gulluklaryň hyzmatlaryndan peýdalanmakda kemsitmelere sezewar bolan ýagdaýlary gaýtalanyp durdy.
Hökümet maýyplara pensiýa we kömek puluny berýärdi, emma şeýle hem bolsa bu berilýän kömek puly iň esasy ýaşaýyş zerurlyklaryna ýetemeýärdi. Şu kömek puluny alýan maýyplar hökümet tarapyndan işleýän adamlar hasaplanýar, hut şu jähtden hem olar ýurtda iň uly iş eýesi bolan hökümetden iş talap etmäge haklary ýok diýlip hasaplanýardylar.
Maýypokuwçylaryň birnäçesi, olara bilim bermäge başarnykly, ýörite käriň eýesi bolan mugallymlaryň bolmanlygy we bular ýaly çagalar üçin okuw mekdepleri elýeterli dälligi sebäpli bilim alyp bilmeýärdiler, kemisli adamlara ýeňillik-de berilmeýärdi. Maýyp i okuwçylar ýokary okuw jaýyna kabul edilmekde öňe sürülýän resmi däl talaplara gabat gelmeýärdiler, hut şu sebäpden hem olar ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmediler. Maýyp çagalar, şol sanda akyl-huş taýdan şikesli çagalar hökümet tarapyndan ýöriteleşdirilen mekdep-internatlara ýerleşdirilýärdiler we şol mekdepleriň çäginde olara bilim almaga şertler we, eger ýagdaýlary bar bolsa, işlemäge-de mümkinçilikler berilmelidi; emma iş ýüzünde bularyň hiç birisi-de üpjün edilmedi. Sensor şikesli çagalar üçin ýurduň ulurak şäherlerinde mekdepler bardy. Maýyp çagalar üçin hökümet Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň her birisinde ýörite saglygy dikeldiş merkezleri bolan mekdep-internatlary gurmak işine başlady.
Kanun täze gurulýan binalara maýyplaryň barmagyny ýeňilleşdirýän enjamlar bilen üpjün edilmegini talap edýän hem bolsa, bu talap hemişe ýerine ýetirilmeýärdi, öňki jaýdyr-binalar bolsa maýyplar üçin barmasy kyn bolmaklygynda galýar. Giriş-çykyş ýollarynyň durnukly standartlarynyň ýoklugy sebäpli täze binalaryň käbirleriniň gurluşygynda bu meselä garalan hem bolsa, üpjün edilen panduslar hil taýdan maýyp adamlaryň derdine ýarardan has yzda galýar. Maýyplaryň hukuklaryny goramak Durmuş üpjünçilik ministrliginiň borjudy. Bu ministrlik DDB guramalaryň maýyplara ýardam bermek maksady bilen çäre geçirenlerinde, ýer we guramaçylyk kömegini ýetirip durdy.
Millet/jyns/milli azlyklar
Kanun ähli raýatlar üçin deň hukuklary we azatlyklary kepil geçýär. Azlyk toparlar, şol sanda Elimaý Türkmenistan atly gazak medeni merkezi, medeni çärelerini geçirmek üçin hukuk statusly bolar ýaly DDB guramalaryny döwlet tarapyndan bellige alynmagy ugrunda tagalla baryny etdi; emma ýylyň dowamynda azlyk toparlarynyň ýekejesi-de özüni bellige aldyryp bilmedi.
Kanun azlyk toparlaryň öz dillerinden peýdalanmak hukugyny kepil geçýär, emma muňa garamazdan, türkmen dilini döwlet dili diýip, ykrar edýär. Döwlet resmi işleri diňe türkmen dilinde alyp barmak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýän hem bolsa, paýtagtda söwda we gündeki durmuşa gezek gelende ilat tarapyndan rus diline artykmaçlyk berilýän ýeke-täk dil bolmagynda galýar. Hökümet ministrlikleriň öz işgärleriniň hünärleri boýunça derslerden türkmen dilinde synagdan geçirilmegini talap edýärdi; bu synagdan geçip bilmedik işgärler işden çykarylýardy. Turkmen milletinden bolmadyklara türkmen dilini öwretmek maksady üçin hökümet tarapyndan serişdeler diňe başlangyç we orta mekdeplerine goýberdi.
Türkmen dilinde gepläp bilmeýän raýatlaryň belläp geçmegine görä olaryň işinde ýokary basgançaklara ýetmek we ýokary wezipelere ýetmek mümkinçilikleri diýseň azdy. Aslyýetinde ministrliklerde türkmen dilini bilmän, uly wezipelerde işläp ýörenleriň sany barmak basyp sanar ýalydylar. Käbir ýagdaýda döwlet edaralaryna işe girmekçi bolýanlar üç arkasy barada maglumat bermeli bolýardylar. Işgär sanyny azaltmaly bolan ýagdaýynda hökümet ilki bilen türkmen milletinden bolmadyklary nyşana alýardylar.
Jemgyýetdäki ýüz berýän zulumlykly hereketler, kemsitmeler (diskriminasiýa) we aýal-erkekligine we haýsy jynsa degişlilikde meýil bildirýän zorluklar
Özara ylalaşyk esasynda bir jynsdan bolan adamlaryň arasynda tebigy bolmadyk jyns aragatnaşygy (beçebazlyk) bikanundyr we iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasy bardyr; kanunda zenanlar arasyndaky şular ýaly aragatnaşyk (zenekebazlyk) agzalmaýar. Ynsan hukuklaryny goraýan bir DDB guramanyň aýtmagyna görä, beçebazlyk häkimiýetler tarapyndan akylyň üýtgemegi diýlip hasaplanýar; şol sebäpli-de käbir halatlarda beçebazlar bejergi bermek üçin, psihiatrik hassahanalara ýerleşdirilipdirler.
Aýal-erkekligine we jynsa degişlilikde meýil bildirme bilen baglylakda zorluk ýa bolmasa ynsan hukuklarynyň başga hili ýoýulmagy ýagdaýlar barasynda hiç hili resmi habar gelip gowuşmady, şonuň ýaly-da işe ýerleşmek, jaý almak, raýatsyzlyk, bilim almak ýa-da saglygyna seretdirmek babatynda zenekebazlara, beçebazlara, honsalara we jynsyny üýtgedenlere garşy kemsitmeler barada hiç hili maglumat almak mümkin däldi.
Jemgyýetde ýüze çykyan başga zulumlyklar ýa-da kemsitmeler
AIW/AIDS keseli ýolugan adamlara garşy jemgyýetde zorluk ýa-da zulum görkezilen ýagdaýlary barasynda hiç hili habar gelip gowuşmady. Aslyýetinde hökümet ýurtda AIW/AIDS keseliniň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýär.
Ýedinji bölüm. Zähmetkeşleriň hukuklary.
a. Birleşikler döretmek we köpçülikleýin şertnama baglaşmak hukugy
Kanun raýatlara garaşsyz birleşmeler döretmäge hukuk berýär, şeýle hem işgärler we iş berijileriň arasynda gepleşikler esasynda degişli hak-hukuklaryň we borçlaryň ählisini ýekeme-ýeke sanap geçýän ylalaşykdyr şertnamalara gol çekmäge mümkinçilik berýär. Kanun işgärlere iş taşlaýyşlar geçirmäge rugsat bermeýär we olar köpçülikleýin şertnama baglaşmak hukugyndan mahrumdyrlar. Kanun iş eýeleriniň arkalaşygyň agzalaryna we guramaçylaryna garşy kemsitmeleri(diskriminasiýany) gadagan etmeýär. Ýurtda kemsitmeler (diskriminasiýa) bilen baglylykda edilen şikaýatlara seredip, çözgüde geler ýaly mehanizmi ýok, şeýle-de kanun işini ýitiren adamyň täzeden işine alynmagyny üpjün etmeýär.
Iş ýüzünde birleşmeler azatlygyna sarpa goýulmady. Bar bolan ähli kärdeşler arkalaşyklaryny hökümet gözegçilik astynda saklaýardy we olaryň öz amala aşyrýan işine degişlilikde garaşsyz sesi ýokdy. Hökümet raýatlara garaşsyz birleşmeler döretmäge rugsat edilmeýärdi. Iş taşlaýyşlaryň ýüz berendigi barasynda ýa-da haýsy-da bolsa bir bileleşigiň iňini ýola goýmaklyga synanyşyklar barasynda hiç hili habarlar gelip gowuşmady.
b. Zorlukly ýa mejbury zähmetiň gadagan edilmegi
Kanun zorlukly ýa mejbury zähmeti gadagan edýär. Şeýle ýagdaýlaryň bardygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady.
c. Çaga zähmetiniň gadagan edilmegi we işe girmäge rugsat edilýän minimal ýaş derejesi
Çagalaryň işe girmegine rugsat edilýän minimal ýaş 16 ýaş bolup durýar , ýöne agyr işleriň käbirleri üçin 18-dir. Kanun 16-18 ýaş aralygyndaky çagalaryň günde 6 sagatdan artyk işledilmegini gadagan edýär. On bäş ýaşly çaga bolsa ata-enesiniň we kärdeşler arkalaşygynyň rugsady bilen günde dört sagatdan alty sagada çenli işledilip bilner. Emma şeýle rugsatlaryň alynmagy gaty seýrek hadysadyr. Çaga zähmeti baradaky kanunlaryň durmuşa geçirilmegi üçin, Adalat ministrligi we Baş Prokuratura jogapkärdi. Hökümet çaga zähmetini gadagan edýän kanunyň degişli bölümini netijeli görnüşde durmuşa geçirdi.
d. Kabul ederlikli iş şertleri
Döwlet edaralarynyň hemme pudaklarynda iň pes aýlyk zähmet haky 400 manat($140). Garyplyk derejesine alyp barýan gazanjyň derejesine degişlilikde resmi taýdan edilen çaklamalar elýeterli däldi.
Kanun boýunça hepdelik iş wagty hepdäniň aýagyndaky iki dynç gününi hasaba almak bilen 40 sagatdyr. Kanun boýunça iş wagtyndan artyk ýa dynç günleri işlenen wagt üçin iki esse hak tölenmelidir. Adam ýylyň dowamynda kanunyň kesgitlän wagtyndan 120 sagatdan artyk işledilmeli däldir we artyk işlenen wagt yzygiderli iki günde dört sagatdan köp bolmaly däldir. Kanun göwreli aýallaryň, ýaşy üç ýaşa çenli çagalara bar bolan aýallara, 16 ýaşyna ýetmedik şikesli (maýyp) çagasy bolan aýallara, şeýle hem iki we ondan köp çagany ýeke özi terbiýeläp ýetişdirýän ene, ýa-da ata artykmaç sagatn işlemegi gadagan edýär.
Döwlet tarapyndan her ýylda bir gezek gullukçylara minimum 30 gün, mugallymlara we dürli okuw mekdepleriniň işgärlerine 45 kalendar gün, ýokary okuw jaýlaryň professorlaryna 55 gün işinden tölegli rugsat berilýär. Şeýle hem, kanun täze durmuş tutýan ýaşlara we olaryň ene-atalaryna toýlaryna taýýarlyk görmek üçin işinden 10 gün tölegli rugsat berýär. Şeýle hem, ýakyn garyndaşlary dünýäden öten ýagdaýynda ahyrky ýollaryna ugratmak we dap-dessur boýunça ýas tutup, belli günlerini geçirmek üçin işleýän adamlara işinden 10 gün tölegli rugsat berýär. 62 ýaşyny dolduran raýatlar 3 gün goşmaça tölegli rugsat alyp bilýärler.
Döwlet tarapyndan zähmet gigiýenasy (arassaçylygy) we iş ýeriniň howpsuzlygyna degişli ygtybarly standartlar öňe sürilmedi. Döwlet zähmet inspektoraty (barlagçylar topary) diýlen zat ýok. Emma döwlet kärdeşler arkalaşygy tarapyndan işe alynan zähmet inspektorlarynyň 14–si bar. Olaryň ygtyýarly hökümet edaralaryna iş şertlerini gowulandyrmak barada teklip bermäge hukugy bar. Kanun boýunça kärdeşler arkalaşygynyň jerime salmaga ygtyýary ýok.
Iş ýüzünde döwlet edaralarynyň we hususy sektordaky işgärleriň köpüsinden günde 10 sagat ýa şenbe güni-de tölegsiz işlemek talap edilýär. Gelip gowuşýan habarlarda döwlet edaralarynda işleýänleriň köpüsiniň şenbede-de, iň bolmanda ýarym gün işleýändikleri aýdylýardy. Kanun boýunça iş wagtyndan artyk, ýa-da dynç günleri işlenen wagt üçin iki esse hak tölenmek düzgüni netijeli ýola goýulmandyr.
Gurluşyk işgärleri we köne kärhanalardaky senagat işçileri köplenç howply şertlerde işleýärdiler we zerur bolan gorag enjamlary bilen üpjün edilmeýärdiler. Käbir oba hojalyk işçileri pagtany maşyn bilen ýygmaga taýýarlamak üçin, hususanda pagta ýygylmazdan öň ýapraklaryny gaçyrmak maksady bilen güýçli zyýanly himiki maddalaryň ulanylmagynyň netijesinde saglyga zyýanly daşky gurşawda işlemeli bolýardylar. Käbir ýagdaýlarda işçiler öz iş ýerlerini ýitirmek howpy bilen zerarly saglygyna ýa howpsuzlygyna zyýanly işi taşlap bilmeýärdiler.