jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň täzelikleri
 
  Wagtlaýyn işler ynanylan wekil Ilçihana hakynda Ilçihananyň bölümleri Feýsbuk sahypamyz Baýramçylyklar Iş mümkinçilikleri Ilçihananyň iň täze habarlary

Maglumat we medeniýet bölümi

Okuw we hünär kämillik alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary üçin maksatnamalar

Uçurymlaryň ýurduň ähli künjeginde alyp barýan işleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän alyş-çalyş we okuw maksatnamalaryna gatnaşanlaryň has köp özara aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyna ýardam edýär. Bu maksatnamalaryň maksady uçurymlaryň jemgyýetiň ösüşine niýetlenen işlerine gantaşygyny giňeltmekdir. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi uçurymlar üçin Uçurymlaryň ýyllyk milli maslahatyny, Iş ýarmarkasy, Bilim ýarmarkasy, Uçurym duşuşyklary ýaly birnaçe maslahatlary, seminarlary we duşuşyklary yzygiderli geçirýär. Maglumat we medeniýet bölümi uçurymlar we beýlekiler üçin umumy mowzukdan habardyr maglumatlary taýýarlap ýaýradýar.

Maglumat we medeniýet bölümi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän alyş-çalyş we okuw maksatnamalarynyň uçurymlary üçin olaryň özleri tarapyndan ýazylyp, ýylda 4 gezek çykýan “Alumini Boom” habarlar toplumyny neşir edýär we ýaýradýar. Bu habarlar toplumyny elektron görnüşinde alyp bilersiňiz: gyş-ýaz 2008, tomus 2008 we güýz 2008 (Täze!!!) sanlary bardyr.

Ilçihana, şeýle hem, uçurymlar üçin niýetlenen Döwlet departamentiniň uçurymlary websaýtynda hasaba durmaga çagyrýar. Bu saýt uçurymlara dürli grantlar, iş, stipendiýa we türgenleşik mümkinçilikleri barada maglumatlary hödürleýär. Ol, şeýle hem, ABŞ hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýan maksatnamalaryň tutuş dünýädäki uçurymlary arasynda aragatnaşygy ýola goýýar.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamalaryň Türkmenistanly uçurymlaryna grant berýär. Bu maksatnamanyň maksady uçurymlaryň Türkmenistanyň ilaty bilen ABŞ-nyň halkynyň birek-birege düşünişmeklerini çuňlaşdyrmaga ýardam edýän jemgyýetçilik taslamalaryny goldamakdyr. Uçurymlar kiçi grant maksatnamalary we ýol harjy grant maksatnamalary üçin ýüz tutup bilerler.

Uçurymlaryň alyp barýan işlerinden we maksatnamalaryndan yzygiderli habardar bolmak isleýän bolsaňyz, siz “Turkmen alumni listserwine” ýazylyp bilersiňiz. Munuň üçin aşakdaky adrese elektron hat ibermelidir: allaberdievajn@state.gov.  

Habarlaşmak üçin:
Uçurumlar bilen geçirilýän maksatnamalaryň utgaşdyryjysy,
Salgysy: ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Magtymguly köç. 141/1, 4-nji gat, Ak-Altyn Oteli,
Tel.: (993-12) 36 13 65;
Faks: (993-12) 36 46 93

Sahypany ulanmak üçin:

 Şu makalany çap edip bilersiňiz

- Habarlaşmak -

Uçurumlar bilen geçirilýän maksatnamalaryň utgaşdyryjysy,
Gunça Kömekowa
ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Magtymguly köç. 141/1, 4-nji gat, Ak-Altyn Oteli,
Tel.: (993-12) 36 13 65
Faks: (993-12) 36 46 93
E-poçta: komekovagt@state.gov




 
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas