Esasy hasabatlar
“Erkinligi we demokratiýany ösdürmek hakynda” ýurtlar boýunça hasabat - 2008: Türkmenistan
Birinji bölüm
Konstitusiýasynda: “Prezident tarapyndan dolandyrylýan dünýewi we demokratik respublika” diýlip, yglan edilýän-de bolsa, takmynan bäş million ilaty bolan bu ýurt 2006-njy ýylyň dekabr aýynda dünýäden ötýänçä, ýurt başynda bolan ömürlik prezident Nyýazowyň golastyndaky awtoritar döwlet gurluşlydy. Halk maslahaty 2007-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawyna gatnaşmak üçin, alty kandidaty (dalaşgäri) saýlap aldy. Dalaşgärleriň ählisi-de ýurtdaky ýeke-täk syýasy partiýa bolan Demokratik partiýanyň agzalarydy. Halkara standartlara laýyk gelmeýän bu saýlawda Gurbanguly Berdimuhammedow üstün çykdy. 2007-nji ýylda döwlet degişli halkara konwensiýalaryna laýyk getirmek maksady bilen ýerli kanunlary täzeden işlemek babatynda giň gerimli işe başlady. Şeýle hem, ol öz islegine görä käbir halkara jemgyýetçiligi bilen gatnaşygy ýola goýup ugrady we halkara jemgyýetçilik pikirine jogapkärçilikli çemeleşmäniň ösendigini görkezdi. Eýsem-de bolsa, käbir pudaklardaky ýüzleýje özgerişliklere garamazdan, hökümet yzygiderli düzgünbozmalary amala aşyryp geldi, şonuň üçin-de onuň adam hukuklary baradaky ýagdaýy öňki ýaly ýaramazlygyna (üýtgewsiz) galdy. Häkimiýetler syýasy we raýatlyk azatlyklaryny gödek çäklendirdiler. Häzirki wagtda adam hukuklary babatynda dowam edip gelýän meseleler aşakdakylardan ybaratdyr: raýatlaryň öz hökümetlerini çalşyp bilmezligi; tussag astyna alnanlara gödek çemeleşilmegi we ejir berilmegi; tussaglaryň üzňe we wagtyndan artyk saklanmagy; raýatlaryň bikanun tussag edilmegi we tussag astyna alynmagy; kanuna laýyk we adalatly suduň inkär edilmegi; söz, metbugat, ýygnanyşmak we birleşmek, şeýle hem din azatlygynyň, käbir raýatlar üçin bolsa hereket etmek azatlygynyň-da çäklendirilmegi; aýallara garşy zorluk ulanylmagy; we işçileriň erkin birleşmegine ýol berilmezligi.
Ikinji bölüm
2006-njy ýylda Nyýazow dünýäden ötenden soň, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu ýurt bilen gatnaşyklaryny täzeden ýola goýmaga başlady. ABŞ-nyň hökümeti oňa köpugurlaýyn hyzmatdaşlygy teklip etdi. Bu bolsa käbir pudaklarda, esasan-da kanunçylykda netijeli (öndümli) gatnaşyklara alyp bardy.
ABŞ hökümetiniň demokratiýa we ynsan hukuklary babatyndaky tagallalary Türkmenistanyň hökümetini ynsan hukuklary boýunça halkara borçlaryna hormat goýmaga we kanunçylygy güýçlendirmäge ugrukdyrmakdan ybaratdyr. ABŞ bu döwletiň dolandyryşyň has açyk sistemasyny döretmegine we täze ýa täzeden işlenen kanunlaryň zerur pudaklaryny kesgitlemegine ýardam etmäge çalyşýar. Şonuň ýaly-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlary raýatlaryň ýurt içinde we daşynda hereket etmek azatlygyna, şeýle hem metbugat, ýygnanyşmak, söz we din azatlygyna hormat goýmagyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtaýar. ABŞ hökümeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkin bolup biljek pudaklaryny kesgitlemäge, şol sanda, mümkinçilik döretmek, raýatlyk jemgyýetini berkitmek we maglumata elýeterliligi artdyrmak, kanun goraýjy edaralarda hem kazyýet ulgamynda aç-açanlygy we halk öňünde hasabat bermek düzgünini girizmek boýunça türgenleşik okuwlaryny ýola goýmaga ugrukdyrylan gepleşiklere ýol açmaga çalyşýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary aýry-aýry adamlar babatynda ynsan hukuklarynyň bozulan ýagdaýlary barasynda yzygiderli çykyş edýär we öz işini DDB guramalar, beýleki diplomatik wekilhanalar, şeýle hem, halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda alyp barýar (utgaşdyrýar).
Üçünji bölüm
ABŞ köpçülikleýin beýanat, internet hyzmatlaryny ösdürmek proýektleri, göçme lektorlar, şeýle hem alyş-çalyş programmalary arkaly maglumat almak, metbugat we söz azatlygynyň ähmiýetini nygtaýar. 2007-nji ýylda ABŞ hökümeti bäş sany dilüsti çekişmäniň guralmagyny maliýeleşdirdi. “Federalizm”, “Häzirki zaman amerikan kommunikasuiýalary we köpçülikleýin maglumat serişdeleri” ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylan bu çäreler Amerikanyň ynsan hukuklary hereketiniň weteranlary we amerikan hökümetiniň öňki işgärleri bilen tanyşlygy-da öz içine alýardy. 2007-nji ýylda ABŞ-nyň ilçihanasy bäş sany aýry-aýry bilim programmasy boýunça gysga hem uzak möhletleýin ylmy-derňew işleri, şeýle hem türgenleşik üçin 160 ýerli bilermeni, hökümet işgärini we talyby Birleşen Ştatlara iberdi. Bu alyş-çalyş programmalary talyplar üçin açyk hem demokratik jemgyýete; amerikan döwlet edaralaryna we azat bazar ykdysadyýetine ýol açdy. Bu programma gatnaşanlar ABŞ-nyň kazyýet ulgamy, ABŞ-nyň jenaýat kazyýet iş ýörediş normalary, kanunçylyk kampaniýalary we saýlawlar, raýatlaryň hukuklary we borçlary, halk demokratiýasy (demokratiýanyň esaslary), şeýle hem iňlis dili boýunça bilimlerini artdyrdylar. Jemgyýetçilik işjeňligi programmasyndan gaýdyp gelensoňlar, oňa gatnaşanlaryň biri ABŞ hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bir merkez açdy. Bu merkez maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy babatynda kemisli adamlaryň we maşgalalaryň aň-biliminiň artdyrylmagyny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýar. Şeýle hem, ol jemgyýetdäki kemisli adamlara degişli bolan meselelere köpçüligiň ünsüni çekmek maksady bilen çekişmeler we tegelek stollar guraýar.
ABŞ hökümeti ýerli, regional, we halkara çeşmelere girişi bolan tehnikadan baş çykarýan raýatlaryň ulgamyny döretmek maksady bilen maglumatyň has elýeterli bolmagy ugrundaky tagallalary goldaýar. ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän maglumat merkezi raýatlary internet hyzmatlary we kompýuter öwreniş dersleri bilen üpjün edýär. 2007-nji ýylyň mart aýynda ABŞ tutuş Orta Aziýa üçin orus dilinde gepleşik berýän emeli hemrany uçurdy. Takmynan 750.000 maşgala programma düzmek bilen meşgullanyp bilýär.
Amerikanyň Birleşen ştatalary döwlet dolandyryşyna jemgyýetçiligiň gatnaşygyny artdyrmak (güýçlendirmek) maksady bilen bu ýurda tehniki ýardam berýär. Elli topara degişli bolan takmynan 8000 adam, şol sanda, mülkdarlar, ýaşlar, aýallar we ýerli dolandyryjylar bu ýardamdan peýdalanýarlar. ABŞ hökümeti türgenleşikler geçirmek, kanuny goldaw bermek, maglumaty has elýeterli etmek, jemgyýetçilik hereketlerine maddy ýardam bermek, jemgyýetçilik ulgamlaryny döretmek, strategik planlaşdyrma we kanuny analize hem goldawa giriş bilen üpjün etmek arkaly bu toparlaryň ýolbaşçylaryna we raýatlyk toparlaryna mümkinçilik döredýär. Giňden ulanylýan käbir täzeçil çemeleşme usuly jemgyýetçilik CD-ROM kitaphanasyny, gezekleşikli ulanylýan süýşürintgiler we karz berýän assosiasiýalary, ýaşlar üçin hünär öwreniş we şägirtlik programmalaryny, kämilleşdiriş planlary öz içine alýar. ABŞ bu ýurtda gowy dolandyryşyň bolmagyny goldaýar, şu maksat bilen ol 2008-nji ýylda raýatlar bilen hökümet işgärleri arasynda gepleşik geçirilmegini goldamak arkaly ýerli häkimiýetleriň hyzmatlaryny gowulandyrmaga ugrukdyrylan 15 sany halka hyzmaty gowulandyrma programmasyny amala aşyrmakçy. 2007-nji ýylda ABŞ-nyň ýerine ýetiriji hyzmatdaşlary Hökümet işgärleriniň hereketlerine garşy şikaýat etmegiň ýollary barada tegelek stol geçirdiler.
Dördünji bölüm
ABŞ hökümeti raýatlyk jemgyýetini berk goldamagyny dowam etdirýär. Şu goldawa esaslanyp, ýerine ýetiriji hyzmatdaşlar ýuridiki taraplary döretmek, olary bellige aldyrmak, bankda hasap açmak, salgytlar, içerki audit ulgamy, dolandyryş usullary, şeýle hem bellige alynmazdan, iş alyp barmak üçin amala aşyrylmagy zerur bolan kanuny çäreler babatynda DDB guramalara gönüden-göni, elektron poçta ýa-da telefon arkaly maslahat berip durýarlar.
Bulardan başga-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen hökümetine onuň ynsan hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmek, şol sanda, “Türkmenistanyň wyždan azatlygy baradaky kanunyna” täzeden garamak we jenaýat kodeksini özgertmek babatynda ýardamyny teklip etdi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy wyždan bendileriniň azatlyga çykarylmagyny talap etmek, DDB guramalaryň we az sanly dini toparlaryň bellige alynmagyny goldamak, şeýle hem garaşsyz žurnalistleriň işlemegine hukuk berilmegini gazanmak arkaly aýry-aýry şahslar we toparlaryň adyndan çykyş edýär. ABŞ bu ýurtda din azatlygyny durmuşa geçirmegini, hökümeti az sanly dini toparlara gysyş görkezmegini we yzarlamalryny azaltmaga çagyrmagyny dowam etdirýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary halkyň hukuk düşünjesini artdyrmak, şeýle hem milli we halkara maglumat bazasyny döretmek bilen kanuna degişli maglumatlaryň elýeterliligini gazanmak arkaly kanunçylygy durmuşa geçirýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary DDB guramalary döretmek we bellige aldyrmak, salgyt meseleleri, zähmet kanunçylygy, ýeriň ulanylyşy we suwdan peýdalanmak hukugy babatynda maslahat berýän kanunşynaslaryň ulgamyny goldaýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň programmalaryna internetiň gyzgyn liniýasy, maglumat baza ulgamy, göçme kanuny klinikasy we hünärmenleri kämilleşdiriş okuwlary arkaly gatnaşýan adamlaryň sany 1800-den aşdy. 2007-nji ýylda ABŞ hökümeti parahorluga garşy geçirilen konferensiýany maliýeleşdirdi. Aýallaryň hukugyny goldamak programmasy häzirki wagtda ABŞ hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilip, alnyp barylýar. Bu programma aýallara, aýratyn-da maşgalada zorluk gören (ejir çeken) aýallara kanuny ýardam berýär.



