Ilçihana hakynda
ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili
Hanym Silwiýa Rid Kurran
![]() |
| ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Rid Kurran |
Hanym Silwiýa Rid Kurran Çikago şäherinde doglyp şol ýerde buthananyň ýanyndaky mekdebi tamamlaýar. Onuň Biologiýa ylymlaryň bakalawry derejesi we Alýaska Uniwersitetinden himiýa ugryndan Tejribe ähmiýetli ylymlaryň kandidaty bolup durýar. Milli serişdeler strategiýasy ugry boýunça Milli Goranmak uniwersitetinden ylymlaryň magistri derejesi bar.
Diplomatik işe başlamazdan ozal, Silwiýa Rid Kurran Çikago Uniwersitetinde sitogenetika we bio-tilsimatlary öwrenmek ugry boýunça (leýkemiýa garşy derňewler) we hususy senagat pudagynda (käşir we gülleri klonirlemek bilen baglanşykly) işledi. Gawaýy Uniwersitetinde medisina tehnologiýalary ugry boýunça okaýan wagty, ol şu uniwersitetde birinji ýyl talyplara ispan dilini hem okatdy.
Hanym Kurran diplomatik işe 1987-nji ýylda başlady. Ol Meksikada, Kanadada, Hytaýda we Ysraýylda işledi. Öňki Sowet Soýuzynyň çäklerinde bolsa Moskwada Syýasy bölüminiň başlygynyň orunbasary, Döwlet Sekretaryň syýasat meseleleri boýunça orunbasarynyň Ýewropa we Ýewraziýa döwletleri boýunça ýörite kömekçisi, Daşkentda Syýasat we ykdysadyýet meseleleri boýunça geňeşçi bolup işledi, häzir bolsa Türkmenistanda işleýär.
Hanym Kurran aýratyn hyzmatlary üçin sylaga bäş gezek, üç gezek hem iň ýokary sylaga mynasyp boldy. Ispan, rus we mandarin dillerini bilýär. Hanym Karran diplomatiýa gullugynyň ýokary derejli wekilidir.




