jump over navigation bar
Embassy SealABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Ilçihanasy Aşgabat, Turkmenistan - Baş sahypa flag graphic
Ilçihananyň wajyp wakalary

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jorj Krol "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2009" atly halkara sergä gatnaşjak ABŞ-nyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelýär

Ilçi Jorj Krolyň Türkmenistanyň Nebiti we gazy halkara sergisinde çykyş edýän pursaty
Ilçi Jorj Krolyň Türkmenistanyň Nebiti we gazy
halkara sergisinde çykyş edýän pursaty
Aşgabat, 2009-njy ýylyň 16-njy noýabry – ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Ilçi Jorj A.Krol noýabr aýynyň 16-19-yna Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2009 (TIOGE 2009) halkara sergisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelýän delegasiýa ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda saparda bolýar.  Ýewraziýa sebitiniň energetika meseleleri boýunça ABŞ-nyň ýörite wekiliniň baş geňeşçisi Daniel Steýn Ilçi Krol bilen bilelikde onuň köp duşuşyklaryna gatnaşar.  Ilçi Krol ikitaraplaýyn meseleleriň köp sanyny, şol sanda, energetika meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe ýokary derejeli türkmen hökümet wekilleri bilen duşuşyk geçirer.

Ilçi Krol diplomatik gulluga 1982-nji ýylda girişdi.  2003-2006-njy ýyllar aralygynda ol Belarussiýada ABŞ-nyň Ilçisi wezipesinde işledi, şeýle hem, Moskwada, Sankt-Peterburgda, Kiýewde, Minskide, Warşawada we Nýu-Delide dürli wezipeleri eýeledi.  Mundan başgada, ol Döwlet departamentiniň birnäçe wezipelerinde, şol sanda, Russiýanyň meseleleri boýunça bölümiň direktory we täze garaşsyz döwletlere jogapkär ilçiniň ýörite kömekçisi bolup işledi. dowamy

Ilçi Jorj Krolyň Türkmenistanyň Nebiti we gazy halkara sergisiinde eden çykyşy

Iň täze habarlary

ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine iňlis dilini öwrenmäge ýardam edýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Karran türkmen hukuk goraýjy edaralarynyň ofiserlerine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň
Aşgabat, 2009-njy ýylyň 6-njy noýabry – Bu gün ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň "Türkmen hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin Iňlis dili okuwlary" atly maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň iň soňky sapagynyň tamamlanmagy bellenilýär.  Maksatnamanyň şu ýylky uçrumlarynyň arasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, neşelere garşy goreşmek baradaky Döwlet gullugynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri bar. Uçrumlara aýdan gutlag sözünde ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Karran ýokary hilli hukuk goraýjy operasiýalar üçin iňlis diliniň wajyplygyny belläp geçdi dowamy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Karranyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli gutlaglary

ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Karran
Salam, meniň adym Silwiýa Karran, men ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili. Türkmenistandaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň başlygy hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna hem-de hökümetine Türkmenistanda wekilçilik etmek meniň üçin uly bagtdyr. Şunuň bilen baglanşykly men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlygyň 18-ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu wagt Türkmenistanda bolmak üçin örän şatlykly döwürdir. Dowamly ykdysady ösüşi hem-de Prezident Gurbanguly Berdymuhamedowyň saglyk hem-de bilim pudaklaryny ösdürmeklige gönükdirilen aladalary bilen Türkmenistan bütindünýä bilen giňişleýin birleşmegiň öňisyrasynda dur. Yzygider ösüş geljekki nesle global jemgyýetçiligine gatnaşmaklygy üçin şowly bilim bermeklige baglydyr. Oňat bilim alan raýatlar ykdysady we gumanitar ösüşi höweslendirmek bilen güýçli döwleti hem-de geljegi gurmaga ýardam edýär. dowamy

Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilen üçünji serhet geçelgesi açylýar

Ýaşyl lentanyň resmi ýagdaýda kesilmegi
Türkmenabat, 2009-njy ýylyň 15-nji oktýabry – Şu gün, ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Karran, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa degişli meselelerine jogapkär müdir Tom Huşek, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň kontr-admiraly Maýkl Franken hem-de Newada Milli Gwardiýasyna wekilçilik edýän polkownik Wroblewski tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ABŞ-nyň hökümet wekillerinden düzülen delegasiýa Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Farapda täze türkmen serhet geçelgesiniň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabatda ýygnandylar.  Iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen bu bina netijeli halkara söwdasyna ýol açar, we şol bir mahalda, neşe serişdeleriniň, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň, adamlaryň we kontrabandanyň bikanun dolanşygynyň öňüni almaga ýardam eder. dowamy

ÝUSAID 10-ýyllyk “ZdrawPlýus” saglyk taslamasynyň netijelerini gözden geçirýär

TSG we DSM we Halkara guramalar ÝUSAID-iń ZdravPlus taslamasynyń jemleýji ýygnanşygyna gatnaşýarlar
Aşgabat, 2009-njy ýylyň 9-njy oktýabry – Şu gün, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) Türkmenistanda “Zdrawplýus” taslamasynyň ýapylyş çäresini geçirýär.  ÝUSAID Türkmenistanda “Zdrawplýus” taslamasynyň iki tapgyryny alyp bardy – Zdrawplýus I 2000-2005-nji ýyllarda we Zdrawplýus II 2005-2010-njy ýyllar aralykda.  Bu 10 ýylyň dowamynda taslama Çaga keselleri boýunça strategiýanyň Toplumlaýyn Dolandyryş (IMCI), Howpsuz Enelik milli maksatnamasyny goldamak, şeýle hem saglyk pudagyna degişli maliýe reformalaryna ýardam etmek boýunça köp işleri geçirdi.  ÝUSAID taslamasy Türkmenistanyň çägine degişli bolan 14 sany etraplarda öz işini amala aşyrdy. dowamy

- Amerika hakynda -


Wagtlaýyn işleri ýerine ýetiriji
Ilçihana
Täzelikler
Ilçihananyň bölümleri
Alyş-çalyş maksatnamalar
Iş bildirişler
Alyş-çalyş maksatnamalaryň uçurymlary üçin
Wiza hyzmatlary
Amerikan raýatlary üçin
Immigrasiýa rugsat bermeýän wiza
Soragnamany doldurmak
MSM
ABŞ-a sepler
Ýerli sepler
 

    Şu saýt ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredildi we dolandyrylýar.
    Beýleki Internet saýtlaryna sepler şol saýtlarda beýan edilýän garaýyşlary ýa-da şol saýtyň konfidensiallyk düzgünlerini goldaýandyr diýlip düşünilmeli däldir.


ABŞ-nyň Ilçihanas