jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Maglumat serişdeleri
 
  Alyş-çalyş maksatnamalary Fulbraýt maksatnamasy Fulbraýt magistrlik maksatnamasy Hamfri stipendiýasy Amerikany öwreniş Kohran maksatnamasy Geljekki liderler maksatnamasy Talyplar üçin Maski maksatnamasy Okatmakda ussatlyk we üstünlik Ýaş mugallymlary ösdürmek Ýerli jemgyýetçilikleriň aragatnaşyklary maksatnamasy Merkezi Aziýadaky Amerikan Uniwersiteti Maglumat serişdeleri merkezi Telewideniýede iňlis dili sapaklary Iňlis dilini okatmak we öwrenmek ABŞ hakynda neşirler ABŞ-a degişli sepler Türkmenistana degişli sepler Amerikan burçlary Amerikan merkezi

Alyş-çalyş maksatnamalary

Fulbraýt maksatnamasy

ABŞ-nyň Türkmenstandaky Ilçihanasynyň 2009-2010-njy okuw ýyly üçin William Fulbraýt adyndaky stipendiýa üçin açÿk bäsleşigini yglan edýär

2009-2010-njy okuw ýylynyň dowamynda ABŞ-nyň William Fulbraýt adyndaky stipendiýasy – ýokary derejedäki alymlara we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary üçin okuw okamaga we öz hünäri boýunça kämilleşmäge mümkinçilik berÿär. Maksatnamanyň dowamlylygy – bir semestrden bir okuw ýylyna çenli.

Gözlegler we umumy sapaklar aşakdaky görkezilen mowzuklar boýunça alynyp bilner:

  • Amerikany öwreniş:  Amerikanyň edebiýatynyň, sungatynyň, taryhynyň, filosofiÿasynyň, dininiň dersara we deňeşdirme öwrenişi;
  • Ykdysadyýet we aragatnaşyk:  Işewürlik, mikro- we makroykdysadyýet, oba hojalygy, aragatnaşyk, maglumat beriş ylymlar;
  • Jemgyýetçilik dolandyryşygy: taglymat we durmuşy edaralaryň menejmenti, mysal üçin, durmuşy üpünçiligi, bilim we saglygy goraýyş ulgamlary, şäher planlaşdyrmasy, inžinering we arhitektura;
  • Hukuk:  Kanunberiji ösüş, sud, dolandyryş prosesleri, energiýa baradaky kanun, eýeçilik kanuny, garaşsyz we hökümet ulgamy;
  • Hakyky ylymlar we daşky sredany goramaklyk:  Matematika, biologiýa, geologiýa, geografiýa, himiýa, daşky sredany goramaklyk;
  • Liberal sungatlary öwreniş:  Sungat, sungatyň taryhy, döredijilik haty, tanslar, kinosungaty, žurnalistika, kitaphanaçylyk sungaty, lingwistika, saz we teatr.
  • Sebiti öwreniş we amerikan-türkmen ikitaraplaýyn gatnaşyklary.

Talaplar:  

Kandidatlaryň:

  • Doktorçylyk ýa-da şuňa meňzeş professional iş tejribesi;
  • ABŞ-da gözleg işini ýa-da leksiýa geçirmeklik üçin iňlis dilini gowy bilmekligi talap edilýär

Anketalar

Anketalary 2008-nji ýylyň Sanjar aýynyň 1-ine çenli tabşyrmaly.

Anketalary biziň saýtymyzdan şu ýerden Adobe Acrobat pdf formatynda (574 kb) ýa-da ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminden alyp bilersiňiz. Maslahatlaşmak üçin ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminiň Bilim maksatnamalary boÿunça kömekçisi Täzegül Gaýypowa ýa-da Amerikan burçlaryna ýüz tutmak bolar.

Biziň salgymyz:

“Ak Altyn” myhmanhanasy,
4-nji gat, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
Tel.: (+993-12) 36 13 65; 36 33 31
Faks: (+993-12) 36 46 93

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas