jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Maglumat serişdeleri
 
  Alyş-çalyş maksatnamalary Fulbraýt maksatnamasy Fulbraýt magistrlik maksatnamasy Hamfri stipendiýasy Amerikany öwreniş Kohran maksatnamasy Geljekki liderler maksatnamasy Talyplar üçin Maski maksatnamasy Okatmakda ussatlyk we üstünlik Ýaş mugallymlary ösdürmek Ýerli jemgyýetçilikleriň aragatnaşyklary maksatnamasy Merkezi Aziýadaky Amerikan Uniwersiteti Maglumat serişdeleri merkezi Iňlis dilini okatmak we öwrenmek ABŞ hakynda neşirler ABŞ-a degişli sepler Türkmenistana degişli sepler Amerikan burçlary Amerikan merkezi

Maglumat serişdeleri

ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan Türkmenistanda geçirilýän okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary

Fulbraýt maksatnamasy

Fulbraýt alyş-çalyş maksatnamasy iň ýokary derejedäki akademik alyş-çalyş maksatnamasydyr. Ol tejribeli türkmenistanly alymlara, ylmy işgärlere we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde leksiya okamaga we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa

Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa üstünlikli işläp ýören orta tejribeli, ýolbaşçy wezipelerde işleýän hünärmenlere 1 ýyllyk ABŞ-da dereje berilmeýän okuwa gitmäge we öz hünärleri boýunça gatnaşyklary gurmaga mümkinçilik berýär.

Fulbraýt adyndaky Amerikany öwreniş institutynyň seminarlary

Fulbraýt adyndaky Amerikany öwreniş institutynyň seminarlary maksatnamasy dürli milletli hünärmenler üçin 6 hepdelik okuwdyr. Bu maksatnama ABŞ-nyň jemgyýetini, medeniýetini we gurluşyny öwrenýän ýa-da wezipesi şu ugurlar bilen dahylly mugallymlar, alymlar we beýleki hünärdäki adamlar üçin niýetlenendir we onuň maksady Birleşen Ştatlara has düýpli düşünmegi ösdürmekdir. Dalaşgärler iňlis dilini kämil bilmelidirler.

Kohran Fellowşip maksatnamasy

ABŞ-nyň Oba hojalyk departamenti (ministrligi) tarapyndan amala aşyrylýan Kohran maksatnamasy döwlet we hususy sektoryň oba hojalyk hunärmenleri üçin Amerikanyň oba hojalygy bilen tanyşdyryjy 2 hepdelik sapary hödürleýär.

Mekdep okuwçylary üçin Geljekki liderleriň alyş-çalyş maksatnamasy

Mekdep okuwçylary üçin Geljekki liderleriň alyş-çalyş maksatnamasy mekdepleriň ýokary klas okuwçylaryna bir okuw ýylynyň dowamynda amerikan maşgalasynda ýaşamaga we amerikan orta mekdebinde okamaga mümkinçilik berýär.

Ýewraziýa ýurtlary boýunça Talyplar üçin alyş-çalyş maksatnamasy

Talyplaryň alyş-çalyş maksatnamasy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň I we II kurs (5 ýyl okuw maksatnamaly ýokary okuw mekdepleriniň III kurs) talyplaryna 1 ýyl ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga mümkinçilik berýär.

Edmand Maski maksatnamasy

Bakalawr derejesi bolan GDA ýurtlarynyň rayatlaryna magistr derejesini gazanmak ýa-da dereje gazanmagy göz öňünde tutmaýan maksatnamalar boýunça ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýär. Dalaşgärler bir ýyllyk, 18 aýlyk ýa-da iki ýyllyk maksatnama kabul edilýärler.

Okatmakda ussatlyk we üstünlik maksatnamasy

Mekdep mugallymlaryny öz ugurlaryndan bilimini ösdürmekde, okadyş usullaryny kämilleşdirmekde we ABŞ barada bilimlerini artdyrmakda özboluşly mümkinçilikler bilen üpjün eder. Gatnaşyjylaryň hersi ABŞ-nyň uniwersitetinde alty-hepdelik hünär ösüşi taslamasyna gatnaşmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik taparlar.

Ýokary okuw mekdepleriniň we kollejleriň/liseýleriň ýaş mugallymlarynyň iş tejribesini artdyrmak maksatnamasy

Ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň iş tejribesini artdyrmak maksatnamasy Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlaryna niýetlenendir we açyk bäsleşik esasynda geçirilýän alyş-çalyş maksatnamadyr. Onuň ýeňijileri öz mugallymçylyk ukyplaryny artdyrmaga hem-de okuw meýilnamasynyň we okuw gollanmalarynyň üstünde işlemegiň ýollaryny öwrenmäge mümkinçilik gazanarlar.

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz



 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas